Press "Enter" to skip to content

INFORMATIKA WE KOMPÝUTER TEHNIKASYNYŇ ESASLARY

8 degişlilikde, x A1; y A2; z A3 öýjüklerde ýerleşen diýip hasap etmeli. Matematiki aňlatma ýazylmaly formula Elektron tablisadaky 5 x 2 +3,4 y 2 =5*A1^2+3.4*A2^2 (x-y):(4-z) x+y+z =(A1-A2)/(4-A3) =A1+A2+A3 Soraglar we gönükmeler 1 Elektron tablisanyň formulany çykarma ýagdaýynda aşakdaky bir bölegi berlen bolsun. A B =B1-A1 =B1/A1 a) A2 we B2 öýjüklere haýsy baha çykar? b) Eger-de, A1 we B1 öýjüklere, degişlilikde, 5 we 15 bahalar girizilse, onda A2 we B2 öýjüklere haýsy baha çykar? c) A1 öýjüge haýsy baha girizilende B2 öýjükde ýalňyşlyk barada maglumat çykar? 2 Elektron tablisanyň bahalaryny çykarma ýagdaýynda aşakdaky bir bölegi berlen bolsun. A B Goý, birinji sütünde sanlar we ikinji sütünde formulalar bar bolsun. a) B1 we B2 öýjüklerde haýsy formula bolup biler? 12

Кодовые таблицы в информатике: виды и особенности

Память компьютера устроена таким образом, что символы и числа могут храниться в ней исключительно в виде определённой последовательности. Чтобы корректно отображать и передавать информацию о конкретной цифре или букве, были разработаны специальные кодовые таблицы. Каждому соответствует определённый графический символ.

Определение и основные характеристики

Кодовая таблица представляет собой набор цифровых (двоичных) кодов и их значений. Электронно-вычислительные машины кодируют любую информацию с помощью двоичного кода, набора единиц и нулей. Буквы в компьютере кодируются в виде последовательности двух чисел. Каждому буквенному обозначению соотносится определенная комбинация. В кодовых таблицах представлены все последовательности, соответствующие символам.

Кодовая таблица ASCII

В Америке в 1960-х года была разработана первая в своем роде, на основе которой по сей день базируется все остальные – ASCII аббревиатура расшифровывается – американский стандартный код для обмена информацией. Появление этих унифицированных систем кодирования было крайне необходимо. До этого каждый производитель компьютеров отдельно разрабатывал систему кодирования символов, из-за чего информацию невозможно было воспроизвести на другом компьютере. Только специалисты IBM использовали девять разных кодировок. Создание американского стандартного кода дало возможность взаимодействия разных компьютеров, обмена информацией между ними.

Размер закодированных обозначений в ASCII составляет 7 бит (128 символов; 2 7 =128), а бит №7 служит для избегания ошибок, возникших при передаче данных. Первая версия 60-х годов содержала в себе коды исключительно заглавных букв.

Фрагмент кодовой таблицы:

Национальные версии ASCII

  • KOI8
  • Win-1251
  • IBM cp866

Символы в диапазоне 0–127, кодируемые с помощью таблицы ASCII остаются неизменными для всех программ. Кодировки в диапазоне от 128 до 255 в аналогичных таблицах различаются в зависимости от языка.

Unicode

Юникод или Unicode – таблица соответствия текстовых обозначений: буквенных символов всех языков мира, цифр, знаков препинания и других технических знаков, представленных в виде двоичного кода. Один набор символов не мог вместить в себя все знаки, поэтому необходим был универсальный стандарт, который разработали Unicode Consortium в 1991 году.

Самой популярной и повсеместно используемой кодировкой является UTF-8. Кроме нее есть еще две – UTF-16 и UTF-32.

INFORMATIKA WE KOMPÝUTER TEHNIKASYNYŇ ESASLARY

3 SÖZBAŞY Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde geljegimiz bolan ýaşlaryň dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän derejede bilim almagy üçin ähli işler edilýär. Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden bilime, ylma giň ýol açdy, Türkmenistan ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler geçirmäge girişdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» 2007-nji ýylyň 15-nji fewralyndaky Permany bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň başyny başlady. Häzirki wagtda milli bilim ulgamyndaky döwrebap özgertmeler ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagyna we terbiýelenmegine, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli, tämiz ahlakly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Täze Galkynyş we Beýik özgertmeler zamanasynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda dünýäde iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Täze tehnologiýalar bolsa ýurdumyzdaky ähli edaradyr kärhanalarda kompýuterleriň giň gerim bilen ulanylmagyny talap edýär. Geljekki hünärmenler kompýuterler arkaly edaralary dolandyrmagyň usullaryny we ýollaryny bilmelidirler. Gelejekki hünärmen kompýuterleşdirilen edaralarda işiň gurnalyş ýagdaýyna obýektiw baha bermegi, soňra onuň netijeleri boýunça esaslandyrylan dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi, geljege gönükdirilen, netijeli çözgütleri kabul etmek bilen baglanyşykly näbelliligi peseltmegi, kompýuterleri ulanmaklygyň maksada laýyklygyny, Windows operasion sistemasyny doly öwrenmekligi, kompýuterlerde programma üpjünçiligi 7

4 dolandyrmaklygy, kompýuter ulgamyndaky näsazlylyklary düzetmegi, maglumatlary goramaklygy başarmalydyrlar. Okuw kitaby Täze Galkynyş we Beýik özgertmeler zamanasynda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaklyga bildirilýän talaplary göz öňünde tutup taýýarlanyldy. Ders 1-nji we 2-nji ýarymýyllykda geçilýär. Dersde dürli meseleleri çözmekde ulanylýan algoritmler, Turbo Pascal algoritmik diliniň operatorlary hem-de bu operatorlara degişli mysallar özleşdirilýär. Hususanda talyplaryň programmalaşdyrmakda wajyp orun tutýan geçiş operatorlary, gaýtalamak operatorlary, komekçi programmalary ulanmak endiklerini ösdürmek, massiwleri tertipleşdirmekdäki ulanylýan algoritmleri, dürli matematiki meseleleri çözmegiň algoritmlerini, senenamalar bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň usullaryny öwrenmekleri üçin gerekli maglumatlar berilýär. Şeýle hem kitapda simwollar we setir ululyklar bilen işlemekde ulanylýan esasy usullar, maglumatlaryny gaýtadan işlemeklige degişli durmuşda duş gelýän käbir meseleler, oýunlary programmalaşdyrmak meseleleri, grafiki ekrany dolandyrmagyň usullary, kompýuter portlaryny ulanmagyň usullary beýan edilýär. Birinji bölüm SANLY INFORMASIÝALARY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK 1.1. Tablisadaky hasaplamalar we elektron tablisalar Elektron tablisa – bu tablisalaýyn hasaplamalary kompýuterde geçirmek üçin ulanylýan guraldyr. Elektron tablisa bilen işlemegi üpjün edýän amaly maksatnamalara tablisalaýyn prosessorlar diýilýär. Tablisalaýyn prosessorlara häzirki döwürde giňden ulanylýan Eksel, Quatropro, Lotus we ş.m. programmalar degişlidirler. Elektron tablisa gönüburçly öýjüklerden ybaratdyr. Öýjükleriň kese hatarlary elektron tablisanyň setirlerini, dik hatarlary bolsa, onuň sütünlerini düzýärler. 8

5 Setiriň we sütüniň kesişmesine öýjük diýilýär. Öýjüge dürli görnüşli maglumat girizip bilner. Setirler san bilen, sütünler harplar bilen belgilenilýär A B C D E F. Sütünleri bellemek üçin latyn elipbiýiniň harplary ulanylýar: A, B, C. Z atly sütünden soň, olaryň atlary AA, AB, AC. AZ, BA, BB we ş.m. bilen bellenilýär. Egerde, tablisada 256 sütün bar bolsa, onda onuň soňkusynyň ady IV bolýar. Elektron tablisanyň öýjükleriniň atlary sütünleriň we setirleriň atlaryndan düzülýär. Öýjükleriň atlaryna mysal hökmünde A1, F7, M251, CA19 getirip bileris. Öýjügiň ady onuň tablisada ýerleşýän ýerini görkezýär, şonuň üçinem, ol öýjügiň tablisadaky salgysyny görkezýär. Maglumatlar öýjüge klawiaturanyň kömegi bilen girizilýär. Öýjükde san, tekst, formula ýerleşip biler. Tekst – bu elipbiýdäki (oňa harplar, sanlar, oturlar, ýaýlar, kese çyzyklar we ş.m. girýär) islendik elementleriň yzygiderligidir. Tekstlerde ýazgylar, düşündirişler, tablisalar we ş.m. bolup bilýar. Formula – tablisalaýyn prosessoryň hasaplamalarynyň ýazgyda aňlatmasydyr. Formulalar köplenç matematiki hasaplamalary kesgitleýär. Formula öýjükleriň atlaryny, amallaryň belgilerini, funksiýalary özünde toplaýar. Tablisalardaky öýjüklere maglumatlar toplumy girizilýär hem çykarylýar. Olara degişlilikde, girizilen we 9

6 çykarylan maglumatlar diýilýär. Girizilen we çykarylan maglumatlar biri birlerine hemişe gabat gelenok. Hususanda, aşakdaky ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin: girizilen san: çykarylan san ; girizilen tekst: çykarylan tekst (tekstiň belli bir bölegi öýjüge ýerleşmeýän ýagdaýynda çykarylyp bilner); girizilen formula: çykarylan onuň hasaplanylan bahasy; girizilen formula: çykarylan formula; girizilen formula: çykarylan ýalňyşlyk göýberilen ýagdaýdaky maglumat. Aşakdaky tablisalary formulaly öýjükleriň agzalyp geçirilen ýagdaýlaryň mysaly hökmünde hödürleýäris. A B C 1 Buzgaýmagyň biriniň Buzgaýmagyň Jemi bahasy bahasy (müň nanat) sany Çykarma ýagdaýda tablisa aşakdaky görnüşe eýe bolýar: A B C 1 Buzgaýmagyň biriniň Buzgaýmagyň Jemi bahasy bahasy (müň nanat) sany =A2*B2 Ýalňyşlyk goýberilen ýagdaýda tablisa aşakdaky görnüşe eýe bolýar: A B C 1 Buzgaýmagyň biriniň bahasy (müň nanat) Buzgaýmagy ň sany Jemi bahasy 2 3 müň manat 6 Error 10

7 Bellik: şu ýerde Error sözi ýalňyşlygy aňladýar. C2 öýjükdäki formulada tekst görnüşli A2 öýjügi san görnüşli B2 öýjüge köpeltmäge synanyşygyň barlygy sebäpli ýalňyşlyk ýüze çykýar we ol hakda maglumat C2 öýjüge çykýar. Formula. Formula özünde san ýa-da tekst görnüşli maglumatlary saklaýan öýjükleriň üstünde dürli amallary geçirmek üçin ulanylýar. Öýjükde formulanyň birinji belgisi = simwol bolmaly. Ondan soň arifmetiki amallar ýazylýar. Meselem, goý, C2 öýjükde =A2*B2 formula ýazylan bolsun. Eger-de, A2 we B2 öýjüklerdäki maglumatlar, degişlilikde, 3 we 6 bolsa, onda C2 öýjügiň hasaplanylan bahasy 18 e deň bolar. Elektron tablisalarda formulalaryň ýazylyş düzgünleriniň sanawy aşakdakylardan ybarat: formulalar = belgi bilen başlaýar; formulalar sanlary, öýjükleriň atlaryny, alamatlary, arifmetiki amallary, ýaýlary, öwürmeleriň atlaryny öz içinde saklaýar; formulalarda ulanylýan arifmetiki amallar: goşmak (+); aýyrmak (-); köpeltmek (*); bölmek (/); derejä götermek (^); formuladaky belgiler bir-biriniň yzyndan yzygider bir setirde ýazylýar, amallar we ýaýlar zerur ýerlerde goýulýar. Elektron tablisanyň esasy häsiýetini belläliň. Eger-de, öýjüge girizilen san üýtgedilse, onda şol öýjügiň adyny öz içine alýan formulaly öýjükleriň hemmesinde hasaplamalar gös-göni dessine amala aşyrylýar we olaryň bahalary çykýar. Mysal 1.1. Elektron tablisada aşakdaky getirilen matematiki aňlatmalary ýazmaly. Formulalaryň hemmesinde üýtgeýän ululyklar tablisanyň berlen öýjüklerinde, ýagny, 11

8 degişlilikde, x A1; y A2; z A3 öýjüklerde ýerleşen diýip hasap etmeli. Matematiki aňlatma ýazylmaly formula Elektron tablisadaky 5 x 2 +3,4 y 2 =5*A1^2+3.4*A2^2 (x-y):(4-z) x+y+z =(A1-A2)/(4-A3) =A1+A2+A3 Soraglar we gönükmeler 1 Elektron tablisanyň formulany çykarma ýagdaýynda aşakdaky bir bölegi berlen bolsun. A B =B1-A1 =B1/A1 a) A2 we B2 öýjüklere haýsy baha çykar? b) Eger-de, A1 we B1 öýjüklere, degişlilikde, 5 we 15 bahalar girizilse, onda A2 we B2 öýjüklere haýsy baha çykar? c) A1 öýjüge haýsy baha girizilende B2 öýjükde ýalňyşlyk barada maglumat çykar? 2 Elektron tablisanyň bahalaryny çykarma ýagdaýynda aşakdaky bir bölegi berlen bolsun. A B Goý, birinji sütünde sanlar we ikinji sütünde formulalar bar bolsun. a) B1 we B2 öýjüklerde haýsy formula bolup biler? 12

9 b) Eger-de, A2 öýjüge 1 san girizilen we B2 öýjükde ýalňyşlyk hakynda maglumat çykýandygy belli bolsa, onda B2 öýjükdäki formula mysal getirmeli. 3 Elektron tablisanyň formulany çykarma ýagdaýynda aşakdaky bir bölegi berlen bolsun. A B C =(A1+A2)/B1 2 3 =(A1+A2)/B2 C1 we C2 öýjüklere haýsy maglumat çykar? 4 Aşakdaky elektron tablisanyň boş öýjükleriniň haýsysyna san ýa-da formula girizmelidigini kesgitlemeli. Formulany degişli öýjüge ýazmaly. A B C 1 ýoluň uzynlygy tizlik ýola sarp edilen wagt 2 5 Aşakdaky elektron tablisanyň boş öýjükleriniň haýsysyna san ýa-da formula girizmelidigini kesgitlemeli. Formulany degişli öýjüge ýazmaly. A B C D 1 A- üçburçlygy ň tarapy 2 B- üçburçlygyň tarapy 13 C – üçburçlygyň tarapy üçburçlygyň meýdany 6 Aşakdaky elektron tablisanyň boş öýjükleriniň haýsysyna san ýa-da formula girizmelidigini kesgitlemeli. Formulany degişli öýjüge ýazmaly. A B C D 1 A- gönüburçlygyň tarapy 2 B- gönüburçlygy ň tarapy gönüburçlygy ň perimetri gönüburçly gyň meýdany

10 7 Aşakdaky elektron tablisanyň boş öýjükleriniň haýsysyna san ýa-da formula girizmelidigini kesgitlemeli. Formulany degişli öýjüge ýazmaly. A B C D 1 A- trapesiýanyň esasy 2 B- trapesiýany ň esasy C- trapesiýanyň beýikligi trapesiýanyň meýdany 8 Aşakdaky elektron tablisada, dükanda alnan haryt üçin tölenen pul we harydyň bahasy boýunça gaýtargyny hasaplaýan öýjüge formula ýazmaly. A B C 1 A-haryda B- harydyň C- gaýtargy tölenen pul bahasy Maglumatlaryň san, formula, tekst görnüşleri Öýjüklere girizilen we çykarylan maglumatlar dürli görnüşde bolup biler. Öýjügiň ýa-da öýjükleriň toplumynyň içindäki maglumatlaryň görnüşini üýtgetmeklik üçin ilki bilen olary bellemelidir. Eksel elektron tablisasynda öýjükleriň toplumyny bellemek üçin syçanyň çep düwmesi basylyp durulan ýagdaýynda onuň görkezijisiniň duran ýeri süýşürilýär we ondan soň şol düwme goýberilýär. Öýjükler toplumyny bellemeklik klawiaturanyň komegi bilen hem amala aşyrylýar. Bu ýagdaýada klawiaturanyň Shift düwmesini basylyp durlanda, görkezijisiniň ýeri çepe, saga, ýokary we aşak geçirýän düwmeler bilen süýşürilýär. Öýjük ýa-da olaryň toplumy bellenilenden soň menýu ulgamyndan Format (Формат) Cells (Ячейки) yzygiderligi ulanmaly ýa-da klawiaruranyň CTRL we 1 düwmelerine bilelikde basmaly. Şonda ekrana öýjükleriň 14

11 maglumatlarynyň görnüşini üýtgetmegi amala aşyrýan Format Cells (Формат ячейки) atly gepleşik penjiresi çykýar. Bu penjiräniň alty sany içligi bar. Onuň Number (Число) atly birinji içliginde maglumatlaryň adaty, san, pul, maliýe, sene, wagt, göterim, drob, eksponensial, tekst görnüşleri ýerleşýär. Pul görnüşli maglumatlar maliýe hasaplamalar amala aşyrylanda ulanylýar. San görnüşli maglumatlary dürli ýagdaýda aňladyp bolýar. Sanlaryň görnüsleri aşakdaky suratda görkezilendir. Bu penjirede sanlaryň oturdan soň gelýän onluk belgileriniň sanyny görkezip bolýar. Elektron tablisalarda sanlaryň iki, ýagny adaty we eksponensial görnüşleri ulanylýar. Sanlaryň adaty görnüşine mysal edip aşakdakylary getirip bileris: 12,23; 0,0013; 5 00,345 ; Sanlaryň bitin we drob böleginiň arasynda otur belgisi ulanylýar. Sanlar eksponensial görnüşde iki sanyň köpeltmek hasyly hökmünde berilýär. Olaryň birinjisine, ýagny e harpyna çenli bölegine mantissa diýilýär. Ikinji bölegi bolsa, on sanyň bitin derejesi bolup durýar. Mysal üçin, ýokarda getirilen sanlary eksponensial görnüşde ýazalyň: 1,223e1; 1,3e-3; 5,00345e2; 2,007e3. 15

12 Sene görnüş saýlanylanda aşakdaky penjire çykýar: Wagt görnüş saýlanylanda aşakdaky penjire çykýar: Tekst görnüş saýlanylanda aşakdaky penjire çykýar: 16

13 Gepleşik penjiräniň ikinji, ýagny Alignment(Выравнивание) atly içliginiň kömegi bilen oýjüge maglumatlaryň girizilişini sazlap bolýar. 17

14 Bu içlikde maglumatlaryň öýjüge ýerleşisi (ýokardan, aşakdan, ortadan, gyradan deňlemek), ýazylyş ugry, öýjüge çykyşy, birleşdirilişi sazlanylýar. Iki we ondan hem köp öýjükleri birleşdirmek üçin ilki bilen şol öýjükleri bellemeli, soňra Alignment (Выравнивание) içliginiň Merge Cells (Объединение ячеек) atly düwmesine syçanyň görkezijisini eltip, çep düwmesini basmaly. Gepleşik penjiräniň üçünji, ýagny Font(Шрифт) içliginiň kömegi bilen şriftleriň görnüşi, goýulygy, ýapgytlygy, ölçegi we reňki saýlanylýar. Gepleşik penjiräniň dördünji, ýagny Border(Гpаница) içliginiň kömegi bilen, öýjüge çäk goýulýar we öň goýlan çäk aýrylýar. Şeýle hem, bu ýerde çägiň çyzygynyň görnüşleri, reňki saýlanylýar. 18

15 Gepleşik penjiräniň bäşinji, ýagny View(Вид) içliginiň kömegi bilen öýjügiň içini dürli reňkler bilen dolduryp bolýar. 19

16 Gepleşik penjiräniň altynjy, ýagny Protection(Защита) içliginiň kömegi bilen iş kitabyna gorag goýup, şeýle hem, öýjüklere girizilen formulalary bukup bolýar. Goragy işe girizmek üçin Service(Сервис) -> Protection(Защита) ->Protect Sheet(Защитить лист) yzygidelrikden peýdalanmaly. Soraglar we gönükmeler 9 Elektron tablisanyň bir setirini bellemeli we ondaky maglumatlary dikligine (90 0 ) çykarmaly. 10 Elektron tablisanyň sanly öýjükleri içine alýan toplumyny bellemeli we ondaky sanlaryň oturdan soň iki belgisi çykar ýaly görnüşini saýlap goýmaly. 20

17 1.3. Elektron tablisada absolýut we otnositel ýüzlenmeler Öýjügiň ýerleşýän sütüniniň we setiriniň belgisinden ybarat bolan bellige öýjügiň otnositel salgysy diýilýär. Käbir ýagdaýlarda, mysal üçin, göçürmek, ýok etmek amallary ýerine ýetirilende, elektron tablisalaýyn prosessor öýjägiň salgysyny özbaşdak üýtgedýär. Şunuň bilen baglylykda hasaplamalarda ýalňyşlyk döremegi mümkin. Absolýut salgy. Elektron tablisada prosessor öýjügiň salgysyny özbaşdak üýtgetmez ýaly öýjüge absolýut salgy bermeli bolýar. Bu esasan-da formulalar bir öýjükden beýleki öýjüge göçürilende amatlydyr. Öýjüge absolýut salgy bermek üçin, onuň sütüniniň ýa-da setiriniň belgisiniň öňünde «$» (dollar) belligi goýmaly. Şonda salgy doňdurylýar we göçürmek arkaly emele gelýän formulalarda salgy üýtgemeýär. Mysal üçin, $A5 salgyda sütüniň belgisi üýtgemeýär, W$7 – setiriň nomeri ýütgemeýär. Salgynyň iki tarapynda-da «$» simwoly goýulsa, onda setiriň we sütüniň bellikleri bilelikde üýtgemeýär. Öýjükleriň toplumyny, onuň ýokarky çep we aşaky sag öýjükleriniň salgylarynyň arasynda goşa nokat goýup bellär bolýar. Meselem, A6 : D7 belgili toplumda A sütünden D sütüne we 6-njy setirden 7-nji setire çenli 6 sany öýjük alynýar: A6,A7,C6,C7,D6,D7. Elektron tablisanyň öýjügine formula girizmek üçin ilki = simwoly göýup, ondan soň aňlatma ýazmaly. A B C D 1 =A1+B1 =A$1+B

18 Bir öýjükde ýazylan formulany başga öýjüge göçürip bolýar, ýöne bu iş adaty tekst göçürilişi ýaly däldir. Göçürilen formulalarda öýjükleriň salgylary üýtgäp biler. Ýokardaky tablisada, eger-de, C1 öýjükdäki formula C2, C3 öýjüklere göçürilen bolsa, onda C2=A2+B2 we C3=A3+B3 bolar. Eger D1 öýjükdäki formula D2, D3 öýjüklere göçürilen bolsa, onda C2=A1+B2 we C3=A1+B3 bolar. Görşümiz ýaly, birinji ýagdaýda A we B sütünler üçin setiriň nomeri üýtgeýär, ikinji ýagdaýda bolsa, A sütünde setirleriň nomeri üýtgemeýär we B sütünde setiriň nomeri üýtgeýär. Soraglar we gönükmeler 11 A2 öýjükdäki formula B2 we A3 öýjüklere göçürilenden soň, olara degişlilikde, $A1* C1 we $A2*C2 çykypdyr. A2 öýjükde haýsy formula ýazylan? 12 A2 öýjükdäki formula B2 we A3 öýjüklere göçürilenden soň, olara degişlilikde, B1* $C1 we A2* $C2 çykypdyr. A2 öýjükde haýsy formula ýazylan? 13 Tablisa berlen: A B =A1+2 =A2*B1 3 a) eger-de, A2:B2 toplum A3:B3 topluma göçürilen bolsa, onda formulany çykarma ýagdaýda A3:B3 topluma näme çykar? b) eger-de, A2:B2 toplum A3:B3 topluma göçürilen bolsa, onda baha çykarma ýagdaýda A3:B3 topluma name çykar? 22

19 14 Tablisa berlen: A B =A$2+2 =A2*B$1 3 a) eger-de, A2:B2 öýjükler A3:B3 topluma göçürilen bolsa, onda formulany çykarma ýagdaýda A3:B3 topluma name çykar? b) eger-de, A2:B2 öýjükler A3:B3 topluma göçürilen bolsa, onda baha çykarma ýagdaýda A3:B3 topluma name çykar? 15 Tablisa berlen: A B =$A$2+1 =A2*$B$1 3 a) eger-de, A2:B2 öýjükler A3:B3 topluma göçürilen bolsa, onda formulany çykarma ýagdaýda A3:B3 topluma name çykar? b) eger-de, A2:B2 öýjükler A3:B3 topluma göçürilen bolsa, onda baha çykarma ýagdaýda A3:B3 topluma name çykar? 16 Elektron tablisada 2-ä köpeltmek hasylynyň tablisasy getirilen: A B C D E 1 1 * 2 = * 2 = 4 23

20 3 3 * 2 = * 2 = * 2 = 10 Eger-de tablisa diňe birinji setiri doldurmak, A2:E2 öýjüklere formula ýazandan soň olary A3:E5 topluma göçürmek arkaly gurnalan bolsa, onda tablisany formulany çykarmak ýagdaýynda görkezmeli Içinde goýlan funksiýalar Eksel elektron tablisasynda sütünler we setirler boýunça öýjüklerdäki sanlaryň jemini hasaplamak üçin olar bellenenden soň duwmä basylýar. Bu ýagdaýda, bellik edilen toplumyň (setiriň ýa-da sütüniň) jemi hasaplanylyp onuň bahasy boş öýjüge çykýar. Formulany beýleki setirler ýa-da sütünler üçin hem ulanyp bolýar. Onuň üçin, syçanjygyň görkezijisini hasaplanyp çykarylan öýjügiň aşaky sag burçuna eltmeli, çep düwmäni basyp durup, ony goýbermän sag tarapa ýa-da aşak çekmeli we ony goýbermeli. Şeýlelikde, beýleki öýjükler üçin hem, hasaplamalar amala aýyrylýar. 24

21 Excelde köp sanly funksiýalar kesgitlenendir. Funksiýalaryň ady we olaryň köpüsiniň ýaýyň içinde ýazylýan argumenti bolýar. Argument hökmünde sanlary, öýjükleriň ýada olaryň toplumynyň salgylaryny, arifmetiki aňlatmalary we funksiýalary ulanyp bolýar. Funksiýanyň adyny öýjüge girizmek üçin Funksiýalaryň ussadyny çagyrmaly. Ony çagyrmak üçin emele gelýär. düwmä basmaly. Ekranda aşakdaky penjire 25

22 Bu penjiräniň Категория atly öýjüginde funksiýalaryň tematik toparlarynyň sanawy ýerleşýär. Şondan gereklisi saýlanylyp alynan ýagdaýynda penjiräniň aşaky bölegine bu topara girýän funksiýalaryň sanawy çykýar. Sanawdan bir funksiýany belläp, OK düwmä basmaly. Öýjüge girizilen funksiýanyň ýazgysyny düzedip hem bolýar. OK düwmä basylandan soň, ekrana saýlanan funksiýanyň argumentini girizmeklik üçin penjire çykýar. Degişli meýdanlara argumenti ýa-da argumentleri girizmeli. Value (Значение) meýdançasynda funksiýanyň bahasy görkezilýär. OK düwmä basylanda öýjüge baha çykýar. Excel-de kesgitlenen käbir matematiki we statistiki funksiýalaryň sanawy Matematiki funksiýalaryň topary – matematiki funksiýalaryň bahalaryny hasaplamaga niýetlenendir. Funksiýalaryň statistiki topary – maglumatlar toplumy boýunça çaklamalary özbaşdak işläp bejermek üçin niýetlenendir. 26

23 SIN()- sinusyň bahasyny hasaplaýar, COS()- kosinusyň bahasyny hasaplaýar, TAN()- tangensiň bahasyny hasaplaýar, LN() natural logarifm funksiýanyň bahasyny hasaplaýar, КОРЕНЬ () kwadrat köki hasaplaýar, ABS () – argumentiň bahasynyň modulyny berýär, SUM (СУММ) () – argumentleriň bahalarynyň jemini hasaplaýar. AVERAGE (СРЗНАЧ) () – ähli argumentleriň orta bahasany berýär, MAX (МАКС)() – argumentleriň arasyndaky iň uly bahasyny berýär, MIN (МИН)() – argumentleriň arasyndaky iň kiç bahasyny berýär. Köp ýagdaýlarda logiki funksiýalar hem ulanylýar. Logiki funksiýalaryň toplumyna 6 sany funksiýa girýär: IF (Если), AND (И), OR (ИЛИ), NO (HE), TRUE (ИСТИНА), FALSE (ЛОЖЬ). Olara aýratynlykda seredip geçeliň. IF (Если) funksiýasy Onuň umumy görnüşi aşakdaky ýaly bolýar. IF (ЕСЛИ)(, , ). Şert – bu çyn ýa-da ýalan bahalara eýe bolýan logiki aňlatmadyr. Bu ýerde, aňlatma1, aňlatma2 – sanlar, formulalar, tekstler bolup biler. Şertli funksiýa aşakdaky işi amala aşyrýar: eger-de görkezilen şert ýerine ýetse, onda öýjügiň bahasyny aňlatma1 kesgitleýär we tersine, eger-de, ol ýerine ýetmese, onda öýjügiň bahasyny aňlatma2 kesgitleýär. Ýönekeýje şertler ýazylanda aşakdaky gatnaşyk belgileri ulanylýar: 27

24 < (kiçidir), >(ulydyr), = (ulydyr ýa-da deňdir), = (deňdir), <> (deň däldir). AND (И) funksiýasy Funksiýa şeýle ýazylýar: AND (И) (şert1; şert2. şertn) Eger şert1, şert2. şertn şertleriň ählisi çyn bolsa, onda AND(И) funksiýa TRUE (çyn) bahany, galan ýagdaýlarda bolsa, FALSE (ýalan) bahany alýar. OR (ИЛИ) funksiýasy Funksiýa aşakdaky görnüşde ýazylýar: OR (ИЛИ) (şert1; şert2. şertn). Bu ýerde, şert1, şert2. şertn – logiki aňlatmalar (şertler). Eger şert1, şert2. şertn aňlatmalaryň ählisi FALSE (ýalan) bahany alan bolsa, onda OR (ИЛИ) funksiýasy FALSE (ýalan) bahany alýar, galan ýagdaýlarda bolsa, TRUE (çyn) bahany alýar. Indi bolsa, funksiýany ulanmak bilen, tablisada hasaplamalary geçirmegiň käbir usullaryny aşakdaky serediljek iki mysalda öwreneliň. Mysal 4.1. [0;1] kesimde f(х)= х 2 +sin(х) funksiýanyň bahalaryny 0,2 ädim bilen hasaplamaly. Çözülişi: Tablisany aşakdaky ýaly dolduralyň: A B 1 Ädim 0,2 2 Argument х Funksiýa (х) 3 0 =A3^2+sin(A3) 4 =A3+$B$1 A4 öýjükdäki formulany A5:A8 topluma we B3 öýjükdäki formulany B4:B8 topluma göçüreliň. Formulada $B$1 absolýut adres üýtgemeýär. Formula çykarma ýagdaýda aşakdaky tablisany alarys: 28

25 A B 1 Ädim 0,2 2 Argument х Funksiýa (х) 3 0 =A3^2+SIN(A3) 4 =A3+$B$1 =A4^2+SIN(A4) 5 =A4+$B$1 =A5^2+SIN(A5) 6 =A5+$B$1 =A6^2+SIN(A6) 7 =A6+$B$1 =A7^2+SIN(A7) 8 =A7+$B$1 =A8^2+SIN(A8) Bahalary çykarma ýagdaýynda aşakdaky tablisany alarys: A B 1 Ädim 0,2 2 Argument х Funksiýa (х) ,2 0, ,4 0, ,6 0, ,8 1, , Mysal 4.2. Talyplaryň dersler boýunça orta bahalaryny hasaplaýan elektron tablisa düzmeli. 29

26 Çözülişi: Tablisany aşakdaky ýaly dolduralyň: A B C D 1 Familiýasy,ady Matematika Fizika Himiýa 2 Amanow Aşyr Jepbarowa Aýna 4 Artykow Berdi Orta baha =AVERAGE(B2:B4) C5 we D5 öýjüklere B5 öýjükdäki formulalary göçürmeli. Soraglar we gönükmeler 17 [-3,14;3,14] aralykda 0,2 ädim bilen f(х)=sin 2 (х)-сos 2 (х) funksiýanyň tablisasyny düzmeli. x 18 [0;1] aralykda 0,1 ädim bilen f ( x) x 1 funksiýanyň tablisasyny düzmeli. 19 [0;2] aralykda 0,2 ädim bilen 3 x x 1,5 f ( x) funksiýanyň tablisasyny düzmeli. x 1 20 [1,2;2] aralykda 0,1 ädim bilen 1 f ( x) x 2 sin funksiýanyň tablisasyny düzmeli. x 21 Talyplaryň sanawyny girizmeli we 4 ders boýunça olara baha goýmaly. Dersler boýunça orta bahalary formulalary göçürmek arkaly hasaplamaly. 30

27 22 Talyplaryň sanawyny girizmeli we 4 ders boýunça olara baha goýmaly. Talyplaryň orta bahalaryny formulalary göçürmek arkaly hasaplamaly Diagrammalary we grafikleri gurmak Diagramma bu maglumatlary aýdyň grafiki ýagdaýda görkezmek üçin ulanylýan guraldyr. Diagramma birnäçe bahalary ýa-da bir parametriň birnäçe bahalaryny deňeşdirmek, olaryň bahalarynyň üýtgemesini yzarlamak we ş.m. işler üçin niýetlenendir. Eksel elektron tablisasynda grafikleri we diagrammalary döretmek üçin ilki bilen, bahalaryň ýazylan öýjüklerini bellemelidir. Soňra, syçanyň görkeziji belgisini Insert (Вставка) -> Chart (Диaграмма) buýrugyna eltip, onuň çep düwmesine basmaly. Bu işi ýerine ýetirmek üçin gurallar zolagyndaky düwmä basylsa hem bolýar. Şunlukda, ekrana diagrammalaryň görnüşini saýlamaga mümkinçilik berýän gepleşik penjiresi çykýar. Şol penjireden gerekli diagrammanyň, grafigiň görnüşini saýlap, Next (Далее) düwmä basmaly. Soňra diagrammany redaktirlemäge mümkinçilik berýän täze gepleşik penjiresi açylýar. Ondan ulanyjy özüne gerekli ýagdaýlary saýlaýar. Iň soňundan bolsa, diagrammany haýsy iş sahypasyna goýmalydygyny soraýan gepleşik penjiresi açylýar. Şeýlelikde, gurlan diagramma iş sahypasyna çykýar. Diagramma taýýar bolandan soň, onuň ölçegini üýtgedip bolýar. Taýýar diagrammanyň ölçegini üýtgetmek üçin şol diagrammanyň üştüne sýçanjygyň görkezijisini getirip, onuň çep düwmesine basmaly. Diagrammany öz içinde saklaýan göniburçlygyň depelerinde we onuň taraplarynyň ortalarynda bellik emele gelenden soň şol bellikleriň üstüne syçanyň görkezijisini getireniňde iki taraplaýyn ugrukdyryjy emele gelen wagty syçanyň çep düwmesine basyp durmaly we gerekli ölçeg alnylýança, ony basyp durup süýşürmeli. Syçanyň çep düwmesi goýberlenden 31

28 soň diagramma täze saýlanan ölçege eýe bolýar. Diagrammany öýjüklerdäki maglumatlar düzýär. Şonuň uçin hem, diagrammanyň ulanylýan öýjüklerindäki maglumatlar uýtgedilen ýagdaýynda diagrammanyň özi hem üýtgeýär. Bu bolsa, ulanyjyny bir gurnalan diagrammany başga maglumatlar üçin hem täzeden gurnamaklykdan boşadýar. Diagrammalaryň käbir görnüşlerine mysal getireliň. 1. Tegelek diagramma. Bu esasan-da bir nokatda birnäçe ululyklary deňeşdirmek üçin amatlydyr. Mysal üçin, talyplaryň okuw ýylynyň 1-nji we 2-nji ýarymýyllygynda doglanlarynyň sanyny aýlar boýunça diagramma ýerleşdireliň. Tablisada Sentýabr, Oktýabr, Noýabr, Dekabr aýlarynda doglan talyplaryň sanlaryny girizeliň. A B 1 Sentýabr 5 2 Oktýabr 1 3 Noýabr 7 4 Dekabr 4 Ýokardaky maglumatlary deňeşdirmek üçin gurnalan diagramma aşakdaky görnüşde bolar: 1 Sentýabr 2 Oktýabr 3 Noýabr 4 Dekabr 32

29 2. Sütünleýin diagramma. Sütünleýin diagrammalar sütünlerden durýar. Sütünleriň beýiklikleri olaryň bahalary bilen kesgitlenýär. Mysal üçin, talyplaryň dersler boýunça bahalaryny deňeşdireliň. Onuň üçin (4.2) mysalda girizilen maglumatlary ulanalyň. Dersler boýunça talyplaryň bahalaryny deňeşdirmek üçin gurnalan diagramma aşakdaky görnüşe eýe bolýar. 5 4,5 4 3,5 3 2,5 2 1,5 1 0,5 0 Matematika Fizika Himiýa Amanow Aşyr Jepbarowa Aýna Artykow Berdi Her bir talybyň dürli dersler boýunça bahalaryny deňeşdirmek üçin gurnalan diagramma aşakdaky görnüşe eýe bolýar. 5 4,5 4 3,5 3 2,5 2 1,5 1 0,5 0 Amanow Aşyr Jepbarowa Aýna Artykow Berdi Matematika Fizika Himiýa 33

30 Soraglar we gönükmeler 23 Talyplaryň 4 ders boýunça bahalaryny sütünleýin diagramma görnüşinde çykarmaly. 24 Talyplaryň 5-siniň 4 dersden bahalaryny sütünleýin deňeşdirmek üçin diagramma gurmaly. 25 Talyplaryň Ýanwar, Fewral, Mart aýlaryndaky doglanlarynyň sanlaryny deňeşdirmek üçin tegelek görnüşinde diagramma gurmaly. 26 Talyplaryň ýylyň 12 aýlaryndaky doglanlarynyň sanlaryny deňeşdirmek üçin sütünleýin görnüşinde diagramma gurmaly. IKINJI BÖLÜM INFORMASIÝALARYŇ AŇLADYLYŞY 2.1. Informasiýalary aňlatmagyň tebigy we formal dilleri, informasiýalaryň diskret görnüşde aňladylyşy Informasiýa bu degişli ulgamlar (janly organizmler, dolandyryjy maşynlar we tehnikalar) tarapyndan daşky gurşawyň obýektleri we hadysalary, olaryň häsiýeti, ölçegi we hili baradaky kabul edilip alynýan habardyr. Häzirki döwürde informasiýalary döredýän, ýatda saklaýan, gaýtadan ýşleýän her bir tehnologiýa informasiýa tehnologiýasy diýilýär. Informasiýalary belgiler bilen beýan etmeklik işine kodlaşdyrmak diýilýär. Informasiýalary beýan etmeklik üçin ulanylýan şertli belgileriň toplumyna kod diýilýär. Häzirki zaman kompýuterleri informasiýalaryň dürli, ýagny san, tekst, grafiki, saz we widio görnüşlerini işläp 34

31 bejermäge ukyplydyr. Bu görnüşleriň her birini kompýuteriň içinde ýazmak üçin ýörite usullar bardyr. Kompýuter gerekli enjamlaryň üsti bilen informasiýalary kabul edip, olary ýatda saklap, gaýtadan işläp we yzyna gaýtaryp berip bilýändir. Dil – bu informasiýalary beýan etmek üçin kesgitlenen belgiler ulgamydyr. Dilleriň tebigy we formal görnüşleri bar. Tebigy dil bu gepleşik dilidir. Adam beýleki adam bilen informasiýany alyş çalyş etmek üçin tebigy dilleri (türkmen, rus, iňlis, hytaý we başga dilleri) ulanýar. Diliň esasynda elipbiý, ýagny birbirinden tapawutly harplaryň toplumy durýar. Mysal üçin, türkmen elipbiýinde 30, iňlis elipbiýinde 26, rus elipbiýinde 32 harp ulanylýar. Hytaý dili bolsa, onlarça müň nyşanly elipbiýi ulanýar. Gramatikanyň düzgünleri boýunça elipbiýdäki harplaryň yzygiderligi sözi emele getirip biler. Berlen dilde sözlemiň düzülişiniň düzgünlerine diliň sintaksisi diýilýär. Tebigy dillerde grammatika we sintaksis gaty köp düzgünleriň esasynda gurulýar. Ýöne, bu düzgünleriň taryhda müňlerçe ýyllaryň dowamynda emele gelendigi sebäpli, olaryň käbirlerinde düzgünden çykylýan ýagdaýlar hem bolýandyr. Tebigy diller bilen birlikde formal diller hem işlenilip düzülendir. Formal dillere mysal edip aşakdakylary getireliň: saz dili (notalar bilen), matematika dili (sanlar ulgamy, algebra dili we matematiki belgiler), programmalaşdyrma dilleri we başgalar). Käbir halatlarda, gepleşik dilini ümler, dodaklaryň we barmaklaryň hereketi, ýöriteleşdirilen belgiler (mysal üçin, ýol belgileri) çalşyp biler. San ulgamyny formal dil hökmünde seretmek bolar. Onuň elipbiýi bolup sifrler durýar. Sanlaryň üstünde kesgitlenen düzgünler boýunça amallary geçirip bolýar. Käbir formal dillerde belgi hökmünde harplar we sanlar ulanylman, başga bellikler ulanylýar. Himiki formulalary, elektrik we logiki shemalaryň şekillerini, ýol belgilerini, nokat bilen 35

32 boşlugy (Morzeniň kodlary) we başgalary muňa mysal edip getirmek bolar. Nyşanlaryň dürli fiziki tebigaty bolup biler. Mysal üçin, ýazuw görnüşde informassiýany beýan etmekde nyşanlar ulanylýar, gepleşik dilde beýan etmekde dürli sesler (fonemalar), teksti kompýuterde işläp bejermekde elektrik impulslaryň yzygiderligi (kompýuter kodlary) ulanylýar. Informasiýa (şol sanda görmäge we diňlemäge degişli bolan) analog we diskret görnüşde beýan edilýär. Analog görnüşde fiziki ululyk tükeniksiz baha eýe bolýar we onuň bahalary üznüksiz üýtgeýär. Diskret görnüşde fiziki ululyk tükenikli bahalara eýe bolýar we onuň bahalary basgançakly şekilde üýtgeýär. Grafiki maglumatyň analog görnüşde beýan edilişine çeper suraty, diskret görnüşde bolsa, pürküji printeriň kömegi bilen nokatlaryň toplumyndan emele gelýän sekili getirip bolar. Diskret görnüşli sese mysal edip, kompakt disklerde ýazylan aýdymlary we sazlary getirmek bolar. Grafiki we ses maglumatlary analog görnüşden diskret görnüşe geçirip bolýar. Şekili ýa-da sesi kod görnüşli diskret bahalaryň toplumyna öwürmeklige diskretleşdirmek diýilýär Tekstli informasiýalaryň kompýuterde aňladylyşy Geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap, ýyl ýyldan kompýuterleriň tekstli informasiýalary işläp bejermek üçin ulanylyşy giňelip geldi. Häzir dünýädäki kompýuterleriň köpüsi (ulanylýan wagty boýunça) tekstli informasiýalary işläp bejerýärler. Kompýuter informasiýalarynyň iň kiçi ölçeg birligine bit diýilýär. Bit sözi binary digit (ikilikleýin san) diýen iki sany iňlis sözünden emele gelendir. Bir simwoly kodlaşdyrmak üçin, adatça, 1 baýt möçberde informasiýa ulanylýar. 1 baýtda 8 bit bardyr. 36

33 Simwollary waka hökmünde göz öňüne getirsek, onda kodlaşdyryp bolýan dürli simwollaryň sany N = 2 8 = 256 bolar. Kodlaşdyrmak işi bu her simwola özboluşly 0-dan 255- çenli kod ýa-da bilen aralygyndaky ikilikleýin kod bermekdir. Adam simwollary şekilleri bilen tapawutlandyrýan bolsa, kompýuter öz gezeginde, olary kodlaryň üsti bilen tapawutlandyrýar. Kompýuter tekst informasiýa girizilende simwollaryň şekillerini ikileýin kodlara öwüýär. Ulanyjy klawiaturadan kesgitli simwolyň şekili bolan klawişa basanda bu şekil ikileýin koda öwrülýär. Kompýuter yzygider sekiz elektrik impulsy kabul edýär. Simwolyň kody kompýuteriň operatiw huşunda saklanýar. Simwol ekrana çykanda dekodlaşdyrmak işi amala aşyrylýar, ýagny simwolyň kody onuň şekiline öwrülýär. Informasiýalaryň çalşygyny üpjün etmek üçin ulanylýan kodlaryň esasylarynyň biri ASCII at bilen bellidir. Bu kod aski diýlip okalýar. ASCII (American Standart Code for Information Interchange) bu informasiýa çalşygyny üpjün etmek üçin ulanylýan Amerikanyň standart belgisidir (kodudyr). Ol 1968-nji ýylda düzülip, häzirki wagtda köp sanly kompýuterlerde ulanylýar. ASCII tablisasynyň birinji bölümi (0-32 kodlary) simwollar üçin ulanylman, amala aşyrylýan işler (beýleki setire geçmek, boşluk goýmak we ş.m.) üçin ulanylýar. ASCII tablisasynyň ikinji bölümi ( kodlary) dyngy belgilerini, arap sanlaryny we iňlis elipbiýiniň harplaryny özünde saklaýar. Her bir ýurduň milli elipbiýiniň harplaryny we ýörite nyşanlaryny belgilemek üçin ASCII tablisasynyň ikinji bölüminiň aralykdaky kodlary ulanylýar. Rus diliniň harplary üçin bäş sany dürli kod tablisalary bar (КОИ8, СР1251, СР866, Mac, ISO), şonuň üçinem, käbir ýagdaýlarda rus harplary dogry ekrana çykman biler. Häzirki döwürde täze halkara standart bolup durýan Unicode atly kod giňden ulanylýar. 37

34 Unicode bu nyşanlary kodlaşdyrmagyň 16 bitli (2 baýtly) standarty bolup, dünýä ýüzündäki ähli ýurtlaryň elipbiýlerindäki bolan nyşanlary belgilemäge mümkinçilik berýär. Onuň sany nyşanlary kodlaşdyrmaga mümkinçiligi bar. Okalanda Unicode sözi ýunikod diýlip okalýar. Bu täze özleşdirilen standartdyr. Häzirki wagtda ol hemme kompýuterleriň we programmalaryň ulanýan nyşanlarynyň birmeňzeş düzülmegine mümkinçilik berýär. Unicode kodlary ASCII tablisasynyň kodlaryny öz içinde saklaýar. ASCII tablisasynyň käbir kodlary Şertli Nyşan Şertli Nyşan Şertli Nyşan belgi belgi belgi 32 [boşluk] 96 ` 33! 65 A 97 a B 98 b 35 # 67 C 99 c 36 $ 68 D 100 d 37 % 69 E 101 e 38 & 70 F 102 f G 103 g 40 ( 72 H 104 h 41 ) 73 I 105 i 42 * 74 J 106 J K 107 k 44, 76 L M 109 m N 110 n 47 / 79 O 111 o P 112 p Q 113 q R 114 r S 115 s T 116 t U 117 u 38

35 V 118 V w 119 w X 120 X Y 121 y 58 : 90 Z 122 z 59 ; 91 [ 123 < 60 < 92 \ = 93 ] 125 >62 > 94 ^ 126 ~ 63? 95 _ 127 [öçürmek] Soraglar we gönükmeler 27 Kodlaşdyrmak bilen dekodlaşdyrmak işleriniň tapawudyny anyklamaly. 28 ASCII kodlar tablisasyny ulanyp, Informatika sözüni sifrleriň yzygiderligi bilen ýazmaly. 29 ASCII kodlar tablisasyny ulanyp, Toparda 30 adam bar. diýen sözlemi sifrleriň yzygiderligi bilen ýazmaly. 30 ASCII kodlar tablisasyny ulanyp, Sen dur! diýen sözlemi sifrleriň yzygiderligi bilen ýazmaly. 31 Unicode kodlarynyň kodlaşdyryp biljek kodlarynyň we ASCII kodlarynyň sanynyň aratapawudyny tapyň Grafik informasiýalarynyň kodlanyşy (piksel, rastr, reňkiň kodlanylyşy, widio ýat) Kompýuterde grafiki informasiýalaryň işlenilip bejerilmeginiň tehnologiýalary geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan başlap güýçli depginde ösüp gelýär. Kompýuter grafikasy çyzgylary, shemalary, suratlary, şekilleri, slaýdlary we ş.m. döretmäge we redaktirlemäge mümkinçilik berýär, statististiki maglumatlary grafiki görnüşde beýan edýär hem-de janly widiony işläp bejerýär. 39

36 Grafiki maglumatlar monitoryň ekranynda nokatlaryň (pikselleriň) köplüginden emele gelýän şekil gürnüşinde beýan edilýär. Piksel sözi picture element iki iňlis sözüniň gysgaltmasyndan emele gelendir. Her pikseliň kody onuň reňki baradaky maglumaty öz içinde saklaýar. Ýönekeý ýagdaýda, ýagny ak we gara reňkler bilen şekillendirilende pikseliň kody iki baha eýe bolýar: 0 ak reňk (ekrana çykmaýar), 1- gara reňk (ekrana çykýar). Diýmek, ony kompýuteriň huşunda saklamak üçin 1 bit ýeterlik bolýar. Reňkli şekilleriň reňkleriniň çuňlugy dürli bolup bilýär (bit bir nokatda: 4,8,16,24). Her bir reňki nokadyň ýagdaýy hökmünde göz öňüne getirip bolar. Aşakdaky tablisada reňkiň çuňlugyna görä çykýan reňkleriň sany getirilen. Reňkiň çuňlugy (I) Çykýan reňkleriň sany (N) = = (High Сolor) 2 16 = (True Сolor) = Şekiliň dürli ölçegi bolup bilýär. Ölçeg gorizontalda we wertikalda näçe nokadyň barlygy boýunça kesgitlenilýär. Häzirki zaman kompýuterlerde ekranyň çykaryp bilýan nokatlarynyň sany degişlilikde, gorizontal we wertikal boýunça, esasan 640*480, 800*600, 1024*768 we 1280*1024 bolýar. Ekranyň grafiki çykaryş mümkinçiligi onuň gorizontal we wertikal boýunça çykaryp bilýän nokatlarynyň sanyna we çykaryp bilýän reňkleriniň çuňlugynyň ölçegine baglydyr. Ekrana çykarylýan şekiliň hemme nokatlary baradaky maglumat widioýatda saklanylýar we oňa şekiliň bit kartasy diýilýär. Ekranda şekiliň emele gelmegi üçin onuň nokatlarynyň reňki hakda maglumat widioýatda saklanylmalydyr. Grafiki ýagdaýlar üçin widioýadyň gerekli ölçegini hasaplalyň. 40

37 Goý ekranyň grafiki mümkinçilikleri : 800*600 nokat, reňkiň çuňlugy 16 bit bir nokatda bolsun. Bu ýagdaýda gerekli widioýadyň ululygy : 16 bit* 800*600 = bit = baýt = 937,5 Kbaýt. Aşakdaky tablisada dürli grafiki ýagdaýda widioýadyň göwrümi hakda maglumat getirilen. Ekranyň Reňkiň çuňlugy (bit nokatda) režimi * Kbaýt 300 Kbaýt 600 Kbaýt 900 Kbaýt 800* ,4 Mbaýt Kbaýt Kbaýt Kbaýt 1024* Kbaýt 768 Kbaýt 1,5 Mbaýt 2,25 Mbaýt 1280* Kbaýt 1,25 Mbaýt 2,5 Mbaýt 3,75 Mbaýt Häzirki zaman kompýuterleriniň tehniki häsiýetleriniň ösenligi sebäpli, olar janly widiolary, ýagny tebigy obýektlere meňzeş widioşekillery işläp bejermäge we ekrana çykarmaga ukyplydyr. Widioşekiller aýratyn kadrlardan durýar we ekranda gaty çalt tizlikde çalyşarlar. Şol çalşygy adamyň gözi duýup ýetişmeýär. Adaty ýagdaýda kadrlaryň çalşygynyň tizligi 25 Gs, ýagny 1 sekuntda 25 kadr çalşygy bolup durýar Grafiki redaktorda RGB reňkleriniň toplumynda reňkiň goýulyşy RGB iňlisçe Red, Green, Blue sözleriň baş harplaryndan emele gelen we olar, degişlilikde, gyzyl, ýaşyl, gök reňkleri aňladýar. RGB reňkleriň toplumy ýokarda agzalan üç reňkiň belli bir gatnaşygynda alnan reňklerden düzülýär. Paint grafiki redaktorynda RGB reňkleriň toplumyna goşmaça reňki ýasap goşup bolýar. Bu redaktorda reňkleriň üç 41

38 görnüşiniň hem bahalaryny 0-dan 255-e çenli üýtgedip bolýar. Paint grafiki redaktory adaty ýagdaýda maksatnamalaryň Standart atly toplumynda durýar. Ony işe goýberenden soň ekrana iş penjiresi çykýar. Suratdan görnüşi ýaly iş penjirede menýular setiri, gurallar toplumy, RGB reňkleriň toplumy we iş ýaýlasy bar. RGB reňkleriň toplumyna başga reňk goýmak üçin menýu setiriniň Palette (rus. Палитра) punktyna girmeli we degişli düwmä basmaly. Şonda ekrana aşakdaky penjire çykar. 42

39 Pu penjiräniň Определить цвет atly düwmesine basylanda täze reňk gurnamag mümkinçilikli penjire çykýar. Goşuljak reňki saýlap alandan soň, Добавить в набор atly düwmä basmaly. Şonda reňk topluma goşulýar. 43

40 Reňkleri goýup bolandan soň, OK atly düwmä basmaly. Soraglar we ýumuşlar 32 Eger-de ekranyň ukyplygy – 640*480, reňkiň çuňlugy- 8 bolsa, onda widioýadyň göwrümini hasaplamaly. Alnan netijäni tablisadaky göwrüm bilen deňeşdiriň. 33 Eger-de ekranyň ukyplygy – 640*480, reňkiň çuňlugy- 32 bolsa, onda widioýadyň göwrümini hasaplamaly. Alnan netijäni tablisadaky göwrüm bilen deňeşdiriň. 34 Eger-de ekranda kadrlaryň çalşygynyň tisligi 85 Gs bolsa, onda 1 minutda näçe kadr çalşyp biler? 35 Eger-de ekranda 1 minutda 1500 kadr çalyşýan bolsa, onda kadrlaryň çalşygynyň tisligi näçä deň bolar? 44

41 2.5. Ses informasiýalarynyň kodlanylyşy Şahsy kompýuterler ses maglumatlary bilen işlemäge ukyplylygy geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda aldylar. Her bir kompýuter özünde ses platasy, mikrofony we ses çykarýan kolonkasy bar bolan ýagdaýynda sesli maglumatlary ýazyp, ýatda saklap we çykaryp bilýär. Sesli faýllary redaktirlemek we diňlemek üçin ýöriteleşdirilen programmalary (audiofaýllaryň redaktorlary) ulanmak bilen giň mümkiçilikler açylýar. Kompýuter nol we birlikden durýan elektrik impulslaryň yzygiderligi görnüşindäki san maglumatlary bilen işleýär. Ýöne biziň eşidýän sesimiz üznüksizdir. Ses – bu amplitudasy we ýygylygy üýtgeýän tolkundyr. Kompýuteriň diskine sesi ýazmak üçin ony san görnüşe geçirmelidir. Bu iş üçin analog – sanly öwüriji ulanylýar. Diske ýazylan sesi ýaňlatmak üçin bolsa, sanly maglumaty san görnüşden analog signal görnüşe geçirmeli bolýar. 45

42 Sesi diskretleşdirmek Üznüksiz ses tolkuny wagt boýunça aýratyn böleklere bölünýär we her bölek üçin amplitudanyň bahasy berilýär. Her basgançakda sesiň gatylygynyň derejesi mümkin bolan ýagdaýlaryň ýygyndysy hökmünde berilýär. Sesiň hiliniň hasiýetnamalaryna sesiň kodlaşdyrylyşynyň çuňlugy we diskretleşdirmegiň ýygylygy girýär. Sesiň kodlaşdyrylyşynyň çuňlugy bu bir ses signalyna berilýän bitleriň sanydyr. 16 bitlik ses kartalarynyň ses signallarynyň derejeleriniň sanyny (amplitudanyň üýtgemesini) N = 2 I = 2 16 = formula bilen kesgitläp bolýar. Diskretleşdirmegiň ýygylygy bu signalyň 1 sekuntdaky derejesiniň ölçeginiň sanydyr. Eger-de 1 sekuntda bir ölçeg bar bolsa, onda 1 Gs (gers) diýilýär. Eger-de 1 sekuntda 1000 ölçeg bar bolsa, onda 1 kgs (kilogers) diýilýär. Ýygylygyň ölçeginiň ululygy 8000-den e çenli aralykda (8 kgs 48 kgs) bolup biler. 8 kgs bu radiostansiýanyň ýygylygyna deňdir. 48 kgs bu audio CD gurluşyň ses çykaryşynyň ýygylygyna deňdir. Adamyň gulagy 20 Gs 20 kgs aralykdaky ýygylykly sesi kabul etmäge ukyplydyr. Eger-de diskretleşdirmegiň ýygylygy sesiň ýygylygynyň maksimal ululygyndan iki esse uly bolsa (ýagny 40kGs), onda sanly signallar analog signallar bilen gabat gelýar diýip hasaplanylýar. Sesli ulgamlar teribesinde adatça diskretleşdirmegiň ýygylygy 44,1 kgs ýa-da 48 kgs bolýar. Diskretleşdirmegiň ýygylygy näçe uly bolsa, şonça-da sesiň hili gowy bolýar. 16 bitlik 24 kgs ýygylykly 1 sekunt dowamlylygy bolan sesli mono audio faýlyň göwrümini hasaplalyň: 46

43 16 bit*24000*1= bit = baýt = 47 Kbaýt. Soraglar we gönükmeler 36 Könelişen 8 bitli ses kartalarynda ses signallarynyň derejeleriniň sany näçe? bitlikde kodlaşdyrylan we ýygylygy 44 kgs bolan 10 sekunt dowamlylykly sesli faýlyň göwrümini hasaplamaly bitlikde kodlaşdyrylan we ýygylygy 20 kgs bolan 30 sekunt dowamlylykly faýlyň göwrümini hasaplamaly Sanlaryň dürli hasaplaýyş sistemalarda aňladylyşy Sanlaryň hasaplaýyş sistemasy diýip sanlaryň öz elipbiýiniň belgileriniň kömegi arkaly belli bir kada boýunça beýan ediliş ulgamyna aýdylýar. Sanly ulgamyň elipbiýindäki belgilere sifrler diýilýär. San sistemalary iki topara bölünýär: pozisiýalaýyn we pozisiýalaýyn däl. Eger-de, san sistemasynda sifriň duran ýeri onuň mukdaryna täsir etmeýän bolsa, onda oňa pozisiýalaýyn däl san sistemasy diýilýär. Rim san sistemasy pozisiýalaýyn däl sistemayň mysaly bolup biler. Bu sistemada belgiler aşakdakylardan ybarat: I(1), V(5), X(10), L(50), C(100),D(1000). San belgileriniň bahalary duran ýerine bagly däl. Rim san sistemasynda sanyň bahasy onda bar bolan san belgileriniň bahalarynyň jemi ýa-da tapawudy bolup durýar. Eger-de, kiçi bahaly san belgisi uly bahaly belginiň çepinde bolsa, onda ol aýrylýar. Tersine, egerde, kiçi bahaly san belgisi uly bahaly belginiň sagynda bolsa, onda ol goşulýar. 47

44 Meselem, 2007, 144 sanlar, degişlilikde rim san sistemasynda MMVII= , CXLIV=100+(50-10)+(5-1) bolýar. Eger-de san sistemasynda san belgileri duran ýeri onuň mukdaryna täsir edýän bolsa, onda oňa pozisiýalaýyn san sistemasy diýilýär. Oňa mysal edip ikilik, sekizlik, onluk, on altylyk san sistemalaryny getirip bolýar. Olaryň elipbiýleri aşakdaky tablisada berlen. San sistemasy Esasy Sifrleri (elipbiýi) Onluk 10 0,1,2,3,4,5,6,7,8,9 Ikilik 2 0,1 Sekizlik 8 0,1,2,3,4,5,6,7 On altylyk 16 0,1,2,3,4,5,6,7,8,9, A(10), B(11), C (12), D(13),E(14), F(15) Ikilik hasaplaýyş sistemasy Umumy ýagdaýda ikilik san sistemasynda sanlar aşakdaky görnüşde ýazylýar: A2= an-1an-2. a0a-1. a-m.. Bu sanyň onluk sistemasyndaky bahasy an-1 2 n-1 + an-2 2 n a a a-m 2 -m formula bilen hasaplanylýar. Meselem, 101,012= =5+0,5+0,25=5,75. Umumy ýagdaýda sekizlik san sistemasynda sanlar aşakdaky görnüşde ýazylýar: A8= an-1an-2. a0a-1. a-m.. Bu sanyň onluk sistemadaky bahasy an-1 8 n-1 + an-2 8 n a a a-m 8 -m formula bilen hasaplanylýar. On altylyk san sistemasynda sanlar aşakdaky görnüşde ýazylýar: A16= an-1an-2. a0a-1. a-m.. Bu sanyň onluk sistemadaky bahasy an-1 16 n-1 + an-2 16 n a a a-m 16 -m 48

45 formula bilen hasaplanylýar. Sanlary bir hasplaýyş sistemadan beýlekisine geçirmek bolýar. Onluk san sistemasyndan ikilik sistema geçmek üçin berlen sany 2-ä bölmeli, soňra alnan paýy 2-ä bölmeli, alnan paýy ýene-de 2-ä bölmeli we ş.m. Bu amallary ahyrky paý 1-e deň bolýança dowam etmeli. Berlen san ikilik sistemada galyndylary yzygider ýazmak arkaly alynýar. Meselem, 510= 1012 bolar. Windowsyň hasapçy maksatnamasynyň kömegi arkaly bir san sistemasyndan beýleki san sistemasyna aňsat geçip bolýar. Kalkulýatoryň programmasyny işe göýbermek üçin Start (Пуск) Programms (Программы) Standart (Стандартные) Calculator (Калькулятор) yzygiderlik ulanylýar. Windowsyň hasapçy programmasy iki, ýagny adaty we inžener ýagdaýda işleýär. Kalkulýatorda çylşyrymly hasaplamalary geçirmek üçin View (Вид) Inzener (Инженерный) yzygiderligi ulanmaly. Injener kalkulýatoryň beýleki ýönekeý kalkulýatorlardan esasy tapawudy ýönekeýleşdirilen matematiki funksiýalaryň (trigonometrik, derejeli, görkezijili) bahalaryny hasaplamak üçin mümkinçiliginiň bardygyndadyr. Hex, Dec, Oct, Bin düwmeleri basylanda, girizilen sanlaryň, degişlilikde, 16-lyk, 10-lyk, 8-lik, 2-lik sanlaýyn sistemalardaky bahalary görkezilýär. Mysal üçin, onluk sistemadaky 17 sany alalyň. 49

46 On altylyk hasaşlaýyş sistemasynda bu sany görmek üçin Hex atly düwmä basmaly. Şonda 11 san çykar. Sekizlik hasaşlaýyş sistemasynda bu sany görmek üçin Oct atly düwmä basmaly. Şonda 21 san çykar. Ikilik hasaşlaýyş sistemasynda bu sany görmek üçin Bin atly düwmä basmaly. Şonda san çykar. Soraglar we gönükmeler 39 Ikilik san sistemasynda ýazylan sanyň bahasyny onluk sistemada hasaplamaly we hasapçy programmadaky alnan netije bilen deňeşdirmeli. 50

47 40 Sekizlik san sistemasynda ýazylan 178 sanyň bahasyny onluk sistemada hasaplamaly we hasapçy programmadaky alnan netije bilen deňeşdirmeli. 41 On altylyk san sistemasynda ýazylan E0A16 sanyň bahasyny onluk sistemada hasaplamaly we hasapçy programmadaky alnan netije bilen deňeşdirmeli. 42 Onluk san sistemasynda ýazylan 1710 sanyň bahasyny ikilik sistemada hasaplamaly we hasapçy programmadaky alnan netije bilen deňeşdirmeli Sanlaryň kompýuterde aňladylyşy Gozganmaýan oturly formatda sanlaryň beýan edilişi Bitin sanlar kompýuteriň huşunda gozganmaýan oturly formatda beýan edilýär. Bu ýagdaýda huşuň her bir razrýad öýjügine elmydama sanyň şol bir razrýady degişli bolup durýar. Sanyň otur belgisi bolsa, kiçi razrýaddan soň gelýär we razrýad torunuň daşynda galýar. Otrisatel däl bitin san saklanylanda oňa huşuň bir öýjügi berilýär (8 bit). Meselem, A2= san huşuň öýjüginde aşakdaky ýaly saklanýar: Eger-de kompýuterde razrýadlylyk n-e deň bolsa, onda bahasy boýunça iň uly sanyň öýjüklerdäki bahalarynyň hemmesi 1-e deň bolar we bu sanyň bahasy 2 n -1 aňlatma deň bolar. Bitin sanlar üçin n=8 bolýanlygy sebäpli, iň uly baha 2 8-1=255 bolar

48 Iň kiçi san bu öýjükleriň hemmesinde nol bolan ýagdaýynda emele gelýär Diýmek, otrisatel däl bitin sanlaryň üýtgeýän aralygy 0- dan 255-e çenlidir. Alamatly bitin sanlar üçin huşuň iki öýjügi berilýar (2 8 bit =16 bit). Şonda iň uly razrýad (çepindäki) diňe sanyň alamaty üçin niýetlenendir. Eger-de san položitel bolsa, onda şol razrýada 0, otrisatel bolan ýagdaýynda bolsa, 1 ýazylýar. Bu ýagdaýda bir razrýad alamat üçin alynýandygy sebäpli maksimal položitel san = bolar. Otrisatel sanlary beýan etmek üçin goşmaça kod ulanylýar. Goşmaça kod sanlaryň tapawudyny hasaplamak üçin prosessoryň işini ýeňilleşdirýär we onuň çaltlygyny ýokarlandyrýar. Goşmaça kod n sany öýjükde saklanýan otrisatel A san üçin 2 n – A baha deňdir. Otrisatel sanyň goşmaça koduny tapmak üçin aşakdaky algoritmi ulanyp bolýar: 1. sanyň modulyny n öýjükde göni kodda ýazmaly; 2. göni koduň hemme razrýadlarynda 0 duran ýerinde 1, 1 duran ýerinde bolsa, 0 ýazmak bilen sanyň ters koduny almaly; 3. sanyň ters koduna 1-i goşmaly. Meselem, 16-razrýadly beýan edilişde sanyň goşmaça koduny tapalyň. Modulyň göni kody Ters kod Ters kod almak Birligi goşmak Goşmaça kod

49 Otrisatel A sanyň goşmaça kodunyň n sany öýjükde beýan edilýän ýagdaýdaky iň uly (çepindäki) razrýadynda sanyň alamaty (ýagny birlik) ýazylýar. Başga razrýadlarda 2 n-1 – ýazylýar. položitel sanyň kodlary A Sanyň položitel bolmagy üçin aşakdaky şert ýerine ýetmeli:. n-1 2 A Şunlukda, A sanyň modulynyň maksimal bahasy A bolar. 2 = n-1 Şeýle hem, iň kiçi otrisatel san A=-2 n-1 bolar. Diýmek, n=8 bolanda, ýagny alamatly bitin sanlaryň beýan ediliş aralygy den e çenlidir. Alamatly uzyn bitin sanlar üçin dört öýjük, ýagny huşuň bölegi 32 bit möçberde berilýär. Bu ýagdaýda maksimal položitel san A=2 31-1= bolar. Minimal otrisatel sanyň ululugy A= = bolar. Süýşýän oturly formatda sanlaryň beýan edilişi Hakyky sanlar kompýuterde süýşýän oturly formatda saklanýar we işlenilýär. Bu ýagdaýda oturyň duran ýeriniň üýtgemegi mümkin. Şonuň uçinem, muňa süýşýän oturly format diýilýär. A san süýşýän oturly formatda aşakdaky ýaly beýan edilýär: A = m q k, bu ýerde, m sanyň mantissasy, q hasaplaýyş ulgamyň esasy, k sanyň gerejesi. 53

51 Soraglar we gönükmeler 43 Hasapçy programmanyň kömegi arkaly 2008 sanyň ikilik san sistemasyndaky bahasyny tapmaly we şony ulanyp, 16 razrýadly öýjükde (-2008) sany ýazmaly sanyň ikilik san sistemayndaky bahasyny hasapçy programmanyň üsti bilen tapmaly we onuň 16- razrýadly beýan edilişdäki göni, ters, goşmaça kodlaryny ýazmaly. 45 Alamatly bitin sanlaryň (16 bitli) beýan ediliş aralygyny tapmaly. ÜÇÜNJI BÖLÜM Algoritmler we ýerine ýetirijiler 3.1. Algoritm, onuň häsiýetleri we beýan ediliş usullary Biziň her birimiz gündelik durmuşumyzda dürli meselelere duş gelýäris. Biz olaryň köpüsini pikir etmezden, öňki endiklerimiz boýunça çözüp göýberýäris. Mysal üçin, gaz plitasynda çäýnegi gyzdyrmak üçin aşakdaky işleri yzygider ýerine ýetirmek ýeterlikdir: çäýnege suw guýmaly, otlyçöpi ýakmaly, ony plitanyň gözüne getirmeli, gaz plitasynyň degişli gözüniň gazyny açmaly, gazyň ýananyny görüp çäýnegi plita goýmaly. Çäýnegi gyzdyrmak üçin edilmeli şol işleriň yzygiderligini aşakdaky görnüşde tertipläp ýazmak hem bolar: 1. çäýnegi suwdan doldurmaly, 2. otlyçöpi ýakmaly, 3. otlyçöpi gazyň gözüne getirmeli, 4. gaz plitasynyň degişli gözüniň gazyny açmaly, 5. gazyň ýananyny görüp çäýnegi plita goýmaly. Biz çäýnegi gyzdyrmak üçin edilmeli işleriň sanawynyň ýazgysyny taýynladyk. Islendik adam görkezmeleri yzygider ýerine ýetirip, gaz plitasynda çäýnegi gyzdyryp biler. 55

52 Ýene-de bir meselä seredeliň. Matematika dersinden belli bolşy ýaly, berlen a, b, c taraplary boýunça Geronyň formulasy ulanylyp üçburçlugyň meýdany aşakdaky formula boýunça kesgitlenilýär: S= p( p a)( p b)( p c), a b c bu ýerde, p – üçburçlugyň ýarym perimetri. 2 Bu meseläni çözmek üçin aşakdaky işleri ýerine ýetirmek gerek: 1. a,b,c- niň bahalaryny bilmeli, a b c 2. p formula boýunça üçburçlugyň ýarym 2 perimetrini tapmaly, 3. S= p( p a)( p b)( p c) formula boýunça meýdany hasaplamaly. Ýokarky mysallarda öňde goýlan maksada ýetmek üçin ýerine ýetirmeli işleriň takyk yzygiderligi ýazyldy. Şeýle ýazga bolsa algoritm diýilýär. Algoritm düşünjesi esasy matematiki düşünjeleriň biri hasaplanylýar. Algoritm sözi algoritmi sözünden gelip çykypdyr. Algoritmi sözi bolsa, 9-njy asyrda Horezmde ýaşap geçen dünýä belli alym al-horezminiň adynyň latynça okalşyny aňladýar. Al-Horezmi ilkinji bolup köpbelgili sanlaryň üstünde ýerine ýetirilýän dört arifmetiki amalyň düzgünlerini beýan edipdir. Onuň işleriniň latyn diline terjimesiniň kömegi bilen Ýewropalylar sanamagyň onluk ulgamy bilen tanyş bolupdur. Muhammet ibn Musa al Harezminiň biziň ata Watanymyz Türkmenistanyň territoriýasynda, gadymy Merw şäherinde dogulandygyny we ýaşandygyny belläp geçmek guwançlydyr. Orta asyrlarda Ýewropada algoritm diýip sanamagyň onluk ulgamyna we onda hasaplamalary geçirmegiň düzgünlerine düşünilipdir. 56

53 Matematikada algoritm diýip erkin başlangyç bahadan şol başlandyç baha bilen doly kegitlenýän netijäni almak üçin ýerine ýetirmeli hasaplamalary kesgitleýän takyk görkezmä düşünilýär. Informatikada algoritm diňe bir matematiki hasaplamalar bilen baglanyşykly meseleler üçin dälde, eýsem başga görnüşli meseleler çözülende hem ulanylýar. Umuman, algoritm diýip öňde goýlan meseläni çözmek üçin yzygiderli etmeli işleriň takyk, düşnükli, tertipleşdirilen ýazgysyna düşünilýär. Algoritm haýsy hem bolsa bir anyk ýerine ýetiriji üçin niýetlenip ýazylýar. Ýerine ýetiriji bolup adam, kompýuter, robot we başgalar hyzmat edip biler. Berlen algoritm boýunça goýlan meseläni çözmek üçin, ulanyja diňe algoritmdäki ýazylan işleri yzygider ýerine ýetirmek ýeterlikdir. Şunlukda, ýerine ýetirijiniň meseläniň manysyna doly düşünmegi hem talap edilmeýär. Emma oňa garamazdan, ýerine ýetiriji algoritmdäki görkezmeleri yzygider ýerine ýetirip gerekli netijäni alýar. Algoritm şu aşakdaky getirilen esasy häsiýetlere eýe bolmalydyr: 1. Algoritm birmanyly bolmalydyr. Onda ýazylan her bir görkezmä diňe bir manyda düşünmek mümkin bolmalydyr. Algoritmiň bu häsiýetine kesgitlilik häsiýeti diýilýär. 2. Algoritmdäki beýan edilen işler tükenikli sany ädimden soň netijäniň alynmagyna ýa-da şol meseläniň çözüwiniň ýokdugy barada habaryň çykarylmagyna getirmelidir. Algoritmiň bu häsiýetine netijelilik häsiýeti diýilýär. 3. Dürli başlangyç bahaly birmeňzeş meseleleri şol bir algoritm boýunça çözmek mümkin bolmalydyr. Algoritmiň bu häsiýetine umumylyk häsiýeti diýilýär. 4. Algoritmdäki beýan edilen işler algoritmi ýerine ýetirijä düşnükli bolmalydyr. Algoritmiň bu häsiýetine düşnüklilik häsiýeti diýilýär. 5. Algoritmde beýan edilen işleri aýry-aýry basgançaklara, ýönekeýje amallara bölmek mümkindir. Şeýle bölünme netijesinde biri-birinden anyk aýrylýan ädimleriň 57

54 tertipleşdirilen sanawy alynýar. Her bir ädimdäki iş doly ýerine ýetirilenden soň indiki ýerine ýetirilmeli ädime geçilmelidir. Algoritmiň bu häsiýetine diskretlik häsiýeti diýilýär. Mysallara seredeliň. Mysal 1.1. x-iň islendik bahasy üçin y=(ax+b)/(cx+d) formula boýunça y-iň bahasyny hasaplamaly. Bu mysaly çözmek üçin aşakdaky işleriň yzygiderligini ýerine ýetirmek ýeterlikdir: 1) A-ny x-e köpeltmeli we netijäni E1 bilen bellemeli; 2) E1-i B bilen goşmaly we netijäni E2 bilen bellemeli; 3) C-ni x-e köpeltmeli we netijäni E3 bilen bellemeli; 4) E3-i D bilen goşmaly we netijäni E4 bilen bellemeli; 5) E2-ni E4-e bölmeli we alnan netijäni y-iň bahasy diýip hasap etmeli. Algoritmleriň kömegi bilen diňe bir hasaplama geçirmeli meseleleri däl-de eýsem başga görnüşli meseleleri hem çözmek mümkindir. Mysal 1.2. Sebetde 15 sany şar bar. Iki oýunçy gezekligezegine sebetden şar alýar. Her gezekde oýunçylaryň her biri 1, 2 ýa-da 3 şar alyp bilýär. Iň soňky şary alan oýunçy utulýar. Birinji göçüp başlaýan oýunçynyň ýeňmeginiň algoritmi aşakdaky görnüşde bolýar: 1) iki şar almaly; 2) ikinji we soňky gezeklerde ikinji oýunçynyň şol gezekde alan şarlary bilen goşulanda 4 sany bolar ýaly şar almaly. Bu algoritm sebetde 7, 11, 15, 19,. sany şar bolan ýagdaýlarda utuşa getirýär. Bu algoritmi ulanýan oýunçy elmydama utar. Oýunça hiç hili pikir etmek ýa-da hasaplamak gerek bolmaz. Oýunda utmak üçin oňa diňe algoritmdäki edilmeli işi takyk ýerine ýetirmek ýeterlikdir. Algoritmler esasan üç: söz, grafiki, programma usullarda beýan edilip bilinýär. 58

55 Söz usuly. Algoritm söz usuly bilen beýan edilende berlen maglumatlary gaýtadan işläp gerekli netijä gelmek üçin edilmeli işleriň tertibi adaty ulanylýan sözleriň kömegi bilen erkin görnüşde ýazylýar. Mysal 1.3. m we n natural sanlaryň iň uly umumy bölüjisini tapmaly. Mysaly çözmek üçin bölüjileriň aşakdaky häsiýetini ulanarys: Eger-de, m>n bolsa, onda m,n sanlaryň iň uly umumy bölüjisi m-n, n sanlaryňky ýalydyr. Algoritm şeýle ýazylar: 1) Eger sanlar deň bolsa, onda jogap hökmünde olaryň islendik birini almaly, eger-de sanlar özara deň däl bolsa, onda algoritmi ýerine ýetirmegi dowam etmeli; 2) sanlaryň ulusyny tapmaly; 3) uly sanyň deregine uly san bilen kiçi sanyň tapawudyny almaly; 4) algoritmi başdan başlap täzeden ýerine ýetirmeli. Söz usuly bilen algoritmi ýazmak ony düzüji üçin uly bir kynçylyk döretmeýär. Bu usul bilen algoritm düzmegiň berk düzgünleri ýok. Şonuň üçin ýerine ýetirijiler üçin bu usulda beýan edilen algoritmi ýerine ýetirmek köp kynçylyklar döredýär. Sebäbi algoritmi düzüjiniň öz sözi bilen aýdan zatlarynyň köp manyly bolmagy, düşnüksiz bolmagy mümkindir. Şoňa görä algoritmleri beýan etmegiň söz usuly köp ýaýran däldir. Grafiki usul. Bu usulda algoritmdäki görkezmeler tekiz geometriki figuralaryň kömegi bilen berilýär. Her bir işiň görnüşi üçin ýörite geometriki figura ulanylýar. Ol figuralara blok simwollary diýilýär. Blok simwollar dolandyryşy geçirýän çyzyklar bilen birikdirilýärler. Grafiki usulda beýan edilen algoritme düşünmek aňsat bolýar. Grafiki usulda berlen algoritme blok shema diýilýär. Blok shemalary indiki temada has çuňlaşdyryp öwreneris. 59

56 Programma usuly. Blok shemalar bilen beýan edilen algoritmiň bir kemçilik tarapy bardyr. Ony ýerine ýetirmek üçin kompýutere berip bolmaýar. Algoritmi ýerine ýetiriji hökmünde kompýuteri ulanmak üçin ony kompýutere düşnükli dilde ýazmalydyr. Algoritmiň kompýutere düşnükli bolmagy üçin ýörite diller döredilýär. Ol dillere algoritmik diller diýilýär. Häzirki wagtda onlarça algoritmik diller bardyr. Olardan BASIC, PASCAL, CI, JAVA we başgada köp sanly diller bardyr. Her dilde algoritm ýazmak üçin ýörite sözler, düzdünler girizilendir. Programma usulynda algoritm haýsy hem bolsa bir algoritmik diliň düzgünlerine laýyklykda ýazylýar we düzülen algoritme programma diýip at berilýär. Programma düzmegiň inçe syrlaryny geljekki sapaklarymyzda öwreneris. Soraglar we gönükmeler 46 Algoritm diýip nämä aýdylýar? 47 Algoritmiň nähili häsiýetleri bar? 48 Algoritm nähili usullar bilen beýan edilýär? Aşakdaky gönükmelerde goýlan meseläni çözmegiň algoritmini söz usuly bilen beýan etmeli. 49 Göniburçlugyň a we b taraplary berlen. Onuň meýdanyny we perimetrini tapmaly. 50 Kubuň gapyrgasynyň a uzynlygy berlipdir. Kubuň göwrümini we üstüniň meýdanyny tapmaly. 51 Gönüburçly üçburçlygyň katetleri bolan a we b sanlar berlipdir. Onuň c gipotenuzasyny we P perimetrini tapmaly. 52 Üç sany bitin san berlipdir. Bu sanlaryň içinde näçe sany položitel sanyň barlygyny kesgitlemeli. 53 Üç sany bitin san berlipdir. Bu sanlaryň içinde näçe sany položitel, näçe sany otrisatel sanyň barlygyny kesgitlemeli. 54 Üç san berlipdir. Olaryň iň kiçisini tapmaly. 60

57 55 Dört sany bitin san berlipdir. Ol sanlaryň üçüsi özara meňzeş. Meňzeş sanlardan tapawutly sanyň tertip nomerini kesgitlemeli. 56 Göwrümleri degişlilikde 3 litr we 8 litr bolan iki sany küýze bar. Diňe şol küýzelerden peýdalanyp derýadan 7 litr suw almaly. 57 a, b, c (a 0) hakyky sanlar berlen. ax 2 +bx+c=0 deňlemäni çözmeli den 100-e çenli ähli jübüt sanlaryň jemini hasaplamaly. 59 (Gadymy erteki.) Bir adam derýadan gaýykda möjegi, geçini we kelemi geçirmeli. Her gezekde gaýykda diňe ýa möjegi, ýa geçini ýa-da kelemi geçirip bolýar. Bir kenarda möjek bilen geçini hem-de geçi bilen kelemi goýmak bolmaýar. Bir kenardan beýleki kenara geçmegiň algoritmini düzmeli Algoritmleriň görnüşleri we blok shemalar Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, algoritm grafiki usulda aňladylanda edilmeli işler ýörite geometriki figuralaryň kömegi bilen beýan edilýär. Grafiki usulda ýazylan algoritme algoritmiň blok shemasy ýa-da ýöne blok shema diýilýär. Blok shemada her bir edilýän işiň görnüşi (berlen maglumatlary girizmek, aňlatmalaryň bahasyny hasaplamak, şertleri barlamak, işleri gaýtalap ýerine ýetirmek, işleri tamamlamak we ş.m.) üçin ýörite figura (simwol, blok) ulanmak kabul edilendir. Simwollar (bloklar) öz arasynda ýerine ýetirilýän işleriň tertibini kesgitleýän geçiş çyzyklary bilen birleşdirilýär. Blok shema ony okaýan adam üçin aýdyňlygy bilen tapawutlanýar. Blok shemada esasan şu aşakdaky simwollar ulanylýar: 61

58 Indi ýokarky tablisada getirilen bloklara giňişleýin düşündiriş bereliň. Proses hasaplamany ýa-da hasaplamalaryň yzygiderligini bellemek üçin ulanylýar. Adatça bu blokda hasaplama geçirilýän formula ýazylýar. Formulalar ýazylanda adaty ýazgylar ulanylýar. Mysal üçin, y=x+sina. Çözgüt Bu blokda şert ýazylýar. Şertiň ýerine ýetişine laýyklykda geçilmeli ugur kesgitlenýär. Blogyň bir girelgesi we iki sany çykalgasy bolýar. Çykalgalarda goýulýan çyzygyň üstünde HOWA, ÝOK jogaplar ýazylýar. Eger şert ýerine ýetýän bolsa, onda HOWA ýazgyly ugur boýunça geçilýär, a eger-de şert ýerine ýetmeýän bolsa, onda ÝOK ýazgyly ugur boýunça geçilýär we algoritmdäki işler ýerine ýetirilýär. Gaýtalamak Bu blok gaýtalanýan prosesleri belgilemek üçin ulanylýar. Blogyň içinde parametr, onuň başlangyç 62

59 bahasy, gyraky bahasy we parametriň üýtgeýiş düzgüni görkezilýär. Öňünden kesgitlenen proses Bu blok kömekçi algoritmleri çagyrmagy bellemek üçin ulanylýar. Dokument – Bu blok maglumaty çykarmagy, çap etmegi bellemek üçin ulanylýar. Simwol ýarysy ýyrtylan kagyzy ýada salýar. Berlenler – Bu blok başlangyç maglumatlary girizmegi bellemek üçin ulanylýar. Birleşdiriji Bu blok köplenç halatda algoritm bir sahypa ýerleşmeýän ýagdaýynda bir sahypadan başga sahypa geçmek üçin ulanylýar. Şunlukda sahypada algoritmiň gutarýan ýerinde birleşdiriji belgi goýulýar, onuň içinde bir san ýazylýar. Indiki sahypada algoritmiň dowamyny ýazmak üçin ýene-de birleşdiriji goýulýar we onuň içinde şol öňki san ýazylýar, şondan soň algoritmiň dowamy ýazylýar. Başlamak, gutarmak – Bu bloklar köplenç blok shemanyň başlanýan we gutarýan ýerlerinde goýulýar. Düşündiriş Bu blok algoritmiň käbir ýerlerine tekst düşündirişini goşmak üçin ulnylýar. Algoritmler öz gurluşy boýunça çyzykly, şahalanýan we siklli(gaýtalanma) bolýandyr. Çyzykly algoritmlerde şert barlamak gabat gelmeýär. Ondaky bloklaryň ählisi algoritmdäki ýazylyş tertibine laýyklykda yzly yzyna ýerine ýetirilýärler. Mysal 2.1. Iki sanyň jemini tapmaly. Ç ö z ü l i ş i. Goýlan mysaly çözmek üçin ulanyja(adama, kompýutere) aşakdaky görkezmeleri bermek gerekdir: 1. a we b sanlaryň bahalaryny bilmeli; 2. olaryň jemini tapyp ony S bilen bellemeli; 3. jogaby ýazmaly. Bu ýazgy goýlan meseläni çözmegiň algoritminiň söz usulunda beýan edilmegidir. Algoritmiň blok shemasy aşakdaky görnüşde bolar: 63

60 Başlangyjy a, b S=a+b S Soňy Blok shema düzülende ilkinji we iň soňky bloklar hökman blok shemanyň başlanýan we gutarýan ýerini görkezmelidirler. Ýokarky blok shema çyzykly algoritme mysal bolýandyr. Eger-de algoritmde şert ulanylyp şonuň netijesinde indiki edilmeli iş kesgitlenýän bolsa, onda algoritme şahalanýan algoritm diýilýär. Şahalanýan algoritmde çözgüt blogy ulanylýar. Mysal 2.2. a we b sanlaryň ulusyny saýlamaly we çap etmeli. Mysaly çözmegiň blok shemasy aşakdaky görnüşde bolýar: 64

61 Başlangyjy a, b a>b Ýok Howa max=b max=a max Soňy Bu algoritm şahalanýan algoritmdir. Algoritmde a>b şertiň ýerine ýetişine laýyklykda max ululygyň bahasy a ýa-da b deň bolýandyr. Şondan soň algoritmde max ululygyň bahasy çap edilýär. Eger-de algoritmde şol bir işleriň yzygiderligi birnäçe gezek gaýtalanyp ýerine ýetirilýän bolsa, onda öňa sikl gurluşly algoritm diýilýär. Sikl gurluşly algoritmleri düzmek üçin çözgüt blogy ýa-da gaýtalamak blogy ulanylýar. Mysal 2.3. n natural san berlen. 1-den n-e çenli ähli natural sanlaryň jemini tapmaly. Mysaly çözmegiň algoritmini söz we grafiki usulda beýan edeliň: 1. n sanyň näçedigini bilmeli; 65

62 2. S jemiň başlangyç bahasy diýip 0 almaly; 3. i-niň bahasy diýip 1-i almaly; 4. S-iň öňki bahasynyň üstüne i-niň bahasyny goşmaly we alnan bahany S-iň bahasy diýip hasap etmeli; 5. i-niň bahasynynyň ütüne 1-i goşmaly; 6. Eger-de, i-niň alnan bahasy n-iň bahasyndan kiçi ýa-da oňa deň bolsa, onda 4-nji ädime dolanyp barmaly, bolmasa indiki ädime geçmeli; 7. S-iň bahasyny çap etmeli. Algoritmiň blok shemasyny iki görnüşde aňladalyň: Başlangyjy Başlangyjy n S=0 i=1 S=S+i n S=0 i=1, n S=S+i i=i+1 Howa i

64 72. Nula deň bolmadyk iki san berlipdir. Olaryň jemini, tapawudyny, köpeltmek hasylyny we olaryň modullarynyň paýyny tapmaly. 73. Gönüburçly üçburçlygyň katetleri bolan a we b sanlar berlipdir. Onuň c gipotenuzasyny we P perimetrini 2 2 tapmaly: c a b, P a b c. 74. Umumy merkezli, R 1 hem-de R 2 ( R1 R2 ) radiusly iki sany töwerek berlipdir. Bu töwerekleriň S 1 we S 2 meýdanlaryny, şeýle hem daşky radiusy R 1 we içki radiusy R 2 bolan halkanyň S 3 meýdanyny tapmaly 2 2 S1 (R1 ), S2 (R2 ), S3 S1 S Töweregiň L uzynlygy berlipdir. L 2 R, 2 S R bolýanlygyny göz öňünde tutup ol töweregiň R radiusyny, S meýdanyny tapmaly. -niň bahasy 3.14-e deň diýip hasaplamaly. 76. Töweregiň S meýdany berlipdir. L 2 R, 2 S R bolýalygyny göz öňünde tutup onuň D diametrini we L uzynlygyny tapmaly. -iň bahasy 3.14-e deň diýip hasaplamaly. 77. San okundaka x 1 we x 2 koordinatalar bilen berlen nokatlaryň arasyndaky uzaklygy tapmaly: x2 x Bitin görnüşli A we B iki sany üýtgeýän ululyk berlipdir. Eger olaryň bahalary deň däl bolsalar, onda olaryň her birine olaryň ulusynyň bahasyny dakmaly, eger-de olar özara deň bolsalar, onda olara nul bahany dakmaly. A we B ululyklaryň täze bahalaryny çapa çykarmaly. 79. Bitin san berlipdir. Eger ol položitel bolsa, onda ol sana 1-i goşmaly, galan ýagdaýda ol sandan 2-ni aýyrmaly. Emele gelen sany çapa çykarmaly. 80. Bitin san berlipdir. Eger ol položitel bolsa, onda ol sana 1-i goşmaly, a eger-de ol otrisatel bolsa, onda ol sandan 2-68

65 ni aýyrmaly, eger-de nula deň bolsa, onda onuň bahasyny 10 bilen çalşyrmaly. Emele gelen sany çapa çykarmaly. 81. Üç sany bitin san berlipdir. Bu sanlaryň içinde näçe sany položitel sanyň barlygyny kesgitlemeli. 82. Üç sany bitin san berlipdir. Bu sanlaryň içinde näçe sany položitel, näçe sany otrisatel sanyň barlygyny kesgitlemeli. 83. Iki san berlipdir. Olaryň ulusyny çapa çykarmaly. 84. Iki san berlipdir. Olaryň kiçisiniň tertip nomerini çapa çykarmaly. 85. Iki san berlipdir. Ilki olaryň ulusyny, soňra bolsa kiçisini çapa çykarmaly. 86. Hakyky tipli A, B üýtgeýän ululyklar berlipdir. A ululyk olaryň kiçisiniň bahasyny, B ululyk bolsa olaryň ulusynyň bahasyny saklar ýaly edip üýtgeýän ululyklaryň bahalaryny çalşyrmaly. A we B ululyklaryň täze bahalaryny ekrana çykarmaly Programmalaşdyrma dilleri barada düşünje we Turbo Paskal bilen ilkinji tanyşlyk Biz algoritmi beýan etmegiň söz usuly we grafiki usuly bilen has ýakyndan tanyş bolduk. Olaryň algoritm düzmegiň esaslaryny öwrenmekde uly ähmiýeti bardyr. Emma, algoritmi beýan etmegiň söz we grafiki usullarynyň esasy bir uly kemçiligi bardyr: şol usullarda ýazylan algoritme kompýuter gös göni düşünmeýär. Meseläni çözmegiň algoritmine kompýuteriň düşünmegi we ony ýerine ýetirmegi üçin algoritmi ýörite dilde ýazmalydyr. Şeýle dillere bolsa, programmalaşdyrmak dilleri ýa-da algoritmik diller diýip at berilýär. Programmalaşdyrmak dilinde ýazylan algoritme programma diýip at berilýändigini ýatladýarys. Häzirki wagtda köp sanly programmalaşdyrmagiň dilleri bardyr. Ol diller umuman iki topara bölünýär: aşak derejeli diller we ýokary derejeli diller. Ilkinji elektron 69

66 hasaplaýjy maşynlarda programmalar maşyn dilinde düzülipdir. Maşyn dili anyk kompýuteriň aýratynlyklaryna bagly bolýar. Anyk kompýuteriň aýratynlyklaryna bagly bolan programmalaşdyrma dillerine aşak derejeli diller diýilýär. Aşak derejeli dillere mysal edip maşyn dilini, Assembler dilini getirmek bolar. Adatça, aşak derejeli dillerde programma düzmeklik çuň bilimi we köp zähmeti talap edýär. Anyk kompýuteriň aýratynlyklaryna bagly bolmadyk we ulanyjylaryň giň köplügi üçin niýetlenen algoritmik dillere ýokary derejeli (maşyn buýruklarynyň derejesine görä) diller diýilýär. Bu görnüşli dillere mysal edip Basic, Paskal, FORTRAN, CI, JAVA dilleri getirmek bolar. Bu dilleriň her biriniň öz elipbiýi, operatorlary, programma ýazmagyň düzgünleri bardyr. Biz programmalaşdyrma dillerinden Paskal dilini, has dogrusy onuň Turbo Pascal 7.0 şiwesini öwreneris. Paskal dili 1971-nji ýylda şweýsar alymy Niklaus Wirt tarapyndan döredildi. Bu dil özüniň ýönekeýligi we öwrenmek üçin aňsatlygy bilen tapawutlanýar. Ol belli fransuz matematigi we fizigi Blez Paskalyň ( ) hatyrasyna Paskal diýip atlandyryldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Borland korporasiýasy tarapyndan Turbo Paskal ulgamy döredildi. Bu ulgamda Paskal dilinde ýazylan programmany kompýutere girizmek, kompilýasiýa etmek we ýerine ýetirmek mümkindir. Bu ulgamda ulanylýan programmalaşdyrma dili standart Paskal dilinden birneme tapawutlanýandyr we goşmaça köp sanly serişdeleri saklaýar. Şonuň üçinem, Paskal diliniň Turbo Paskal ulgamynda ulanylýan görnüşine Turbo Paskal dili diýip at berilýär. Delphiniň Object Pascal dili Turbo Paskala esaslanaýar we onuň ideýalaryny ösdürýär. Bu bolsa, Turbo Paskalyň çäksiz mümkinçilikleriniň bardygyny görkezýär. Turbo Paskal ulgamy köp sanly faýllar toplumyndan ybaratdyr. Turbo Paskal gaty diske ýazylanda adatça, diskde TP (ýa-da PAS, TURBOPAS, PASKAL we ş.m.) atly katalog (bukja) döredilýär we gerekli faýllar şol kataloga ýazylýar. Köplenç halatda, Turbo Paskalyň işlemegi üçin TURBO.EXE, 70

67 TURBO.TPL faýllaryň bolmagy ýeterlik bolýar. Ýöne olardan başga-da, Turbo Paskalyň parametrlerini saklaýan TURBO.TP we TURBO.PCK faýllaryň hem TP katalogda bolmaklygy maslahat berilýär. Turbo Pasklalyň ähli mümkinçiliklerini ulanmak üçin onuň ýörite gurnaýjy (Install) diskini ulanyp Turbo Paskaly gaty diskde ornaşdyrmak gerek bolýar. Turbo Paskaly işe göýbermek üçin TURBO.EXE faýly açmak ýeterlikdir. Bu faýl işe goýberilende ekrana onuň iş penjiresi çykýar. Penjiräniň birinji setirine Menýu setiri diýilýär. Penjiredäki iň aşakdaky setir esasy funksional klawişalaryň ýerine ýetirýän işleri barada gysgaça maglumaty saklaýar. Penjiräniň galan bölegi redaktoryň penjiresine degişlidir we programmanyň tekstini girizmek üçin niýetlenendir. Şol bölegiň ýokarsynda redaktirlenýän faýlyň ady we sag burçunda açylan penjiräniň belgisi ýerleşýär. Turbo Paskalyň iş penjiresi Turbo Paskaldan çykmak üçin ALT klawişany basyp we ony göýbermän latyn X harply klawişany basmak (gelejekde biz şular ýaly ýagdaýda ALT + X klawişalary basmaly diýip aýdarys) ýeterlikdir. Turbo Pascal sredasyny dolandyrmak üçin funksional klawişalar ulanylýar. Olar F1, F2. F12 bilen belgilenýär we 71

68 klawiaturada iň ýokarky setirde ýerleşýär. Funksional klawişalaryň ýerine ýetirýän işleri Alt, Ctrl we Shift klawişalarynyň kömegi bilen özgerdilip bilinýär. Funksional klawişalaryň we olaryň Alt, Ctrl we Shift klawişalary bilen utgaşdyrylyp basylanda ýerine ýetirilýän işleriniň esasylarynyň käbirini sanap geçeliň: F1 kömek almak; F2 redaktirlenýän faýly diske ýazmak; F3 diskden faýly okamak; F4 programmany ädimme-ädim ýerine ýetirmek kadasynda ulanylýar: programmany ýerine ýetirip başlamaly ýa-da dowam etmeli we kursoryň duran setirini ýerine ýetirimezden öň durmaly buýrugy berýär; F5 aktiw penjiräni tutuş ekrana ýaýmaly; F6 indiki penjiräni işjeň etmeli; F7 programmany ädimme-ädim ýerine ýetirmek kadasynda ulanylýar: programmadaky indiki setiri ýerine ýetirmeli. Eger setirde prosedura ýa-da funksiýa ýüzlenmek bar bolsa, onda oňa geçmeli we ondaky birinji operatory ýerine ýetirmezden öň durmaly; F8 – programmany ädimme-ädim ýerine ýetirmek kadasynda ulanylýar: programmadaky indiki setiri ýerine ýetirimeli. Eger programmada prosedura ýa-da funksiýa ýüzlenmek bar bolsa, onda ony ýerine ýetirmeli we onuň işini yzarlamaly; F9 programmany kompilýatordan geçirmeli (maşyn kodyna geçirmeli), ýöne ony ýerine ýetirmeli däl. Maşyn koduna geçirilen programma operatiw huşda ýa-da diskde saklanýar. Ctrl + F9 ( bu ýerdäki we gelejekdäki şuňa meňzeş ýazgyda + belgisi iki klawişanyň bile basmalydygyny aňladýar) programmany ýerine ýetirmeli: işjeň penjiredäki programmany kompilýatordan geçirmeli (maşyn kodlaryna geçirmeli), ony operatiw huşa ýüklemeli we ýerine ýetirmeli, şondan soň, Turbo Paskal sredasyna dolanyp gelmeli; 72

69 Alt + F5 – programma ýerine ýetirilende alynan netijeleriň ýazylýan penjiresine geçmek; Alt + X – Turbo Paskaldan çykmak. TURBO-PASKAL sredasyny dolandyrmak üçin açylypýapylýan menýular ulgamy ulanylýar. Esasy menýu ekranda elmydama saklanýar. Esasy menýu birnäçe bölümlerden durýar: File faýllar bilen işlemek we sistemadan çykmak; Edit (redaktirlemek) düzedilmeli setiri gaýtadan dikeltmek we wagtlaýyn bufer bilen işlemek; Search (gözlemek) tekst ýazgylaryny, funksiýalary, proseduralary we ýalňyşlyklary gözlemek; Run programmany işe goýbermek; Compile programmany kompilýatordan geçirmek; Debug programmanyň işleýşini sazlamak; Tools kömekçi programmalary işe göýbermek; Options sredanyň parametrlerini goýmak; Window penjireler bilen işlemek. Help kömek gullugyna ýüzlenmek; Indi bolsa, menýunyň has köp ulanylýan bölümleriniň käbiri bilen tanyş bolalyň. Menýunyň File bölüminiň buýruklary NEW täze penjire açylýar. Bu penjirede täze programmanyň tekstini girizmek bolýar. OPEN – öň diskde ýazylyp goýlan faýly açmak üçin ulanylýar. Bu bölümçä ýüzlenilende gepleşik penjiresi açylýar. Onda Name ýazgynyň aşagynda faýlyň adyny ýazmak mümkindir. Eger-de faýlyň ady doly ýazylmadyk 73

70 (görnüşi görkezilmedik) bolsa, onda onuň PAS giňeltmesi bar diýip hasap edilýär. Gerekli faýly sanawdan saýlap almak üçin, Tab düwmesini basmaly. Görkeziji Files ýazgyly meýdança geçýär. Görkezijiy dolandyryjy klawişalaryň ýa-da syçanjygyň kömegi bilen gerekli faýly saýlap ENTER klawişany ýa-da syçanyň çep düwmesini iki gezek basmaly. Ekrana saýlanan faýlyň içindäki ýazgy çykýar. Open bölümi F3 klawişany basyp hem çagyryp bolýandyr. SAVE. Redaktoryň işjeň penjiresindäki ýazgylary diske faýl görnüşde ýazýar. Eger-de bu penjire NONAMEOO.PAS at bilen baglanyşykly bolsa, onda, indi dakyljak täze at soralýar. Turbo Paskalda ýazylan programmany özünde saklaýan faýlyň giňeltmesi PAS bolýandyr. Eger-de faýl öň diske iň bolmanda bir gezek ýazylan bolsa, onda Turbo Paskal hiç hili habar bermezden faýly diske öňki at bilen ýazar. Redaktordan bu bölümçäni gös-göni çagyrmak üçin F2 düwmäni basmaly. SAVE AS. Redaktoryň işjeň penjiresindäki ýazgylary başga bir at bilen gaty diske faýl görnüşde ýazýär. SAVE ALL. Turbo Paskal köp penjireli ulgamdyr, başgaça aýdylanda Turbo Paskal bir bada birnäçe faýllary açmaga mümkinçilik berýär. SAVE ALL buýruk berilende redaktoryň ähli penjirelerinde bar bolan ýazgylar diske degişli faýllar görnüşinde ýazylýar. CHANGE DIR. Ulanyja, üstünde işläp oturan katalogyny çalyşmaga (üýtgetmäge) mümkinçilik berýär. Bü bölümçäniň gepleşik penjiresinde gaty diskiň kataloglarynyň daragyt şekilindäki ýerleşişi görkezilýär. Kataloglaryň daragty boýunça hereket edip gerekli katalogy saýlap, soňra CHDIR buýrugynyň kömegi bilen şol pursatda ulanylýan katalogy saýlanyp alnan kataloga çalyşyp bolar. Drives (diskleri göýbermek) görkezijisi ulanylan halatynda diski hem çalyşmak mümkindir. 74

71 Eger-de siz käbir sebäplere görä çalyşmak pikirinden el çekseňiz, onda REVERT (dolanmak) buýrugynyň kömegi bilen öňki ýagdaýy dikeldip bilersiňiz (Bu buýrugy penjire ýapylmanka ulanyp bolýar). DOS SHELL. Wagtlaýynça DOS ulgamyna çykmak. Şunlukda, TURBO PASKAL operatiw huşda esasy (rezident) programma bolmagynda galyp onuň agramly bölegini tutýar. Gaýtadan TURBO PASKAL dolanyp gelmek üçin DOS-yň talabyna jogap hökmünde EXIT sözüni ýazyp Enter düwmesini basmaly. EXIT. Bu buýruk saýlananda TURBO PASKAL ýapylýar. Buýrugy Alt+X düwmeleri basyp hem çagyryp bolýar. Menýunyň Edit bölüminiň buýruklary Undo. Redaktoryň işjeň penjiresinde öň ýanynda üýtgedilen ýa-da Ctrl+Y buýrugy bilen aýrylan setiri gaýtadan dikeldýär. Bu buýrugy Alt+BkSp düwmelerini basmak bilen hem çagyrmak bolýar. Redo. Undo buýrugyň ýerine ýetiren işini ýatyrýar. CUT. Redaktoryň penjiresinde bellenen blogy ekrandan aýyryp ony wagtlaýyn bukja ýerleşdirýär. Buýrugy Shift + Del düwmelerini basmak bilen hem çagyrmak bolýar. COPY. Redaktoryň penjiresinde bellenen blogyň göçürmesini wagtlaýyn bukja ýerleşdirýär. Buýruk redaktordan gös-göni Ctrl+Ins düwmeleri basmak arkaly çagyrylýar. PASTE. Wagtlaýyn bukjanyň içindäkileri redaktoryň penjiresine göçürýär. Şunlukda bukjanyň içindäkiler üýtgewsiz galyp, olary gaýtadan ýene ulanmak mümkindir. Buýruk Shift+Ins düwmeleriň kömegi bilen redaktordan gös-göni çagyrylýar; CLEAR. Redaktoryň penjiresinden bölünip alnan blogy wagtlaýyn bukja salmazdan ýok etmek. Ýok edilen blogy gaýtadan dikeldip bolmaýar. Redaktordan buýrugy çagyrmak üçin Ctrl+Del düwmeleri basmaly. 75

72 Turbo Paskalyň programmany döretmek we redaktirlemek üçin amatly redaktory bardyr. Redaktoryň penjiresinde kursor bar bolsa, onda ol Turbo Paskal sredasynyň programmany redaktirlemäge taýyndygyny görkezýär. Bu kada Turbo Paskal işe göýberilende awtomatiki gurnalýar. Funksional klawişalaryň ýa-da menýunyň kömegi bilen başga kadalara geçmek mümkindir. Eger-de sreda menýudan saýlamak ýagdaýynda bolsa, onda kursor penjireden ýitýär. Bu ýagdaýdan programmany redaktirlemek kadasyna geçmek üçin Esc klawişany basmaly. Menýu geçmek üçin F10 klawişany basmaly. Programma ýazylanda başga redaktorlardaky ýaly ýazylýar. Setir ýazylyp bolandan soň indiki setire geçmek üçin Enter klawişany basmaly. Turbo Paskalyň kompilýatory her setrirde diňe 127 sany simwoly kabul edip bilýär. Eger-de penjirede setir ýazylanda 127 simwoldan köp ýazylsa, onda onuň 127 simwoldan artyk bölegini Turbo Paskalyň kompilýatory ulanmaýar. Redaktoryň penjiresinde kursory süýşürmek üçin aşakdaky klawişalar ulanylýar. belgili klawişalar görkezilen ugura bir simwol süýşmek; PgUp bir sahypa ýokaryk; PgDn bir sahypa aşak; Home işjeň setiriň başyna; End işjeň setiriň soňuna; Ctrl + PgUp tekstiň başyna; Ctrl + PgDn tekstiň soňyna. Redaktirlemek üçin ulanylýan klawişalar: Backspace – kursordan çep tarapdaky simwoly öçürmek; Del kursoryň görkezýän simwolyny öçürmek; Ctrl + Y kursoryň duran setirini ýok etmek; Enter köne setiri bölüp täze setiri döretmek ýa-da täze setire geçmek; 76

73 Ctrl + Q, L – işjeň setiri dikeltmek(kursor üýtgedilen setirden entäk çykmadyk bolsa täsir edýär). Blok bilen işlemek üçin klawişalaryň aşakdaky sazlaşygy ulanylýar: Ctrl + K, B blogyň başlanýan ýerini bellemek; Ctrl + K, K blogyň gutarýan ýerini bellemek; Ctrl + K, Y blogy ýok etmek; Ctrl + K, C blogyň nusgasyny almak; Ctrl + K, V blogy geçirmek; Ctrl + K, W blogy faýla ýazmak; Ctrl + K, R blogy diskdäki faýldan okamak; Turbo Paskalyň redaktorynyň başgada köp sanly mümkinçilikleri bardyr. Olary Turbo Paskalda yzygider işlenilende öwrenmek mümkindir. Turbo Paskalda ilkinji gezek işleýänlere aşakdakylary ýatlatmakçy bolýarys: 1. Turbo Paskaly açmak üçin iş stolyndaky oňa degişli belgijigi syçan bilen iki gezek basmaly. Eger-de iş stolynda beýle belgijik ýok bolsa, onda diskden turbo.exe faýly gözläp tapmaly we ony açmaly. Ol faýl adatça, C:\TP\BIN katalogda(bukjada) ýerleşýär, ýöne Turbo Paskal kompýutere gurnalanda turbo.exe faýlynyň başga bukjalarda ýazylmagy hem mümkindir. 2. Turbo Paskal sredasyna girilende adatça, awtomatiki usulda täze faýl ýazmak üçin penjire açylýar. Eger-de käbir sebäplere görä täze faýl ýazmak üçin penjire açylmasa, onda menýunyň File bölümindäki New buýrugyny saýlamaly. Bu işi Alt + F, N düwmeleri basyp hem etmek mümkindir. Alt düwme basyp saklanyp F harp basylanda menýunyň adynda F harpy gyzyl reňk bilen reňklenen bölümi(file) açylýar, soňra N harp basylanda bolsa menýunyň şol bölümindäki adyndaky N harpy gyzyl reňk bilen reňklenen buýrugy (New) saýlanýar. Şu aýdylan usul bilen menýunyň beýleki bölümlerindäki buýruklary hem çagyrmak mümkindir. 77

74 3. Täze faýl ýazmak üçin açylan penjirede programmanyň tekstini ýazmaly. 4. Döredilen faýly diske ýazmak üçin F2 düwmäni basmaly. Ekrana Save file as atly penjire çykýar. Bu penjirede faýla berilýän ady ýazmaly we ENTER düwmäni basmaly. Eger-de faýl öň bir gezek diske ýazylan bolsa, onda Save file as atly penjire ekrana çykmaz, ýöne oňa garamazdan faýldaky edilen düzedişler diske ýazylar. 5. Programma ýazylyp bolnandan soň ony ýerine ýetirmeklige synanyşmaly. Onuň üçin Ctrl + F9 düwmeleri basmaly. Bu düwmeler basylanda Turbo Paskal ilki programmany kompilýatordan geçirýär, ýagny maşyn diline geçirýär. Soňra gerek bolsa programmany standart proseduralar we funksiýalar bilen baglanyşdyrýar. Şondan soň programma operatiw huşa ýüklenýär we oňa dolandyryş berilýär. Egerde haýsy hem bolsa bir etapda ýalňyşlyk ýüze çyksa, onda programmanyň ýerine ýetirilişi saklanýar we redaktoryň penjiresine dolanyp gelinýär. Penjiräniň ýokarky böleginde ýalňyşlygyň sebäbi barada habar çykýar. Şol ýalňyşlyk düzedilenden soň ýene-de programmany ýerine ýetirmägä synanyşyk etmeli. Eger-de ýalňyşlyk programma ýerine ýetirilip başlandan soň ýüze çykan bolsa, onda redaktoryň ýalňyşlygyň sebäbini nädogry görkezmegi mümkindir. Sebäbi ýalňyşlygyň maglumatlaryň nädogry taýynlanandygy ücin dörän bolmagy hem mümkindir. Mysal üçin, ýalňyşlyk otrisatel sandan kök alynan wagtynda ýüze çykan bolsa, onda ýalňyşlygy şol yerden dälde, kök alynýan üýtgeýän ululyga otrisatel baha berilýän ýerden gözlemek gerek bolmagy mümkindir. Bu halatlarda F4, F7 we F8 klawişalary ulanyp, programmany ädimme-ädim ýerine ýetirmek amatly bolýar. F7 klawişa basylanda programma ýerine ýetirilip başlanýar we programmadaky ilkinji ýerine ýetirilýän operatoryň öňünde saklanýar. Soňra her gezek F7 klawişa basylanda setirdäki operator ýerine ýetirilýär we kursor indiki 78

75 setire geçip durýar. Eger-de setirde prosedura ýa-da funksiýa ýüzlenme bar bolsa, onda dolandyryş şol prosedura ýa-da funksiýa geçirilýär we ondaky ilkinji ýerine ýetirilýän operatoryň öňünde durýar. Şeýlelik bilen, bu klawişanyň kömegi bilen standart däl proseduralaryň we funksiýalaryň ýerine ýetirilişine syn etmek mümkindir. 6. Programma ýerine ýetirilip bolandan soň alnan netijäni görmek üçin Alt + F5 düwmeleri basmaly. 7. Turbo Paskalda işi tamamlamak üçin Alt + X düwmeleri basmaly. Şunlukda, eger-de penjiredäki programma diske ýazylmadyk bolsa, onda ol barada Turbo Paskal habar berer we faýly diske ýazmalymy? diýen sorag çykarar. Eger-de faýly diske ýazmakçy bolsaňyz, onda jogap hökmünde Y (Yes) harplaryny, bolmasa N (No) harpyny basmaly. Soraglar we gönükmeler 87. Ýokary derejeli algoritmik diller diýip nähili dillere aýdylýar? 88. Turbo Paskal ulgamyny işe göýbermek üçin haýsy faýly açmaly? 89. Turbo Paskalda ýazylan täze programmany kompýutere girizmek üçin näme etmeli? 90. Turbo Paskalda ýazylan programmany işe göýbermek üçin haýsy düwmeleri basmaly? 91. Turbo Paskal sredasyndan çykmak üçin haýsy düwmeleri basmaly? 92. Diskde öň ýazylyp goýlan programmany nädip okamaly? 93. Faýly diske ýazmak üçin näme rtmeli? 94. Programma ýerine ýetirilenden soň alnan netijeleri görmek üçin näme etmeli? 95. Turbo Paskalda kömek almak üçin näme etmeli? 96. Turbo Paskalyň menýusyna geçmek üçin haýsy düwmä basmaly? 79

76 3.4. Turbo Paskal algoritmik diliniň elipbiýi we ýönekeýje gurluşlary Turbo Paskal algoritmik diliniň elipbiýi TURBO-PASKAL diliniň elipbiýi aşakdaky simwollary özünde saklaýar: 1) latyn elipbiýiniň uly we kiçi harplary: A,B,C,, X,Y,Z; a,b,c, x,y,z; 2)onluk hasaplaýyş ulgamynyň sanlary: 0,1,2,,9; 3) ýörite simwollar: + – * / = > < : ;., ^ # $ < >[ ] ( _; 4) ýörite sözler: and, array we başgalar; 5) arifmetiki amal belgileri: +(goşmak), -(aýyrmak), *(köpeltmek), /(bölmek), div(galyndyny zyňmak bilen bitin bölmek), mod(bitin bölmekde galyndyny kesgitlemek); 6) gatnaşyk belgileri: >(uly), >=(uly we deň), (deň däl); 7) logiki amallaryň belgileri: not(inkär etmek), or(dizýunksiýa-logiki goşmak), and(konýunksiýa-logiki köpeltmek), shl (çepe süýşmek), shr(saga süýşmek), xor(arifmetiki ýa-da); 8) köplükleriň üstündäki amallar: *(kesişme), +(birleşme), – (tapawut), in (degişlilik). Maglumatlaryň görnüşleri we gurluşy Matematikada ulanylýan sanlaryň natural, bitin, rasional, irrasional, hakyky bolşy ýaly, programmalaşdyrmakda ulanylýan maglumatlar hem dürli görnüşlerde bolýar. Her bir görnüş belli bir görnüşli bahalaryň köplügidir. Programmanyň göwrümini gysgaltmak, onuň okalyşyny gowulaşdyrmak we programmanyň ýazgysynda ony dürli bahalarda birnäçe gezek ulanmak üçin bahalaryň özleri dälde, olaryň atlary (identifikatorlary) ulanylýar. 80

77 Turbo Paskalda maglumatlar skalýar we düzme görnüşlere bölünýärler. Maglumatlaryň skalýar görnüşi öz gezeginde standart skalýar (bitin, hakyky, logiki, simwol) we standart däl skalýar (çäkli (diapazon) we sanalýan) görnüşlere bölünýär. Düzme görnüşlere bolsa setirler, ýazgylar, köplükler we faýllar degişlidir. Bitin görnüşli bahalar, edil matematikada ýazylyşy ýaly, sifrleriň yzygiderligi bilen ýazylýar. Gerek halatynda bahanyň öňünde alamaty hem goýulýar. Bitin görnüşli sanlar kompýuteriň huşunda takyk (tegeleklenilmän) saklanylýar. Bitin görnüşli sanlaryň bahalarynyň çäkleri olary kompýuteriň huşunda saklamak üçin ulanylýan baýtlaryň sanyna görä kesgitlenilýär. Turbo Paskal onaltylyk ulgamda ýazylan bitin sanlary ulanmaga hem mümkinçilik berýär. Onaltylyk hemişeligiň ýazgysynyň öňünde hökman $ belgisi durmalydyr. Mysal üçin, $ABC. Aşakdaky tablisada sanalyp geçilýän ähli görnüşler bitin görnüşlerdir: Tip Aralyk Ölçegi, baýtda byte shortint integer word longint Hakyky san görnüşli bahalaryň ýazylyşynyň iki ýagdaýy bardyr: onluk nokady berkidilen we ýüzýän (derejeli). Onluk nokady berkidilen sanlar ýazylanda ilki ol sanyň bitin bölegi, soň nokat, ondan soň sanyň drob bölegi ýazylýar. Mysal üçin, , , -0.75, Onluk nokady ýüzýän sanlar uly aralykda (gaty kiçiden örän ula çenli) üýtgeýän sanlary ýazmak üçin ulanylýar. Bu 81

78 ýagdaýda san aen görnüşde ýazylýar. Bu ýazgy aen = a*10 n sany aňladýar. Mysal üçin, 2.8E12, -0.6E-30, -5E50. Hakyky sanlar kompýuteriň huşunda tegeleklenen görnüşinde saklanýar. comp görnüşi diňe bitin bahalary saklaýar. Turbo Paskalda ulanylýan hakyky görnüşler aşakdaky tablisada getirilýär: Görnüş real single double extended comp Aralyk Sanyň manyly sifrleri Ölçegi, baýtda Logiki(boolean) görnüşli ululyklar TRUE(çyn) we FALSE(ýalan) bahalary alyp bilýär. Simwol (char) görnüşli ululyklar diňe bir simwola deň bolan bahany alyp bilýärler. Simwollaryň toplumy elipbiý tertibinde tertipleşdirilen harplardan, artýan tertibinde ýerleşen sifrlerden we boşluk belgisinden ybaratdyr. Her bir simwolyň öz tertip nomeri bolmalydyr. Simwol görnüşli ululygyň bahasy iki sany apostrof belgisiniň arasynda ýazylmalydyr. Mysal üçin, a, 10, *. Setir (string) görnüşli bahalar simwollaryň setirini gaýtadan işlemek üçin ulanylýar. Setir görnüşli baha iki sany apostrofyň arasynda ýazylan simwollaryň yzygiderligidir. Mysal üçin, Informatika, Mekdep, IX synpyň okuwçylary. 82

79 Atlar Programmalardaky hemişelikleri, görnüşleri, üýtgeýänleri, funksiýalary, faýllary we başgalary ýazmak üçin atlar(identifikatorlar) ulanylýar. At hökman harpdan başlanmalydyr we harplaryň, sifrleriň ýa-da aşagyny çyzmak belgisiniň yzygiderligi bolmalydyr. Mysal üçin, x, a, alfa, jem, delta dogry atlardyr, 1a, 3delta bolsa ýalňyş atlardyr. Turbo Paskal atlar ýazylanda setir we baş harplary tapawutlandyrmaýar. Şoňa görä, a1 we A1 ýa-da Jem1 we JEM1 şol bir atlar hasap edilýärler. Atlaryň uzynlygy 63 simwoldan geçmeli däldir. Hemişelikler Programma ýerine ýetirilýän wagtynda öz bahasyny üýtgetmeýän ululyklara hemişelikler diýilýär. TURBO- PASCAL algoritmik dilinde hemişelikleri aşakdaky toparlara bölmek mümkindir: 1) bitin hemişelikler, 2) hakyky hemişelikler, 3) logiki hemişelikler, 4) simwol hemişelikler, 5) setir hemişelikleri. Hemişelikleriň ýazylyşynyň mysallary: bitin 35, 1923, -45; hakyky 4.34, 7E28, -9.2E-40, ; logiki true, false; simwol – w, p, 5, ; setir – Garaşsyz Bitarap Türkmenistan!. Üýtgeýän ululyklar 83

80 Programma kompýuterde ýerine ýetirilýän mahalynda öz bahasyny üýtgedip bilýän ululyklara üýtgeýän ululyklar diýilýär. Gurluşy boýunça üýtgeýän ululyklary iki topara bölmek bolýar: 1) Ýönekeý üýtgeýän ululyklar; 2) Indeksli üýtgeýän ululyklar. Ýönekeý üýtgeýän ululyklar öz atlary bilen berilýärler. Mysal üçin, X2, Y5, jem, okuwchy we ş.m. Indeksli üýtgeýän ululyk massiwiň elementi bolup durýandyr. Massiw bolsa, umumy ady bolan, şol bir görnüşli üýtgeýän ululyklaryň tertipleşdirilen toplumydyr. Elementiň massiwdäki ýerleşýän ýeri indeksiň kömegi bilen berilýär. Indeks kwadrat ýaýlaryň içinde ýazýar. Elementleriniň indeksleriniň sanyna görä 1 ölçegli, 2 ölçegli we ş.m. massiwler kesgitlenýär. Mysal üçin, a[2], a[34], a[i], degişlilikde, birölçegli a massiwiň 2-nji, 34-nji we i-nji elementleridir; b[3,5], b[i,j], degişlilikde, iki ölçegli B massiwiň 3-nji setiriniň we 5-nji sütüniniň kesişýän ýerinde ýerleşýän, we i setir bilen j sütüniň kesişýän ýerindäki elementdir. Standart funksiýalar Köp ulanylýan elementar funksiýalaryň bahalaryny hasaplamak üçin standart funksiýalardan peýdalanylýar. Standart funksiýalaryň bahalaryny hasaplamak üçin nietlenen programmalar kompýuteriň ýadynda saklanylýar. Olara ýüzlenmek üçin funksiýalaryň adyny ýazyp, ýaýyň içinde argumentiň bahasy görkezilýär. Standart funksiýalara programmanyň islendik ýerinde baha bermek operatorlarynyň sag tarapyndaky aňlatmadan ýüzlenip bolýar. Meselem: Y:=a*SIN(X). Trigonometrik funksiýalaryň bahalary radianlarda hasaplanylýar. Eger-de burç gradiuslarda berlen 84

81 bolsa, onda ony aşakdaky formula boýunça radianlara öwürmelidir: radian=gradus*pi/180. Ters trigonometrik funksiýalaryny hasaplamak üçin aşakdaky formulalardan peýdalanmak bolýar: arcsin x=arctg(x/sqrt(1-x 2 ); arccos x=arctg(sqrt(1-x 2 )/x); arcctg x=arctg(1/x). Islendik esasly logarifmi hasaplamakda bir esasdan beýleki esasa geçmek üçin logab=lnb/lna formuladan peýdalanylýar. Standart funksiýalaryň bahasy hasaplanylanda onuň argumentini ýaýyň içide ýazmaly we açylýan-ýapylýan ýaýlaryň sany deň bolmalydyr. Meselem, cos 2 x 2 funksiýanyň bahasy hasaplanylanda aňlatmany sqr(cos(sqr(x))) görnüşinde ýazmaly. TURBO-PASKAL algoritmik dilinde ulanylýan esasy standart funksiýalaryň sanawyny getireliň: Turbo Paskalda ýazylyşy abs(x) sqr(x) sin(x) cos(x) Exp(x) Ln(x) Sqrt(x) Arctan(x) Frac(x) Int(x) Ýerine ýetirýän işi x x 2 sinx cosx e x lnx x arctg(x) Argumentiň mantissasyny saýlamak Argumentiň bitin 85 Görnüşi argumentiň funksiýan ki yňky Bitin ýa-da Bitin ýa-da hakyky hakyky real real

82 Pi Trunc(x) Round(x) Pred(x) Succ(x) Ord(x) chr(i) odd(x) bölegini saýlamak -niň bahasyny hasaplamak Sanyň bitin bölegini saýlamak Sany tegeleklemek Öňündäki elementiň bahasyny tapmak Yzyndaky elementiň bahasyny tapmak Sanalýan görnüşli bahanyň tertip nomerini kesgitlemek i tertip nomeri boýunça simwoly kesgitlemek Sanyň täkligini kesgitlemek real Bitin ýa-da simwol ýa-da logiki Sanalýan, çäklendirile n byte longint Longint Bitin ýa-da simwol ýa-da logiki Longint char boolean Tablisada beýan edilişi ýaly, TRUNC funksiýasy hakyky sanyň galyndy bölegini kesip taşlaýar. Meselem, TRUNC(-12.75)=-12 ýa-da TRUNC (46.69)=46. ROUND funksiýasy bolsa, argumenti iň ýakyn sana çenli tegelekleyär. Meselem, ROUND(-9.5)=-10 ýa-da ROUND(35.49)=35. Frac we Int funksiýalaryny ulanan wagtymyzda aşakdaky netijeleri alarys: Frac(13.8)=0.8, 86 Int(13.8)=13,

83 Frac(-7.62)=-0.62, Int(-7.62)=-7. Görşümiz ýaly, Trunc we Round funksiýalary ulanylanda bitin netije alynýar, Frac we Int funksiýalar ulanylanda bolsa netijede hakyky san alynýar. PRED we SUCC funksiýalary INTEGER, CHAR we BOOLEAN görnüşli argumentler üçin degişlilikde berlen elementiň öň ýanyndaky we yz ýanyndaky elementi kesgitleýär. Mysal üçin, PRED(6)=5; SUCC(9)=10; PRED(Y)=X; SUCC(Y)=Z. ORD we CHR funksiýalar bir-birine ters funksiýalar bolup, olara başgaça özgerdiji funksiýalar hem diýärler. ORD(X) standart funksiýa X simwola degişli bolan tertip nomeri kesgitleýär. Meselem, ORD( 0 )=48; ORD( A )=65; ORD( )=32; ORD( B )=66; we ş.m. CHR(I) funksiýasy tertip nomeri boýunça simwoly kesgitleýär. Mysal üçin, CHR(48)=0; CHR(65)=A we ş.m. ODD(X) funksiýa X bitin sanyň jübit-täkligini kesgitleýär. Eger-de x san täk bolsa, onda ODD(x) funksiýa,,true baha eýe bolýar, a Eger-de x san jübit bolsa, onda ODD(x) funksiýa,,false baha eýe bolýar. Mysal üçin, ODD(11)=TRUE, ODD(19)=TRUE, ODD(8)=FALSE, ODD(36)=FALSE. Görşümiz ýaly, ODD(x) funksiýa ulanylanda logiki baha alynýar. Turbo Paskalda derejä götermek funksiýasy kesgitlenen däldir. Ýöne x y derejäni x>0 ýagdaýda matematikadaky logarifmiň kesgitlemesine laýyklykda x y e ln x y e y ln x 87 exp( y *ln( x)) formula boýunça hasaplap bolýandygyny ýatladýarys. Aňlatmalar Aňlatmalar işleri we bahany hasaplamagyň yzygiderligini kesgitleýärler. TURBO-PASKAL algaritmik

84 dilinde aňlatmalar ýaýlar we amal belgileri bilen bir birinden bölünen hemişeliklerden, ýönekeý we indeksli üýtkeýän ululyklardan, standart funksiýalardan ybarat bolup bilerler. Mysal üçin, 1.5+b, Pi/2, (0.5*sin(x)+s)/sqrt(sqr(a)+2)/x (a>0). Aňlatmalarda amallar aşakdaky yzygiderlikde ýerine ýetirilýär: 1) ilki ýaýyň içi ýerine ýetirilýär; 2) eger-de ýaý özünde ýenede bir näçe ýaýlary saklaýan bolsa, onda hasaplama iň içki ýaýyň içinden başlanýar; 3) ýaýyň içinde ilki standart funksiýalaryň bahalary hasaplanylýar; 4) NOT -inkär etmek amaly; 5) *, /, DIV, MOD, AND amallary; 6) +, -, OR amallary; 7) gatnaşyk amallary: , >, >=, IN. Şol bir derejeli amallar çepden saga yzygiderli ýerine ýetirilýärler. Logiki amallar logiki bahalara ulanylyp bilinýändir. NOT A baha A logiki aňlatmanyň inkär edilmegidir. Eger-de A=TRUE bolsa, onda NOT A = FALSE, bolýandyr. Eger-de A=FALSE bolsa, onda NOT A = TRUE bolýandyr. Logiki amallar bolan and, or, xor amallaryň ýerine ýetirilişi aşakdaky tablisa laýyklykda amala aşyrylýar: A B A and B A or B A xor B true true false false true false true false true false false false true true true false false true true false 3.5. Turbo Paskalda programmanyň gurluşy, çyzykly gurluşly algoritmleri programmalaşdyrmak Turbo Paskalda programmanyň gurluşy 88

85 TURBO-PASCAL algoritmik dilinde programa sözbaşy we 7 sany bölümden ybarat bolýar. Programmanyň sözbaşysy umumy görnüşde aşakdaky ýaly ýazylýar: PROGRAMM ; Bu ýerde, – ulanyjy tarapyndan girizilýän islendik at (identifikator). Programmadaky bölümleri sanap geçeliň: 1) modullaryň beýan edilýän bölümi; 2) belgileriň beýan edilýän bölümi; 3) hemişelikleriň kesgitlenýän bölümi; 4) görnüşleriň kesgitlenýän bölümi; 5) üýdegeýän ululyklaryň beýan edilýän bölümi; 6) funksiýalaryň we proseduralaryň kesgitlenýän bölümi; 7) operatorlar bölümi. Her bir beýan etme we kesgitleme nokatly otur belgisi ( ; ) bilen gutarýar. Operatorlar bölümden başga islendik bölüm programmada bolman hem biler. Beýan etme we kesgitleme bölümleri programmada islendik mukdarda we islendik tertipde bolup bilýärler. Programmada her bir setiriň uzynlygy 127 simwoldan geçmeli däldir. Modullaryň beýan edilýän bölümi. Turbo Paskal hemişelikleri, görnüşleri, üýtgeýän ululyklary, belgileri, funksiýalary we proseduralary ýörite usul bilen jemläp okalga döretmäge mümkinçilik berýändir. Ol okalga modul diýip at berilýändir. Turbo Paskal ulgamynda birnäçe standart modullar (Crt, Graph, DOS we başgalar) bardyr. Ulanyjynyň özi hem täze modul döredip bilýändir. Eger-de programmada haýsy hem bolsa bir moduldan funksiýa ýa-da başga bir obýekt ulanyljak bolunýan bolsa, onda ol modul programmada hökman beýan edilmelidir. Bölüm Uses sözi bilen başlanýar we şeýle ýazylýar: Uses n1, n2; 89

86 bu ýerde, n1 we n2 programmada ulanyljak modullaryň atlarydyr. Mysal üçin, Uses crt; Belgileriň beýan edilýän bölümi. Bölüm umumy ýagdaýda LABEL n1,n2,,nk ; gornüşde ýazylýar. Bu ýerde LABEL-bölümiň ady bolup,,belgi diýen manyny aňladýar; n1,n2,,nk – programmada ulanylýan belgileriň sanawy. TURBO-PASKAL algoritmik dilinde belgi hökmünde 0-dan 9999-a çenli islendik bütin polojitel sany ýa-da islendik dogry identifikatory ulanmak mümkindir. Belgileriň sanawyny tertip boýunça ýazmak hökman däl, ol islendik tertipde ýazylyp biliner. Programma ýazylanda belgi bilen islendik operatoryň arasynda,, : -goşa nokat belgisi goýulýar. Mysal üçin: LABEL 10; 10:X:=X+1 ;. Eger-de programmada belgi ulanylmaýan bolsa, onda bu bölüm ýazylmaýar. Hemişelikleriň kesgitlenýän bölümi. Bölüm umumy ýagdaýda CONST a1=c1; a2=c2. an=cn; görnüşde ýazylýar. Bu ýerde, CONST bölümiň ady, a1, a2. an programmada ulanylýan hemişelikleriň atlary; c1, c2. cn, degişlilikde, a1, a2. an hemişelikleriň eýe bolýan bahalary. Her bir hemişelige baha berlenden soň ; nokatly otur belgisi goýulmagy zerurdyr. Hemişelik bilen onuň bahasynyň arasynda = deňdir belgisi goýulýar. Mysal üçin: CONST NMIN = 1; NMAX = 100; PI = ; Hemişelikleriň görnüşi olaryň eýe bolýan bahalarynyň görnüşleri boýunça kesgitlenilýär. 90

87 Ýokarky mysalda NMIN we NMAX hemişelikler INTEGER görnüşe, PI hemişelik bolsa, REAL görnüşe degişlidir. Eger-de programmada hiç hili hemişelik girizilmedik bolsa, onda bu bölüm ýazylmaýar. Görnüşleriň kesgitlenýän bölümi. Bölüm umumy ýagdayda aşakdaky ýaly ýazylýar : TYPE T1=; T2=;. Tn=; Bu ýerde, TYPE bölümiň ady bolup tip diýen manyny aňladýar; T1, T2. Tn kesgitlenýän görnüşleriň atlary. Mysal üçin: TYPE TOMUS=(IÝUN, IÝUL, AWGUST); MAŞGALA=(KAKA, EJE, DOGAN, JIGI); VAR A: TOMUS; B=MAŞGALA; Bu ýerde, TOMUS we MAŞGALA atly täze sanalýan görnüşler kesgitlendi. Üýdegeýän ululyklaryň beýan edilýän bölümi. Bölüm umumy ýagdaýda: var x1, x2. xn: T; görnüşde ýazylýar. Bu ýerde, var – bölümiň ady bolup üýtgeýän ululyk diýen manyny aňladýar. x1, x2,, xn – T görnüşe degişli bolan üýtgeýän ululyklaryň atlarydyr. Mysal üçin: var I, J, K: integer; S, T: real; H: char; B1, B2 : boolean; ýazgy I, J, K üýtgeýän ululyklaryň diňe bitin görnüşe degişli bolan bahalary; S, T- üýtgeýän ululyklaryň diňe hakyky görnüşe degişli bahalary; H – üýtgeýän ululygyň diňe simwol görnüşe degişli bolan bahalary we B1, B2 üýtgeýän ululyklaryň bolsa, diňe logiki görnüşe degişli bolan bahalary kabul edip bilýändigini aňladýar. 91

88 Funksiýalaryň we proseduralaryň kesgitlenýän bölümi degişli temada öwreniler. Operatorlar bölümi. Bu bölüme programmanyň esasy bölümi diýmek bolar. Sebäbi, programmadaky algoritm şu bölümde ýazylýar. Bölüm begin sözi bilen başlanýar we end sözi bilen gutarýar. Bölümiň ahyryny görkerzýän end sözünden soň hökman. – nokat belgisi goýulmalydyr. Bu bölüm programmanyň ýerine ýetirilýän bölümi bolup, ol arasynda ; nokatly otur belgisi goýulýan operatorlaryň yzygiderliginden ybaratdyr. Turbo Paskal algoritmik diliniň operatorlary Algoritmdäki edilmeli işler operatorlaryň kömegi bilen beýan edilýär. Öz ýerine ýetirýän işlerine laýyklykda operatorlary şeýle toparlara bölmek mümkindir: baha bermek, giriş-çykyş, dolandyryş, funksiýalary we proseduralary kesgitlemek (bölek programmalar) operatorlary. Baha bermek operatory aňlatmany ýerine ýetirmek we alnan natijäni baha bermek belgisiniň çep tarapynda duran üýtgeýäne degişli öýjüge ýazmak üçin kompýutere görkezme berýär. Giriş-çykyş operatorlary kompýuteriň işjeň huşuna berlen maglumatlary girizmeklige we alnan netijeleri çykyş gurluşlara çykarmaklyga mümkinçilik berýärler. Dolandyryjy operatorlar programmadaky operatorlaryň ýerine ýetiriliş yzygiderligini dolandyrmaga mümkinçilik berýärler. Funksiýalary we proseduralary kesgitlemek operatorlary programmalary böleklere bölmeklige, şol bölekleri kesgitlemäge we atlandyrmaga mümkinçilik berýärler. 92

89 Çyzykly gurluşly algoritmleri programmalaşdyrmak Çyzykly gurluşly algoritmler öz içinde şert saklamaýarlar. Şonuň üçin hem, şeýle programmalardaky operatorlaryň ählisi yzly-yzyna ýerine ýetirilýär. Çyzykly gurluşly algoritmleri programmalaşdyrmak üçin baha bermek, giriş we çykyş operatorlary ulanylýar. Baha bermek operatory. Bu operator aňlatmanyň bahasyny hasaplamaga we bu bahany üýtgeýän ululygyň bahasy diýip kabul etmäge mümkinçilik berýär. Operator umumy görnüşde şeýle ýazylýar: u:=a; bu ýerde u üýtgeýän ululygyň ady, A aňalatma, := – baha bermek belgisi. Bu operator ýerine ýetirilende A aňlatma hasaplanýar we alnan baha kompýuteriň işjeň huşundaky u üýtgeýän ululyga degişli öýjüge ýazylýar. Mysallara seredeliň: a:=5; y:=-3.5; z:=true; y:=sin(x)+4; c:= a ; s:=2.5+(t+sgr(a))/7; a:=a+1; Bu mysallaryň iň soňkysyna ünsüňizi çekeliň. a:=a+1 operator ýerine ýetirilende kompýuteriň işjeň huşundaky a üýtgeýäne degişli öýjükdäki baha okalýar, onuň üstüne 1 goşulýar we alnan netije ýenede a üýtgeýäne degişli öýjüge ýazylýar. Netijede, a üýtgeýäniň bahasy bir birlik artar. Baha bermek operatoryndaky üýtgeýän ululyk we aňlatma şol bir görnüşe degişli bolmalydyr. Giriş operatory. Üýtgeýän ululyklaryň bahasyny girizmek üçin read operatorlary ulanylýar. Ol aşakdaky görnüşlerde ýazylýar: 93

90 read(x1,x2,,xn); readln(x1,x2,,xn); readln; bu yerde x1,x2,,xn bahalary girizilýän üýtgeýän ululyklaryň atlary. Operatoryň ady bolan read iňlis sözi türkmençä OKAMAK diýip terjime edilýär, readln sözi bolsa, read we line sözleriň gysgaça goşulyp ýazylmagyny aňladýar we Setiri okamak manyny berýär. Programmada read(x1,x2,,xn); operatoryny ýerine ýetirmek nobaty gelende kompýuter n sany bahanyň klawiaturadan girizilmegine garaşyp durýar. Ol bahalar klawiaturadan girizilende olaryň aralarynda boşluk goýulýar we iň soňundan ENTER düwmesi basylýar. Bahalar girizilende her bahadan soň ENTER düwmäni basmak hem bolýandyr. Klawiaturadan bahalar girizilende read(x1,x2,,xn) we readln(x1,x2,,xn) operatorlarynyň ýerine ýetirýän işlerinde tapawut bildirmeýär. Bu tapawut diňe bahalar faýldan girizilende duýulýar. Bu ýagdaýy biz faýllar bilen işlemegi öwrenenmizde seljereris. Hiç hili parametrsiz readln operatory klawiaturadan ENTER düwmäniň basylmagyna garaşmaklygy gurnaýar we hiç hili bahanyň girizilmegine ýardan etmeýär. Mysallara seredeliň: read(x); read(x,y,z); readln(a,b,c); readln; Girizilýän bahalar READ operatorynyň sanawyndaky üýtgeýänleriň görnüşlerine laýyk gelmelidirler. Olar bitin, hakyky, simwol we setir görnüşli bolup bilýändirler. Logiki görnüşli üýtgeýänleriň bahalaryny girizmek bolýan däldir. Çykyş operatory. Maglumatlary kompýuteriň monitoryna çykarmak üçin write operatory ulanylýar. Ol aşakdaky görnüşde ýazylýar: write(x1, x2,, xn); 94

91 Bu ýerdäki x1, x2,, xn parametrler bolup üýtgeýän ululyklar, hemişelikler, aňlatmalar ýa-da apostrof belgileri bilen çäklenen simwollaryň setirleri hyzmat edýändirler. Egerde Write operatorynda parametr hökmünde üýtgeýän ululyk görkezilýän bolsa, onda ekrana şol üýtgeýäniň bahasy çykarylýar. Eger-de parametr hökmünde aňlatma ýazylan bolsa, onda Turbo Paskal ilki bilen şol aňlatmanyň bahasyny hasaplaýar we soňra şol bahany ekrana çykarýar. Mysal üçin, write( Elementleriň jemi =, S) operator monitoryň ekranyna Elementleriň jemi = ýazgyny çykarar, deňdir belgisiniň yzyndan bolsa, S üýtgeýän ululygyň bahasyny çykarar. Turbo Paskal dilinde çykyş operatorynyň başga görnüşleri hem ulanylýar. Parametrsiz writeln operatory ekranda täze setire geçmeklige görkezme berýär. Bu operatordan soň ýazylan parametrli çykyş operatory maglumatlary ekranda täze setirden çykarar. Parametrsiz writeln operatory köplenç ekranda boş setirleri goýmak üçin ulanylýar. writeln (x1, x2,, xn) operator ilki bilen ekrana x1, x2,, xn bahalary çykarýar, soňra kursory täze setire geçirýär. Bu operator aşakdaky iki operatora deňgüýçlidir: write(x1, x2,, xn); writeln; Çykyş operatorynda maglumatlary gerekli formatda çykarmak mümkindir. Bu ýerde format diýip bahany ekranda ýerleşdirmek üçin berilýän öýjükleriň sanyna düşünilýär. Format çykyş operatoryndaky degişli parametriň yzyndan iki nokat belginiň yzyndan bitin san bilen görkezilýär. Mysal üçin, write(x:5). Eger-de parametriň yzyndan onuň üçin format görkezilen bolsa, onda çykarylýan bahany ýazmak üçin 95

92 ekranda degişli öýjük sany berilýär. Eger-de çykarylýan bahanyň ýazgysynyň uzynlygy görkezilen formatdakydan kiçi bolsa, onda baha ekrana çykarylanda artyk galan öýjükler bahanyň çepinde boşluklar bilen doldurylýar. Mysal üçin, eger-de x=4 bolsa, onda write(x:8) operator ekrana ilki bilen 7 sany boşluk belgisini çykarar, soňra 4 sany ýazar. Eger-de çykyş operatory hakyky sany ekrana çykarýan bolsa, onda format iki san bilen berilip biler. Mysal üçin, write(x:n:m), bu ýerde n we m bitin sanlar bolup, n san x bahany ýazmak üçin berilýän öýjükleriň umumy sanyny, m bolsa x-iň drob böleni ýazmak üçin berilýän öýjükleriň sanyny görkezýär. Eger-de çykyş operatorynda çykarylýan hakyky bahalar üçin format görkezilmese, onda baha derejeli görnüşde çykarylýar. Mysal üçin, write(4.5) operator ekrana E+00 ýazgyny çykarar. Indi bolsa, çyzykly gurluşly algoritmleri programmalaşdyrmaklyga degişli mysala seredeliň. Mysal 5.1. Üçburçlugyň taraplarynyň a,b,c uzynlyklary berlen. Geronyň formulasyny ulanyp üçburçlugyň meýdanyny tapmaly. Çözülişi. Hasaplamalarda hakyky san görnüşli a,b,c, p, S üýtgeýän ululyklar ulanylar. Olar programmanyň üýtgeýän ululyklaryň beýan edilýän bölüminde beýan ediler. Operatorlar bölüminde ilki bilen a,b,c üýtgeýän ululyklaryň bahalary giriziler. Soňra baha bermek operatorynyň kömegi bilen p ýarym perimetr we S üçburçlugyň meýdany hasaplanar. Soňra S-iň bahasy ekrana çykarylar. Programma aşakdaky görnüşde ýazylar: Programm Uchburch_Meydany; Var a,b,c,p,s:real; Begin write( Üçburçlugyň taraplarynyň uzynlyklaryny giriziň: ); read(a,b,c); 96

93 p:=(a+b+c)/2; S:=Sqrt(p*(p-a) *(p-b) *(p-c)); write( Üçburçlugyň meýdany =, S:8:2); end. Soraglar we gönükmeler 97. Turbo Paskalda programma haýsy bölümlerden ybarat bolup bilýär? 98. Giriş operatory nähili işi ýerine ýetirýär? 99. Çykyş operatory nähili işi ýerine ýetirýär? 100. Baha bermek operatory nähili ýazylýar? 101. Nähili algoritme çyzykly algoritm diýilýär? Aşakdaky meseleleri çözmegiň programmalaryny düzmeli. Ýumuşlaryň bu toparynda girizilýän hem-de çapa çykarylýan hemme maglumatlar bitin sanlardyr. Eger-de sanlardaky sifrleriň mukdary görkezilen bolsa (ikibelgili san, üçbelgili san we ş.m.) onda olar položitel sanlar hasaplanylýar L aralyk santimetrde berlipdir. Bitinleýin bölmek operasiýasyny ulanmak arkaly ondaky doly metrleriň sanyny tapmaly (1 metr = 100 sm) M massa kilogramda berlipdir. Bitinleýin bölmek operasiýasyny ulanmak arkaly ondaky doly tonnanyň sanyny tapmaly (1 tonna = 1000 kg) Faýlyň ölçegi baýt hasabynda berlipdir. Bitinleýin bölmek operasiýasyny ulanmak arkaly ondaky doly kilobaýtlaryň sanyny tapmaly (1 kilobaýt = 1024 baýt) A we B bitin položitel sanlar berlipdir ( A B ). Bitinleýin bölmek operasiýasyny ulanmak arkaly B kesimiň A kesimde doly (biri-biriniň üstüne düşmezden) näçe gezek ýerleşjekdigini tapmaly A we B bitin položitel sanlar berlipdir ( A B ). A kesimde biri-biriniň üstüne düşmezden B kesim ýerleşdirilipdir. Bitinleýin bölmekde galýan galyndyny kesgitlemek operasiýasyny ulanmak arkaly A kesimiň ulanylmadyk bölegini tapmaly. 97

94 107. Ikibelgili san berlipdir. Ilki ol sanyň çepki sifrini (onlugyny), soňra bolsa sagky sifriny (birligini) çapa çykarmaly. Onluklaryny tapmak üçin bitinleýin bölmek operasiýasyny ulanmaly, birliklerini tapmak üçin bolsa bitinleýin bölmekden galýan galyndydan peýdalanmaly Ikibelgili san berlipdir. Onuň sifrleriniň jemini we köpeltmek hasylyny tapmaly Ikibelgili san berlipdir. Onuň sifrleriniň orunlary çalşyrylanda emele gelen sany çapa çykarmaly Üçbelgili san berlipdir. Bitinleýin bölmek operasiýasyny bir gezek ulanmak arkaly berlen sanyň ilkinji sifrini (ýüzlüklerini) çapa çykarmaly Üçbelgili san berlipdir. Ilki onuň iň soňky sifrini (birliklerini), soňra bolsa, ortaky sifrini (onluklaryny) çapa çykarmaly Üçbelgili san berlipdir. Onuň sifrleriniň jemini we köpeltmek hasylyny tapmaly Üçbelgili san berlipdir. Bu sany tersine, ýagny sagdan çepe tarap okanyňda alynýan sany çapa çykarmaly Üçbelgili san berlipdir. Bu sanyň çep tarapdaky ilkinji sifrini bozdular we ony sag tarapda ýazdylar. Emele gelen sany çapa çykarmaly Üçbelgili san berlipdir. Bu sanyň sag tarapdaky ilkinji sifrini bozdular we ony çep tarapda ýazdylar. Emele gelen sany çapa çykarmaly Üçbelgili san berlipdir. Bu sanyň ýüzlük sifri bilen onluk sifriniň orunlary çalşyrylanda alnan sany çapa çykarmaly (mysal üçin, 123 san berlen bolsa, onda 213 san emele geler) Üçbelgili san berlipdir. Bu sanyň onluk sifri bilen birlik sifriniň orunlary çalşyrylanda alnan sany çapa çykarmaly (mysal üçin, 123 san berlen bolsa onda 132 san emele geler) dan uly bitin san berlipdir. Bir gezek bitinleýin bölmek operasiýasyny we bir gezek galyndyny 98

95 kesgitlemek operasiýasyny ulanmak bilen bu sanyň ýüzlügini görkezýän sifri tapmaly dan uly bitin san berlipdir. Bir gezek bitinleýin bölmek operasiýasyny we bir gezek galyndyny kesgitlemek operasiýasyny ulanmak bilen bu sanyň müňlügini görkezýän sifri tapmaly Sutkanyň başyndan bäri N sekunt geçdi ( N – bitin san). Sutkanyň başyndan bäri geçen doly minutlaryň sanyny tapmaly Sutkanyň başyndan bäri N sekunt geçdi ( N – bitin san). Sutkanyň başyndan bäri geçen doly sagatlaryň sanyny tapmaly Sutkanyň başyndan bäri N sekunt geçdi ( N – bitin san). Iň soňky minudyň näçinji sekundynyň geçenligini tapmaly Sutkanyň başyndan bäri N sekunt geçdi ( N – bitin san). Iň soňky sagadyň näçinji sekundynyň geçenligini tapmaly Sutkanyň başyndan bäri N sekunt geçdi ( N – bitin san). Iň soňky sagadyň başlananyndan bäri näçe doly minudyň geçenligini tapmaly Hepdäniň günleri aşakdaky ýaly nomerlenen: 0 ýekşenbe, 1 duşenbe, 2 sişenbe, 3 çarşenbe, 4 penşenbe, 5 anna, 6-şenbe aralykda ýatan bitin K san berlipdir. Eger-de bu ýylyň Ýanwar aýynyň 1-nji gününiň baş günüdigi belli bolsa, onda K -njy günüň hepdäni haýsy gününe düşýändigini tapmaly Hepdäniň günleri aşakdaky ýaly nomerlenen: 0 ýekşenbe, 1 duşenbe, 2 sişenbe, 3 çarşenbe, 4 penşenbe, 5 anna, 6-şenbe aralykda ýatan bitin K san berlipdir. Eger-de bu ýylyň Ýanwar aýynyň 1-nji gününiň sogap günüdigi belli bolsa, onda K -njy günüň hepdäni haýsy gününe düşýändigini tapmaly Hepdäniň günleri şeýle nomerlenen: 1 duşenbe, 2 sişenbe, 3 çarşenbe, 4 penşenbe, 5 anna, 6-99

96 şenbe, 7 ýekşenbe aralykda ýatan bitin K san berlipdir. Eger-de bu ýylyň Ýanwar aýynyň 1-nji gününiň ýaş günüdigi belli bolsa, onda K -njy günüň hepdäni haýsy gününe düşýändigini tapmaly Hepdäniň günleri şeýle nomerlenen: 1 duşenbe, 2 sişenbe, 3 çarşenbe, 4 penşenbe, 5 anna, 6- şenbe, 7 ýekşenbe aralykda ýatan bitin K san berlipdir. Eger-de bu ýylyň Ýanwar aýynyň 1-nji gününiň ruh günüdigi belli bolsa, onda K -njy günüň hepdäni haýsy gününe düşýändigini tapmaly Hepdäniň günleri şeýle nomerlenen: 1 duşenbe, 2 sişenbe, 3 çarşenbe, 4 penşenbe, 5 anna, 6- şenbe, 7 ýekşenbe aralykda ýatan bitin K san we 1-7 aralykda ýatan bitin N berlipdir. Eger-de bu ýylyň Ýanwar aýynyň 1-nji gününiň hepdäniň N -nji nomerli günüdigi belli bolsa, onda K -njy günüň hepdäni haýsy gününe düşýändigini tapmaly A, B, C bitin položitel sanlar berlipdir. A B ölçegli gönüburçlykda tarapy C bolan kwadratyň biri-biriniň üstüne düşmeýän iň köp bolan mukdary ýerleşdirilen. Gönüburçlukda ýerleşen kwadratlaryň sanyny we gönüburçlygyň ulanylman galan böleginiň meýdanyny tapmaly Käbir ýylyň nomeri berlipdir (bitin položitel san). Ol ýylyň haýsy asyra degişlidigini kesgitlemeli. Mysal üçin, 20-nji asyryň ilkinji ýylynyň 1901-nji ýyldan başlanýanlygyny hasaba almaly Şahalanýan gurluşly algoritmleri programmalaşdyrmak Bu görnüşli algoritmler hökmany suratda şert barlamaklygy özünde saklaýarlar. Şol şertlere baglylykda indiki ýerine ýetiriljek operator birnäçe operatorlaryň içinden 100

97 saýlanýar. Şahalanýan algoritmleri programmalaşdyrmakda geçiş, şertli we saýlaw operatorlary ulanylýar. Geçiş operatory. Operator GOTO n; görnüşinde ýazylýar, bu ýerde n – belgi. Belgi höhmünde 9999-dan geçmeýän bitin položitel san ýa-da at (identifikator) ulanylýar. Programmada ulanylýan belgiler hökmany suratda belgileriň beýan edilýän bölüminde beýan edilmelidir. Geçiş operatory ýerine ýetirilende dolandyryş görkezilen n belgä geçirilýär we şol belginiň yzyndaky operatorlar ýerine ýetirilýär. Mysal üçin. GOTO 5;. 5. Düzme operator. BEGIN we END sözleriniň arasynda ýazylan operatorlaryň toplumuna düzme operator diýilýär. Mysal üçin, Begin write( a= ); read(a); end; Boş operator. Turbo Paskal dilinde girizilýän düzgünleriň doly bolmagy üçin boş operatory düşünjesi girizilýär. Boş operator boýunça hiç hili iş ýerine ýetirilmeýär. Eger-de düzgün boýunça haýsy hem bolsa bir operatoryň durmaly ýerinde hiç hili operator ýok bolsa, onda şol ýerde boş operator bar diýilip düşünilýär. Mysal üçin. GOTO 40;. 40: END. Programmada 40-njy belgä geçilýär. Ol ýerde bolsa operator ýok. Şol ýerde boş operator bar diýilip düşünilýär. 101

98 Şertli operator. Şertli operatoryň ýazylyşynyň üç görnüşi bar. 1. if b then a; bu ýerde, b – şert (logiki aňlatma), a bolsa operator. Bu operator ýerine ýetirilende b şert barlanylar. Eger-de şert ýerine ýetýän bolsa (başgaça aýdylanda, b logiki aňlatmanyň bahasy TRUE baha deň bolsa), onda a operator ýerine ýetiriler. Eger-de şert ýerine ýetmeýän bolsa (başgaça aýdylanda, b logiki aňlatmanyň bahasy FALSE baha deň bolsa), onda if operatoryň yzyndaky operatora geçiler. Mysal üçin, if x>0 then goto 20; operator ýerine ýetirilende x>0 şert barlanylar. Eger-de x položitel bolsa, onda 20-nji belgä geçiler, eger-de x položitel bolmasa, onda programmadaky if operatorynyň yzyndaky operatora geçiler. 2. if b Then a1 Else a2; bu ýerde, b şert, a1, a2 bolsa, operatorlar. Bu operator ýerine ýetirilende b şert barlanylar. Eger-de şert ýerine ýetýän bolsa, onda a1 operator ýerine ýetiriler, eger-de şert ýerine ýetmeýän bolsa, onda a2 operator ýerine ýetiriler. Mysal 6.1. if x>0 then write( x položitel ) else write( x položitel däl ); operator ýerine ýetirilende x üýtgeýän ululygyň bahasynyň položitelligi barlanylýar we degişli jogap ekrana çykarylýar. 3. if b1 Then a1 Else if b2 Then a2 Else a3; bu ýerde, b1, b2 şertler, a1, a2, a3 operatorlar. Bu operator ýerine ýetirilende b1 şert barlanylar. Eger-de b1 şert ýerine ýetýän bolsa, onda a1 operator ýerine ýetiriler, eger-de b1 şert ýerine ýetmeýän bolsa, onda b2 şert barlanylar we ol ýerine ýetýän bolsa, onda a2 operator, bolmasa a3 operator ýerine ýetiriler. Turbo Paskalda kabul edilen ylalaşyga laýyklykda, Else sözi elmydama iň ýakynda gelýän if süzüne degişli bolýar. Mysal 6.2. if x

99 Else if x>b Then z:=sin(x)/cos(x) Else z:=cos(x); Birinji (x<=a) şert ýerine ýetýän bolsa, onda z-iň bahasy z=sinx formula boýunça hasaplanar, bolmasa ikinji (x>b) şert barlanylar we ol ýerine ýetýän bolsa, onda z-iň bahasy z= sin(x)/cos(x) formula boýunça, bolmasa-da z=cosx formula boýunça hasaplanar. Mysal 6.3. ax 2 +bx+c=0 (a 0) deňlemäniň köklerini hasaplamagyň programmasyny düzmeli. Çözülişi. Ikinji derejeli deňlemeni çözmek üçin ilki bilen D=b 2-4ac formula boýunça üçagzanyň diskriminantyny hasaplamaly. D>0 ýagdaýda deňlemäniň iki köki bar we şonda olar x1 =(-b- D )/(2a), x2 =(-b+ D )/(2a) formulalar boýunça hasaplanýarlar. D=0 ýagdaýda deňlemäniň bir köki bolup, ol x=-b/(2a) formula boýunça tapylýar. D=0 ýagdaýda deňlemäniň hakyky köki ýokdur. Programmada a 0 şerti barlamagy hem ýola goýarys. Bu ýagdaýda programma başlangyç bahalary täzeden sorar. Programma aşakdaky görnüşde bolýar: Program Kwadr_Denleme; Label 1; Var a, b, c, d, x, x1, x2: real; begin 1:write( a, b, c -niň bahasyny giriz ); Read(a, b, c); if a=0 then goto 1; D:=SQR(b)-4*a*c; if D

100 writeln( x1=,x1, x2=,x2); end; end. Saýlaw operatory (CASE). Belli bolşy yaly, IF operatory iki şahadan birini saylap almaga mümkinçilik beryär. CASE saýlaw operatory bolsa, ikiden köp, birnäçe şahadan birini saýlap almaga mümkinçilik beryär. Saýlaw operatory umumy görnüşde aşakdaky ýaly ýazylyar: CASE C OF N1:p1; N2:p2;. Nm:pm; Else p End; Bu ýerde, C-saýlaýjy parametr, başgaça selektor hem diýilyär. C selektor INTEGER, CHAR, BOOLEAN standart skalýar görnüşlere we standart däl skalýar görnüşler bolan, elementleri sanalyp geçilýän ya-da çäklendirilen görnüşe degişli bolup biler. Islendik yagdayda C-selektor bilen N1,N2,,NM hemişelikleriň görnüşi gabat gelmeli. N1,N2,,NM hemişelikleri degişlilikde operatorlaryň belgileri hökmünde goz öňünde getirmek mümkin; P1,P2. PM- TURBO PASKAL algaritmik diliniň islendik operatory. Saýlaw operatory ýerine ýetirilende ilki bilen C- selektoryň bahasy hasaplanylýar. Ony CB arkaly belläliň. Soňra bolsa, CB bahanyň N1,N2. Nm – belgileriň haýsysy bilen gabat gelýänligine baglylykda P1,P2,,Pm operatorlaryň birden biri ýerine ýetirilýär: Eger-de CB N1,N2, Nm belgileriň hiç biri bilen gabat gelmese, onda P operator ýerine ýetirilyär. Eger-de ELSE sözi ýok bolsa, onda soňky ýagdaýda CASE operatoryndan çykylyp, onuň yzyndaky ilkinji operatora geçilyär. 104

101 Islendik ýagdaýda saýlanyp alnan usul ýerine ýetirilenden soň, beýleki usullardan sowlup, CASE operatorynyň yzyndaky ilkinji operatora geçilyär. Bellik: CASE operatoryndaky belgileri LABEL bölüminde yglan etmeli däl we olara programmanyň başga böleginden GOTO operatory arkaly salgylanmak bolmayar. Mysal 6.4. Hepdäniň güni san bilen berilýär. Hepdäniň günleriniň atlaryny çap etmek üçin programma düzmeli. Programmasy: PROGRAM HEPDE; VAR N : INTEGER; BEGIN READ (N); CASE N OF 1: WRITELN ( Duşenbe ); 2: WRITELN ( Sişenbe ); 3: WRITELN ( Çarşenbe ); 4: WRITELN ( Penşenbe ); 5: WRITELN ( Anna ); 6: WRITELN ( Şenbe ); 7: WRITELN ( Ýekşenbe ); ELSE WRITELN ( N-e 1,2,3,4,5,6,7, bahalaryň birini giriz ); END; END. Soraglar we gönükmeler 132. Nähili algoritme şahalanýan gurluşly algoritm diýilýär? 133. Şertli operator nähili işi ýerine ýetirýär? 105

102 134. Haýsy ýagdaýlarda saýlaw operatory ulanylýar? 135. Bitin K san berlipdir. K sana gabat gelýän bahany beýan edýän sözi çykarmaly (1- ýaramaz, 2- kanagatlanarsyz, 3- kanagatlanarly, 4- ýagy, 5- örän ýagşy ). Eger-de K san 1-5 aralykda ýatmaýan bolsa onda ýalňyş diýen ýazgyny ekrana çykarmaly aralykda ýatan aýyň nomeri berlipdir (1- Ýanwar, 2-Fewral, 3-Mart, 4-Aprel, 5-Maý, 6-Iýun, 7-Iýul, 8- Awgust, 9-Sentýabr, 10-Oktýabr, 11-Noýabr, 12-Dekabr). Bu aýyň ýylyň haýsy paslyna degişlidigini kesgitlemeli we çapa çykarmaly Aýyň nomerini görkezýän 1-12 aralykda ýatan bitin san berlipdir (1-Ýanwar, 2-Fewral, we ş.m.). Eger-de adaty ýyl bolsa, onda ol aýdaky günleriň sanyny kesgitlemeli Sanlaryň üstünden geçirilýän arifmetiki amallar şeýle tertipde sanlar bilen bellenen: 1-goşmak, 2-aýyrmak, 3- köpeltmek, 4-bölmek. Bu amallaryň nomerini görkezýän N bitin san (1-4 aralykda) we A, B(B nula deň däl) hakyky sanlar berlipdir. Ol sanlaryň üstünde degişli amallary ýerine ýetiriň we netijäni çapa çykaryň Uzynlyk ölçegleri şeýle tertipde nomerlenipdir: 1-desimetr, 2-kilometr, 3-metr, 4-millimetr, 5-santimetr. Ölçeg nomeri (1-5 aralykdaky bitin san) we şol ölçegdäki kesimiň uzynlygy (hakyky san) berlipdir. Kesimiň metrdäki uzynlygyny tapmaly Massanyň ölçegleri şeýle tertipde nomerlenipdir: 1-kilogram, 2-milligram, 3-gram, 4-tonna, 5- sentner. Ölçeg nomeri (1-5 aralykdaky bitin san) we şol ölçegdäki jisimiň massasy(hakyky san) berlipdir. Jisimiň kilogramdaky massasyny kesgitlemeli Adaty ýyldaky güni(g) we aýy(a) dogry görkezýän iki sany bitin san berlipdir. Görkezilen senäniň öňünden gelýän senäni kesgitlemeli. 106

103 142. Adaty ýyldaky güni(g) we aýy(a) dogry görkezýän iki sany bitin san berlipdir. Görkezilen senäniň yzyndan gelýän senäni kesgitlemeli Bitin görnüşli A we B iki sany üýtgeýän ululyk berlipdir. Eger-de olaryň bahalary deň däl bolsalar, onda olaryň her birine olaryň ulusynyň bahasyny dakmaly, Eger-de olar özara deň bolsalar, onda olara nul bahany dakmaly. A we B ululyklaryň täze bahalaryny çapa çykarmaly Bitin san berlipdir. Eger-de ol položitel bolsa, onda ol sana 1-i goşmaly; galan ýagdaýda ol sandan 2-ni aýyrmaly. Emele gelen sany çapa çykarmaly Bitin san berlipdir. Eger-de ol položitel bolsa onda ol sana 1-i goşmaly; otrisatel bolsa onda ol sandan 2-ni aýyrmaly; Eger-de nula deň bolsa onda onuň bahasyny 10 bilen çalşyrmaly. Emele gelen sany çapa çykarmaly Üç sany bitin san berlipdir. Bu sanlaryň içinde näçe sany položitel sanyň barlygyny kesgitlemeli Üç sany bitin san berlipdir. Bu sanlaryň içinde näçe sany položitel, näçe sany otrisatel sanyň barlygyny kesgitlemeli Iki san berlipdir. Olaryň ulusyny çapa çykarmaly Iki san berlipdir. Olaryň kiçisiniň tertip nomerini çapa çykarmaly Iki san berlipdir. Ilki olaryň ulusyny, soňra bolsa kiçisini çapa çykarmaly A, B hakyky san görnüşli üýtgeýän ululyklar berlipdir. A ululyk olaryň kiçisiniň bahasyny, B ululyk bolsa olaryň ulusynyň bahasyny saklar ýaly edip üýtgeýän ululyklaryň bahalaryny çalşyrmaly. A we B ululyklaryň täze bahalaryny ekrana çykarmaly A we B bitin görnüşli iki üýtgeýän ululyk berlipdir. Eger-de olaryň bahalary meňzeş däl bolsa, onda olaryň her birine olaryň jemini, Eger-de olaryň bahalary 107

104 meňzeş bolsa, onda olara nul bahany dakmaly. A we B ululyklaryň täze bahalaryny çapa çykarmaly A we B bitin görnüşli iki üýtgeýän ululyk berlipdir. Eger-de olaryň bahalary meňzeş däl bolsa, onda olaryň her birine olaryň ulusynyň bahasyny, eger-de olaryň bahalary meňzeş bolsa, onda olaryň her birine nul bahany dakmaly. A we B ululyklaryň täze bahalaryny çapa çykarmaly Üç san berlipdir. Olaryň iň kiçisini tapmaly Üç san berlipdir. Olaryň ortakysyny (ýagny iň kiçi bilen iň ulynyň aralygynda ýerleşenini) tapmaly Üç san berlipdir. Ilki olaryň iň kiçisini, soňra bolsa olaryň iň ulusyny çapa çykarmaly Üç san berlipdir. Olaryň iň uly ikisiniň jemini tapmaly Hakyky görnüşe degişli A, B, C üýtgeýän ululyklar berlipdir. Eger-de olaryň bahalary ösýän tertipde tertipleşen bolsalar, onda olaryň bahalaryny iki esse artdyrmaly; galan ýagdaýlarda her bir üýtgeýän ululygyň bahasynyň alamatyny üýtgetmeli. A, B, C ululyklaryň täze bahalaryny çapa çykarmaly Hakyky görnüşe degişli A, B, C üýtgeýän ululyklar berlipdir. Eger-de olaryň bahalary ösýän tertipde ýada kemelýän tertipde tertipleşen bolsalar, onda olaryň bahalaryny iki esse artdyrmaly; galan ýagdaýlarda her bir üýtgeýän ululygyň bahasynyň alamatyny üýtgetmeli. A, B, C ululyklaryň täze bahalaryny çapa çykarmaly Üç sany bitin san berlipdir. Olaryň ikisi özara meňzeş. Üçünji sanyň (özara meňzeş sanlardan tapawutlanýan) tertip nomerini kesgitlemeli Dört sany bitin san berlipdir. Ol sanlaryň üçüsi özara meňzeş. Meňzeş sanlardan tapawutly sanyň tertip nomerini kesgitlemeli San okunda A, B, C nokatlar ýerleşdirilipdir. B ýa-da C nokatlaryň haýsysynyň A nokada has golaý 108

105 ýerleşenligini kesgitlemeli we ol nokady hem-de ol nokatdan A nokada çenli uzaklygy çapa çykarmaly Tekizlikde nokadyň bitin sanly koordinatasy berlipdir. Nokat koordinatalar başlangyjy bilen gabat gelýän bolsa, onda 0-y çapa çykarmaly. Eger-de nokat koordinatalar başlangyjy bilen gabat gelmeýän bolsa, ýöne OX ýa-da OY oklaryň üstünde ýatýan bolsa, onda degişlilikde 1-i ýa-da 2-ni çapa çykarmaly. Eger-de nokat koordinata okalrynyň üstündede ýatmaýan bolsa, onda 3-i çapa çykarmaly OX we OY koordinata oklarynyň üstünde ýatmaýan nokadyň koordinatasy berlipdir. Bu nokadyň ýerleşýän koordinata çärýeginiň nomerini kesgitlemeli Taraplary koordinata oklaryna parallel bolan dörtburçlygyň üç depesiniň koordinatasy berlipdir. Onuň dördünji depesiniň koordinatasyny tapmaly Berlen hakyky x san üçin, aşakdaky f funksiýanyň aljak bahasyny tapmaly: 2 sin( x), eger x 0 bolsa f ( x) 6 x, eger x 0bolsa Ýylyň nomeri berlipdir (bitin položitel san). Adaty ýylda 365 günüň, uzak ýylda bolsa 366 günüň bardygyny nazara almak bilen bu ýyldaky günleriň sanyny kesgitlemeli. Ýylyň nomeriniň içinden 4-e bölünýänleriniň 100-e bölünip 400-e bülünmeýänlerinden başgasy uzak ýyl hasaplanylýar (mysal üçin 300-nji, 1300-nji we 1900-nji ýyllar adaty ýyllar, 1200-nji we 2000-nji ýyllar bolsa uzak ýyllar hasaplanylýar) Bitin san berlipdir. Bu sany beýan edýän degişli otrisatel jübüt san, otrisatel täk san, nul san, položitel jübüt san we ş. m. ýazgyny çapa çykarmaly aralykda ýerleşen bitin san berlipdir. Bu sany beýan edýän degişli jübüt ikibelgili san, täk üçbelgili san we ş. m. ýazgyny çapa çykarmaly. 109

106 3.7. Gaýtalanýan gurluşly algoritmleri programmalaşdyrmak Eger-de algoritmiň haýsydyr bir bölegi käbir üýtgeýän ululygyň dürli bahalarynda birnäçe gezek gaýtalanyp ýerine ýetirilyän bolsa, onda onuň ýaly algoritme siklli algoritm diýilýär. Programmanyň gaýtalanyp ýerine ýetirilýän bölegine, ýagny operatorlaryň toplumyna sikliň göwresi diýilýär. Gaýtalanma mahalynda her gezek öz bahasyny üýtgedip durýan ululyga sikliň parametri diýilýär.ỳörite gaýtalanmany gurnamak üçin niýetlenen operatarlara sikl operatorlary diýilýär. TURBO-PASCAL algoritmik dilinde sikl operatory iki topara bölünýär: 1) parametrli sikl operatory, 2) şertli sikl operatory. Parametrli sikl operatory umumy görnüşde aşakdaky ýaly ýazylýar: a) FOR i:= m1 TO m2 DO s ; b) FOR i:=m1 DOWNTO m2 DO S; Bu ýerde, FOR operatoryň ady, üçin diýen manyny aňladýär; i sikl parametri, m1 we m2 bolsa, degişlilikde, onuň başlangyç we ahyrky bahalary. Bu parametirleriň üçüsi hem şol bir görnüşden bolmaly (ýöne hakyky görnüşe degişli bolmaly däl). m1 we m2 hemişelik, üýtgeýän ululyk ýa-da aňlatma hem bolup biler. Eger-de FOR operatorynda TO – kömekçi sözi ulanylýan bolsa, onda sikliň parametri bir birden artýar. Eger-de FOR operatorynda DOWNTO – kömekçi sözi ulanylýan bolsa, onda sikliň parametri bir birden kemelýär. Kesgitlilik üçin goý i-sikliň parametri bitin görnüşe degişli bolsun. Parametirli sikl operator ýerine ýetirilende ilki m1 we m2-aňlatmalaryň bahalary hasaplanylýar. Olary degişlelikde m1b we m2b bilen belläliň. Soňra sikliň parameri 110

108 operatorlaryndan peýdalanylýar. Şertli sikl operatory gurlyşy boýunça iki hilli bolýar: 1) şerti öňünden goýulýan sikl operatory, 2) şerti soňundan goýulýan sikl operatory. Şerti öňünden goýulýan sikl operatory umumy görnüşde aşakdaky ýaly ýazylýar: WHILE DO S; bu ýerde, WHILE- operatoryň ady bolup. entek diýen manyny aňladýar; – käbir logiki aňlatma; S-ýönekeý ýada düzme operator. WHILE operatorynda ilki şert barlanylýar, Eger-de şert ýerine ýetse, ýagny, logiki aňlatma,,true baha eýe bolsa, onda S-sikliň göwresi ýerine ýetirilýär we ýene-de sikle dolanyp gelinýär. Haçan-da, logiki aňlatma,,false baha eýe bolsa, onda siklden çykylýar we WHILE operatorynyň yzyndan ilkinji operatory geçilýär. Barlanylýan şerte girýän üýtgeýän ululyklar sikliň göwresinde öz bahalaryny üýtgetmelidirler. Eger-de şeýle bolmasa, onda While operatory tükeniksiz gaýtalamaklyga we kompýuteriň doňup galmagyna getirer. Bu ýagdaýda algoritmleriň netijelilik häsiýeti bozular. Ol bolsa ýolbererlik däldir. Mysal den 100-e çenli bitin sanlaryň jemini tapmaly. Çözülişi. Mysaly çözmegiň programmasy aşakdaky görnüşde bolar: Programm Jem1_100; Var S,k: Integer; Begin S:=0; k:=1; While k

109 S:=S+k; k:=k+1; end; Writeln( S=,S:8:3); end. Repeat operatory. Şerti soňundan goýulýan sikl operatory umumy görnüşde aşakdaky ýaly ýazylýar: REPEAT S UNTIL ; bu ýerde, REPEAT operatoryň ady bolup gaýtalanmak diýen manyny aňladýar, UNTIL kömekçi söz çenli diýen manyny aňladýar, S ýönekeý ýa-da düzme operator; < şert >– käbir logiki aňlatma. REPEAT operatory WHILE operatoryndan tapawutlanyp, onda ilki bilen sikliň göwresi ýerine ýetirilýär, soňra şert barlanylýar. Eger-de şert ýerine ýetmese, sikl gaýtalanýar, ýagny S-sikliň gowresine dolanyp gelinýär. Egerde şert ýerine ýetse, onda siklden çykylýar we REPEAT operatorynyň yzyndaky ilkinji operatora geçilýär. Repeat operatorynda hem sikliň göwresine degişli operatorlaryň iň bolmanda biri barlanylýan şerte täsir edýän bolmaly. Mysal hökmünde ýokarda hasaplanan jeme täzeden seredeliň. Onuň programma kodlary aşakda getirilen. Program Jem2; Var S, k : Integer; Begin S=0; k:=1; Repeat S:=S+k; k:=k+1 Until k>100; Writeln( S=, S:9:4); end. 113

110 REPEAT operatory WHILE operatory bilen deňeşdirilende aşakdaky üç sany aýratynlyga eýedir: 1) REPEAT operatorynda sikliň göwresi iň bolmanda bir gezek ýerine ýetirilýär; 2) REPEAT operatorynda şert ýerine ýetmese, ýagny logiki aňlatma FALSE bahany alanda sikliň göwresi gaýtalanýar; 3) REPEAT operatorynda sikliň göwresinde birnäçe operator bar hem bolsa olary BEGIN, END sözleri bilen operator ýaýlaryna almak hökman däldir. Mysal 7.2. n!=1 2 3 (n-1) n formula boýunça natural n sanyň faktorialyny hasaplaýan programma ýazmaly. Çözülişi. n!-yň başlangyç bahasyny S=1 diýip alýarys. i kömekçi üýtgeýäniň başlangyç bahasyny hem i=1 diýip alýarys. Şundan soň gaýtalamak prosesi başlanýar. S- iň öňki bahasy i-niň bahasy bilen köpeldilýär we alnan baha S-iň täze bahasy hökmünde kabul edilýär (S:=S*i). i-niň bahasy bir birlik artdyrylýar(i:=i+1). i>n şerti barlanyp görülýär. Eger-de ol ýerine ýetýän bolsa, onda gaýtalamak işi tamamlanýar we S-iň bahasy çap edilýär, bolmasa, ýenede sikle dolanyp gelinýär we gaýtalamak işi dowam edilýär. Programm faktorial; Var i,n,s:integer; Begin write( n= ); read(n); S:=1; i:=1; repeat 114

111 S:=S*i; i:=i+1; Until i>n; writeln(n,!=, S); end. Ýokarda getirilen programmada n! bahany Repeat operatoryny ulanyp düzdük. Emma n! tapylanda sikliň gaýtalanmak sanynyň öňünden belli bolandygy sebäpli, bu ýagdaýda FOR operatorynyň ulanylmagynyň amatly bolýandygyny belleýäris. Programmanyň FOR operator ulanylyp düzülen kodlary aşakda getirilen. Programm faktorial1; Var i,n,s:integer; Begin write( n= ); read(n); S:=1; FOR i:=1 to n do S:=S*i; writeln(n,!=, S); end. Mysal 7.3. x iň bahasy 0-dan 3-e çenli 0,1 ädim bilen üýtgände y=a 2 /(a 2 +x 2 ) funksiýanyň bahalaryny hasaplamaly we çapa çykarmaly. Çözülişi. Mysaly Repeat operatoryny ulanyp çözeliň: 115

112 Label 1; Var x,a,y : real; Begin write( a= ); read(a); writeln( Y funksiýanyň tablisasy ); writeln( x Y ); x:=0; repeat y:=sqr(a)*a/(sqr(a)+sqr(x)); writeln(x:5:1,y:6:3); x:=x+0.1; until x>3; end. Soraglar we gönükmeler 170. Gaýtalanýan gurluşly algoritmleri programmalaşdyrmak üçin haýsy operatorlar ulanylýar? 171. Sikliň parametri diýip nähili üýtgeýän ululyga aýdylýar? 172. Gaýtalanmak sany öňünden belli bolan siklleri programmalaşdyrmak üçin haýsy sikl operatory ulanylýar? 173. K we N bitin sanlar berlipdir ( N 0). N sany K gezek çapa çykarmaly A we B bitin sanlar berlipdir ( A B). A sandan başlap B +1 sana çenli hemme bitin sanlary ösýän 116

113 tertipde çapa çykarmaly, olaryň sanyny bolsa aýratyn setirde çapa çykarmaly A we B bitin sanlar berlipdir ( A B ). A bilen B sanyň aralygynda ýatan hemme bitin sanlary kemelýän tertipde çapa çykarmaly, olaryň sanyny bolsa aýratyn setirde çapa çykarmaly Bir kilogram süýjiniň bahasyny görkezýän hakyky san berlipdir. 1, 2,, 10 kg süýjiniň bahalaryny kesgitlemeli Bir kilogram süýjiniň bahasyny görkezýän hakyky san berlipdir. 0.1, 0.2,, 1 kg süýjiniň bahalaryny kesgitlemeli Bir kilogram süýjiniň bahasyny görkezýän hakyky san berlipdir. 1.2, 1.4,, 2 kg süýjiniň bahalaryny kesgitlemeli A we B bitin sanlar berlipdir ( A B ). A we B sanlaryň özleriniň hem-de olaryň arasyndaky ýatan hemme bitin sanlaryň jemini tapmaly A we B bitin sanlar berlipdir ( A B ). A we B sanlaryň özleriniň hem-de olaryň arasyndaky ýatan hemme bitin sanlaryň köpeltmek hasylyny tapmaly A we B bitin sanlar berlipdir ( A B ). A we B sanlaryň özleriniň hem-de olaryň arasyndaky ýatan hemme bitin sanlaryň kwadratlarynyň jemini tapmaly N bitin san berlipdir ( N 0). Aşakdaky jemi hasaplamaly: 1 1/ 2 1/3. 1/ N Bu ýerde, jem hakyky san bolar N bitin san berlipdir ( N 0). Aşakdaky jemi hasaplamaly: N ( N 1) ( N 2). (2 N) Bu ýerde jem bitin san bolar N bitin san berlipdir ( N 0). Aşakdaky köpeltmek hasylyny hasaplamaly:

114 Bu ýerde jemi N sany köpeldiji bar N bitin san berlipdir ( N 0). Aşakdaky aňlatmanyň bahasyny hasaplamaly: Bu aňlatmada N goşulyjy bar, olaryň alamatlary bolsa gaýtalanyp gelýär. Şertli operatory ulanmazdan ýumuşy ýerine ýetirmeli N bitin san berlipdir ( N 0). Aşakdaky formulany ulanmak bilen berlen sanyň kwadratyny hasaplamaly: 2 N (2 N 1). Jeme her bir goşulyjyny goşanymyzdan soň onuň bahasyny çapa çykarmaly (netijede 1-den N -e çenli hemme bitin sanlaryň kwadratlary çapa çykarylar) Hakyky A san we bitin N san berlipdir ( N 0). A -nyň N -ji derejesini hasaplamaly: A N A A. A Bu ýerde A san öz-özüne N gezek köpeldilýär Hakyky A san we bitin N san berlipdir ( N 0). Bir gaýtalanmaklygy (for) ulanmak arkaly A sanyň 1-den N -çenli bitin derejelerini çapa çykarmaly Hakyky A san we bitin N san berlipdir ( N 0). Bir gaýtalanmaklygy (for) ulanmak arkaly aşakdaky jemi hasaplamaly we netijäni çapa çykarmaly: 2 3 N 1 A A A. A 190. Hakyky A san we bitin N san berlipdir ( N 0). Bir gaýtalanmaklygy (for) ulanmak arkaly aşakdaky jemi hasaplamaly we netijäni çapa çykarmaly: 2 3 N N 1 A A A. ( 1) A Bu ýumuşda şertli operatory ulanmaly däl Bitin N ( 0 ) san berlipdir. Aşakdaky köpeltmek hasylyny hasaplamaly: N! N 118

115 ( N faktorial). Bitin sanlaryň çäginden çykmakdan gaça durmak maksady bilen, bu ýumuşda hasaplamany hakyky üýtgeýän ululykda amala aşyrmak we netijäni hakyky san görnüşinde çapa çykarmak maslahat berilýär Bitin N ( 0 ) san berlipdir. Bir gaýtalanmaklygy (for) ulanmak arkaly aşakdaky jemi hasaplamaly: 1! 2! 3. N! ( N! aňlatma N faktorialy yagny 1-den N -e çenli bitin sanlaryň köpeltmek hasylyny aňladýär: N! N aňladýar). Bitin sanlaryň çäginden çykmakdan gaça durmak maksady bilen, bu ýumuşda hasaplamany hakyky üýtgeýän ululykda amala aşyrmak we netijäni hakyky san görnüşinde çapa çykarmak maslahat berilýär N we K bitin položitel sanlar berlipdir. Aşakdaky jemi hasaplamaly: K K K N. Bitin sanlaryň çäginden çykmakdan gaça durmak maksady bilen, bu ýumuşda hasaplamany hakyky üýtgeýän ululykda amala aşyrmak we netijäni hakyky san görnüşinde çapa çykarmak maslahat berilýär N ( 0 ) bitin san berlipdir. Aşakdaky jemi hasaplamaly: 1 2 N 2. N Bitin sanlaryň çäginden çykmakdan gaça durmak maksady bilen, bu ýumuşda hasaplamany hakyky üýtgeýän ululykda amala aşyrmak we netijäni hakyky san görnüşinde çapa çykarmak maslahat berilýär A we B ( A B) položitel bitin sanlar berlipdir. A -dan B +1-e çenli hemme bitin sanlary çapa çykarmaly; özünem her san öz ululygy näçe bolsa şonça-da gezek çapa çykarylmaly (mysal üçin, 3 san 3 gezek çapa çykarylmaly). 119

116 196. A we B ( A B) bitin sanlar berlipdir. A -dan B +1-e çenli hemme bitin sanlary çapa çykarmaly; özünem A bir gezek, A 1 san iki gezek we ş.m. çapa çykarylmaly A we B položitel san berlipdir ( A B ). A kesimde biri-biriniň üstüne düşmezden B kesimiň iň köp mukdary ýerleşdirilen. Köpeltmek we bölmek operasiýalaryny ulanmazdan A kesimiň boş galan böleginiň uzynlygyny hasaplamaly A we B položitel san berlipdir ( A B ). A kesimde biri-biriniň üstüne düşmezden B kesimiň iň köp mukdary ýerleşdirilen. Köpeltmek we bölmek operasiýalaryny ulanmazdan A kesimde doly ýerleşen B kesimiň sanyny hasaplamaly N we K bitin položitel sanlar berlipdir. Diňe goşmek we aýyrmak operasiýalaryny ulanmak arkaly N -i K -a bölenimizde ýetýän paýy, şeýle hem galýan galyndyny tapmaly Bitin N ( 0) san berlipdir. Eger-de ol san 3-iň islendik bir derejesi bolup bilýän bolsa, onda TRUE, ýogsam FALSE sözlerini çapa çykarmaly niň haýsydyr bir derejesi bolýan bitin N ( 0) K san berlipdir: N 2. Bu derejäniň görkezijisi bolan K sany tapmaly Bitin N ( 0) san berlipdir. Ikileýin N faktotialy hasaplamaly: N! N ( N 2) ( N 4). (Eger-de N jübüt bolsa onda iň soňky köpeldiji 2-ä, täk bolsa onda 1-e deň). Bitin sanlaryň çäginden çykmakdan gaça durmak maksady bilen bu köpeltmekligi hakyky san görnüşli üýtgeýän ululyk bilen hasaplamaklyk hem-de netijäni hakyky san güşinde çapa çykarmaklyk maslahat berilýär Bitin N ( 0) san berlipdir. Kwadraty N -den uly bolan iň kiçi K sany tapmaly: K çykarmak funksiýasyny ulanmaly däl N. Kwardat kökden

117 204. Bitin N ( 0) san berlipdir. Kwadraty N -den 2 uly bolmadyk iň uly K sany tapmaly: K N. Kwardat kökden çykarmak funksiýasyny ulanmaly däl Bitin N ( 1) san berlipdir. 3 K N deňsizlik ýerine ýetýän iň kiçi bitin K sany tapmaly Bitin N ( 1) san berlipdir. 3 K N deňsizlik ýerine ýetýän iň uly bitin K sany tapmaly Bitin N ( 1) san berlipdir K jem N -den uly ýa-da deň bolar ýaly iň kiçi bitin K sany tapmaly. Tapylan sany we jemi çapa çykarmaly Bitin N ( 1) san berlipdir K jem N -den kiçi ýa-da deň bolar ýaly iň uly bitin K sany tapmaly. Tapylan sany we jemi çapa çykarmaly A ( 1) san berlipdir. 1 1/ / K jem A – dan uly bolandaky iň kiçi bitin K sany hem-de bu jemi çapa çykamaly A ( 1) san berlipdir. 1 1/ / K jem A – dan kiçi bolandaky iň uly bitin K sany hem-de bu jemi çapa çykamaly Bankda goýlan başlangyç goýum 1000 manat. Her bir aýda goýumyň möçberi bar bolan goýumyň P göterimi artýar ( P hakyky san bolup, ol 0 P 25 aralykda ýatýar). Berlen P boýunça ýene-de näçe aýdan goýumyň möçberiniň 1100 manatdan köp boljakdygyny, onuň üçin näçe K (bitin san) aýyň gerek boljakdygyny we netije goýumyň takyk näçe boljaklygyny kesgitlemeli Bitin N ( 0) san berlipdir. Bitinleyin bölmek we bitinleýin bölmekden galýan galyndy operasiýalaryny ulanmak arkaly birinji sifrinden başlap (birliklerden başlap) bu sanyň hemme sifrlerini çapa çykarmaly Bitin N ( 0) san berlipdir. Bitinleyin bölmek we bitinleýin bölmekden galýan galyndy operasiýalaryny ulanmak arkaly ol sanyň sifrleriniň sanyny we jemini tapmaly. 121

118 214. Bitin N ( 0) san berlipdir. Bitinleyin bölmek we bitinleýin bölmekden galýan galyndy operasiýalaryny ulanmak arkaly ol sany sagdan çepe okanymyzda (tersine okanymyzda) alynjak sany tapmaly Bitin N ( 0) san berlipdir. Bitinleyin bölmek we bitinleýin bölmekden galýan galyndy operasiýalaryny ulanmak arkaly bu sanyň sifrleriniň içinde 2-lik sifriň barlygyna ýa-da ýoklygyny kesgitlemeli. Eger-de bar bolsa, onda TRUE, a eger-de ýok bolsa, ondafalse sözlerini çapa çykarmaly Bitin N ( 0) san berlipdir. Bitinleyin bölmek we bitinleýin bölmekden galýan galyndy operasiýalaryny ulanmak arkaly bu sanyň sifrleriniň içinde täk sifriň barlygyna ýa-da ýoklygyny kesgitlemeli. Eger-de bar bolsa, onda TRUE, ýok bolan ýagdaýynda bolsa FALSE sözlerini çapa çykarmaly Bitin N ( 1) san berlipdir. Eger-de ol ýönekeý san bolsa, ýagny 1-den we özünden başga položitel bölüjileri bolmasa, onda TRUE, a eger-de ýökekeý bolmasa, onda FALSE sözlerinu çapa çykarmaly Massiwler Bir ölçegli massiwler TURBO-PASKAL algoritmik dilinde diňe aýratyn alnan bir sany üýtgeýän ululyk bilen işlemek mümkin bolman, eýsem olaryň toplumy bilen hem işlemek mümkindir. Şeýle toplumlaryň bir görnüşi hem massiwlerdir. Massiw diýip şol bir görnüşe degişli bolan üýtgeýän ululyklaryň tertipleşdirilen toplumyna aýdylýar. Massiwi düzýän üýtgeýän ululyklar yzygiderli, tükenikli we tertipleşdirilen bolmalydyr. Massiwiň elementleriniň sany, ol yglan edilen wagtynda berilýär we programma ýerine ýetirilen döwründe üýtgemeýär. Massiwiň her bir elementine aýratynlykda ýüzlenip bolar ýaly, onuň elementlerine indeks degişli edilýär. 122

119 TURBO PASKAL algoritmik dilinde indeks LONGINT-den beýleki bitin görnüşleriň, BOOLEAN we CHAR görnüşleriň islendigine degişli bolup bilýär. Programmada massiw aşakdaky ýaly yglan edilýär: TYPE =ARRAÝ [indeksiň görnüşi ] OF ; VAR < massiwiň ady >: . Başgaça, massiwi gönüden göni üýtgeýän ululuklar bölüminde hem yglan etmek bolýar: VAR < massiwiň ady >: ARRAY [indeksiň görnüşi ] OF ; Meselem: TYPE VEKTOR = ARRAY [1..15] OF REAL; VAR X,Y:VEKTOR; A,B: ARRAÝ [1..20] OF INTEGER; Massiwiň elementiniň haýsy ýerde durandygyny elementiň indeksi görkezýär. Ýokarda seredilen mysalda massiwiň elementiniň bir indeksi bar. Turbo Paskalda massiwiň elementiniň 256-a çenli indeksi bolup bilýär. Indeksiniň sanyna laýyklykda, massiwe bir ölçegli, iki ölçegli, üç ölçegli we ş.m. diýilýär. Massiwler bilen işlenende elementler ýeke-ýekeden girizilýär. Şonuň üçinem, massiwler bilen işlenende sikl operatory ulanmak amatly bolýar. Eger-de massiwde näçe elementiň bardygy belli bolsa, onda ony massiw beýan edilýän wagtynda anyk görkezmek bolýar. Turbo Paskal massiwiň elementlerini saklamak üçin operatiw huşda yzygider ýaýlany bölüp berýär. Eger-de massiwiň elementleriniň sany öňünden belli bolmasa, onda massiw beýan edilýän wagtynda onuň elementleriniň sanyny artygrak görkezmek amatlydyr. 123

121 Var n,imax,i:integer; a:array[ ] of real; max:real; Begin 1: writeln( n= ); read(n); if n>=1000 then goto 1; writeln(n, sany hakyky sany girizin! ); for i:=1 to n do read(a[i]); max:=a[1]; imax:=1; for i:=2 to n do if a[i] >max then begin max:=a[i]; imax:=i; end; writeln( max=,max, imax=, imax); end. Mysal 8.3. X massiwiň položitel elementlerini Y massiwe ýazmaly. Çözülişi. Var x,y:array[1..100] of real; i,n,k:integer; begin writeln( n= ); read(n); writeln(n, sany hakyky sany girizin! ); for i:=1 to n do read(x[i]); k:=0; 125

122 for i:=1 to n do if x[i]>0 then begin k:=k+1; y[k]:=x[i]; end; writeln( Alnan Y massiw ); for i:=1 to k do write(y[i]:5:1, ); end. Mysal 8.4. X massiw berlen. Şol massiwiň elementlerini artýan tertipde tertiplemeli. Çözülişi. Bu meseläni çözmek üçin birnäçe usullary ulanmak bolar. Biz meseläni çözmekde aşakdaky usuly ulanarys. Goý massiwde n sany element bar bolsun. Ilki olaryň ählisiniň arasynda iň kiçisini taparys. Şol elementi birinji element bilen özara çalyşýarys. Soňra galan n-1 elementiň arasynda iň kiçisini taparys. Alnan elementi ikinji element bilen özara çalyşýarys we bu prossesi iň soňky elemente çenli dowam edýäris. Var x:array[1..200] of real; n,i,imin,j:integer; xmin:real; begin write( n= ); read(n); for i:=1 to n do begin write( x[,i, ]= ); read(x[i]); end; for i:=1 to n-1 do begin 126

124 i, j,s:integer; begin for i:=1 to 100 do a[i]:=false; for j:=1 to 10 do for i:=1 to 100 do if i mod j =0 then a[i]:= not a[i]; S:=0; for i:=1 to 100 do if a[i]=true then S:=S+1; writeln( Açyk galan gapylaryň sany,s); writeln( Açyk galan gapylaryň nomerleri ); for i:=1 to 100 do if a[i]=true then write(i, ); end. Jogap: 49 bolmaly. Iki ölçegli massiwler Iki ölçegli massiwiň her bir elementiniň iki sany indeksi bolýar. Iki ölçegli massiw beýan edilende her bir indeksiň üýtgeýiş aralygy aýratynlykda görkezilýär. Mysal üçin, Var a:array[1..100,1..100] of real; Massiwiň elementleri bilen işlenilende köplenç ýüze çykaýmaly mümkün bolan ýazgylara seredeliň. Onuň üçin, ilki 1 sany massiw we 3 sany kömekçi üýtgeýän ululyk girizeliň: VAR Y : ARRAY[1..15,1..20] OF INTEGER; I,J,K : INTEGER; Mysal 8.6. Iki ölçegli Y massiwi nullamak. FOR I:=1 TO 15 DO FOR J:=1 TO 20 DO Y[I,J]:=0; 128

125 Mysal 8.7. Massiwiň elementlerini girizmek. TURBO-PASKAL algoritmik dilinde massiwiň ähli elementlerini birbada girizmeli ýa-da çapa çykarmaly bolýar. Köplenç massiwiň elementleri klawiaturadan girizilýär. Meselem: FOR I:=1 TO 15 DO FOR J:=1 TO 20 DO READ(Y[I,J)]; Bu ýerde iki ölçegli Y massiwiň elementleriniň bahalary girizilýär. Mysal 8.8. Massiwiň elementlerini çapa çykarmak. Massiwiň elementleriniň bahalaryny çapa çykarmak hem edil ýokardaka meňzeşlikde amala aşrylýar: diňe READ operatorynyň ornuna WRITE ýa-da WRITELN operatorlary ulanylýar. Meselem: FOR I:=1 TO 15 DO FOR J:=1 TO 20 DO WRITELN(Y[I,J)]; Bu ýagdaýda her setirde bir baha çap edilýär. Matrisany setirme-setir çap etmek üçin, programmany aşakdaky ýaly özgertmeli bolýar: FOR I:=1 TO 15 DO BEGIN WRITELN; FOR J:=1 TO 20 DO WRITELN(Y[I,J)]; END; Kä ýagdaýda massiwiň elementleriniň arasyndan haýsy hem bolsa bir şerti kanagatlandyrýanlaryny gözlemeli bolýar. Mysal 8.9. Goý A(4X5) gönüburçly matrisa berlen bolsun. Bu matrisanyň položitel elementleriniň jemini hasaplamagyň programmasyny düzmeli. Programma aşakdaky görnüşde bolar: PROGRAM JEM1; USES CRT; 129

126 CONST IMAX=4; JMAX=5; TYPE MATR=ARRAY[1..IMAX,1..JMAX] OF REAL; VAR A : MATR; JEM : REAL; I,J : INTEGER; BEGIN CLRSCR; JEM:=0; FOR I:=1 TO IMAX DO FOR J:=1 TO JMAX DO BEGIN READLN(A[I,J]); IF A[I,J]>0 THEN JEM:=JEM+A[I,J]; END; WRITE( JEM=,JEM:8:3); END. Mysal n natural san we n x n ölçegli kwadrat matrissa berlen. Şol matrissanyň baş diagonalynda ýerleşýän elementleriniň arasyndaky iň ulusyny tapmaly. Çözülişi. Var a:array[1..100,1..100] of real; n,i,j,imax:integer; Begin write( n= ); read(n); for i:=1 to n do for j:=1 to n do begin write( a[,i. j, ]= ); read(a[i,j]); 130

127 end; max:=a[1,1]; imax:=1; for i:=2 to n do if a[i,i]>max then begin max:=a[i,i]; imax:=i; end; writeln( max=,max, i=,imax, j=,imax); end. Soraglar we gönükmeler 218. Massiw diýip nämä aýdylýar? 219. Massiwiň ölçegi nähili kesgitlenýär? 220. Bitin n (n>0) san berlen. Ilkinji n sany položitel täk sandan ybarat bolan massiwi döretmeli we ony çapa çykarmaly: 1,3,5, Bitin n (n>0) san berlen. 2-niň birinji derejesinden başlap, n-nji derejesine çenli bahalardan ybarat bolan massiwi döretmeli we ony çapa çykarmaly: 2,4,8,16, Bitin n (n>0) san, hem-de arifmetiki progressiýanyň birinji agzazy a we onuň tapawudy d berlen. Berlen progressiýanyň ilkinji n agzasyndan ybarat bolan massiwi döretmeli we ony çap etmeli Bitin n (n>0) san, hem-de arifmetiki progressiýanyň birinji agzazy b we onuň maýdalawjysy q berlen. Berlen progressiýanyň ilkinji n agzasyndan ybarat bolan massiwi döretmeli we ony çap etmeli Bitin n (n>2), a we b sanlar berlen. Birinji elementi a deň, ikinji elementi b deň, her bir soňky elementi bolsa özünden öňdäki ähli elementleriň jemine deň bolan n elementli massiw döretmeli we ony çapa çykarmaly n elementli massiw berlen. Onuň elementlerini ters tertipde çapa çykarmaly. 131

128 226. n elementli bitin massiw berlen. Berlen massiwdäki bar bolan ähli täk sanlary olaryň indeksleriniň artýan tertibinde çap etmeli we olaryň sanyny kesgitlemeli X(50) san massiwiň položitel elementlerini saýlap almaly Y(50) san massiwiň otrisatel elementlerini saýlap almaly Elementleri natural san bolan massiwiň elementleriniň düzme sanlar bolanlaryny saýlap almaly Berlen birölçegli massiwiň elementlerini artýan tertipde tertipleşdirmeli m we n bitin položitel sanlar berlen. i-nji setiriniň her bir elementi 10*i (i=1,,m) deň bolan m*n ölçegli matrisany döretmeli m*n ölçegli matrissa we k (1 k m) bitin san berlen. Berlen matrissanyň k-njy setiriniň elementleriniň jemini we köpeltmek hasylyny tapmaly m*n ölçegli matrissa berlen. Berlen matrissanyň her bir setiriniň elementleriniň jemini tapmaly m*n ölçegli matrissa berlen. Berlen matrissanyň her bir setirinde iň kiçi elementiniň bahasyny tapmaly m*n ölçegli matrissa berlen. Berlen matrissanyň her bir sütüninde iň uly elementiniň bahasyny tapmaly m*n ölçegli matrissa berlen. Onuň elementleriniň jemi iň uly bolan setirini tapmaly we şol setiriň nomerini, hem-de iň uly jemiň bahasyny çap etmeli m*n ölçegli matrissa berlen. Onuň elementleriniň köpeltmek hasyly iň kiçi bolan sütünini tapmaly we şol sütiniň nomerini, hem-de iň kiçi köpeltmek hasylyň bahasyny çap tapmaly m*m ölçegli kwadrat matrissa berlen. Onuň baş diagonalyndan ýokarda ýerleşen elementleriniň arasynda iň kiçisini tapmaly. 132

129 3.9. Proseduralar we funksiýalar Käbir meseleler çözülende parametrleriň dürli bahalarynda şol bir algoritmi birnäçe gezek gaýtalap ýerine ýetirmeli bolýar. Beýle ýagdaýda programmanyň şol algoritme degişli bölegini aýratyn bölüp alyp, oňa gerek wagty programmanyň islendik böleginden ýüzlenmek mümkindir. Programmanyň özbaşdak programma birligi hökmünde ulanyp bolýan bölegine kömekçi programma diýilýär. TURBO-PASKAL algoritmik dilinde kömekçi programmanyň iki görnüşi: funksiýa we prosedura ulanylýar. Eger-de hasaplama ýerine ýetirilenden soň alnan netije diňe bir sany baha bolsa, onda onuň ýaly hasaplamany funksiýa görnüşinde ýazyp bolýär. Funksiýa üç bölekden durýar: 1. sözbaşy; 2. beýan ediş bölümi; 3. funksiýanyň göwresi. Funksiýa umumy görnüşde aşakdaky ýaly ýazylýar: FUNCTION F(q1:T1;q2:T2;,qn:Tn):T; BEGIN P1; P2; F:= END; bu ýerde, F-funksiýanyň ady; qi (i=1,n)- formal parametrleriň atlary; Ti(i=1,n)-degişlilikde olaryň görnüşleri; T – F funksiýanyň adynyň görnüşi ýa-da başgaça netijäniň görnüşi; P1, P2, -funksiýanyň göwresini emele getirýän operatorlar. Beýan ediş bölüminde diňe funksiýanyň çäginde ulanylýan 133

130 parametrler we olaryň görnüşleri görkezilýär. Funksiýa özünde hemişelikler bölümini, belgiler bölümini, görnüşler bölümini, üýtgeýän ululyklar bölümini, kömekçi funksiýalary we proseduralary saklap biler. Eger-de formal parametrleriň birnäçesi şol bir görnüşe degişli bolsa, onda olary toparlar, görnüşi diňe bir gezek ýazmaklyga rugsat edilýär. Mysal üçin: FUNCTION FAKT(K1,K2,K3 : INTEGER) : REAL; Funksiýa programmanyň islendik ýerinden ýüzlenmek üçin baha bermek operatorynyň sag tarapyndaky aňlatmada onuň adyny we ýaýyň içinde formal parametrleriň iş ýüzündäki bahalaryny görkezmek ýeterlikdir: F(b1,b2,,bn); bu ýerde, F-funksiýanyň ady; b1,b2,,bn, degişlilikde, q1,q2,,qn formal parametrleriniň iş ýüzündäki bahalary. Formal parametrleri bilen onuň iş ýüzündäki bahalarynyň sany deň bolmaly we olar degişlilikde görnüşleri boýunça gabat gelmeli. Mysal 9.1. n! C m n < n, m N, n m>m!( n m) formula boýunça utgaşmalaryň sanyny hasaplamak üçin programma düzmeli. Faktorial hasaplamagy kömekçi programma funksiýa görnüşinde ýazmaly. Programmanyň kadlary aşakda getirilýär. PROGRAM UTGSANY; USES CRT; VAR CNM : REAL; N,M,L : INTEGER; FUNCTION FACT(K : INTEGER;) : INTEGER; VAR P,I : INTEGER; BEGIN P:=1; 134

131 FOR I:=1 TO K DO P:=P*I; FACT:=P END; BEGIN CNM:=FACT(N)/(FACT(M)*(FACT(N-M)); WRITE( Utgaşmanyň sany=,cnm:8:2); END. Eger-de algoritm ýerine ýetirilenden soň alynýan netije birden köp birnäçe baha bolsa, onda kömekçi programmanyň prosedura görnüşinden peýdalanylýar. Proseduralar umumy görnüşde aşakdaky ýaly ýazylýar: PROCEDURE F(formal parametrleriň sany); BEGIN P1; P2; Pn; END; Bu ýerde, F proseduranyň ady, funksiýanyň adyndan tapawutlanyp, ol bu ýerde hiç-hili baha eýe bolmaýar. Şoňa görä-de, onuň üçin görnüş kesgitlenmeýär. Formal parametrleriň sanawynda prosedura ýüzlenmek üçin gerek bolan parametrler we olaryň görnüşleri görkezilýär. P1,P2,,Pn – bu proseduranyň göwresini emele getirýän operatorlar. Prosedura aşakdaky ýaly ýüzlenilýär. F(b1,b2,,bn); 135

132 Bu ýerde, b1,b2,,bn formal parametrleriň iş ýüzündäki bahalary; edil funksiýadaky ýaly, bu ýerde hem formal parametrler bilen onuň iş ýüzündäki bahalarynyň sany gabat gelmelidir we olar, degişlilikde, şol bir görnüşe degişli bolmalydyr. Prosedura funksiýadan tapawutlanyp, birden köp-birnäçe netijäni dolandyryp, kä ýagdaýlarda bolsa, hiç-hili netijäni dolandyrman hem biler. Meselem: PROGRAM A6; ESES CRT; VAR I: BYTE; PROCEDURE LINIA (N: INTEGER); VAR I: INTEGER; BEGIN CLRSCR; FOR J=1 TO N DO WRITE( – ) END; BEGIN FOR I:=1 TO 6 DO BEGIN LINIA (I); WRITELN; END END. Görnüşi ýaly, bu ýerde her gezek kömekçi programma ýüzlenilende yzyna netijä dolanylmaýar-da, diňe käbir operatorlaryň toplumy ýerine ýetirilýär. Programmada WRITELN operatory her gezek täze setire geçmek üçin hyzmat edýär. Eger-de prosedurada we baş programmada şol bir atly parametrler ulanylýan bolsalar, onda prosedura yglan edilende formal parametrleri görkezmek hökman däl. Funksiýada we prosedurada formal parametrleri islendik tertipde ýerleşdirmek bolar. Bölek programma ýüzlenilen mahalynda formal parametrler nähili tertipde ýerleşdirilen bolsa, olaryň iç ýüzündäki bahalary hem şol tertipde ýerleşdirilen bolmaly. Prosedurada formal parametrleriň iki görnüşi bar: 136

133 baha hökmünde ulanylýan parametrler; üýtgeýän ululyk hökmünde ulanylýan parametrler; Prosedurada bu görnüşleri bir-birinden tapawutlandyrmak zerurdyr. Baha hökmünde ulanylýan parametrler proseduranyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan başlangyç maglumatlaryberlenleri kesgitlemek üçin hyzmat edýärler. Olar formal parametrleriň sanawynda: (q1:t1;q2:t2; ) ýa-da (q1,q2:t; ) görnüşinde ýazylýar. Bu yerde, q1,q2, -parametrleriň bahalary hemişelik, üytgeýän ýa-da aňlatma görnüşde berlip bilner. Adatça, üýtgeýän ululyk hökmünde ulanylýan parametrler prosedura ýerine ýetirilenden soň, alnan netijelere eýe bolmak üçin hyzmat edýärler. Proseduradan alynýan maglumatlar şol ütgeýän ululyklar arkaly esasy programma berilýär. Ütgeýän ululyk hökmünde ulanylýan parametrler formal parametrleriň sanawynda asakdaky görnüşde ýazylýar: ( ; VAR q1 : T1, q2 : T2,, qn : Tn ) ; Bu ýerde, q1, q2,,qn- üýtgeýän ululyk hökmünde ulanylýan parametrleriň atlary; T1, T2,,Tn, degişlilikde olaryň görnüşleri. Rekursiýa TURBO-PASKAL algoritmik dilinde bir kömekçi programmanyň içinde ýene-de şol kömekçi programmanyň özüne ýüzlenmäge rugsat edilýär. Kömekçi programma ýüzlenmekligiň bu görnüşine rekursiw ýüzlenme diýilýär. 137

134 Köplenç matematiki formulalary rekursiýa görnüşde ýazyp bolýar. Mysal üçin, n 1, eger n 0 bolsa, X n 1 X X, eger n 0 bolsa. ýa-da 1, eger n 0 bolsa, n! n ( n 1)!, eger n 0 bolsa. Mysal 9.2. Rekursiw ýüzlenmäni ulanyp, k!-y hasplamak üçin kömekçi programma düzmeli. Çözülişi. FUNCTION FAKTOR ( K: INTEGER-DE ): INTEGER; BEGIN. IF K=1 THEN FAKTOR:=1 ELSE FAKTOR:=FAKTOR ( K-1 ) *K END; Programmanyň islendik ýerinde n! hasaplamak üçin nfaktor:= fakt (n); operatory ýazmak ýeterlikdir. Soraglar we gönükmeler 239. Turbo Paskalda kömekçi programmanyň nähili görnüşleri ulanylýar? 240. Kömekçi programmada formal parametr diýip nämä aýdylýar? 241. Rekursiýa näme? 259. A sanyň üçünji derejesini hasaplaýan we ony B ululyk bilen gaýtaryp berýän ( A -giriş, B -çykyş parametr; iki parametr hem hakyky görnüşli) PowerA 3( A, B) prosedurany beýan etmeli. Bu proseduranyň kömegi bilen berlen bäş sanyň üçünji derejesini hasaplamaly. 138

135 260. A sanyň ikinji, üçünji we dördünji derejesini hasaplaýan we netijäni degişlilikde B, C we D ululyklar bilen yzyna gaýtaryp berýän ( A -giriş, B, C, D -çykyş parametrler; hemme parametrler hem hakyky görnüşli) PowerA 234( A, B, C, D) prosedurany beýan etmeli. Bu proseduranyň kömegi bilen berlen bäş sanyň ikinji, üçünji we dördünji derejelerini hasaplamaly X we Y iki položitel sanyň AMean ( X Y) / 2 orta arifmetiki we GMean X Y orta geometriki bahalaryny hasaplamaga mümkinçilik berýän Mean ( X, Y, AMean, GMean ) ( X we Y giriş, AMean we GMean bolsa hakyky san görnüşli çykyş parametrler ) prosedurany ýazyp beýan etmeli. Bu proseduranyň kömegi bilen berlen A, B, C, D sanlaryň ( A, B ), ( A, C ), ( A, D ) jübütleri üçin orta arifmetiki we orta geometriki bahalary hasaplamaly Deňtaraply üçburçlygyň a tarapy boýunça onuň P 3 a perimetrini we S a 2 3 / 4 meýdanyny hasaplamaga mümkinçilik berýän TrianglePS ( a, P, S) prosedurany ýazyp beýan etmeli. Bu prosedurada a giriş, P we S çykyş parametrler; hemme parametrler hakyky görnüşli. Bu proseduranyň kömegi bilen berlen tarapy boýunça üç sany deňtaraply üçbuçlygyň perimetrini we meýdanyny tapmaly Taraplary koordinata oklary bilen parallel bolan gönüburçlygyň berlen garşylykly taraplarynyň depeleriniň koordinatalary ( x 1, y1, x2, y2) boýunça onuň perimetrini we meýdanyny hasaplaýan RectPS ( x1, y1, x2, y2, P, S prosedura ýazmaly (bu ýerde, x 1, y1, x2, y2 proseduranyň hakyky san görnüşli giriş, P we S bolsa hakyky san görnüşli çykyş parametrleri). Bu prosedurany ulanmak arkaly berlen üç sany gönüburçlygyň garşylykly depeleriniň koordinatalary boýunça onuň perimetrini we meýdanyny hasaplaň. 139

136 264. Bitin položitel K sanyň sifrleriniň sanyny ( C ) we jemini ( S ) tapmaga mümkinçilik berýän DigitCount Sum( K, C, S) prosedurany beýan etmeli (bu ýerde, K bitin görnüşli giriş, C, S bolsa bitin görnüşli çykyş parametrleri). Bu proseduranyň kömegi bilen berlen bäş sany bitin položitel sanyň sifrleriniň sanyny we jemini tapmaly Berlen K bitin položitel sanyň sifrlerini tersine öwürýän InvertDigi ts(k) prosedura ýazmaly. Bu ýerde, K položitel bitin görnüşli parametr bolup, ol birwagtda giriş hemde çykyş parametri bolup durýar. Bu proseduranyň kömegi bilen berlen bäş sany bitin sanlaryň sifrlerini tersine öwürmeli Bitin položitel K sanyň sag tarapyna D sifri goşýan AddRightDi git ( D, K) prosedurany ýazmaly ( D 0-9 aralykda ýatan bitin görnüşli giriş parametr, ) K bolsa birwagtda hem giriş, hem-de çykyş parametri bolan bitin görnüşli ululyk). Bu proseduranyň kömegi bilen berlen K sanyň sag tarapyna D 1 we D 2 sanlary goşmaly. Her bir san goşulandan soň netijäni çapa çykarmaly Bitin položitel K sanyň çep tarapyna D sifri goşýan AddLeftDig it( D, K) prosedurany ýazmaly ( D 1-9 aralykda ýatan bitin görnüşli giriş parametr, ) K bolsa birwagtda hem giriş, hem-de çykyş parametri bolan bitin görnüşli ululyk). Bu proseduranyň kömegi bilen berlen K sanyň sag tarapyna D 1 we D 2 sanlary goşmaly. Her bir san goşulandan soň netijäni çapa çykarmaly X we Y üýtgeýän ululyklaryň bahalaryny çalşyrýan Swap ( X, Y) prosedurany ýazmaly. Bu ýerde X we Y birwagtda giriş we çykyş parametri bolup durýan hakyky san görnüşli ululyklar. Bu kömekçi programmanyň kömegi bilen A, B, C, D üýtgeýän ululyklaryň bahalaryny şeýle yzygiderlikde: A bilen B, C bilen D, B bilen C çalçyrmaly we A, B, C, D ululyklaryň täze bahalaryny çapa çykarmaly Hakyky san görnüşli X we Y ululyklaryň kiçisiniň bahasyny X ululyga, ulysynyň bahasyny bolsa Y 140

137 ululyga dakýan Min max( X, Y) kömekçi programma ýazmaly. Bu ýerede X we Y ululyklar hakyky görnüşli, birwagtda hem giriş, hem-de çykyş parametrler bolup hyzmat edýär. Bu kömekçi programma dört gezek ýüz tutmak bilen A, B, C, D sanlaryň iň kiçisini we iň ulusyny tapmaly A, B, C ululyklaryň bahalaryny ösýän tertipde tertipleşdirýän SortInc 3( A, B, C) kömekçi programmany ýazmaly. Bu proseduradaky A, B, C hakyky san görnüşli parametrler birwagtda giriş hem-de çykyş parametrler bolup durýarlar. Bu kömekçi programmanyň kömegi bilen üç sandan ybarat sanlaryň iki toplumyny: ( A 1, B1, C1) we ( A 2, B2, C2 ) ösýän tertipde ýerleşdirmeli A, B, C ululyklaryň bahalaryny kemelýän tertipde tertipleşdirýän SortDec 3( A, B, C) kömekçi programmany ýazmaly. Bu proseduradaky A, B, C hakyky san görnüşli parametrler birwagtda giriş hem-de çykyş parametrler bolup durýarlar. Bu kömekçi programmanyň kömegi bilen üç sandan ybarat sanlaryň iki toplumyny: ( A 1, B1, C1) we ( A 2, B2, C2 ) kemelýän tertipde ýerleşdirmeli Öz parametrleriniň bahalaryny saga tarap yzygiderli süýşürýän ShiftRight 3( A, B, C) prosedura ýazmaly ( A, B, C parametrler birwagtda giriş hem-de çykyş parametrler bolup durýan hakyky san görnüşli ululyklardyr): A ululygyň bahasy B ululyga, B ululygyň bahasy C ululyga, C ululygyň bahasy bolsa A ululyga ýazylýar. Bu kömekçi programmanyň kömegi bilen üç sandan ybarat bolup durýan iki san toplumynyň ( A 1, B1, C1) we ( A 2, B2, C2 ) elementlerini saga tarap yzygiderli süýşürmeli X hakyky san görnüşli parametri bolan Sign X bitin görnüşli funksiýa ýazmaly. Bu funksiýa X ululygyň bahasyna baglylykda aşakdaky ululyklary gaýdyp bermeli: -1, eger X0 bolsa. 141

138 274. A*x 2 +B*x+C=0 ( A,B,C hakyky parametrli, A 0) kwadrat deňlemäniň kökleriniň sanyny kesgitleýän bitin görnüşli RootCount A,B,C funksiýany ýazmaly. Bu funksiýany ulanyp öz koeffisientleri bilen berlen üç sany kwadrat deňlemäniň her biri üçin onuň kökleriniň sanyny kesgitlemeli. Kwadrat deňlemäniň kökleriniň sany D=B 2-4*A*C diskriminantyň bahasy boýunça kesgitlenilýär R (hakyky görnüşli) radiusly töweregiň meýdanyny hasaplaýan Circle R hakyky görnüşli funksiýany ýazmaly. Bu funksiýany ulanmak arkaly berlen radiuslary boýunça üç sany töweregiň meýdanyny hasaplamaly. R radiusly töweregiň meýdany S= *R 2 formula bilen hasaplanylýar. ululygyň bahasy 3.14-e deň diýip hasaplamaly R1 we R2 radiusly (hakyky görnüşli, özünem R1 > R2), umumy merkezli iki töweregiň arasynda emele gelýän halkanyň meýdanyny hasaplaýan RingS(R1, R2) hakyky görnüşli funksiýa ýazmaly. Bu funksiýanyň kömegi bilen içki we daşky radiuslary berlen üç sany halkanyň meýdanyny hasaplamaly. R radiusly töweregiň meýdanyny hasaplamak üçin: S= *R 2 formuladan peýdalanmaly. ululygyň bahasyny 3.14-e deň diýip hasaplamaly a esasy we a esasyna geçirilen h beýikligi (a we h hakyky san görnüşli ululyklar) bolan deňýanly üçburçlygyň perimetrini hasaplaýan TrangleP(a,h) funksiýany ýazmaly. Bu funksiýanyň kömegi bilen esasy hem-de beýikligi berlen üç sany üçburçlygyň perimetrii hasaplamaly. b gapdal tarapynyň uzynlygyny hasaplamak üçin Pifagoryň teoremasyndan peýdalanmaly: b 2 =(a/2) 2 +h Simwol we setir görnüşli üýtgeýän ululyklar bilen işlemek Turbo Paskalda simwol (char) we setir (string) görnüşli üýtgeýänler bilen işlemeklik hem mümkindir. 142

139 Char görnüşli baha kompýuteriň elipbiýindäki boş bolmadyk, goşa apostrof belgisiniň içine alnan simwoldyr. Mysal üçin,, A, 7 we ş.m. Simwollaryň bu adaty ýazgysyndan başga-da Turbo Paskal simwollary ýazmak üçin ýene-de iki görnüşi ulanylýar. Birinjiden, simwoly onuň ASCII kodynyň kömegi bilen aňlatmak. Bu ýagdaýda simwolyň kodunyň öňünden # belgisi goýulýar. Mysal üçin, # 97 = Chr(97) = a ( a simwol ), # 65 = Chr(65) = A ( A simwol ), # 32 = Chr(32) = (boşluk, probel ), # 0 = Chr(0) (nolunjy simwol ). Ikinjiden bolsa, kodlary 1-den 31-e çenli bolan dolandyryjy simwollar ulanylýar. Olary belgilemek üçin ^ belgi we latyn elipbiýindäki şol nomerli harp (1 26 aralykdaky kodlar üçin) ýa-da kömekçi belgi (27 31 aralykdaky kodlar üçin) ulanylýar. Mysal üçin, ^A = #1 = Chr(1) – kod 1, ^B = #2 = Chr(2) – kod 2. ^ = #26 = Chr(26) – kod 26, ^[ = #27 = Chr(1) – kod 27. ^_ = #31 = Chr(31) – kod 31, şol sanda, ^G ses (7), ^I TAB (kod 9), ^J LF (kod 10), ^M CR (kod 13) we ş.m. Tekstleri gaýtadan işlemek üçin STRING(setir) tipi ulanyiýar. 0l öz gurluşy boýunça simwollaryň birölçegli ARRAY[0.,N] of CHAR massiwine meňzeşdir. Setir görnüşli üýtgeýän ululyklar beýan edilende STRING ýa-da STRING[N] sözler ulanylýar. Bu ýerde N setiriň bolup biljek uzynlygydyr. Eger ol görkezilmedik bolsa N=255 diýip hasap edilýär. Programmada setiriň her bir simwolyna gös-göni ýüzlenip bolýar, Onuň üçin ilki setiriň ady, soňra bolsa dik ýaýlaryň 143

140 içinde şol simwolyň setirdäki tertip nomeri ýazylýar Mysal üçin, s[5], a[23], d[n]. Setirdäki simwollaryň tertip nomeri 0-dan başlanýar. 0- njy simwol setiriň uzynlygyny aňladýar Mysal üçin, S[0] S setiriň uzynlygyny görkezýän simwoldyr. Setiriň uzynlygynda 0-njy simwol hasaba alynmaýar, şonuň üçin setiriň ilkinji simwolynyň nomeri 1 deňdir. Setiriň uzynlygynyň bitin sanda aňladylyşyny almak üçin ord(s[0]) funksiýasyny ulanmalydyr. Bu ýerde ord -funksiýasy simwolyň kodyny kesgitleýär. Simwollaryň üstündäki amallar. Simwollary diňe deňeşdirmek we dakmak (onuň kömegi bilen başga simwola baha bermek) bolýar. Simwollar deňeşdirilende olaryň ASCII kodlary deňeşdirilýär. Eger-de simwollaryň kodlary deň bolsa, onda olar deň hasaplanýar. Eger-de bir simwolyň kody beýlekiniňkiden uly bolsa, onda kody uly simwol uly hasaplanýar: R = R r > R (kod 114 > kod 82). Deňeşdirmek amallary =, >, <> belgileriň kömegi bilen ýazylýar. Her bir simwola Set of Char köplügiň elementi hökmünde seretmek we oňa in amalyny ulanmak bolýar. Mysal üçin, Var Ch:Char;. Ch:= a ; if Ch in [ a.. z ] then. Simwol bahalara we üýtgeýänlere aşakdaky tablisada görkezilen funksiýalar ulanylyp biliner. Funksiýa : görnüşi Chr(X:Byte): Char Ord(C:Char): Byte Ýerine ýetirýän işi ASCII kody X-e deň simwoly berýär C simwolyň ASCII kodyny berýär 144

141 Pred(C:Char):Char Succ(C:Char):Char UpCase(C:Char):Cha r C niň öňündäki simwoly berýär C-niň yzyndaky simwoly berýär a.. z simwollary degişlilikde A.. Z simwollara öwürýär Bellik. 1.Succ(#255) we Pred(#0) bahalar kesgitlenen däldir. 2. UpCase funksiýasy diňe setir latyn harplaryny degişli baş latyn harplaryna öwürýär, galan simwollary öňküsi ýaly goýýar. Setirleriň üstündäki amallar. Setirlere baha bermek, birleşdirmek we deňeşdirmek mümkindir. Setirleri birleşdirmek üçin “+” amaly ulanmak bolýar. Bu amala goşmak diýilýär. “+” amaly iki setiri goşýar, Eger goşulanda alnan täze setiriň uzynlygy setiriň bolup biljek uzynlygyndan uly bolsa, onda onuň artyk bölegi zyňylýar. Setirleri deňeşdirmek setiriň çep tarapky simwolyndan başlap simwollar boýunça amala aşyrylýar. Setirleriň üstünde işlemek üçin aşakdaky tablissadaky görkezilen funksiýalar we proseduralar ulanylýar. Proseduralar we funksiýalar LENGTH(S:String ):Byte CONCAT(S1, S2. Sn:String): String COPY(S:String; Start, Len:Integer):String Delete(Var S:String; Ýerine ýetirýän işi S setiriň uzynlygyny tapýar S1,S2. SN -setirleri goşmak S setiriň Start-nji simwolyndan başlap Len sany simwolynyň copiýasyny alýar S setiriň Start-nji simwolyndan başlap Len sany simwolyny öçürýär 145

142 Start, Len:Integer) Insert(Var S:String; SubS:String;Start:I nteger) Pos(SubS,S:string) :Byte Str( X[:F[:n]]; Var S:String) Val( S:String; Var X; Var ErrCode:Integer) S setiriň Start-nji simwolyndan başlap şol setire SubS setiri goşýar S setiriň içinde SubS setiriň bardygyny barlaýar. Eger-de SubS setir S setiriň içinde bar bolsa, onda onuň S setiriň näçinji simwolyndan başlanýandygyny tapýar, eger SubS setir S setiriň içinde ýok bolsa, onda funksiýa 0 bahany çykarýar. Hakyky ýa-da bitin görnüşli X sany setir görnüşli S üýtgeýän ululyga öwürýär. Bu ýerde, F – sany ýazmak üçin berilýän öýleriň sany, n -sanyň drob bölegine berilýän öýleriň sany. n parametr diňe X hakyky görnüşli bolanda ýazylýar Setir görnüşli S üýtgeýän ululygyň bahasyny san görnüşine öwrüp X üýtgeýän ululygyň öýüne ýazýar. Bu ýerde ErrCode Integer görnüşli üýtgeýän ululyk. Eger öwürmek üstünlikli geçse ErrCode 0-a deň bolýar Eger öwürmek käbir sebäbe görä amala aşmadyk bolsa, onda ErrCode S setirde öwürmeklige päsgel beren ilkinji simwolyň tertip nomerine deň bolýar. X üýtgeýäniň bahasy bu ýagdaýda üýtgemän galýar. Bellik. S setiriň başky simwollarynyň boşluk( probel) bolmagy VAL prosedurasy ýerine ýetirilende ýalňyşlyk döretmeýär, ýöne S setiriň soňky simwollarynyň boşluk bolmagy ýalňyşlyk döredýär. Mysal üçin, Val(‘304, n, k) prosedura dogry ýerine ýetiriler. Netijede, n-iň bahasy 304, k-nyň bahasy bolsa 0 bolar, Val(‘304,n, k) – prosedura ýalňyş bolar. Netijede n-iň bahasy 146

143 üýtgemez, k-nyň bahasy bolsa 4 deň bolar. Mysal Setir berlen. Onuň içinde näçe sany probel belgisiniň bardygyny tapmaly. Çözüişi. Var S:string; n, k,i:integer; begin write( s= ); read(s); n:=length(s); k:==0; for i:=l to n do if s[i]==’ ‘ then k:=k+l; write(‘k=’,k); end. Mysal Kompýuterde gurnalan kod tablissasyny çykarmaly. Çözlüşi. Program KodTabl; Var i:byte; Begin for i:=32 to 255 do write(i, =, chr(i)); end. Mysal Klawiaturadan girizilen simwolyň kodyny tapmaly. Çözlüşi. Program SimKod; Var i:byte; C:Char; Begin write( C= ); read(c); Write(C, simwolyň kody=, Ord(C)); 147

144 end. Soraglar we gönükmeler 278. Simwollaryň üstünde nähili amallar geçirilýär? 279. Setiriň uzynlygyny haýsy funksiýa kesgitleýär? 280. Bir setiriň içinde başga bir setiriň bardygy haýsy prosedura barlaýar? 281. C simwol berlipdir. Onuň kodyny(ýagny onuň kod tablisasasyndaky nomerini) çapa çykarmaly N bitin san berlipdir (32 N 126). Kody N-e deň bolan simwoly çapa çykarmaly C simwol berlipdir. Kod tablisasynda bu simwoluň öňünden we soňundan gelýän simwollary çapa çykarmaly N bitin san berlipdir (1 N 26). Latyn elipbiýiniň ilkinji N uly (baş) harplaryny çapa çykarmaly N bitin san berlipdir (1 N 26). Kiçi latyn harplarynyň iň soňky N sanysyny (z harpyndan başlap) çapa çykarmaly Latyn harpy ýa-da san bolan C simwol berlipdir. Eger C simwol sany görkezýän bolsa onda san sözüni, harpy görkezýän bolsa onda harp sözüni çapa çykarmaly Boş bolmadyk bir setir berlipdir. Ol setiriň ilkinji hem-de iň soňky simwollarynyň kodlaryny çapa çykarmaly N (N>0) bitin san we C simwol berlipdir. Diňe C simwoldan ybarat bolan, uzynlygy N-e deň bolan setiri çapa çykarmaly N (N>0) bitin, jübüt san we C1 hem-de C2 simwollar berlipdir. Uzynlygy N-e deň bolan, C1 simwoldan başlap C1 hem-de C2 simwollar gezekleşip gelýän setiri çapa çykarmaly Setir berlipdir. Simwollary ters tertipde ýerleşýän setiri çapa çykarmaly. 148

145 291. Boş bolmadyk S setir berlipdir. C setiriň simwollaryndan ybarat, ýöne aralarynda bir boşluk goýulyp ýazylan setiri çapa çykarmaly Boş bolmadyk S setir we položitel bitin N san berlipdir. S setiriň her bir simwolynyň arasyna N sany * (ýyldyzjyk) goýulyp ýazylan setiri çapa çykarmaly Setir berlipdir. Ondaky sifrleriň mukdaryny tapyň Setir berlipdir. Ol setirdäki uly latyn harplarynyň mukdaryny tapmaly Setir berlipdir. Ol setirdäki kiçi latyn harplarynyň mukdaryny tapmaly C simwol we S setir berlipdir. C simwolyň S setire her bir girmesini iki esse artdyrmaly. Mysal üçin: ABCD ABCCD Arasy bir ýa-da birnäçe boşluk bilen bölünen, latyn harplaryndan düzülen sözlerden ybarat setir berlipdir. Setirdäki sözleriň sanyny kesgitlemeli Arasy bir ýa-da birnäçe boşluk bilen bölünen, uly latyn harplaryndan düzülen sözlerden ybarat setir berlipdir. Şol bir harp bilen başlanýan we tamamlanýan sözleriň sanyny kesgitlemeli Arasy bir ýa-da birnäçe boşluk bilen bölünen, uly latyn harplaryndan düzülen sözlerden ybarat setir berlipdir. Iň bolmanda bir A harpyny saklaýan sözleriň sanyny kesgitlemeli Arasy bir ýa-da birnäçe boşluk bilen bölünen, uly latyn harplaryndan düzülen sözlerden ybarat setir berlipdir. Takyk üç sany A harpyny saklaýan sözleriň sanyny kesgitlemeli. 149

146 3.11. Turbo Paskalyň grafiki mümükinçilikleri Graph moduly, dürli şekilleri çyzmak Graph moduly ekrana şekilleri çykarmak üçin ulanylýan serişdeleri saklaýar. Modulda jemi 50-den gowrak funsiýalar we proseduralar bardyr. Turbo Paskal işe göýberilende ekran tekst kadasynda açylýar. Şonuň üçin kompýuteriň grafiki mümkinçiliklerini ulanýan islendik programma displeý adapteriniň grafiki iş kadasyny gurnamalydyr. Grafiki proseduralary anyk adapter bilen işlemek üçin sazlamak daşky draýwerleriň kömegi bilen amala aşyrylýar. Draýwer munuň özi personal kompýuteriň tehniki serişdesini dolandyrýan programmadyr. Grafiki draýwer displeý adapterini grafiki kadada dolandyrýar. Grafiki draýwerler diskde BGI (Borland Graphics Interface iňlis sözünden alynýar) bukjada (katalogda) BGI giňeltmeli faýllar görnüşinde saklanýarlar. Mysal üçin, CGA.BGI – CGA adapter üçin draýwer, EGAVGA.BGI EGA we VGA adapterler üçin draýwer we ş.m. Häzirki wagtda öndürilýän personal kompýuterler IBM firmasy tarapyndan işlenip taýynlanan adapterler ýa-da şolar bilen kybapdaş adapterler bilen enjamlaşdyrylýar. Olaryň ählisi grafiki kadada işläp bilýändirler. Bu kadada displeýiň ekrany bir-birine örän golaý ýerleşen nokatlaryň pikselleriň toplumy hökmünde seredilýär. Ol nokatlaryň her biriniň belli bir reňkli şöhlelenmegini programma tarapyndan dolandyrmak bolýar. Anyk adapteriň grafiki mümkinçilikleri ekranyň mümkinçilikleri bilen kesgitlenýär, başgaça aýdanda pikselleriň umumy sany, şeýle hem olaryň islendiginiň şöhlelenip biljek reňkleriniň umumy sany bilen kesgitlenýär. Ondan başgada köp adapterleriň birnäçe grafiki sahypa bilen işlemek mümkinçilikleri bardyr. Grafiki sahypa diýip operatiw huşuň ekranyň kartasyny döretmek üçin ulanylýan oblastyna (başgaça aýdanda operatiw huşuň ekranyň her bir pikseliň 150

147 reňki baradaky maglumaty saklaýan oblastyna) aýdylýar. Aşakda has köp ýaýran adapterleriň grafiki iş kadalarynyň gysgaça häsiýetnamalary getirilýär. CGA (Color Graphics Adapter reňkli grafiki adapter) adapteriň 5 sany grafiki kadasy bardyr. Olardan 4 kada ekranyň pes ygtyýarlyk mümkinçiligine laýyk gelýär(keseligine 320 piksel, dikligine 200 piksel, b.a. 320×200) we diňe ulanylýan reňkleriň toplumy palitrasy bilen tapawutlanýarlar. Her bir palitra 3 reňkden durýar, a şöhlelenmeýän pikselleriň gara reňki hem hasaba alynanda bolsa 4 reňkden ybaratdyr: palitra 0 (ýagty ýaşyl, gülgüne, sary), palitra 1 (ýagty mawy, gyrmyzy, ak), palitra 2 (ýaşyl, gyzyl, mele) we palitra 3 (mawy, syýareňk, ýagty-çal). 5-nji kada ýokary 640×200 ygtyýarlyga laýyk gelýär, ýöne bu ýagdaýda her bir piksel öň saýlanan haýsy hem bolsa bir we ähli pikseller üçin meňzeş bolan reňk bilen şöhlelenip, ýa-da hiç hili şöhlelenmän biler. Başgaça aýdanda, 5-nji kadanyň palitrasynda diňe iki sany reňk bardyr. Grafiki kadada CGA adapteri diňe bir sahypany ulanýar. EGA (Enhanced Graphics Adapter güýçlendirilen grafiki adapter) adapteri CGA adapteriň grafiki kadalaryny doly goldaýar. Ondan başgada pes ygtyýarlykly (640×200, 16 reňk, 4 sahypa) we ýokary ygtyýarlykly (640×350, 16 reňk, 1 sahypa) kadalary bardyr. EGA adapteriniň käbir görnüşlerinde monohrom kadasy (640×350, 1 sahypa, 2 reňk) hem ulanylýandyr. MCGA (Multi-Color Graphics Adapter köpreňkli grafiki adapter) CGA adapter bilen sygyşýandyr we ýenede bir kada (640×480, 2 reňk, 1 sahypa) eýedir. VGA (Video Graphics Adapter grafiki video adapter) adapteri CGA we EGA adapterleriň kadalaryny goldaýandyr we ondan başgada ýokary ygtyýarlykly kada (640×480, 16 reňk, 1 sahypa) eýedir. SVGA (Super Video Graphics Adapter super grafiki video adapter) adapteri 800×600 we ondan hem ýokary ygtyýarlygy, 256 we ondan hem köp reňki ulanýan adapterdir. 151

148 Ýöne Turbo Pascal 7.0 da bu adapteriň draýweri ýokdur.onuň üçin EGAVGA.BGI draýwerini ulanmaly bolýar. Indi bolsa wideoadapteri grafiki kadada işlemäge taýynlaýan we soň ony dolandyrýan proseduralara seredip geçeliň. InitGraph prosedurasy. Bu prosedura adapteriň grafiki iş kadasyny gurnaýar. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure InitGraph (var Driver, Mode: Integer; Path : String); Bu ýerde Driver grafiki draýweriň tipini kesgitleýän Integer görnüşli üýtgeýän ululyk; Mode – grafiki adapteriň iş kadasyny kesgitleýär; Path – draýweriň faýlynyň adyny(kähalatlarda faýlyň doly marşrutyny) saklaýan setir görnüşli üýtgeýän ululykdyr. Prosedura çagyrylmazyndan öň kompýuterdäki diskleriň birinde gerekli grafiki draýweri saklaýan faýl bolmalydyr. InitGraph prosedurasy bu draýweri operatiw huşa ýükleýär we adapteri grafiki iş kadasyna geçirýär.draýweriň tipi grafiki adapteriň tipine laýyk gelmelidir. Draýweriň tipini we grafiki adapteriň iş kadasyny kesgitlemek üçin Graph modulynda ýörite hemişelikler kesgitlenendir. Eger personal kompýuteriň adapteriniň tipi näbelli bolsa ýa-da programma islendik adapter bilen işlemägä niýetlenen bolsa, onda InitGraph prosedurasyna ýüzlenmekligi aşakdaky görnüşde ýazmak maslahat berilýär: Driver:=Detect; InitGraph(Driver, Mode, C:\TP\BGI ); CloseGraph prosedurasy. Bu prosedura adapteriň grafiki iş kadasyny ýatyrýar we ekranyň tekst iş kadasyny dikeldýär. Prosedura parametrsiz çagyrylýar: CloseGraph; 152

149 Soraglar we gönükmeler 301. InitGraph prosedurasy nähili işi ýerine ýetirýär? 302. Grafiki draýweriň tipini awtomatiki usulda kesgitlemek üçin nähili hemişelik ulanylýar? 303. Turbo Paskalyň grafiki draýwerleri adatça haýsy bukjada(katalogda) saklanýar? 304. Haýsy prosedura adapteriň grafiki iş kadasyny ýatyrýar? 305. Grafiki draýwer D:\TP\BGI salgyda ýerleşýän ýagdaýy üçin InitGraph prosedurasyny ýazmaly Ekrany grafiki kadada açyp, soň ony ýapyp tekst kada geçýän programma ýazmaly Geometriki obýektler we tekst maglumatlary bilen işlemek üçin proseduralar Koordinatalar Adapteriň grafiki iş kadasynda ekran piksellerden durýar. Ekrandaky nokadyň kordinatalary ýokarky çep burça görä alynýar. Ekranyň iň ýokarky çep burçynyň koordinatalary (0,0) diýip hasaplanýar. Nokadyň birinji koordinatasy onuň kese koordinatasyny, ikinji koordinatasy bolsa, dik koordinatasyny aňladýar. GetMaxX we GetMaxY funksiýalary. Bu funksiýalar Word görnüşli bahany alýarlar we degişlilikde ekranyň maksimal kese we maksimal dik koordinatasyny görkezýarler. GetX we GetY funksiýalary. Bu funksiýalar Integer görnüşli bahany alýarlar we degişlilikde görkezijiniň duran ýeriniň kese we dik koordinatasyny görkezýarler. MoveTo prosedurasy. Görkezijini görkezilen nokada geçirýär. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure MoveTo(X,Y:Integer); 153

150 Bu ýerde, X,Y görkezijiniň geçmeli ýeriniň koordinatalary. MoveRel prosedurasy. Görkezijini öňki duran ýerine görä täze nokada geçirýär. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure MoveRel(DX,DY:Integer); Bu ýerde, DX,DY koordinatalara berilýän artdyrma. ClearDevice prosedurasy. Grafiki ekrany arassalaýar. Prosedura ýüzlenilenden soň görkeziji (0,0) nokada geçýär, ekran bolsa fonyň reňki bilen reňklenýär. Fonuň reňki bolsa SetBkColor prosedurasynyň kömegi bilen kesgitlenýär. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure ClearDevice; Çyzyklar,nokatlar, köpburçluklar, dugalar, töwerekler we ellipsler PutPixel prosedurasy. Bu prosedura berlen koordinatalar boýunça berlen reňkli nokady ekrana çykarýar. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure PutPixel(X,Y:Integer; Color :Word); GetPixel funksiýasy. Bu funksiýa berlen koordinatalarda ýerleşýän nokadyň reňkini berýär. Funksiýanyň sözbaşysy: Function GetPixel(X,Y:Integer) :Word; Line prosedurasy. Bu prosedura başynyň we soňunyň berlen koordinatalary boýunça çyzygy ekrana çykarýar. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure Line(X1,Y1, X2,Y2:Integer); LineTo prosedurasy. Bu prosedura görkezijiniň öňki duran ýerinden başlanýan we koordinatalary berlen nokatda gutarýan çyzygy ekrana çykarýar. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure LineTo(X,Y:Integer); LineRel prosedurasy. Bu prosedura görkezijiniň öňki duran ýerinden başlanýan we gutarýan ýeriniň koordinatalary 154

151 berlen artdyrmalara görä kesgitlenýän çyzygy ekrana çykarýar. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure LineRel(DX,DY:Integer); Rectangle prosedurasy. Bu prosedura depeleriniň berlen koordinatalary boýunça gönüburçlyk gurýar. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure Rectangle(X1,Y1,X2,Y2: Integer); Bu ýerde (X1,Y1) gönüburçlugyň ýokarky çep depesiniň koordinatalary, (X2,Y2) gönüburçlugyň aşaky sag depesiniň koordinatalary. Circle prosedurasy. Bu prosedura töwerek gurýar. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure Circle(X,Y: Integer;R:Word); Bu ýerde, (X,Y) töweregiň merkeziniň koordinatalary, R töweregiň radiusy. Arc prosedurasy. Bu prosedura töweregiň dugasyny gurýar. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure Arc(X,Y: Integer;BegA,EndA,R:Word); Bu ýerde, (X,Y) merkeziniň koordinatalary, BegA,EndA – duganyň başlangyç we gutarýan burçy, R radius. Burçlar sagat strelkasy Ellipse prosedurasy. Bu prosedura ellipsiň dugasyny gurýar. Proseduranyň sözbaşysy: Procedure Ellipse(X,Y: Integer;BegA,EndA,RX,RY:Word); Bu ýerde, (X,Y) merkeziniň koordinatalary, BegA,EndA – duganyň başlangyç we gutarýan burçy, RX,RY degişlilikde ellipsiň kese we dik radyuslarynyň pikseldäki bahalary. Aşakdaky programma ekranyň diagonallaryny çyzar. Uses Graph; Var gd,gm:integer; begin gd:=detect; InitGraph(gd,gm,’D:\TP\BGI’); 155

152 Line(0,0,GetmaxX,GetMaxy); Line(0,GetMaxy,GetmaxX,0); readln; closegraph; end. Reňkler we palitra. SetColor prosedurasy. Bu prosedura çykarylýan çyzyklaryň we simwollaryň reňkini kesgitleýär. Sözbaşysy: Procedure SetColor(Color:Word); Bu ýerde, Color reňkiň nomeri ýa-da ady. Graph modulynda reňki görkezmek üçin hemişelikler kesgitlenendir. GetColor funksiýasy. Bu funksiýa häzir ulanylýan reňki görkezýän kody berýär. Sözbaşysy: Function GetColor:Word; GetMaxColor funksiýasy. Bu funksiýa SetColor prosedurasyna ýüzlenilende ulanyp bolýan reňkleriň iň uly kodyny berýär. Sözbaşysy: Function GetMaxColor:Word; SetBkColor prosedurasy. Bu prosedura fonuň reňkini kesgitleýär. Sözbaşysy: Procedure SetBkColor(Color:Word); Bu ýerde, Color fonuň reňki. GetBkColor funksiýasy. Bu prosedura fonuň häzirki reňkini görkezýär. Sözbaşysy: Function GetBkColor:Word; SetPalette prosedurasy. Bu prosedura palitradaky reňkleriň birini täze reňk bilen çalyşýar. Sözbaşysy: Procedure SetPalette(N:Word; Color:ShortInt); 156

153 Bu ýerde, N reňkiň palitradaky nomeri; Color täze goýulýan reňkiň nomeri. Bu prosedura diňe EGA ýa-da VGA adapterleri bilen işläp bilýändir. Ol IBM8514 ýa-da VGA-nyň 256 reňkli görnüşi bilen işläp bilýän däldir. Bu adapterler üçin SetGBPalette prosedurasyny ulanmalydyr. EGA/VGA palitradaky reňkleriň başlangyç ýerleşişi olaryň Black. White hemişelikleriň kesgitlenişindäki yzygyderligine laýyk gelýär, başgaça aýdanda, 0 gara, 1 gök, 2 ýaşyl we ş.m. SetPalette prosedurasy ulanylandan soň suratdaky ähli N nomerli reňk bilen reňklenen bölekler Color reňki alar. Mysal üçin, SetPalette(2, White) operatory ýerine ýetirilenden soň 2-nji nomerli reňk ak reňk bilen çalşylar. Nomeri 0-a deň bolan reňk fonyň reňki bilen bir hasap edilýär we edil beýleki reňkleriň çalyşylyşy ýaly çalyşylyp biliner. GetPaletteSize funksiýasy. Bu funksiýa palitranyň ölçegini(elýeterli bolan reňkleriň maksimal sanyny görkezýän bahany çykarýar. Sözbaşysy: Function GetPaletteSize:Integer; Ekranyň bölegini reňklemek doldurmak SetFillStyle prosedurasy. Bu prosedura ekranyň bölegini doldurmagyň stilini (tipini we reňkini ) kesgitleýär. Sözbaşysy: Procedure SetFillStyle(Fill, Color : Word); Bu ýerde, Fill doldurmagyň görnüşi, Color reňkiň ady ýada nomeri. Doldurmagyň görnüşi aşakdaky san bahalaryň biri bilen kesgitlenip bilner: const EmptyFill =0; SolidFill =1; 157

154 LineFill =2; < görnüşli çyzyklar bilen doldurmak >LtSlashFill =3; < ///// görnüşli çyzyklar bilen doldurmak >SlashFill =4; < ///// görnüşli ýögyn çyzyklar bilen doldurmak>BkSlashFill =5; < \\\\\ görnüşli ýogyn çyzyklar bilen doldurmak>LtSlashFill =6; < \\\\\ görnüşli çyzyklar bilen doldurmak >HatchFill =7; < ++++ görnüşli çyzyklar bilen doldurmak >XHatchFill =8; < xxxxx görnüşli çyzyklar bilen doldurmak >InterleaveFill =9; < göniburçly öýjükler bilen doldurmak >WideDotFill =10; < seýrek nokatlar bilen doldurmak >CloseDotFill =11; < ýygy nokatlar bilen doldurmak >UserFill =12; < Keşte ulanyjy tarapyndan saýlanýar >FloodFill prosedurasy. Bu prosedura ekranyň çyzyk bilen ýapyk islendik bölegini edil şu wagt ulanylýan doldurmagyň stilini ulanyp reňklemäge mümkinçilik berýär. Sözbaşysy: Procedure FloodFill(X,Y :Integer; Border : Word); Bu ýerde, X,Y ýapyk figuranyň içindäki islendik nokadyň koordinatalary, Border araçäk bolýan çyzygyň reňki. Bar prosedurasy. Bu prosedura ekranyň göniburçluk bilen çäklenen bölegini doldurýar. Sözbaşysy: Procedure Bar(X1,Y1, X2,Y2 :Integer); Bu ýerde, X1,Y1 göniburçlugyň ýokarky çep depesiniň, X2,Y2 bolsa göniburçlugyň aşaky sag depesiniň koordinatalarydyr. Bu prosedura gönüburçlugy SetFillStyle prosedurasy bilen saýlanan stilde doldurýar. Bar3D prosedurasy. Bu prosedura parallelepipediň üçölçegli şekilini gurýar we onuň öň tarapyny reňkleýär. Sözbaşysy: Procedure Bar3D(X1,Y1, X2,Y2, Depth :Integer; Top :Boolean); Bu ýerde, X1,Y1 parallelepipediň öň tarapky granynyň ýokarky çep depesiniň, X2,Y2 bolsa öň tarapky granynyň 158

155 aşaky sag depesiniň koordinatalaryny, Deph üçölçegli şekiliň pikseldäki üçinji ölçegini (çuňlugyny), Top ýokarky granynyň şekillendirilişiniň usuly. Eger Top parametr True bahany alýan bolsa, onda ýokarky gran çyzylýar, a tersine bolsa çyzylmaýar. FillEllipse prosedurasy. Bu prosedura ellipsi çyzýar we ony reňkleýär. Sözbaşysy: Procedure FillEllipse (X,Y, RX,RY :Integer); Bu ýerde, X,Y ellipsiň merkeziniň koordinatalary, Rx, RY bolsa, ellipsiň kese we dik radiuslarynyň uzynlyklary (pikselde). Ellipsiň özi SetLineStyle we SetColor proseduralary tarapyndan kesgitlenen stil boýunça çyzylýar, onuň içi bolsa SetFillStyle prosedurasy tarapyndan kesgitlenen stil boýunça boýalýar. Sector prosedurasy. Ellips sektoryny çyzýar we ony reňkleýär. Sözbaşysy: Procedure Sector (X,Y:Integer; BegA,EndA, RX,RY :Word); Bu ýerde, X,Y ellipsiň merkeziniň koordinatalary, Rx, RY bolsa ellipsiň kese we dik radiuslarynyň uzynlygy(pikselde). BegA we EndA ellipsiň sektorynyň başlanýan we gutarýan burçlarydyr. PieSlice prosedurasy. Tegelek sektory çyzýar we ony reňkleýär. Sözbaşysy: Procedure PieSlice (X,Y:Integer; BegA,EndA, R :Word); Bu ýerde, X,Y tegelegiň merkeziniň koordinatalary, R radiusynyň uzynlygy(pikselde). BegA we EndA tegelek sektorynyň başlanýan we gutarýan burçlarydyr. 159

156 Grafiki ekrana teksti çykarmak OutText prosedurasy. Bu prosedura görkezijiniň duran ýerinden başlap tekst setirini çykarýar. Sözbaşysy: Procedure OutText (Txt:String); Bu ýerde, Txt çap edilýän setir. OutTextXY prosedurasy. Bu prosedura görkezilen ýerden başlap tekst setirini çykarýar. Sözbaşysy: Procedure OutTextXY (X,Y:Integer; Txt:String); Bu ýerde, X,Y çap edilmeli ýeriň koordinatalary, Txt çap edilýän setir. SetTextStyle prosedurasy. Bu prosedura grafiki ekrana tekst çykarmagyň stilini gurnaýar. Sözbaşysy: Procedure SetTextStyle (Font, Direct, Size:Word); Bu ýerde, Font şriftiň kody(nomeri); Direct ýazylyş ugurynyň kody, Size şriftiň ölçeginiň kody. Şriftiň kodyny görkezmek üçin Graph modulynda kesgitlenen aşakdaky hemişelikleri ulanmak bolýar: Const DefaultFont =0; TriplexFont =1; SmallFont =2; SansSerifFont =3; GothicFont =4; Tekstiň ugruny görkezmek üçin aşakdaky hemişelikleri ulanmak mümkin: Const HorizDir =0; VertDir =1; 160

157 Size parametri 1-den 10-a çenli aralykdan bitin bahany alyp bilýär. SetTextJustify prosedurasy. Bu prosedura görkezijiniň ýerleşýän ýerine görä teksti nähili deňlemelidigini kesgitleýär. Sözbaşysy: Procedure SetTextJustify(Horiz,Vert:Word); Bu ýerde, Horiz kese deňlemegiň, Vert dik deňlemegiň şertlerini görkezýär. SetTextJustify prosedurasynyň parametrleri hökmünde aşakdaky hemişelikleri ulanmak bolýar: const LeftText =0; CenterText=1; RidhtText =2; < Görkeziji tekstden sagda >BottomText =0; < Görkeziji tekstden aşakda >TopText =2; < Görkeziji tekstden ýokarda >Aşakdaky programma dürli şriftleri görkezýär: Uses Graph, CRT; const FontNames: array [1..10] of String [4] =( TRIP, LITT, SANS, GOTH, SCRI, SIMP, TSCR, LCOM, EURO, BOLD ) ; Tabl:= 50; Tab2 := 150; Tab3 :=220; var d,r,err; Y,dY, Size, MaxFont,k: Integer; NT,SizeT,Sy mbt: String; c: Char; Procedure 161

158 OutTextWith Tab(S1/S2,S 3,S4:String) ; begin MoveTo( (Tabl-TextWidth(S1) ) div2,y); OutText(S1) ; MoveTo(Tab1+(Tab2-Tab1-TextWidth(S2)) div 2,Y); OutText(S2); MoveTo(Tab2+(Tab3-Tab2-TextWidth(S3)) div 2,Y) ; OutText(S3) ; if S4==’Symbols then MoveTo((Tab3+GetMaxX-TextWidth(S4) ) div2,y) else MoveTo(Tab3+3,Y) ; O utte xt(s4 ) end; begin InitGraph(d,r, ) ; Err := GraphResult; if Err<>grOk then WriteLn(GraphErrorMsg( Err)) else begin MaxFont:=10; MaxFont := 4; SetTex tstyle( 1,0,4); Y := 0; 162

159 OutTextWithTab( N, Name, Size, Symbols ) ; y := 4*TextHeight( Z ) div 3; Line(0,Y,GetMaxX,Y) ; Y := 3*TextHeight( Z ) div 2; dy := (GetMaxY-Y) div (MaxFont); SymbT := ‘ ‘ ; for c := a to z do SymbT := SymbT+c; for k := 1 to MaxFont do begin Size := 0; repeat inc(size) ; SetTextStyle(k,0,Size+1); until (TextHeight (‘Z’)>=dY) or (Size=10) or (TextWidth(FontNames[k])> (Tab2- Tab1)); Str(k,NT); STR(Size,SizeT) ; SetTextStyle(k,HorizDir,Siz); OutTextWithTab(NT,FontNames[k],SizeT,SymbT) ; inc(y,dy) end; Rectangle(0,0,GetMaxX,GetMaxY) ; Line(Tabl,0,Tabl,GetMaxY) ; Line(Tab2,0,Tab2,GetMaxY); Line(Tab3,0,Tab3,GetMaxY); ReadLn; CloseGraph end end. Soraglar we gönükmeler 307. Adapteriň grafiki iş kadasynda pikselleriň koordinatasy nähili kesgitlenýär? 308. Grafiki şekilleri gurmak nähili proseduralar ulanylýar. 163

160 309. Nokatlary we oblastlary reňklemek üçin haýsy proseduralar we funksiýalar ulanylýar? 310. Adapteriň grafiki iş kadasynda ekranyň aşaky sag burçundaky nokadyň koordinatalaryny kesgitlemeli Ekranda dürli şekilleri çykarmaly Jaýyň suratyny çekmeli Programmalaşdyrmakda köplükleri we ýazgylary ulanmak Köplükler Köplük diýlende bir bitewi zat hökmünde seredip bolýan şol bir häsiýet, şol bir nyşan ýa-da nyşanlar boýunça ýygnalan obýektleriň toplumuna düşünilýär. Meselem, 1-den 99-a çenli yzygider gelýän ähli jübüt sanlaryň köplügi; türkmen diliniň elipbiýine girýän ähli çekimli harplaryň köplügi we ş.m Köplügiň elementleri kwadrat skobkanyň içinde ýazylýar. Meselem, [ A, B, C ] ýazgy elementleri CHAR tipe degişli bolan köplügi aňladýar, [-3, 1, 3, 5] ýazgy elementleri INTEGER tipe degişli bolan köplükdir, [FALSE, TRUE] ýazgy elementleri BOOLEAN tipe degişli bolan köplükdir, [1..100] ýazgy elementleri çäklendirilen tipe degişli bolan köplügi aňladýar we ş.m. Hiç bir elementi bolmadyk köplüge boş köplük diýilýar we ol TURBO-PASKAL-da [ ] görnüşde bellenilýär. Boş köplük islendik köplügiň bölek köplügidir. Baha hökmünde diňe köplükleri kabul edip bilýän üýtgeýän ululyklar aşakdaky ýaly yglan edilýär: TYPE 164

161 =set OF ; VAR : < tipiň ady>; ýa-da başgaça, göniden-göni üýtgeýän ululyklar bölüminde hem yglan etmek mümkin: VAR : SET OF ; Meselem, VAR X:SET OF 1..3; yazgy X üýtgeýän ululygyň diňe elementleri 1..3 interwaldan bolan köplüklere eýe bolup bilýändigini aňladýar. Bu ýerde, X üýtgeýän ululygy köplügiň islendik bölek köplügine eýe bolup bilýär. Ýagny, X üýtgeýän ululyk aşakdaky köplükde kesgitlenen: <, , , , , , , < >>. Köplük yglan edilende elementleriň INTEGER, BYTE, BOOLEAN, CHAR tiplerini we standart däl skalýar tipleri ulanyp bolýar. Meselem, VAR A,B:SET OF 0..49; HARP:SET OF CHAR; X:SET OF(MART,APREL,MAY); [ ] boş köplük bu tipleriň islendigine degişli edip bolýan ýeke-täk köplükdir. Eger köplük[e1..e2] görnüşde berlip, e1>e2 bolsa, onda ol köplük boş köplük hasap edilýär. Meselem, [35..-1] ýa-da [ m.. s ] boş köplüklerdir. Edil matematikadaky ýaly, TURBO-PASKAL algoritmik dilinde hem köplükleriň üstünde kesişme, birleşme, tapawut alamatlaryny ýerine ýetirip bolýar. Bu amallar degişlilikde *, +, we – simwollar bilen bellenýär. Meselem, VAR 165

162 A,B,X,Y,Z : SET OF INTEGER; BEGIN X:=A*B; Y:=A+B; Z:=A-B; operatorlary ýerine ýetenlerinde X üýtgeýän ululyk şol bir wagtda A we B köplükleriň ikisinde hem bar bolan elementlerden düzülen köplüge eýe bolýar. Y – üýtgeýän ululyk A we B köplükleriň iň bolmanda birine degişli bolan elementlerden durýan köplüge eýe bolýar; Z-üýtgeýän ululyk bolsa, A köplügiň B köplükde bar bolmadyk elementlerinden durýan köplüge eýe bolýar. Bu ýerde, A we B şol bir tipe degişli bolan köplükler bolmaly. Köplügiň üstünden bu amallardan başga-da, bäş sany logiki amaly hem ýerine ýetirmek mümkindir: 1) = ; 2) <> ; 3) = ; 5) IN ; Bu belgiler, degişlilikde, ” “,” “,” “,” “,” ” belgileri aňladýarlar. Goý A we B şol bir tipe degişli bolan köplükler bolsun. Onda A=B logiki aňlatma TRUE baha eýe bolýar, haçanda bu köplükler şol bir elementlerden duran bolsa, beýleki ýagdaýlarda FALSE baha eýedir; A<>B – logiki aňlatma TRUE baha eýe bolýär, haçanda A we B köplükler deň gelmese, beýleki ýagdaýlarda FALSE baha eýe bolýar. A=B – logiki aňlatma, TRUE baha eýe, haçanda A köplük özünde B köplügi saklaýan bolsa, beýleki ýagdaýlarda FALSE baha eýedir; X IN Y logiki aňlatma TRUE bahany kabul edýär, haçanda X element S köplüge degişli bolsa, eger-de X element S köplükde ýök bolsa onda FALSE bahany kabul edýär. Mysal üçin, goý 166

164 K:=K+1; LATHARPY:=[ a.. z ]; k:=0; READ(TEKST); FOR I:=1 TO LENGTH(TEKST) DO BEGIN SIMWOL:=TEKST[I]; IF SIMWOL IN LATHARPY THEN END; WRITE( K=,K); END. Mysal aralykdan bolan tötänleýin sanlardan köplük düzýän, köplügiň elementlerini we olaryň sanyny çapa çykarýa programma düzmeli. Çözülişi. PROGRAM MYSAL_2; USES CRT; VAR ELEMENT : ; I,K : INTEGER; KOPLUK : SET OF 1..25; BEGIN CLRSCR; KOPLUK:=[ ]; RANDOMIZE; FOR I:=1 TO 8 DO BEGIN ELEMENT:=RANDOM(24)+1; KOPLUK:=KOPLUK+[ELEMENT] END; K:=0; FOR I:=1 TO 25 DO IF I IN KOPLUK THEN BEGIN WRITE(I, :5); K:=K+1; END; WRITE( K=,K); END. Netijeler: a) k=8 168

166 end; end. Ýazgylar Belli boluşy ýaly, massiw diýlende şol bir tipden bolan üýtgeýän ululyklaryň toplumyna düşünilýär. Ýazgy – bu massiwden tapawutlanyp, dürli tipden bolan üýtgeýän ululyklaryň toplumydyr. Şoňa göräde, oňa başgaça, kombinirlenen – garyşyk tip hem diýilýär. Ýazgylar tipler hökmünde aşakdaky ýaly yglan edilýär: TYPE P=RECORD A1:T1; A2:T2; ; An:Tn END; Bu ýerde, P-ýazgynyň ady; A1,A2,,An – ýazgyny düzýän meýdançalaryň atlary; T1,T2,,Tn bolsa, degişlilikde, A1,A2,,An meýdançalaryň tipleri. Mysal Synpdaky okuwçylaryň doglan günlerini ýazgy tipiniň üsti bilen kesgitleýän programmany düzmeli. Çözülişi. TYPE DATE=RECORD DOGLAY : 1..12; DOGLGUN : 1..31; DOGLGYL : INTEGER; END; VAR X : DATE; Görnüşi ýaly, bu ýerde, DATE atly ýazgy DOGLAY, DOGLGN, DOGLYL diýip atlandyrylýan üç sany meýdançadan ybarat bolup, olar, degişlilikde, 1..12, çäklendirilen tiplere we INTEGER tipe degişlidirler. X : DATE; 170

167 diýen ýazgy X üýtgeýän ululyga synpdaky islendik okuwçynyň doglan güni baradaky maglumatlary (doglan güni, aýy we ýyly) eýe edip bolýandygyny aňladýar. Mysal üçin, X üýtgeýän ululygy 1993-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 19-y diýen maglumata eýe etmek üçin: X.DOGLAY:=8; X.DOGLGN:=19; X.DOGLYL:=1993; baha bermek operatorlaryny ýerine ýetirmeli. Mysal Awtoulagyň belgisiniň, kysymynyň, eýesiniň familiýasynyň we onuň öý salgysynyň ýazgysynyň tipini kesgitleýän programma düzmeli. Çözülişi. TYPE AWTOULAG = RECORD NOMER : INTEGER; KYSYM : STRING[25]; FAAULAN : STRING[50]; OYSALGYULAN : STRING[50]; END; VAR X,Y : AWTOULAG; Bu ýazgy, X we Y üýtgeýän ululyklara diňe AWTOULAG atly tipe degişli bolan bahalary berip bolýandygyny aňladýar. Bu tipe degişli bolan her baha 4 sany komponentden ybarat bolup, olaryň birinlisi INTEGER tipe degişli, beýleki üçisi bolsa STRING tipe degişli bolmaly.ýazga girýän komponentler, degişlilikde, NOMER, KYSYM, FAAULAN we OYSALGYULANAN diýlip atlandyrylýar. Z : AWTOULAG üýtgeýän ululyga baha bermek üçin Z.NOMER, Z.KYSYM, Z.FAAULAN we Z.OYSALGYULAN atly üýtgeýän ululyklara baha bermeli. Meselem: 171

168 Z.NOMER: =7462; Z.KYSYM: = WAZ-2107 ; Z.FAAULAN:= MEREDOW ; Z.OYSALGYULAN:= Daýhan köçesi, 6 jaýy ; Bu üýtgeýän ululyklaryň toplumyny 4 elementli bir ölçegli massiw bilen deňeşdirmek mümkindir. Eger-de Z massiw tipli kesgitlenäýen bolsa, onda onuň komponentlerine kwadrat skobkanyň içinde ýazylan indeks boýunça ýüzlenilerdi. Bu ýerde bolsa, komponentine ýüzlenmek üçin Z- iň yzyndan. -nokat belgisi goýulýar we meýdançanyň ady görkezilýär. Z.NOMER, Z.KYSYM, we ş. m. görnüşli atlara düzme atlar diýilýär. Olara baha bermek üçin giriş-çykyş operatorlaryndan peýdalanyp bolýar. Meselem, READ(Z.NOMER,Z.MARKA,Z.FAAULAN,Z.OYAD RESULAN); ýa-da WRITE(Z.NOMER,Z.MARKA,Z.FAAULAN,Z.OYADRESU LAN); Şol bir tipden bolan X we Y ýazgylar üçin X:=Y; baha bermek operatoryny ulanyp bolýar. Beýle ýagdaýda Y ýazgynyň komponentleriniň bahalary, degişlilikde, X ýazgynyň kopmonentlerine deň bolar. Kä ýagdaýlardan ýazgylardan massiw emele detirmek amatly bolýar, ýagny, massiwiň her elementine kombinirlenen tipe degişli baha berilýär. Meselem, TYPE MAGLUMAT = RECORD FAA:=STRING[25]; DOGLYL:=INTEGER; OYADRES:=STRING[60]; 172

169 END; VEKTOR_MAGLUMAT=ARRAY[1..25] OF MAGLUMAT; VAR K9A : VEKTOR_MAGLUMAT; Bu ýazgy K9A üýtgeýän ululygyň 25 elementli bir ölçegli massiwdigini we onuň her bir komponentine okuwçynyň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan ýyly we onuň öýüniň adresi baradaky maglumatlary berip bolýandygyny aňladýär. Mysal üçin: K9A[1].FAA:= Aşyrow D.M. ; K9A[1].DOGLYL:=1994; K9A[1].OYADRES:= Aşgabat ş. Magtymguly şaýoly 15/2 ; K9A[2].FAA:= Rejepowa M.O. ; K9A[2].DOGLYL:=1993; K9A[2].OYADRES:= Aşgabat ş. B.Annanow köç. 5-jaýy ; Görnüşi ýaly, düzme atlardan peýdalanmaklyk programmanyň ýazgysynyň ulalmagyna getirýär. Şeýle ýagdaýlarda programmanyň göwrümini kiçeltmek üçin WITH operatory ulanylýar. WITH operatory aşakdaky ýaly ýazylýar: WITH DO ; WITH – operatory düzme atlarda üýtgeýän ululygyň adynyň. -nokat belgisinden öňdäki bölegini taşlap ýazmaga mümkünçilik berýär. Meselem, ýokardaky baha bermek operatorynyň toplumyny şeýle ýazmak mümkin: WITH K9A[1] DO BEGIN FAA:= Aşyrow D.M. ; DOGLYL:=1994; 173

170 şaýoly 15/2 ; ýa-da: köç. 5-jaýy ; END; OYADRES:= Aşgabat ş. Magtymguly WITH K9A[2] DO BEGIN FAA:= Rejepowa M.O. ; DOGLYL:=1993; OYADRES:= Aşgabat ş. B.Annanow END; Soraglar we gönükmeler 313. Turbo Paskalda köplük nähili beýan edilýär? 314. Köplükde näçe element bolup biler? 315. Köplükleriň üstünde näçe sany amal geçirmek mümkin? 316. Ýazgy nähili beýan edilýär? 317. Ýazgynyň meýdanlaryna nähili ýüzlenilýär? 318. [1..20] aralykdaky bitin sanlaryň arasyndan 6-a galyndysyz bölünýänleriniň köplügini saýlap çykarmaly den 100-e çenli ýöneleý sanlaryň köplügini saýlap almaly we olary çapa çykarmaly Topardaky talyplaryň sanawyny girizmek we şol sanawdan oglanlary saýlap çykarmak üçin programma düzmeli. Programmada ýazgyny ulanmaly Faýllar bilen işlemek Faýl düşünjesi. Maglumat alyş-çalyş edilmegi üçin maglumat çeşmesiniň, geçiriji kanalyň we kabul edijiniň bolmagy gerek bolýar. Programma bilen daşky gurluşlaryň arasynda maglumat alyşylanda, elmydama,alyş-çalyş kanalynyň bir tarapynda kompýuteriň operatiw huşy ýerleşýär 174

171 Şol kanalyň beýleki tarapy Turbo Paskalda faýl diýilip kesgitlenilýär. Faýl – bu şol bir tipden bolan komponentleriň toplumydyr. Faýl massiwden tapawutlanyp, onuň komponentleriniň sany öňünden görkezilmeýär. TURBO- PASKAL-da köplenç faýlyň komponenti hökmünde kombinirlenen tipli bahalar ulanylýar. Faýl FILE kömekçi sözüň kömegi bilen yglan edilýär. Adatça faýlyň komponentleri magnit disklerinde saklanylýar we gerek wagty ondan operatiw ýa-da çagyrylýar. Faýl düşünjesi gaty giň düşünjedir. Faýl bolup diskdäki faýl ýa-da kompýuteriň porty, çap ediji gurluş ýa-da käbir başga zatlar hyzmat edip biler. Faýldan okalýan wagty faýl maglumat çeşmesi, faýla ýazýan wagtymyz bolsa, ol maglumaty kabul ediji bolup durýar. Çykyş operasiýasy maglumatlaryň operatiw huşdan alnyp ugradylmagyny aňladýar, giriş operasiýasy bolsa, maglumatlaryň faýldan alynyp operatiw huşuň öýjüklerine ýazylmagyny aňladýar. Turbo Paskalda faýl ulgamy iki derejeden durýar: 1. Logiki faýl; 2. Fiziki faýl. Fiziki we logiki faýl düşünjeleri. Daşky huşuň atlandyrylan ýaýlasyna faýl diýilýär. Diýmek, faýlyň ady bolýar we ol huşda ýer tutýar. Şeýle kesgitlenen faýla Turbo Paskal-da fiziki faýl diýilýär. Fiziki faýlyň ady setir tipli bolýar. Faýlyň ady setir tipli hemişelik bilen ýa-da setir tipli üýtgeýäniň bahasy hökmünde berilip biliner. Faýlyň ady iki bölekden durýar: esasy bölek we giňeltme (tip). Adyň esasy bölegi 8 simwoldan köp bolmaly däl, giňeltme bolsa 3 simwoldan geçmeli däl. Adyň faýlyň salgysyny saklamagy hem mümkindir: ‘C:\TP\mysal.pas, ‘A:\TP\TXT’. \tejribel.bas’, 175

172 Turbo Paskal beýleki käbir gurluşlara hem fiziki faýl diýip düşünýär. 0l gurluşlar Turbo Paskalda ýörite atlar bilen atlandyrylýar. Aşakda Turbo Paskalda daşky gurluşlaryň atlandyrylyşynyň sanawyny getirýäris: CON (Konsol sözünden – Klawiatura we ekran. CON-dan okamak – klawiaturadan okamagy, CON-a çykarmak bolsa, ekrana çykarmagy aňladýar); LPT1,LPT2,LPT3 (Centronix tipli parallel portlar). Eger-de olar birnäçe bolsa 1, 2,3 bellikler bilen bellenýärler. Şu atlaryň kömegi bilen printere ýa-da Centronix tipli gurluşlara maglumatlar çykarylýar); PRN (Printer: LPT1 adyň sinonimi, LPT1 porta dakylan printere ýüzlenmek); COM 1,COM2 (RS-232 tipli yzygider portlar. Eger-de olar birnäçe bolsa 1, 2 bellikler bilen bellenýärler. Serial portlaryň üsti bilen maglumaty girizmek – çykarmak üçin dakylan gurluşlaryň atlary); AUX (COM1 adyň sinonimi,coml faýl-gurluş); NUL ( Galp gurluş. Bu düýpsiz faýl. Oňa islendik zady ugradyp bolýar, ýöne ol elmydama boş bolýar). Anyk fiziki faýl bilen işlemek üçin logiki faýl düşünjesi girizilýär. Logiki faýl üýtgeýän ululyk bolýar. 0l üýtgeýän ululyk programmadaky VAR bölümde beýan edilýär. Bu üýtgeýäne Turbo Pascalda kabul edilen faýl tipleriniň biri berilýär. Logiki faýl fiziki faýllar bilen arabaglanyşyk saklamak üçin ulanylýar. Programmanyň başynda ASSIGN operatorynyň kömegi bilen logiki faýl bir anyk fiziki faýl bilen baglanyşdyrylýar. Şondan soň, programmada şol fiziki faýlyň ady hiç ýerde ulanylmaýar, oňa ýüzlenmek üçin degişli logiki faýla ýüzlenmek ýeterlik bolýar. 176

173 Mysal üçin, eger-de biz ‘C:\TP\mysal.txt tekst faýly bilen işlemeli bolsak, onda programmada şeýle setirler ýazmaly bolarys: Var f: Text; Begin Assign(f, ‘C:\TP\mysal.txt );.. end. Giriş-çykyş buferi. Turbo Paskalyň faýl ulgamy girişçykyş buferi düşünjesi bilen baglanyşyklydyr. Faýla ýazmak buýrugy ýerine ýetirilýän wagty maglumat şol bada faýla ýazylmaýar. Faýla ýazmak buferiň üsti bilen amala aşyrylýar. Bufer munuň özi faýl açylan wagty kompýuteriň operatiw huşunda bölünip berilýän ýörite ýerdir. Faýla ýazmak buýrugy berlende maglumatlar ilki bufere düşýär we şol ýerde toplanýar. Haçanda bufer dolsa ýa-da ýörite buferi boşatmaly diýen buýruk berilse buferdäki maglumat faýla ýazylýar. Faýldan okamak hem buferiň üsti bilen bolup geçýär. Faýldan okalanda ilki bilen maglumat bufere okalýar, özem bufer dolýança okalýar. Mysal üçin, dört sany san okamak gerek bolsa, ýöne bufere 64 san ýerleşýän bolsa, onda faýldan 64 sany san bufere okalýar. Şondan soňky 60 san faýlyň özünden dälde buferden okalýar. Giriş-çykyş buferiniň ulanmagy diskhereketlendirijileri tygşytly ulanmaklyga ýardam berýär. Text we tipleşdirilmedik faýllar üçin buferiň ölçegini özüň saýlamak mümkindir. Turbo Paskalyň faýl tipleri. Turbo Pascalda üç görnüşli faýl tipi ulanylýar: tekst faýllary (TEXT tipi); tipleşdirilen faýllar (File of. tipi); 177

174 tipleşdirilmedik faýllar (File tipi). Tekst faýllary – bu ASCII kodlardan ybarat faýllardyr. Tekst faýly setirlerden durýar. Onda faýlyň soňyny aňladýan ýörite kod bolýar. Tekst faýlyny ekrana we çapa çykarmak bolýar. Tipleşdirilen faýllar sanlary we simwollary maşynyň içki şekili görnüşinde saklaýar Tipleşdirilen faýllar maglumatlaryň diňe belli bir tipini saklap bilýär. Olar maglumatlary edil maşynyň huşundaky görnüşde saklaýar. Şol sebäpli, tipleşdirilen faýllary maglumatlary diňe diskler bilen operatiw huşuň arasynda alyş-çalyş etmekde ulanmak bolýar. Ýöne, olary göni ekrana çykarmak nädogry bolýar. Tipleşdirilmedik faýllar hem edil tipleşdirilen faýllar ýaly maglumatlaryň maşyn şekillerinden durýar. Ýöne, ol tipleşdirilen faýllardan tapawutlylykda maglumatlaryň islendik tipi bilen iş salyşyp bilýär. Faýllar bilen işlemek üçin umumy proseduralar Islendik tipli faýl bilen işlemek üçin ilki bilen şol işleniljek bolýan fiziki faýly logiki faýl üýtgeýän ululyk bilen baglanyşdyrmaly. Faýl açylanda ony näme üçin açýandygyňy görkezmeli. Faýly okamak üçin, ýazmak üçin, okamak we ýazmak üçin açmak bolýar. Faýllar bilen işlemekde ulanylýan umumy proseduralary beýan edeliň. Assign( f, Faýlyň_ady) f faýl üýtgeýäni ady Faýlyň_ady bolan flziki faýl bilen baglanyşdyrýar. Reset(f) -logiki ady f bolan faýly okamak üçin açýar. Rewrite(f) – logiki ady f bolan faýly ýazmak üçin açýar. Close(f) – logiki ady f bolan faýlyň giriş-çykyş kanalyny ýapýar. 178

175 Rename(f; Täze_ady) f faýl üytgeýän bilen baglanyşdyrylan fiziki faýlyň adyny Täze_ady bilen çalyşýar. Bu prosedurany diňe ýapyk faýllara ulanmak bolýar. Erase(f) f faýl üýtgeýän bilen baglanyşdyrylan fiziki faýly ýok edýär. Ýok edilýän faýl ýapyk bolmaly. EOF(f):Boolean Eger-de f faýlyň soňyna ýetilen bolsa TRUE (Çyn) bahany, bolmasa-da FALSE (Ýalan) bahany alýar. FLUSH ( Var f) – faýlyň içki buferini arassalaýar. Ol faýlda soňky geçirilen özgertmeleriň diskde saklanmagyna güwä geçýär. CHDIR (DirPat:String) – işjeň katalogy üýtgetmek. Bu ýerde DirPat setir ylalaşyk boýunça alynýan katalogyň salgysydyr. GETDIR (Var Drive, Dir) – işjeň katalogyň adyny kesgitlemek. Bu ýerde, Drive Word tipli aňlatma bolup diskiň nomerini kesgitleýär: 0 ylalaşyk boýunça alynýan disk, 1 A disk, 2 B disk, 3 C disk we ş.m., Dir görkezilen diskdäki işjeň kataloga barylýan ýoly görkezýän String tipli aňlatma. MKDIR DirPath – görkezilen diskde täze katalog döredýär. Bu ýerde, DirPath kataloga barýan ýoly görkezýän string tipli aňlatma. DirPath öň bar bolan katalogy görkezmeli däldir. RMDIR (DirName) – katalogy ýok etmek. Ýok edilýän katalog boş bolmalydyr. IORESULT: Word funksiýasy. Soňky giriş-çykyş operasiýasynyň şertli nyşany. Eger operasiýa üstünlikli geçen bolsa 0 alynýar, bolmasa ýalňyşlygyň kody alynýar. IORESULT funksiýasyny diňe giriş-çykyş ýalňyşlygynyň awtokontroly öçük ýagdaýynda ulanmak bolýandyr. Ol ýagdaý kompilýatoryň buýrugy bilen öçürilýär. Indi bolsa, ýokardaky sanalan proseduralara we funksiýalara giňişleýin düşündiriş bereliň. 179

176 Assign( Var f; FileName: String) prosedurasy f logiki faýl bilen FileName atly anyk fiziki faýly baglanyşdyrýar. Bu ýerde, f islendik faýl tipline degişli bolup bilýändir. FileName setir bolup ol diskdäki faýlyň adyny (ýa-da doly adyny) görkezýär. Meselem, Assign(f, file.dat ); < işjeň katalogdaky faýl bilen baglanyşyk>Assign(f, a:\x.pas ); Assign(f, LPT2 ); < PK-daky ikinji printer bilen baglanyşyk>Assign(f, ); < standart faýl bilen, adatça CON faýl bilen baglanyşyk>. Fiziki faýlyň ady dogry we gaýtalanmaýan bolmalydyr. Faýlyň ady ýazylanda * we? simwollaryny ulanmak bolaýan däldir, ýöne faýl üýtgeýän ululygy diskdäki entäk ýok faýl bilen baglanyşdyrmak ( soň ony döretmek üçin) bolýandyr. Assign prosedurasy faýlyň adynyň dogrudygyny derňäp durmaýar we berlen ady logiki f faýl bilen baglanyşdyrýar. Şunlukda logiki faýl ýapyk hasaplanýar, faýlyň buferiniň ölçegi kesgitlenmedik bolýar. Eger f faýl dogry däl at bilen baglanyşdyrylan bolsa, onda ol ýalňyşlyk diňe şol faýlyň üstünde islendik iş edilmekçi bolnanda giriş-çykyş ýalňyşlygyny ýüze çykarar. f faýl üýtgeýän ululyk bilen fiziki faýlyň arasynda gurnalan baglanyşyk indiki gezek Assign prosedurasy f faýl üýtgeýän ululyk bilen çagyrylýança saklanýar. Bu bolsa f faýly bir gezek fiziki faýl bilen baglanyşdyryp, soň şol f faýl bilen dürli operasiýalary ýerine ýetirip bolýandygyny aňladýar. Mysal f logiki faýl işjeň katalogdaky TEST.TMP faýly bilen baglanyşdyryp, ýazmak üçin açylmaly, oňa maglumat ýazylandan soň bolsa ýapylmaly. f faýly okamak 180

177 üçin ýene-de bir gezek açmaly we ondan maglumat okalandan soň ýene-de ýapmaly. Iň soňunda bolsa, ol faýly ýok etmeli. Çözülişi. Assign(f, TEST.TMP ); Rewrite(f); Write(f, ); Close(f); Reset(f); Read(f, ); Close(f); Erase(f); Reset(Var f) we Rewrite(Var f) proseduralar logiki f faýly okamak (Reset) ýa-da ýazmak (Rewrite) üçin açýarlar. Eger proseduralar üstünlikli ýerine ýetirilse(faýl ýalňyşsyz açylsa), onda faýl açyk bolýar we ondan birinji elementi okamaga ýa-da ýazmaga taýyn bolýar. Bu proseduralar faýlyň buferiniň ölçeglerini hem kesgitleýärler (eger-de faýl buferiniň ölçegi tekst faýllar üçin SetTextBuf ýa-da tipsiz faýllar üçin Reset/Rewrite giňeldilen ýazgy bilen kesgitlenmedik bolsa, onda onuň ölçegi awtomatiki gurnalýar). Faýl açylandan soň (we diňe şondan soň) ondan okamak ýa-da ýazmak mümkin bolýar. Açmak proseduralary şol bir faýla birnäçe gezek ulanylyp biliner. Eger şoňa çenli faýl açyk bolan bolsa, onda ilki bilen ol awtomatiki ýapylýar. Reset prosedurasy gaýtadan çagyrylanda okamaklygyň yzygiderligi iň birinji elemente geçirilýär, şunlukda hiç hili maglumat ýitgisi bolmaýar. Ýöne Rewrite prosedurasy gaýtadan çagyrylanda faýlyň içindäki ähli maglumatlar öçürilýär we faýl birinji elementi ýazmaklyga taýyn edilip goýulýar. Açmak proseduralary gaýtadan çagyrylmazdan öň faýly ýapmak üçin Close operatoryny ýazmak hökman däldir(sebäbi ol awtomatiki ýerine ýetirilýär). Close(Var f) prosedurasy şu wagta çenli açyk bolan f logiki faýly ýapýar. Eýýäm ýapylan ýa-da entäk açylmadyk faýly ýapmaklyga synanyşyk etmek programmanyň işini ýatyrar. 181

178 Close prosedurasy logiki f faýl üýtgeýän ululyk bilen fiziki faýlyň arasyndaky baglanyşygy üýtgetmeýär, ýöne olara ýapyk ýagdaýy berýär. Bu esasan hem ýazmaga degişli açylan faýllar üçin wajypdyr. Faýly ýapmaklyk maglumatlaryň faýla ýazylmagyna we doldurylyşynyň dogrudygyna güwä geçýär. Netijede, programmada dörän ýolbererliksiz ýalňyşlyk faýl ýapylandan soň onuň içindäki ýazgylara hiç hili zeper ýetirip bilmeýär. Eger-de entäk faýl ýapylmanka, ýalňyşlyk netijesinde programmanyň işlemegi üzülse, onda hem diskde faýl dörär, ýöne iň soňky buferdäki maglumat faýla geçirilmez. Edil şunuň ýaly ýagdaý programmada Close prosedurasy goýulmadyk ýagdaýynda hem bolmagy mümkindir. Faýllar bilen işlemek tamamlanandan soň Close prosedurany çagyrmak zerurdyr. Şeýle hem, faýllar ýok edilmezinden(erase) we adyny üýtgedilmezinden(rename) öň ýapyk bolmalydyr. Rename( Var f; NewName :String) f logiki faýl bilen baglanyşdyrylan diskdäki fiziki faýlyň adyny üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Prosedurany diňe ýapyk faýllara ulanmak bolýar. Prosedurany açyk faýla ulanmaklyga synyşyk edilse programmanyň işi ýatyrylýar. Rename prosedurasy ulanylmazdan öň, f faýl üýtgeýän ululygy Assign prosedurasynyň kömegi bilen diskdäki faýl bilen, mysal üçin, FileName atly faýl bilen, baglaşdyrylan bolmalydyr. Rename(f, NewName) prosedurasy diskdäki FileName atly faýlyň adyny NewName ada üýtgeder. Umuman aýdanda, Rename prosedurasy MS-DOS-daky REN komandasynyň ýerine ýetirýän işini ýerine ýetirýär. Ýöne soňkudan tapawutlylykda, Rename prosedurasynyň setir parametrinde * we? simwollary ulanmak bolýan däldir. Faýlyň ady üýtgedilende faýlyň ýerleşýän diskini we faýla barýan ýoly üýtgetmek rugsat berilýän däldir. Mysal üçin, Assign(f, A:\FILE.AAA ); RENAME(f, C:\FILE.BBB ); 182

179 ýazgyda ikinji operator ýalňyşdyr. Sebäbi, faýlyň adyndan başga ony saklaýan diskiň ady hem üýtgedilipdir. Erase (Var f) prosedurasy diskdäki fiziki faýly ýok edýär. Prosedura çagyrylmazyndan öň f faýl üýtgeýän ululyk diskdäki fiziki faýl bilen baglanyşdyrylan we ýapyk bolmalydyr. FileName atly faýly ýok etmek üçin Assign(f,FileName); Erase(f); ýazmak ýeterlikdir. Eger-de diskde FileName atly faýl ýok bolsa, onda ol faýly ýok etmek üçin synanşylanda programma işlemegini bes eder. EOF(Var f): Boolean funksiýasy. Eger-de f faýldan okamakda iň soňky simwol okalan bolsa, onda funksiýa TRUE bahany alýar, galan ýagdaýlarda funksiýa FALSE bahany alýar. EOF-iň ýagdaýy her gezek faýldan okalanda awtomatiki üýtgeýändir. f faýl hökman açyk bolmalydyr. EOF funksiýasyny parametrsiz çagyrmaklyk standart Input faýlynyň soňuny derňemeklige laýyk gelýär. Standart faýl tekst faýly hasaplanýar we onda faýlyň soňy #26 simwol bilen bellenýär (başga tekst däl faýllarda faýlyň soňyny aýdyň görkezýän bellik kesgitlenen däldir). Faýlyň soňyna çenli okamak gerek bolanda köplenç halatda EOF funksiýasy Repeat we While gaýtalanmak operatorlarynda şert hökmünde ulanylýar. Mysal Logiki ady f bolan faýldan okamaklygyň diňe ondaky iň soňky element okalandan soň bes edilmegi üçin programma kodlaryny düzmeli. Çözülişi. While not EOF(f) do Read(f. ); 183

180 Soraglar we gönükmeler 321. Faýl diýip nämä aýdylýar? 322. Faýldan okamak üçin haýsy işleri ýerine ýetirmek zerur? 323. Faýla ýazmak üçin haýsy operator ulanylýar? 324. Faýlyň kopiýasyny almaga mümkinçilik berýän programma ýazmaly Faýldaky baýtlaryň sanyny kesgitlemäge mümkinçilik berýän programma ýazmaly Faýly iki sany faýla bölmäge mümkinçilik berýän programma ýazmaly Iki sany faýly birleşdirmäge mümkinçilik berýän programma ýazmaly Fayldaky baýtlary ters tertipde ikinji faýla geçirýän programma ýazmaly Faýldaky! – ýüzlenme belligini. -nokat bilen çalşyrýan programma ýazmaly Faýldaky hemme kiçi latyn harplaryny uly latyn harplary bilen çalşyrýan programma ýazmaly. DÖRDÜNJI BÖLÜM KOMMUNIKASIÝA TEHNOLOGIÝALARY 4.1. Informasiýalary ibermek prosesi, informasiýalaryň çeşmesi we kabul edilişi, signal, kodlanyş, koddan çykarylyş Informasiýalaryň alyş-çalyşygy informasiýalary kabul edilýan kanallar boýunça amala aşyrylýar. Informasiýalary ugratmagyň kanallary dürli fiziki kadalary ulanyp biler. Meselem, adamlaryň arasyndaky gürleşmek arkaly ýönekeý informasiýalaryň alyş-çalyşygy ýaýraýan ses tolkunlarynyň üsti bilen, telefon bilen gürleşilende bolsa, elektrik signallaryň üsti bilen amala aşyrylýar. 184

181 Kompýuterler öz aralarynda informasiýalaryň alyşçalşygyny dürli fiziki gurluşly kanallar: kabeller, optiki süýmli kabell, radio kanallar we ş.m. boýunça amala aşyrýar. Informasiýalary ugratmagyň umumy gurluşyna informasiýalary ugradyjy, olary geçirýan kanala bolsa, olary kabul ediji girýär. Eger-de informasiýalaryň alyş-çalyşygy ikitaraplaýyn bolsa, onda olary iberiji bilen kabul edijiniň orunlary çalşyp bilýär. Informasiýala ry iberiji Informasiýala ry kabul ediji Informasiýalary geçirýän kanallaryň esasy görkezijisi bolup, onuň geçiriş ukyby, ýagny informasiýalary geçirişiniň tizligi bolup durýar. Kanalyň geçiriş ukyby wagt birliginde geçirip bolýän informasiýalaryň göwrümine deňdir. Adatça, geçiriliş ukyby sekuntda bit (bit/s) ýa-da sekuntda kilobit (Kbit/s), sekuntda megabit ( Mbit/s) ululyklarda ölçenilýär. Kanallaryň informasiýalary geçiriş ukybynyň birlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar informasiýalaryň ölçegleriniň arasyndaky gatnaşyklar ýalydyr: 1 baýt/s = 2 3 bit/s = 8 bit/s; 1 Kbit/s = 2 10 bit/s = 1024 bit/s; 1 Mbit/s = 2 10 Kbit/c = 1024 Kbit/s; 1Gbit/s = 2 10 Mbit/s =1024 Mbit/s. Tehniki gurluşlaryň üsti bilen informasiýalar iberilende olary amatly ýagdaýda geçirmäge kodlaşdyryjy gurluş we kodlaşdyrylan informasiýalary başdaky ýagdaýa öwürýän koddan cykaryjy gurluş ulanylýar. 185

182 Informasiýalar iberilende olaryň arabaglanyşykdaky päsgelçilikler sebäpli üýtgemegi mümkin. Adatça, informasiýalar iberilende päsgelçilige durnukly goşmaça kod ulanylýar. Şonda informasiýalar üýtgäýen ýagdaýynda-da, başdaky informasiýany dikeldip bolýar. Soraglar we gönükmeler 331. Kompýuterler öz aralarynda informasiýalaryň alyş-çalşygyny haýsy gurluşlar bilen amala aşyrýar? 332. Informasiýalary ugratmagyň umumy gurluşyna näme girýär? 333. Informasiýalary geçirýän kanallaryň geçiriş ukyby näme? 334. Informasiýalary geçirýän kanallaryň geçiriş ukybynyň ölçeg birlikleri nähili bolýar? Mbit/s geçiriş ukyby bolan kanalyň minutda näçe möçberde informasiýany geçirip biljegini anyklamaly Kbit/s geçiriş ukyby bolan kanalyň sagatda näçe möçberde informasiýany geçirip biljegini anyklamaly Kodlaşdyjy gurluş haçan ulanylýar? 338. Koddan çykaryjy gurluş haçan ulanylýar? 339. Informasiýalar iberilende päsgelçilige durnukly näme ulanylýar? 4.2. Ýerli we giň kompýuter baglanyşyklary Kompýuter tory programma üpjünçiliginiň kömegi bilen kanallar boýunça maglumatlary ýaýratmaga mümkinçilik berýän özara birikdirlen kompýuterleriň toparyna düşünilýär. Başgaça aýdylanda, bu ýa-da işläp bejerilen maglumatlary paýlamagy gurnamak üçin niýetlenen tehniki serişdedir. Ölçegleri boýunça baglanyşyklaryň ýerli we giň görnüşleri bardyr. Ýerli baglanyşyklar (rus. Локальные сети) bu çäklenen meýdanlarda maglumat geçirijileriň üsti bilen 186

183 birleşdirilen kompýuterleriň toplumy bolup, ol kompýyterleriň arasynda maglumat çalşygyny geçirmek we hasaplaýyş resurslaryny bilelikde ulanmak üçin döredilýär. Baglanyşygyň bu görnüşi, adatça, bir kärhananyň kompýuterlerini baglanyşdyrmak üçin ulanylýar. Adatça, ýerli toruň uzynlygy birnäçe metrden birnäçe kilometrlere çenli bolýar. Toruň üsti bilen ugradylmaly maglumat bukjalaryny ugratmak işini hem programma üpjünçiligi ýerine ýetirýär. Ýerli torlar her bir aýratyn ulanyja bolan çykdaýjylary peseldip, aýratyn personal kompýuterleriň ulanylyşynda aşakdaky mümkinçilikleri döredýär: – faýlar bilen bilelikde işlemek; – faýllary, diskleri herekete getirijileri, çap ediji enjamlary, skanerleri we beýleki tor enjamlaryny bilelikde ulanmaklyk ; – amaly programma üpjünçiliginiň tor görnüşini peýdalanmak; – maglumat binýatlaryna girmek; – tor üsti bilen internet ulgamyna girmek; – internet gulluklaryndan peýdalanmak. Torlaryň gurnalyş topologiýasy bu kompýuterleri öz aralarynda torda birikdirmekligiň usulydyr. Kompýuterleri torda iki ýol bilen birikdirip bolýar: yzygiderli ýa-da ýyldyzlaýyn birikdirme. Yzygiderli birikdirme öz gezeginde üç görnüşe bölünýär: ýönekeý, tegelekleýin we umumy şinaly. Ýönekeý yzygiderli birikdirme. Hemme kompýuterler ýöriteleşdirilen kabeliň kömegi bilen yzly-yzyna birleşdirilýär. Maglumatlar bir kompýuterden beýleki kompýutere gös göni ýa-da yzygiderli görnüşde geçirilýär. 187

184 Baglanyşyk örän çalt işleýär, emma, birikmeleriň haýsy hem bolsa biriniň arasynyň kesilmesinde ýa-da bir kompýuteriň bejerilgisiz ýagdaýynda tor tutuşlaýyn hatardan çykýar. Adatça, bu baglanyşyk kän ulanylmaýar. Tegelekleýin yzygiderli birikme – bu maglumatlaryň bir kompýuterden beýleki kompýutere yzygiderli berilmeginden ybarat baglanyşykdyr. Bu baglanyşyk ýönekeý yzygiderli birikme bilen deňeşdireniňde maglumatlary iki ugur bilen ugradyp bilýär. Ol toruň müşderileriniň näsazlyklaryna bolan berkligi ýokarlandyrýar. Umumy şina boyunça yzygiderli birikme – bu baglanyşyk maglumat çalşygyny beýleki kompýuterlere garaşsyzlykda diňe iki kompýuteriň arasynda gurnaýar. Umumy şinadan bir kompýuteriň aragatnaşygynda näsazlyk dörän mahalynda-da tor öz işini dowam edýär. Bir tarapdan seredeniňde tor örän durnukly işleýär, ýöne şinada näsazlyk dörän ýagdaýynda tor tutuşlygyna işe ukyplylygyny ýitirýär. Ýyldyzlaýyn birikme.tory ýyldyz şekilinde gurnamaklyk üçin toruň merkezinde hökman jemleýji gurluş (Hab) ýerleşdirmeli. Bu torda ähli kompýuterler bir-birleri bilen göniden-göni birikmän, eýsem jübüt önümli kabeliň kömegi bilen konsentratora birikdirilýär. Ýyldyz şekilli birikme tor zeperlenmelere garşy durmaklyga ukyply bolýar. Birikmedäki bir kompýuteriň zeperlenmeginde tordaky kompýuteriň diňe biri hatardan 188

185 çykýar. Bu gurluş beýlekilere garanyňda has işjeňdir. Onuň sebäbi bir iş stansiýanyň ýa-da ony Hab bilen baglanşdyrýan kabeliň hatardan çykan mahaly, beýlekiler öz işlerine ukyplylyklaryny ýitirmeýärler. Torlaryň gurluş usullary. Torlar iki usul bilen gurnalýarlar: deň derejeli we serweri tapawutlandyrýan. Deň derejeli tor. Bu torda hemme kompýuterler deň derejelidir, ýagny torda olaryň her haýsysynyň mümkinçilikleri we biri-birine garaşlylygy deň derejededir. Bu gurluş bir kompýuterden toruň beýleki bir kompýuterine girmeklik üçin girelgäni gurnamaga mümkinçilik berýär. Serweri tapawutlandyrýan tor. Bu usulda toruň işini dolandyrýan merkezi kompýuter bolýar. Galan kompýuterler bolsa işçi stansiýa diýlip atlandyrylýar. 189

186 Iş stansiýasy (iňl. Workstation) – bu tordaky bir ulanyjynyň meselelerini ýerine ýetirýän kompýuterdir. Işçi stansiýasy kompýuteriň ähli resurslaryna eýeçilik edýär. Serwer (iňl. Server) bu başga kompýuterleriň talaplaryny ýerine ýetirip, olara programmalary, maglumatlary, daşky enjamlary ulandyrmaga mümkinçiligi bolan kompýuter we programma serişdeleriniň utgaşmasynyň netijesinde döredilen gurluşdyr. Iňlis dilinden Server sözi Hyzmatçy diýen manyny berýär. Toruň apparat mümkinçiligi Ýerli tora birikdirilen her bir kompýuterde ýöriteleşdirilen plata bolmalydyr – oňa toruň adapteri diýilýär. Toruň adapteriniň esasy hyzmaty informasiýalary tor boýunça ugratmak we kabul etmek bolup durýar. Häzirki wagtda iň köp ulanylýan tor adapteri EnterNet görnüşli tor adapteridir. Ýerli torlaryň esasy häsiýeti tor boýunça informasiýalary ibermegiň tizligidir. Ol hem ulanylýan tor adapderine we kabeliň görnüşine bagly bolup durýar. Ýerli torlarda adatça informasiýalary ibermegiň tizligi 10-dan 100 Mbit/s aralygynda bolýar. Kompýuteriň resurslaryna elýeterligiň goýluşy Diskleriň, faýlyň ýa-da bukjanyň adynyň üstüne syçanyň görkezijisini getirip onuň sag düwmesine basmaly, emele gelen menýudan Property(Свойства) buýrugy saýlamaly. Gepleşik penjiresi açylýar. Bu penjiräniň elýeterligi gurnaýan içligi aşakdaky görnüşe eýedir. 190

187 Elýeterligi açmaly we OK düwmä basmaly. Simsiz tor (iňl. Wireless LAN). Adaty ýerli hasaplaýyş tor bir enjamdan beýleki enjama kabeliň ýa-da maglumat geçiriji simiň üsti bilen maglumatlary ugradýar. Mundan tapawutlylykda, simsiz hasaplaýyş tor maglumat çalşygyny radiotolkunyň üsti bilen üpjün edip bilýär. Adaty tordaky ulanylýan konsentratorlara we kommutatorlara derek “Access Point” diýilýän enjam ulanylýar. 191

188 Giň baglanyşyklar Giň baglanyşyklar (rus. Глобальные сети) hemra ulgamynyň kömegi bilen ýa-a optiki süýmli geçirijileriniň üsti bilen uly meýdanlarda birnäçe ýurtlardan köp sanly müşderileri bolan kompýuter arabaglanyşyklarydyr. Adatça, ýerli torlara şol bir binada ýerleşen onlarça kompýuterler birleşýär, ýöne olar daş aralykdaky ulanyjylaryň informasiýalaryna bilelikde elýeterligi üpjün edip bilmeýär. Köp guramalar (esasanam, harby, bank) informasiýalary gizlin saklaýarlar. Soraglar we gönükmeler 340. Kompýuter torunyň nähili görnüşleri bar? 341. Ýerli torlar ulanyjylara nähili mümkinçilikleri berýär? 342. Ýönekeý yzygiderli birikdirme näme? 343. Tegelekleýin yzygiderli birikme näme? 344. Umumy şina boyunça yzygiderli birikme näme? 345. Ýyldyzlaýyn birikme haýsy gurluşy ulanýar? 346. Torlaryň gurluş usullaryny sanamaly Deň derejeli tor näme? 348. Serwer näme? 349. Serweri tapawutlandyrýan tor näme? 350. Iş stansiýasy näme? 351. Toruň apparat mümkinçiligini düşündiriň Kompýuterde belli bir bukja elýeterligi goýmaly Giň baglanyşyk nämeden durýar? 354. Simsiz tor haýsy gurluşlar arkaly arabaglanyşygy üpjün edýär? 192

189 4.3. Kompýuter torlarynyň informasiýa resursalry we hyzmatlary Dünýäniň ýeke-täk informasiýa giňişligini döretmeklige bolan islegi kompýuterleriň global torlarynyň Internediň emele gelmegine getirdi. Internet bu bütindünýä kompýuter ulgamynda kompýuterleriň bir-birine baglanyşdyrylan ulgamydyr. Oňa kähalatlarda maglumat ýoly (Web), ýa-da ýöne bir Net hem diýilýär. Adamlar bu tora birikdirilen kompýuterlerden maglumat alyp bilerler. Bu torlaryň torudyr. Maglumatlar sözlerde, sanlarda, suratlarda hem-de sazlarda bolup bilerler. Häzirki wagtda ýuzlerçe milliondan hem köp kompýuterler Internede birikdirilen, olarda ýüzlerçe million faýllar, dokumentler ägirt uly göwrümli informasiýalar saklanylýar. Dünýäniň ähli ýurtlarynyň milliarddan gowrak adamlary giň tor bolup durýan Internediň hyzmatyndan peýdalanýar. Internet bu köp ýerli, regional torlaryny ýüzlerçe million kompýuterlere birleşdirýän kompýuterleriň giň torudyr. Internediň esasyny ýüzlerçe million serwerler düzýär. Internete çatylan her bir kompýuteriň sanlaryň ikilik hasaplaýyş ulgamynda öz hususy 32-bitlik IP-salgylanmasy bardyr. IP-salgylanmalaryň umumy mukdary N=2 32 formula boýunça kesitlenilýär: N=2 32 = Protokol bu iki ýa-da birnäçe ulgamlaryň arasynda maglumat çalşygy amala aşyrylanda maglumatlaryň görnüşini anyklaýan, ýalňyşlar we düzgünleri gaýtadan işläp taýýarlaýan kada-kanunlaryň toplumydyr. Olar berlenleri bloklara bölmek, gezekli gezegine salgylara ugratmak düzgüninde işleýärler. Internetde protokollaryň iki görnüşi ulanylýar. 193

190 Ulgamara protokol (Internet Protokol – IP). Ol berlenleri aýry aýry paketlere bölýär we olary maglumaty kabul etmegiň salgysy görkezilýän ýerde at bilen üpjün edýär. Bu paketiň dogry salgy boýunça barşyna iberilenleri dolandyrýan protokol (Transmission Control Protokol – TCP) jogap berýär. Iki protokola bilelikde (TCP/IP) protokollar diýilýär. Bu protokollar bolmasa global ulgamlardaky kompýuterler bilen maglumatlary alyş çalyş edip bolmaýar. IP salgylary paýlamaklykda maksimal çeýeligi üpjün etmek üçin tordaky kompýuterleriň sanyna laýyklykda salgylar üç topara: A, B, C bölünýär. Salgynyň 1 nji bitleri topary kesgitlemäge berilýär, beýlekileri bolsa, toruň salgysyna we kompýuteriň salgysyna berilýär. A 0 Toruň salgysy(7(bit)) Kompýuter salgysy (24(bit)) B 1 0 Toruň salgysy(14(bit)) Kompýuter salgysy (16(bit)) C Toruň salgysy Kompýuter salgysy (8(bit)) (21(bit)) Meselem, A topardaky toruň salgysy 7 bit, kompýuter salgysy 24 bit, diýmek, bu toparda jemi 2 7 =128 tor bolup, olaryň her biri 2 24 = kompýuteri özünde saklap biler. Onluk hasaplaýyş ulgamynda IP-salgylanma aralarynda nokat belgisi goýulan 0-dan 255-e çenli aralykdaky dört sany sanlaryň toplumyndan durýar. Meselem, IP-salgynyň haýsy topara degişlidigini birinji sandan bilip bolýar: A topar 0-dan 127-ä çenli aralykda; B topar 128-den 191-e çenli aralykda; C topar 192-den 223-e çenli aralykda. Internete çatylmany gurnaýanlar (prowaýderler) ulanyja köplenç hemişelik IP salgylary bermän, her gezek çatylanda 194

191 üýtgäp durýan dinamiki salgy berýär. Şonda Internetde işläp başlandan soň öz IP-salgyňy kesgitläp bolýar. Internet ulgamyndan peýdalanylanda IP salgydan başga-da adamlara düşnükli bolan domeýn salgy hem ulanylýar (DNS Domain Name System). Salgylanmanyň domeýn ulgamy kompýuteriň her bir IP-salgysyna domeýn ady berýär. Domeýn atlar we IP-salgylar ýörite gurama, ýagny domeýn atlary we IP-salgylary utgaşdyryjy Halkara merkez (ICANN) tarapyndan paýlanylýar. Bu merkeze her bir kontinenden 5 sany wekil gatnaşýar. Atlaryň domeýn ulgamynyň iýerarhiki gurluşy bardyr. Olar ýokary derejeden başlap, ikinji derejeli we ş.m bolýar. Ýokary derejeli domeýnleriň iki görnüşi bardyr: geografiki (iki harply-her ýurduň iki harply kody) administratiw (üç harply). Käbir ýokary derejeli domeýn atlarynyň tablisasy: Administratiw Guramanyň Geografiki Ýurduň ady görnüşi com kommersiýa es Ispaniýa edu bilim de Germaniýa gov ABŞ hökümeti JP Ýaponiýa int halkara ru Orsyýet mil ABŞ harby tm Türkmenistan net kompýuter tory uk Beýik Britaniýa org kommersiýa däl us ABŞ Soraglar we gönükmeler 355. Internet näme? 356. Internete çatylan kompýuterleriň IPsalgylanmalarynyň umumy mukdary näçe? 357. Protokol näme? 195

192 358. Ulgamara protokol näme? 359. Iberilenleri dolandyrýan protokol nähili belgilenilýär? 360. IP salgylary paýlamaklykda näçe sany topar ulanylýar? 361. Aşakdaky IP salgylaryň toparyny kesgitlemeli: a b c Aşakdaky domeýn salgylaryň haýsy ýurda degişlidigini kesgitlemeli: d. e. f. g. h Bütündünýä kompýuter tory we WWW tehnologiýasy Bütündünýä kompýuter tory bu iňlisçe World Wide Web sözleriniň toplumy, gysgaça, WWW ýa-da Web diýip bellenilýär. WWW tehnologiýasy diňe dürli görnüşli ýüzlenmeleri döredýän tehnologiýadyr, ýagny diňe bir dokumentiň içindäki geçişleri amala aşyrman, kompýuterde ýerleşdirilen islendik dokumente, internede çatylan islendik kompýuterdäki dokumentlere ýüzlenmeleri döretmäge mümkinçilik berýär. WWW tehnologiýany amala aşyrýan internet serwerine Web serweri, WWW tehnologiýasy boýunça amala aşyrylýan dokumentlere bolsa, Web sahypalar diýilýär. Web sahypalary döretmek HTML (Hyper Text Markup Language) atly 196

193 gipertekstli belgilenmeleriň diliniň kömegi arkaly amala aşyrylýar. HTML bu Internet brauzerleriniň okaýan dilidir. Onuň esasynda tegler durýar. Tegler dolandyrylýan tekst dokumentleriniň içine goýulýar. Olar ýöne tekst bolsa-da, brauzerde dokument okalanda degişli buýruklary berip, dokumenti Web sahypa öwürýär. Web sahypalar multimediýaly hem bolup biler. Olar multimediýa obýektlerine, grafiki şekillere, hereketlere, seslere we wideolara ýüzlenmeleri özünde saklap hem bilýär. Interaktiw Web sahypalar ulanyjynyň doldurýan formalaryny özünde saklaýar. Web sahypalara ygtyýar bermek üçin gipertekstleri ugradyjy protokol ulanylýar. Temasy boýunça bir birleri bilen bagly Web sahypalar adatça, Web saýtda saklanýar. Web saýt bir birleri bilen giperýüzlenmeler bilen baglanyşykly Web sahypalardan durýan bitewi dokumentleriň toplumyny emele getirip biler. URL salgysy (iňl. URL – Uniform Recource Locator) Internetdäki gorlaryň ýerini anyklamagyň usulydyr. Başgaça aýdylanda, bu Web gorunyň görnüşini we ýerleşýän ýerini anyklaýan salgydyr. Meselem, protokol://domain_name/path/file_name ýazgy görezilen protokolda, domeýni tapýar we görkezilen ýol boýunça faýla ýüzlenmäni gurnaýar. Web sahypalara ýüzlenmek üçin HTTP protokol ulanylýar. HTTP (Hyper Text Transfer Protocol) protokolynyň adyndan soň goşa nokat we iki sany ýapgyt çyzyklar goýulýar: Meselem, ýazgyny brauzeriň salgy setirinde ýazyp, ENTER klawişa basylan ýadaýynda atly domeýniniň physics atly bukjasynda saklanýan Web sahypa açylýar. 197

194 Soraglar we gönükmeler 363. WWW tehnologiýasy näme? 364. HTML dili näme? 365. Interaktiw Web sahypalar nämäni öz içinde saklap bilýär? 366. URL salgysy nämäni anyklaýar? 367. Web sahypalara ýüzlenmekde ulanylýan protokolyň yazgysyna mysal getiriň Bütindünýä kompýuter tory boýunça informasiýa gorlaryna syýahat Bütindünýä kompýuter tory boýunça informasiýa gorlaryna syýahat etmek üçin ilki bilen internede çatylmak zerurdyr we brauzerleriň biri işe goýberilmelidir. Bütindünýä kompýuter tory boýunça syýahat sahypalar boýunça saýtlara syýahat etmek bilen başlanýar. Brauzer – bu programma bolup, ulanyjylara Web sahypalary görmäge mümkinçilik döredýär. Web brauzerleriň köpüsi öz düwünçejiklerinde hatlary kabul edip ulanyjylara hat-habarlaryny almaga hem-de ugratmaga 198

195 mümkinçilik berýär. Häzirli wagtda esasan giňden ýaýran iki sany brauzerlerden peýdalanylýar. Olaryň atlary – Netscape Communicator we Microsoft Internet Explorer. Microsoft Internet Explorer programmasyny işe goýbermek üçin onuň düwmesine iki gezek yzly-yzyna basmaly. Ekrana programmanyň aşakdaky ýaly penjiresi çykýar. Penjire birnäçe böleklerden durýar: 1. at setiri; 2. menýu setiri; 3. gurallar setiri; 4. salgylar setiri 5. penjiräniň özi. Menýu setiri File(Файл), Edit(Правка), View(Вид), Favorite(Избранное), Service(Сервис), Help(Справка) punktlardan durýar. Gurallar setiri, adatça, ekranyň ýokarky böleginde ýerleşip, kompýutere görkezme berip, işletmäge mümkinçilik berýän düwmejiklerden ybaratdyr. Bu düwmejikler eýýäm girip gören sahypalaryň öňe-yza süýşmegine, geçmegine şert 199

196 döredýär. Olar ulanyjynyň gowy gören sahypalaryny tiz açmaga mümkinçilik döredýär. Brauzer işläp başlandan soň, Bütindünýä kompýuter tory boýunça wirtual gezelenje ugramak bolar. Adatça, Web saýtlar köpsanly sahypalary özünde saklaýar. Şonuň üçin, bir sahypadan beýleki sahypa geçmeklik saýtyň içinde geçiş gurallary ulanmak bilen amala aşyrylýar. Aşakda Internet Explorer programmasy bilen işlenilende ulanylýan esasy gurallary getireliň. Yza-öňe süýşürmek Web ýygyndysynda ýa-da Internetde çaltlyk bilen bir web sahypadan beýleki bir web sahypa geçip bolýar. Öň geçen sahypaňa (yza) ýa-da ýaňyja girip gören sahypaňa (öňe) geçip bolýar. Onuň üçin, gurallardan yza we öňe atly düwmejikleri ulanmaly. Eger ol öçügsi, solak ýaşyl renke geçse, onda şol wagt ondan peýdalanyp bolmaýar. Refresh (Täzelemek) Bu düwme häzirki web-sahypany gaýtadan ýüklemek üçin niýetlenendir. Käwagt web-sahypa bolmalysy ýaly dogry tapdyrmaýar ýa-da sahypanyň täzeçe bolmaklygy zerur bolýar. Muňa mysal edip täzelikler sahypasyny getirmek bolar. Sahypany täzelemek üçin gurallardaky Refresh düwmesine basmaly. 200

197 Stop (saklamak) Bu düwme sahypanyň ýüklenilmeginden ýa-da onuň dowamlylygyndan saklaýar. Eger-de sahypa dogry gelmelisi ýaly peýda bolmasa, onda stop (saklamak) düwmä basmaly. Eger-de sahypaň gelmegi üçin köp wagt gerekli bolsa ýa-da başga bir sahypa geçmek zerurlygy ýüze çyksa, onda bu düwme amatlydyr. Home (Başky) Bu düwme öň bellenilen başky (home) sahypa getirýär. Bu sahypa browseri açanyňda ilkinji açylýan sahypadyr. Bu düwmä basylanda şol sahypa açylýar. Adatça, ulanyjylaryň köpüsi başky (home) sahypa edip özleriniň ýygy-ýygydan girip görýän ýa-da özleriniň döreden sahypalaryny goýýarlar. Favorites (Saýlananlar) Bu düwme ýygy-ýygydan girip görülýän sahypalary bir bukja ýygnamaga mümkinçilik berýär. Bukja (Folder) döretmek bilen ýygy-ýygydan girip görülýän sahypalaryň web salgylaryň gutusy emele gelýär. Bu aýratynlyklar Netscape browzerde bookmarks (bellikler) bilen atlandyrýar. 201

198 Favorites (Saýlananlar) bukja aýratyn salgylary goşmak üçin aşakdaky işleri ýerine ýetirmeli. Açylan web-ýaýlymy Favorite atly saýlananlaryň bukjasyna goşmak üçin Favorites Add To Favorites (Saýlananlara goş) yzygiderligi ulanmaly. Şonda Add Favorite gutujygy açylýar. Içinde goýmak islenilýän bukja basmaly. Eger-de ony hiç bir bukjada ýerleşdirmän göni Favorites bukjanyň öz içinde görüner ýaly etmeli bolsa, onda Favorites bukjasyny saýlap almaly. Eger-de şu ýer-de täze bukja döretjek bolsaň, onda New Folder düwmä basmaly we täze dörediljek bukja at berip, OK düwmä basmaly. History (Girip görülen web-sahypalaryň sanawy) Bu düwme ekrana öň girip görülen Web sahypalaryň sanawyny çykarýar. Eger-de girip görlen esasy salgylary bellemeklik ýatdan çykarylan bolsa hem-de oňa ýene-de girip görmek zerurlygy bar bolsa, onda bu düwmäni ulanmak arkaly ony aňsatlyk bilen tapyp, oňa çalt girip bolar. Web salgylara basmak bilen, has golaýda girip görlen web ýaýlymlaryna (sahypalaryna) dolanyp gelip bilner. Hyperlinks Web-sahypalara girip görlende ýygy-ýygydan hyperlink (giper ýuzlenme) ulanylýar. Hyperlink – bu bir arabaglanyşyga ýuzlenme bolup durýar we oňa basylanda şol niýetlenilen zat açylýar. Adatça, Hyperlinks gök renkde aşagy çyzylan görnüşde bolýar. Meselem, Sycanyň görkezijisi sözüň üstüne getirilende adamyň eliniň 202

199 şekili peýda bolar. Şonda oňa basylsa täze sahypa açylýar. Hyperlink aşagy çyzylan gök tekst görnüşinde görkezilmesede bolýar. Onuň grafik, hereketlendirilen, başga bir reňkde ýada gara tekst görnüşinde bolmagy hem mümkin. Syçanyň görkezijisi sahypanyň içinde süýşürilende, syçanyň görkezijisi eliň şekiline geçen ýagdaýynda şol ýerde hyperlink bardyr. Köp web ýaýlymlaryň özleriniň esasy sahypalaryna getirýän sahypalara ýuzlenmeleri bolýar. Soraglar we gönükmeler 368. Brauzer näme? 369. Netscape Communicator we Microsoft Internet Explorer programmalary name üçin niýetlenen? 370. Brauzeriň penjiresi haýsy böleklerden durýar? 371. Favorites (Saýlananlary) bukjada belli bir faýly goýmaly Hyperlink name? 373. Favorites (Saýlananlary) bukjada belli bir faýla ýüzlenme goýmaly Faýllaryň arhiwi Arhiwli faýllaryň serweri. Internetdäki on müňlerçe serwerler arhiwli faýllarlyň serwerleri bolup durýar. Olarda ýüzlerçe million faýllaryň dürli görnüşleri (programmalar, gurluşlaryň draýwerleri, grafiki we sesli faýllar we ş.m.) saklanýar. Bu arhiwli faýllaryň serwerleriniň köp bolmagy ulanyjylar üçin köp ýeňillikler döredýär. Mysal üçin, köplenç zerur faýllary Internetden göçürip almak mümkinçiligi bar. Arhiwli faýllaryň serwerlerini köp kompaniýalar, şol sanda programma üpjünçiliklerini işläp düzüjiler, kompýuteriň gurluşlaryny we onuň goşmaça gurluşlary öndürijiler goldaýar. Bu serwerlerde ýerleşdirilýän programma üpjünçilikleri açyk 203

200 ýaýradylýan (iňl. freeware) ýa-da şertli mugt (shareware) bolýar. Şonuň üçinem, ulanyjy serwerlerde ýerleşýän faýllary göçürip alanda ol programma üpjünçiligine awtorlyk hukugyny bozmaýar. Köp arhiwli faýllaryň serwerleriniň (meselem, Web interfeýsi bolup, olar ulanyjylara brauzerleri ulanmak bilen işlemäge amatly şertleri döredýär. Faýllary iberiji protokollar (FTP) FTP (iňl. File Transfer Protocol, rus. Протокол передачи файлов) – bu faýllary ibermegiň protokolydyr. Ol daşda ýerleşýän kompýutere girmek, onuň kataloglaryny we faýllaryny görmek, bir katalogdan başga kataloga geçmek, faýllaryň nusgasyny almak, olary düzetmek hem-de öçürmek mümkinçiliklerini döredýär. Arhiwli faýllaryň serwerlerine girmek HTTP protokol boýunça mümkin, ibermek bolsa, ýörite faýllary ugratmagyň protokoly bolup durýan FTP boýunça amala aşyrylýar. FTP protokoly uzakdaky arhiwli faýllaryň serwerinden lokal kompýuterlere diňe bir faýllary ýüklemäge mümkinçilik bermän, lokal kompýuterlerden uzakdaky Web serwerlere faýllary ugratmagy hem amala aşyrýar. Meselem, GlobalSpace kompaniýanyň ftp.cuteftp.com serwerinden cuteftp.exe atly faýlyny ýüklemek üçin onuň URL salgysyny görkezmeli. Netijede gorlaryň uniwersal görkezijisi aşakdaky görnüşe eýedir: ftp://ftp.cuteftp.com/pub/cuteftp/cuteftp.exe we ol üç bolekden durýandyr: ftp:// – elýeterlige rugsadyň protokoly; ftp.cuteftp.com faýllaryň arhiwiniň serweriniň domeýn salgysy; /pub/cuteftp/cuteftp.exe faýla ýol we onuň ady. 204

201 Brauzer Internediň dürli informasion gorlary bilen işlemek üçin integrirlenen ulgam bolup durýar we faýllary ýüklemegiň dolandyryjysyny özüne birleşdirýär. Brauzeriň üsti bilen faýllary ýüklemek 1. Brauzeriň salgylar meýdançasyna URL salgyny girizmeli we Go (Переход) atly düwmä ýa-da Enter klawişa basmaly. Şonda serwer bilen birikme emele gelýär we brauzeriň penjiresinde görkezilen bukjanyň mazmuny çykýar. Meselem, ftp://ftp.cuteftp.com/pub/cuteftp/ URL girizilende aşakdaky penjire çykýar. 2. Faýly ýüklemek işi. Bukjanyň mazmunyndan cuteftp.exe atly faýly tapyp onuň üstüne syçanyň görkezijisini getirip onuň çep düwmesine iki gezek yzlyyzyna basylsa, gepleşik penjire çykýar. 205

202 Eger-de, bu penjireden Сохранить düwme saýlanylsa we faýly öz kompýuteriň haýsy ýerinde huşa ýazmalydygy görkezilse, onda faýly ýüklemek işi doly başlanýar. Maglumat beriji penjirede kabu edilişiň tizligi, faýlyň göçürilen böleginiň göwrümi görkezilýär. 206

203 Ýüklemegiň ýöriteleşdirilen dolandyryjy programmalary arkaly faýly ýüklemek Ýüklemegiň ýöriteleşdirilen dolandyryjy programmalary (FleshGet, Go!Zilla, ReGet we ş.m) faýllary serwerlerden ýüklemek üçin has amatlydyr. Bu programmalar ýüklenilýän faýly böleklere bölüp, şol bölekleriň her birini birwagtda ýüklemek arkaly faýlyň ýükleniş tizligini has artdyrýar. Ondan başgada, bu usulda internede birikme kesilen ýagdaýynda, baglanyşyk emele gelenden soň öňki ýüklenen bölegiň yzyny ýüklemegi dowam etdirmek mümkinçiligi bar. Faýllary ýüklemegiň FleshGet atly dolandyryjysynyň kömegi arkaly faýllary göçürmek Brauzeri işe goýbermeli we ýüklenmeli faýly aktiwleşdirmeli. Bukjanyň mazmunyndan cuteftp.exe atly faýly tapyp, onuň üstüne syçanyň görkezijisini getirip, çep düwmesine iki gezek yzly-yzyna basylsa, gepleşik penjire çykýar. Flash Get programmasynda ýüklemek işini ýerine ýetirmekden öň ýüklenişiň käbir dolandyryjy parametrlerini gepleşik penjireden saýlap goýup bolýar. Meselem, bu 207

204 pejireden lokal kompýuterde faýl ýazyljak bukjany üýtgedip bolar. OK atly düwmä basylandan soň ýüklemek işi başlaýar. Ýüklemegiň dolandyryjysynyň iş penjiresinde faýllary ýüklemek prosesi şekillendirilýär. FTP-müşderi (iňl. FTP- Client) bu FTP arhiwlere göni hakyky wagtda (iňl. online) girmeklik üçin programmadyr. FTP müşderilere AceFTP, CuteFTP we ş.m. programmalar girýär. Soraglar we gönükmeler 374. Arhiwli faýyllaryň serwerine mysal getiriň Faýllary iberiji protokollar näme? 376. Arhiwli faýyllaryň serwerinden bir faýly kompýuitere ýüklemeli Brauzeriň üsti bilen faýly ýüklemekde edilýän işleriň yzygiderligini aýdyp bermeli Ýüklemegiň ýöriteleşdirilen dolandyryjy programmalarynyň käbirleriniň atlaryny aýtmaly. 208

205 379. FleshGet atly faýly ýüklemegi dolandyryjy programmanyň kömegi arkaly bir faýly internetden alyp kompýutere ýüklemeli Internetde interaktiw söhbetdeşlik Soňky wagtlar internetde göni hakyky wagtda (iňl. online) geçirilýän söhbetdeşlikler giňden ýaýraýar. Kompýuterleriň öndürijiliginiň we maglumatlaryň alyşçalşygynyň tizliginiň ýokarlanmagy ulanyjylara göni hakyky wagtda diňe bir tekst maglumatlaryň alyş-çalşygyny dal-de, ondan başga audio hem-de wideo baglanyşyklary gurnamaklyk mümkinçiliklerini artdyrýar. Interaktiw söhbetdeşligiň serweri. Internetde müňlerçe interaktiw söhbetdeşligiň serwerleri ulanyjylaryň arasyndaky göni söhbetdeşligi amala aşyrýar. Islendik ulanyjy bu serwerlere çatylyp, oňa baglanýan bir ulanyjy ýa-da birnäçe ulanyjylar bilen göni söhbetdeşlige başlap bilýär. Söhbetdeşligiň ýönekeý görnüşi gepleşikdir (iňl. chat), ýagny klawiaturadan ýygnalýan habarlaryň alyş-çaşygydyr. Eger-de söhbetdeşlik edýänleriň kompýuterleri sesli karta, mikrofon, ses çykaryjylar (gulagyňa geýdirilýan ýa-da akustiki kolonkalar) bilen gurnalan bolsalar, onda sesli habarlaryň hem alyş-çalşygyny gurnap bolýar. Ýöne bu ýagdaýda söhbetdeşlik diňe iki ulanyjynyň arasynda bolmaly. Eger-de söhbetdeşlikdäkileriň bir-birlerini ekranda görmek mümkinçiligini gurnamaly bolsa, onda olaryň kompýuterleri web kamera çatylan bolmalydyr. Sesiň we şekiliň hili baglanyşygyň kanalynyň geçiriş tizligine baglydyr we ol 28,8 Kbit/sekuntdan kiçi bolmaly däldir. Diýmek, Internetde interaktiw söhbetdeşligiň üç görnüşi: tekst habarlaryň alyş-çalşygy, audio we wideokonferensiýa bardyr. 209

206 Interaktiw söhbetdeşligi gurnamak üçin ýöriteleşdirilen programma üpjünçilikleri zerurdyr. Bu programmalaryň diri NetMeeting atly bolup Internet Explorer programmasynyň düzümine girýändir. Ýöriteleşdirilen Windows Live Messenger atly programmanyň iş penjiresi aşakda getirilendir. Ýöriteleşdirilen Skype atly programmanyň iş penjiresi aşakda getirilendir. 210

207 ICQ arkaly interaktiw söhbetdeşlik. Soňky ýyllarda ICQ atly serwerleriň kömegi arkaly söhbetdeşlikler giňden ulanylýar. ICQ bu iňlis dilinde üç sözüň I seek you ( Men seni gözleýärin ) baş harplaryndan alnan gysgaltmadyr. Häzirki döwürde bu ulgamda birnäçe million ulanyjy özleriniň ýeke-täk belgileri bilen hasaba alnandyr. Islendik ulanyjy Internete çatylandan soň, ICQ ulgamda hasaba duran we şu wagtda Internete çatylan islendik ulanyjy bilen söhbetdeşlige başlap bilýär. Programma öňden düzülen sanawdan haýsy söhbetdeşleriň häzirki wagtda arabaglanyşykdadygyny görkezýär we baglanyşykdaky söhbetdeşler bilen söhbetdeşlik geçirmäge mümkinçilik berýär. Interaktiw söhbetdeşligiň ICQ ulgamy dürli görnüşli söhbetdeşligi üpjün edýär. Olara elektron poçta, tekst alyşçalyşygy (chat), internetde jaňlaşmaklyk, faýllary goýbermeklik, baglanyşykdaky adamlary gözlemek we ş.m. girýär. Soraglar we gönükmeler 380. Internetdäki interaktiw söhbetdeşligiň serwerlerine çatylan ulanyjy näme işleri edip bilýär? 381. Söhbetdeşligiň nähili görnüşleri bar? 211

208 382. Sesli habarlaryň alyş-çalşygyny gurnamak üçin ulanyja haýsy gurluş gerekdir? 383. Söhbetdeşlikdäkileriň bir-birlerini ekranda görmegi üçin olaryň kompýuterlerinde haýsy goşmaça enjam ulanylýar? 384. Sesiň we şekiliň geçmegi üçin kanalynyň geçiriş tizligini näçeden az bolmaly däldir? 385. ICQ näme? 4.8. Elektron poçta Elektron poçta- bu ähliumumy kompýuter baglanşygyndaky hatlaryň alyş-çalşygynyň ulgamydyr. Elektron hat – bu haty kabul etjegiň elektron salgysyny we hatyň tekstini özünde saklaýan tekstli faýldyr. Elektron hatyň içine dürli görnüşli faýllary goşup bolýar. Elektron poçtaly guty – bu poçtaly serwer bolup durýan kompýuteriň gaty diskiniň bölümidir (bukjasydyr). Elektron poçtaly guta eýesi üçin hatlar gelip gowuşýar. Baglanyşykdaky elektron poçtaly gutynyň durýan ýerini kesgitlemek üçin elektron salgy ulanylýar. Elektron simwol bilen tapawutlanýan iki bölekden durýar: ulanyjynyň_ady@poçtaly_serwiň salgysy. Ulanyjynyň ady serweriň poçtaly gutysyndaky ýerini kesgitleýär. Ulanyjy bu ady köplenç özi saýlap alýar. Ol baş we setir latyn harplaryndan, sifrlerden we käbir simwollardan durýar. At saýlanyp alnanda şol at ulanyjy hakdaky maglumatlary (indiwidual ýa-da köpçülikleýin) özünde saklaýan bolsa has amatly bolýar. Poçtaly serweriň salgysy nokatlar bilen çäklenýän böleklerden (domenlerden) durýar. Salgy çepden saga tarap simwola ýakyn at bu ulanyjynyň gutusyny özünde saklaýan kompýuteriň ady bolup durýar. Ondan soň bolsa, serweriň nirede ýerleşýändigini kesgitleýän birnäçe aralarynda nokat begisi ýazylan atlar bolup bilýär. 212

209 Iň sag tarapdaky ada suffiks diýilýär. Suffiks köplenç ýurtlaryň kodlaryny aňladýar. Meselem, tm- Türkmenistan, su ýa-da ru – Russiýa, uk- Angliýa, mx- Meksika, tr-turkiýe, za- Günorta Afrika, ni- Nikaragua, in-hindistan, au-awstriýa, de-germaniýa. Hatlaryň ýolda her dürli poçta stansiýalarynda säginşi ýaly, elektron poçta internetde syýahat eden wagty bir kompýuterden beyleki kompýutere poçta serwizi ady bilen geçýar. Poçta serwizi, ýönekeý poçta bölüminiň işleýşi ýaly işleýan kompýuterdir. Habar poçta serwizine gelen badyna, ol hat elektron guta ýerleşdirilýar, tä ol haty alyjy ol ýerden alýança şol ýerde durýar. Bu iş diňe birnäçe sekunt wagtyň dowamynda amala aşyrylýar. Bu bolsa, internet hyzmatyny ulanyjylara dünýaniň her künjegindäki adamlar bilen gije we gündiziň islendik wagtynda çalt baglanyşmaga amatly mümkinçilik berýär. Elektron poçtany almak üçin serwerde öz salgyňyz bolmaly. Ol hat alýan salgyňyza meňzeş bolmaly. Elektron poçtada salgyny açmaklyk Eger kompýuteriň internet toruna girmäge mümkinçiligi bar bolsa, onda mugt poçta açyp bolýar. Köp web serwerlerde poçta salgyzyny edinmeklik mugtdyr. Poçta açylanda, her ulanyjynyň öz ady we onuň paroly bolmaly. Özüne poçta açan ulanyjynyň dünýäniň internet ulgamy bar bolan haýsy künjeginde bolsa-da, öz poçtasyny görmäge we onuň bilen işlemäge mümkinçiligi bolýar. Aşakdaky görkezilen saýtlarda mugt poçtany açmak mümkinçiligi bar: Indi bolsa, serwerde elektron poçtany döretmegi öwreneliň. Poçta açmak üçin degişli düwmä basylsa belli bir formany doldurmaga gepleşik penjire çykýar. Ony dogry dolduryp bolandan soň serwer ulanyja hususy salgy berýär. Şol 213

210 salgy boýunça ulanyjy beýleki adamlar bilen elektron hat alyşçalyşygyna başlaýar. Meselem, atly serwerde elektron poçtany döretmek üçin aşakdaky formalary doldurmaly bolýar. 214

211 Elektron habarlary ibermek Ýokardaky agzalan serwerde elektron hatlary ibermek üçin aşakdaky işler amala aşyrylýar. 1. Elektron poçtany açyp, Написать письмо diýen düwmä basmaly. 2. Açylan penjiräniň Кому meýdançasynda haty alýanyň elektron salgysyny ýazmaly. Meselem, Salgynyň dogry ýazylandygyna güwä geçmeli, ýogsam hat yzyna dolanyp geler. Elektron haty birwagtda birnäçe adamlara iberip bolýar. Onuň üçin, salgylaryň aralarynda hokatly otur (;) belgisini goýmaly. 3. Hata tema tapmaly. Ol gysga we düşnükli bolmaly. 4. Kursory habarlar ýazylýan pejjirä getirip, hatyň tekstini taýýarlamaly. Habara ýene-de tekst redaktoryndan göçürilen habaryň bölegini goýup bolar. 5. Habar taýýar bolandan soň Отправить (iňl. Send) atly düwmä basmaly. Haty ugratmak we kabul etmek üçin iş penjiresiniň degişli düwmelerinden peýdalanylýar. Hata goşundy faýllar. Elektron poçta arkaly habar iberilende oňa başga-da göwrümi uly bolmadyk faýllary (köp serwerlerde 5-e çenli) goşmaça berkidip bolýar. Bu goşulan faýllar habar bilen bilelikde barýar. Habary kabul ediji şol faýllary açyp we öz kompýuteriniň huşuna salyp bilýär. Haty ýazyp ugratmaga taýýarlandan soň Attach files (Приложить файлы) atly düwmä basmaly. Şondan soň emele gelen gepleşik penjirede faýllary View (Обзор) düwmä basyp degişli bukjadan tapyp goýmaly we Attach (Приложить) buýrugy bermeli. Berkidilen faýllaryň atlary iş penjirede peýda bolandan soň haty ugratmaly. Meselem, serwerindäki elekton salgydan hata goşundy faýl berkidilende aşakdaky iş penjiresi çykýar. 215

212 Soraglar we gönükmeler 386. Elektron poçta näme? 387. Elektron hat näme? 388. Ýurtlaryň kodlaryny aýdyp beriň Suffiks näme? 390. Özüňe elektron salgy döretmeli Gysga elektron hat taýýarlamaly Taýýarlanylan elektron hata üç faýl goşmaly Haty belli bir salgy boýunça ibermeli Informasiýalary gözlemek Eger-de internetden belli bir maglumatlary gözlemeli bolsa we gözlenilýän maglumatlaryň ýerleşýän URL salgylary belli bolmasa, onda gözleg sahypalaryny ulanmaly bolýar. Bu gözleg sahypalaryna sözi ýa-da söz yzygiderligini ýazmaly we gözleg işlerini ýerine ýetir diýen buýruk bermeli. Şonda şol sözleri bar bolan sahypalaryň sanawy ekrana çykýar. 216

213 Häzirki wagtda gözlegleri amala aşyrmak üçin dürlidürli gözleg sahypalary bar. Olara mysal edip, aşadakylary görkezmek bolar: Alta Vista gözleg serweriniň salgysy – Google gözleg serweriniň salgysy Rambler gözleg serweriniň salgysy we ş.m. Bu gözleg sahypalarynda gözleg dürli dillerde hem geçirip bolýar. Meselem, Google gözleg serwerinde pagtanyň hasyly (rus. урожай хлопка ) sözler toplumyny gözlemek üçin ony gözleg gutusyna rus dilinde ýazalyň. Şonda ekranyň penjiresi aşakdaky ýaly bolar. Gözleg işlerini amala aşyrmak üçin Поиск в Google atly düwmä basylsa aşakdaky penjire çykar. 217

214 Pu penjireden görnüşi ýaly sany salgylar tapyldy we olaryň sanawy emele gelýär. Şol sanawdan haýsysyny açjak bolsaň şonuň üstüne syçanyň görkezijisini getirmeli we eliň suraty emele gelende onuň çep düwmesine basmaly. Soraglar we gönükmeler 394. Gözleg sahypalaryna mysal getiriň Google gözleg serwerinden Aşgabat şäheriniň howasynyň çaklamasyny tapmaly Rambler gözleg serwerinde autoulaglar barada maglumat gözlemeli Alta Vista gözleg serwerinde matematika dersinden bäsleşik üçin meseleleriň ýygyndysyny gözlemeli. 218

215 4.10. Arhiwlemek we arhiwden çykarmak Faýllaryň toplumyny gysyp arhiwe salýan we ondan çykarýan ýörite programmalara arhiwleýjiler diýilýär. Häzirki döwürde arhiwleýji programmalardan WinRar we WinZip giň ýaýranlarydyr. Faýlyň göwrümini gysyp birnäçe esse kiçeldip bolýar. Bu bolsa faýly diskiň üsti bilen göçürip başga kompýutere geçirmekde ýa-da Internet bilen ugradanda gaty peýdalydyr. Faýly bir gezek gysandan soň ikinji gezek gysmak zerurlygy ýokdur, ýagny bu ýagdaýda onuň göwrümi kiçelmeýär. Arhiwlenende faýllaryň käbir görnüşleriniň ölçegleri kiçelmeýär. Meselem, JPG formatdaky suratlar, MP3 formatdaky ses ýazgylar we ş.m. Arhiwleýji programmanyň esasy edýän işleri aşakdakylardyr: täze arhiw döretmek; arhiwe faýllary goşmak; arhiwiň mazmunyny görmek; getirilen. arhiwden faýllary çykarmak; arhiwden faýllary öçürmek. WinRAR programmasynyň iş penjiresi aşakdaky suratda 219

216 WinRAR işe goýberilende işlenilýän bukjanyň mazmuny faýllaryň sanawy bilen çykýar. Işleniljek bukka saýlanyp alnandan soň şol bukjanyň mazmuny çykýar. Arhiwleniljek faýllary bellemeli. 220

217 Arhiwleniljek faýllar bellenilende soň “Add(Добавить)” düwmä basylsa emele gelen gepleşik penjirede oňa goýuljak ady bermeli. Bu ýerde täze arhiwiň formatyny (RAR ýa-da ZIP), tomuň ölçegini we arhiwlenişiň beýleki parametlerini üýtdedip bolýar. “OK” düwmä basylsa arhiwe salmak işi başlanýar. Öň bar bolan arhiwe faýly goşmak hem bolýar. Onuň üçin, WinRar programmasynyň penjiresi açyk bolmaly. Arhiwe goşuljak faýlyň adynyň üstüne syçanyň görkezijisini eltmeli we onuň çep düwmesini basyp durup, WinRar programmasynyň penjiresiniň içine görkezijini süýşürenden soň goýbermeli. Faýly arhiwden çykarmak WinRAR programmasynda arhiw faýly açmaly. Iş penjirede onuň içindaki faýllaryň sanawy çykýar. 221

218 Bu sanawdan arhiwden çykarylmaly faýllary bellemeli we Extract to atly düwmä basmaly. 222

219 Emele gelen gepleşik penjirede arhiwden çykaryljak faýllary haýsy bukja ýerleşdirmelidigini görkezmeli we açylyşyň käbir parametrlerini üýtgetmeli ýa-da ümsümlik ýagdaýynda kabul ediljek parametrler bilen ylalaşyp OK düwmä basmaly. Soraglar we gönükmeler 398. Windowsyň iş stolunda bir täze bukja öň döredilen üç sany faýly salmaly. WinRar programmasynyň kömegi arkaly olary arhiwlemeli Arhiwlenen faýly iş stolundaky RAB atly bukjanyň içine açmaly Arhiwlenen faýlyň içindäki sanawdan bir faýly aýyrmaly Arhiwlenen faýlyň içine ýene-de iki faýly goşmaly Web sahypany taýýarlamak Iň täze maglumatlary çalt kabul etmek we ugratmak, köp adamlar bilen arabaglanyşyk saklamak we ş.m. işleri ýerine ýetirmek üçin web-sahypa taýýarlamak zerur bolýar. Web sahypasy bu web brauzeriň penjiresinde görkezip bolýan HTML diliniň kömegi bilen döredilen resminamadyr. Web sahypasy teksti, şekili, audio we wideo maglumatlary, uly bolmadyk dürli obýektleri özünde jemläp bilýär. HTML dili (iňl. Hypertext Markup Language) bu dil kodlaryň toplumy bolup, ol web-sahypada ýazgylaýyn we grafiki maglumatlary hem-de başg resminamalara geçmäne gerek bolan baglanyşykly ýazgylary döretmeklik üçin ulanylýar. HTML dili maksatnama düzmegiň doly derejeli dili däldir, onuň diňe maglumatlary monitoryň ekranyna çykarmak üçin belli bir kodlar toplumy bar. Web sahypa döretmek işi aşakdaky basgançaklardan ybaratdyr. 223

220 1. Web sahypany haýsy maksatlar üçin döredilýändigiňi kesgitlemek. 2. Maglumatlary ýygnamak. Elektron maglumatlar esasan-da üç formatda taýýarlanylýar: Word redaktorynyň dokumentleri; HTML dokumentler; PDF formatly dokumentler. Suratlar aşakdaky dört çeşme boýunça ýygnalýar: kameranyň kömegi bilen; skaner arkaly; Clipart ýygyndysyndaky suratlar; Internet saýtlaryndan alnan suratlar. 3. Web sahypanyň gurluşyny kegitlemek. 4. Web sahypadaky baglanyşyklary goýmak we olary barlap görmek. HTML dokumentiň ýönekeý nusgasy Meniň sahypama hoş geldiňiz sahypanyň mazmuny Web sahypalaryny şekillendirmek üçin brauzerleriň ulanýan buýruklaryna taglar diýilýär. Adatça, taglar jübüt-jübütden bolýarlar: – . Tag açmak üçin buýrugy <> bellikleriň arasynda ýazmaly. Meselem, – açylýan we -ýapylýan tag. – bu teksti has goýy edýar. – HTML başy 224

221 – dokumentiň soňunda ýerleşýär we brauzere dokumentiň ahyrydygyny düşündirýär – sahypanyň ady berilýär. – sahypanyň adynyň soňlanandygyny aňladýar. – sahypanyň sözbaşysynyň ýazylýan ýeri. – sözbaşyny tamamlaýan tag. – bu tag brauzeriň penjiresinde şekillendirilýän sektor açýar. Bu sektordaky informasiýalar brauzeriň içinde ýerleşdirilýär. HTML dokument döredilende buýruklaryň arasyndaky probeller brauzerlerde görkezilmeýär. HTML taglary ulanmak bilen tekstiň formatyny üýtgetmek bolar. Bloknotda ýönekeý web sahypanyň döredilişi Bloknotda ýönekeý web sahypanyň kodlaryny girizip, şol kodlary saklaýan faýly html giňelmeli at bilen huşa salnanda ýönekeý web sahypa emele gelýär. Bloknot (Notepad) maksatnamany açyp, ýokardaky nusgada getirilen kodlary girizeliň. Ondan soň faýly File (Файл) Save as(сохранить как) yzygiderligi ulanyp huşa salalyň. Faýla simple.html at bereliň. 225

222 Şonda faýlyň görmüşi brauzerde okalýan görnüşe eýe bolar. Faýlyň ady ýazylanda böşluklar ulanman, umumy sany 8- den köp bolmadyk latyn elipbiýiniň setir harplaryndan yzygiderliginden düzmeklik maslahat berilýär. HTML dokumenti açmak üçin File (файл) Open(Открыть) yzygiderligi ulanmaly ýa-da onuň üstüne syçanyň görkezijisini getirip yzly-yzyna iki gezek çep düwmesine basmaly. Taýýarlanan ýönekeý we sahypanyň görnüşi akakdaky penjirede getirilen. 226

223 Web sahypa bukjalardan ýa-da aýratyn sahypalardan düzülen. Umumy tema boýunça sahypalary bir bukjada ýerleşdirmek maslahat berilýär. Bu bolsa, web sahypa bilen işlemegi oňaýlaşdyrýar. Web sahypasyny taýýarlamak üçin dürli grafiki, animasion (hereketi şekiller) web redaktorlary peýdalanylýar. Bu maksatnamalaryň kömegi bilen Word maksatnamasynda tekst dokumentleriň döredilişi ýaly web sahypalary döredip bolýar. FrontPage programmasy FrontPage programmasy Maýkrosoft (Microsoft) kompaniýasy tarapyndan öndürilen we onuň gurluşy Microsoft Office paketine girýän beýleki maksatnamalaryň gurluşlaryna meňzeşdir. Täze web sahypany döretmek Web sahypany döretmek üçin aşakda getirlen usullar bar: Standart gurallar zolagynda ýerleşen gurala basmak arkaly; File(Файл) New(Создать) Page(Страница) ýada Web узел yzygiderligini ulanmak bilen; Ctrl+N klawişalary bilelikde basmak bilen; Goşmaça kömekçi menýudan syçanyň sag düwmesine basyp, New (Создать) Page(Страница) ýa-da Web узел yzygiderligini buýrugy ulanmak bilen. 227

224 Şablonlaryň kömegi bilen sahypa döretmek Täze sahypa döretmek üçin File (Файл) New (Создать) Page (Страница) ýa-da Web узел ýoly geçmeli, bu ýagdaýda FrontPage täze sahypa döretmek üçin şablon döreder. 228

225 Общие atly içlikde şablonlaryň sanawy hödürlenýär. Islendik şablony saýlap onuň düşündirilşini Образец atly meýdanynda görüp bolýar. Saýt – bu kesgitlenen web-saýtyň faýllarynyň we hemme dokumentleriniň saklanýan ýeri. Lokal saýtlar kesgitlenende saýtlaryň gurluşy döredilýär we maksatnamadaky saýtyň hemme faýllarynyň saklanjak ýeri meýilleşdirilýär. Giperýüzlenmeleriň goýluşy Giperýüzlenmeler (hyperlinks) ýa-da ýüzlenmeler (links) tekstler ýa-da suratlar bolup bilýär, olar Internetiň başga sahypalaryna geçmäge mümkinçilik berýär. Munda başgada, olar zerur maglumatlary gözlemek üçin bir sahypadan beýleki sahypalara bökmäge mümkinçilik berýär. Sahypanyň belli bir bölejigine giperýüzlenmäni goýmak üçin şol bölejigi ilki bilen bellemeli. Meselem, aşakdaky 229

226 penjirede salgy2 sözäň duran ýerine bir faýla ýüzlenme goýalyň. Şol bölejik bellenenden soň Insert (Вставка) Hiperlink (Гиперссылка) yzygiderligi ulanmak ýa-da Ctrl+K klawişalary bilelikde basmak arkaly aşakdaky penjiräni alarys. 230

227 Bu penjireden salgylanma goýuljak faýl saýlanandan soň OK düwmä basmaly. Şonda salgy2 ýazga salgylanma goýlandygy onuň aşagynda çyzygyň emele gelendiginden görünýär. Salgynyň dogry goýlandygyny barlamak üçin faýly huşa salyp, FrontPage maksatnamasyndan çykalyň we şol faýly Windowsyň ugrukduryjysynyň kömegi bilen tapyp ony Internet Explorer maksatnamasy bilen acalyň. 231

228 Bu penjireden salgy 2 atly ýazga syçanyň görkezijisi getirilende eliň suraty emele gelenden soň onuň çep düwmesine basmak arkaly goýlan salgydaky faýly açyp bileris. We sahypa döredilende köplenç taýýar faýllary redaktirlemeli bolýar. Şol bir sahypa birnäçe gezek dolanyp gelmeli bolýar. FrontPage maksatnamasynda faýly açmak üçin File (Файл) Open (Открыть) yzygiderligi ulanmaly. Açylmaly faýl saýlandan soň Open (Открыть) düwmä basmaly. Brauzerde penjiräniň daşky görnüşini görmek üçin Web sahypanyň redaktirleme yagdaýynda View(Просмотр) düwmä basmaly. Faýly huşa salmak üçin File(Файл) Save(Coxpaнить) yzygiderligi ulanmaly. Egerde sahypa huşa öň berilmedik bolsa, onda Save as( Coxpaнить как. ) gepleşik penjiresini açylýar. Faýla at berilenden soň Save(Coxpaнить) düwmä basmaly. 232

Comments are closed, but trackbacks and pingbacks are open.