TÜRKMEN DILI LEKSIKA
9 Nazary maglumatlar taýýarlanylanda, Ý.Çöňňäýewiň ýokarda agzalan işlerine, şeýle-de şol mesele boýunça edilen käbir ýörite işlere 1 esaslanyldy. Gönükmeler, ýumuşlar düzülende, Magtymgulynyň, Mollanepesiň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinden, nakyllardyr atalar sözleri, läleler, hüwdüler ýaly halk döredijilik eserlerinden, hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlaryndan, häzirki zaman meşhur türkmen ýazyjydyr şahyrlarynyň eserlerinden peýdalanyldy. Kitapda her temanyň soňunda şoňa degişli maglumatlary gaýtalamaga, berkitmäge hem-de onuň özleşdiriliş derejesini barlamaga mümkinçilik berýän ýörite soraglar we ýumuşlar berildi. 1 Аразкулыев С. Гарагалпагыстан АССР-ниӊ Дөртгүл районындакы түркмен геплешиклери. Ашгабат, 1961; ş o n u ň k y: түркмен дилиниӊ фарап диа лекти. Ашгабат, Чоммадов о. түркмен дилиниӊ керки топар диа лек тлери. Ашгабат, 1991; Нартыев Н. түркмен диалектологиясыныӊ эсаслары. Чәржев,
Новые игры на ПК
В игровой индустрии понятие «новинка» – штука неоднозначная: с одной стороны, новое на то и новое, что вышло в свет недавно, если не сегодня, и все хотят в это поиграть; с другой – есть категория геймеров, которые не смогли в свое время опробовать тот или иной, не обязательно, нашумевший медиапродукт. К сожалению для последних, в этом разделе собираются только самые актуальные, самые интересные и самые востребованные проекты, выпущенные в промежутке между 2019 и 2020 годами.
Здесь каждый сможет найти интересующую его новинку разных жанров. Категория экшенов может предложить Borderlands 3, раздел RPG – японскую «ролевку» Code Vein или РПГ The Surge 2. Почитатели спортивных симуляторов и ценители футбола в одном лице без труда отыщут здесь FIFA 2020, а любители постапокалипсиса и стрельбы по монстрам сполна смогут отвести душу в Metro; Exodus. Для обладателей очков виртуальной реальности тоже найдется, во что поиграть, например, в Medal of Honor: Above and Beyond. Заядлые же гонщики, в свою очередь, получат свою дозу адреналина в игре Need for Speed: Heat.
Новинки игр всегда ожидаются с особым трепетом. На этой странице мы размещаем не только материал с готовыми к загрузке торрент-файлами, но и так контент будущего, с соответствующей пометкой «ожидаемые». Делается это для того, чтобы каждый получил информацию о дате выхода той или иной игры, добавил публикацию в избранное и получил на свою почту уведомление о том, что проект вышел, а хеш-файл стал доступным к скачиванию.
TÜRKMEN DILI LEKSIKA
2 UOK 378 : 81 B 33 B 33 Baýjanow B. Türkmen dili. Leksika (Amaly kurs). A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, TDKP 71, 2018 KBK 81.2 (2 tü) ýa 73 B. Baýjanow, 2018.
3 TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW
5 türkmenistanyň döwlet tugrasy türkmenistanyň döwlet baýdagy
6 Türkmenistanyň döwlet senasy Janym gurban saňa, erkana ýurdum, Mert pederleň ruhy bardyr köňülde. Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Gardaşdyr tireler, amandyr iller, Owal-ahyr birdir biziň ganymyz. Harasatlar almaz, syndyrmaz siller, Nesiller döş gerip gorar şanymyz. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!
7 Sözbaşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda syýasatyň, ykdysadyýetiň, medeniýetiň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda ägirt uly ösüşler, özgerişler bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan öňdengörüjilikli bilim syýasatynyň netijesinde bu ulgamda bolup geçýän özgertmeler, ösüşler türkmen dilimiziň ulanylyşyna-da, öwrenilişine-de öz täsirini ýetirdi. Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy bilen dilimiziň ulanylyş gerimi has giňedi, ýerine ýetirýän hyzmatynyň çägi hem artdy. Garaşsyz Diýarymyzyň Konstitusiýasynda türkmen diline Döwlet dili hukugy berlip, ol indi döwleti edara etmekde-de, iş dolandyryşda-da giňden ulanylýan dile öwrüldi. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda türkmen dili ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, okuw-terbiýe mekdeplerinde okatmagyň we terbiýe bermegiň esasy dili hökmünde kesgitlenildi. Aragatnaşygyň möhüm serişdesi we milli medeniýetimiziň esasy sütüni bolan ene dilimize hormatly Prezidentimiz şeýle baha berýär: «Biziň ene dilimiz öz gözbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan, ähli türki halklarynyň dilleriniň esasyny düzýän dildir. Şoňa görä-de, biziň dilimiz ähli türki halklar üçin düşnükli bolmak bilen, öz tebigaty boýunça dünýäniň esasy dilleriniň hatarynda durmaga mynasypdyr. Ene dilimizi şeýle derejä çykarmagyň ýollaryny geçmişdäki beýik akyldarlardan öwrenmelidiris». Ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk döwrebap bilim bermek, olary belent adamkärçilikli, arassa ahlakly, Watana, il-ýurda wepaly, ilhalar adamlar, ökde hünärmenler edip ýetişdirmek döwrüň örän ähmiýetli, esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokary 7
8 okuw mekdeplerinde okuwyň hilini ýokarlandyrmaga, döwrüň talabyna laýyk okuw kitaplarydyr gollanmalaryny taýýarlamaga aýratyn üns bermegi talap edýär. Bu meselede ylmyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda türkmen dil biliminde-de ep-esli işler edildi. Täze türkmen milli elipbiýi kabul edildi, «Türkmen diliniň orfografik sözlügi» (2016) düzüldi we neşir edildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy redaksiýasy bilen iki tomluk «Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi» (2016) neşir edildi. Bu sözlük hem dilimizde bolup geçýän üýtgeşmeleri doly şöhlelendirýän, onuň sözlük düzümini baýlaşdyrýan täze sözleri, sözleriň täze manylaryny, şonuň ýaly-da dilde ulanyşdan galýan sözleri özünde jemleýän, umuman, diliň häzirki döwürdäki ösüş kanunalaýyklyklaryny açyp görkezýän örän ähmiýetli ylmy maglumatlar çeşmesidir. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin türkmen diliniň fonetika, morfologiýa, sintaksis bölümleri boýunça dürli ýyllarda birnäçe okuw kitaplarydyr gollanmalary neşir edildi. Leksika bölümine degişli türkmen dilçi alymy Ý.Çöňňäýewiň «Häzirki zaman türkmen diliniň leksikologiýasy» (1972), «Türkmen diliniň leksikasy. I bölüm» (1973), «Häzirki zaman türkmen dili. Leksika» (1988) atly kitaplary neşir edildi. Bu kitaplarda türkmen diliniň leksikologiýasynyň umumy meselelerine degişli giňişleýin nazary maglumatlar berilýär. Bu kitaplaryň neşir edilenine köp wagt geçendigi sebäpli, olar gyt neşire öwrüldi, ondaky käbir maglumatlar barada täze garaýyşlar ýüze çykdy. Galyberse-de, şu wagta çenli leksikanyň amaly kursy boýunça ýörite kitap taýýarlanylmady. Şu görkezilen sebäplere görä, bu ugurdan döwrüň talabyna laýyk gelýän, dilimiziň leksik düzümindäki täze garaýyşlary, özgerişleri göz öňünde tutýan amaly okuw kitabyny taýýarlamak zerurlygy ýüze çykdy. Şondan ugur alnyp, leksika bölüminiň amaly kursy boýunça eliňizdäki okuw kitaby taýýarlanyldy. Okuw kitabynda leksikanyň dürli meseleleri boýunça talyplaryň bilmegi zerur hasap edilen gysgaça nazary maglumatlar we olary özleşdirmäge, delillendirmäge, berkitmäge niýetlenen gönükmeler, ýumuşlar berildi. 8
9 Nazary maglumatlar taýýarlanylanda, Ý.Çöňňäýewiň ýokarda agzalan işlerine, şeýle-de şol mesele boýunça edilen käbir ýörite işlere 1 esaslanyldy. Gönükmeler, ýumuşlar düzülende, Magtymgulynyň, Mollanepesiň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinden, nakyllardyr atalar sözleri, läleler, hüwdüler ýaly halk döredijilik eserlerinden, hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlaryndan, häzirki zaman meşhur türkmen ýazyjydyr şahyrlarynyň eserlerinden peýdalanyldy. Kitapda her temanyň soňunda şoňa degişli maglumatlary gaýtalamaga, berkitmäge hem-de onuň özleşdiriliş derejesini barlamaga mümkinçilik berýän ýörite soraglar we ýumuşlar berildi. 1 Аразкулыев С. Гарагалпагыстан АССР-ниӊ Дөртгүл районындакы түркмен геплешиклери. Ашгабат, 1961; ş o n u ň k y: түркмен дилиниӊ фарап диа лекти. Ашгабат, Чоммадов о. түркмен дилиниӊ керки топар диа лек тлери. Ашгабат, 1991; Нартыев Н. түркмен диалектологиясыныӊ эсаслары. Чәржев,
10 Leksikologiýa we onuň öwrenýän meseleleri Dil biliminiň leksikologiýa bölümi diliň sözlük düzümini, leksikany öwrenýär. Leksika sözi grek dilindäki «leksikos», ýagny «sözlük» diýen sözden bolup, ol diliň sözlük düzümini, dildäki sözleriň jemini ýa-da onuň belli bir pudagyna degişli sözleriň jemini aňladyar. Meselem, türkmen diliniň leksikasy, rus diliniň leksikasy; türkmen diliniň balykçylyk leksikasy, ekerançylyk leksikasy, dialekt leksikasy we ş.m. Leksikologiýada sözler a) döreýiş çeşmeleri; b) many gatnaşyklary we mynasybetleri; ç) ulanylyş gerimi; d) ulanylyş ýygylygy; e) stillere gatnaşygy ýaly dürli tarapdan öwrenilýär we şoňa baglylykda ol birnäçe bölümden ybaratdyr. Onomastika has atlaryň görnüşleri öwrenilýän bölüm. Antroponimika adam atlaryny, familiýalary, lakamlary öwrenýän bölüm. Etnonimika etnonimleri, ýagny halklaryň, halkyýetleriň, tire taýpalaryň atlaryny öwrenýän bölüm. Zoonimika haýwan atlaryny öwrenýän bölüm. Toponimika ýer-ýurt atlaryny öwrenýän bölüm. Gidronimika suw bilen baglanyşykly, deňiz, derýa, köl we ş.m. atlaryny öwrenýän bölüm. Etimologiýa sözleriň döreýiş, gelip çykyş taryhyny öwrenýän bölüm. Semasiologiýa sözleriň manylaryny, onuň görnüşlerini öwrenýän bölüm. Frazeologiýa durnukly söz düzümlerini, ýagny frazeologizmleri öwrenýär. Leksikografiýa ensiklopedik we lingwistik sözlükleri, olaryň görnüşlerini öwrenýär. 10
11 1-nji ýumuş. Aşakdaky bölümleriň hersine degişli 10 sany söz tapyp ýazyň. Onomastika: Etnonimika: Zoonimika: Toponimika: Gidronimika: Antroponimika: 2-nji ýumuş. Aşakdaky tekstdäki atlaryň haýsy bölüme degişlidigini kesgitläň. Türkmenistan Türkmenistan Garaşsyz döwlet. Ol örän baý ýurt. Türkmenistanda nebit, gaz, garaköli bagana, ýüň, kükürt, ýod öndürilýär. Millionlarça düýedir gara mallar, goýundyr geçiler, ahalteke atlary, Hazar deňziniň, Amyderýanyň, Sarygamyş kölüniň balyklary, Jebeliň duzy, owadan nepis halylar hem Türkmenistanyň baýlygydyr. Türkmenistanyň goraghanalarynda gulanlaryň, dag haýwanlarynyň, keýikleriň, guşlaryň dürli görnüşleri bar. Garagumda, Köpetdagda, Balkan dagynda dag goçy, dag tekesi, gulan, ýekegapan, maral ýaly haýwanlar, käkilik, turaç, sülgün ýaly guşlar köp duş gelýär. 3-nji ýumuş. Sözlere berilýän düşündirişden 1 ugur alyp, onuň leksikologiýanyň haýsy bölümine mahsusdygyny kesgitläň. Mekdep. 1. Ýaş nesillere hat-sowat öwredýän, umumy orta bilim berýän okuw jaýy we onuň binasy. Orta mekdep. Mekdep okuwçysy. Mekdepde okamak. 2. göçme many. Durmuşy wakalary öwrenmek netijesinde gazanylan endik, başarnyk, tejribe. Synag mekdebi. Durmuş mekdebi. «Mekdep» Yslamyň üsti bilen arap dilinden aralaşan bu söz «ýaz mak» manysyndaky «ketebe» («ktb») sözünden we sözüň öňünden goşulyp, orny bildirýän me- goşulmasyndan hasyl bolup, okuw (okadyl ýan) jaýyny aňladýar. 1 Sözlere berilýän düşündirişler «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginden» (I, II tom, A., 2016) we S. Atanyýazowyň «Türkmen diliniň sözköki sözlüginden» (A., 2004) alyndy. 11
12 Dury. 1. Bulanyk bolmadyk, bulançak däl, arassa, tämiz. Dury suw. Dury aýna. 2. Açyk, bulutsyz, dumansyz, tämiz. Dury asman. Dury akmaýan, arassa, bulanyk däl suwy bildirýän bu söz «dur» işliginden we isim ýasaýjy -y goşulmasyndan ybaratdyr (duran, akmaýan suw). Gadymy türki dillerde duruk, häzirki dillerde bolsa durak, durgun görnüşde bolup, beýle suwlaryň ýata suw diýen ady hem bar. 12
13 SÖZLERIŇ DÖREÝIŞ ÇEŞMELERI TAÝDAN TOPARLARY Türkmen diliniň sözlük düzümi Türkmen dili iň gadymy dilleriň biri hasap edilýär. Onuň sözlük düzümi örän uzak taryhy döwrüň dowamynda kemala geldi, ösdi, baýlaşdy, kämilleşdi. Muňa «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly şadessanlarymyzyň, türkmen diline degişli bolan iň gadymy ýazuw ýadygärliklerimiz «Orhon-Ýeniseý» ýazuw ýadygärlikeri, Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat it-türk» («Türki dilleriň diwany (sözlügi)») atly sözlügi we beýleki gadymy eserleriň, nusgawy şahyrlarymyzyň kämil eserleriniň, atalar sözüdir nakyllarymyzyň bolmagy şaýatlyk edýär. Türkmen diliniň sözlük düzümi özüniň taryhy ösüş döwründe dürli özgerişlere sezewar bolupdyr. Ondaky sözleriň ulanylyş gerimi, ýygylygy hem üýtgäp durýar. Şoňa görä-de, dilde hemmä düşnükli bolan umumy ulanyşdaky sözlerden başga-da, ulanylyş gerimi çäkli bolan sözler hem bar. Olara türkmen halkynyň belli bir taýpasyna degişli bolan şiwe sözleri (dialekt leksikasy), diňe belli bir hünärde, kärde işleýän adamlaryň dilinde ulanylýan hünärmentçilik leksikasy, terminler (adalgalar), žargonlar, argotizmler degişlidir. Leksikologiýada bu topardaky sözleriň esasy häsiýetleri, ulanylyş aýratynlyklary, görnüşleri, döreýiş çeşmeleri öwrenilýär. Dilde gündelik durmuşymyzda işjeň ulanylýan sözlerden tapawutlylykda, belli bir sebäplere görä, ulanylyş ýygylygy çäkli bolan, dilde seýrek ulanylýan sözler hem bar. Bu topara ulanylyşdan galan könelişen sözler (taryhy sözler we arhaizmler) we ýaňy ulanylyşa giren täze sözler (neologizmler) degişlidir. Bu bölümde şu sözleriň esasy aýratynlyklary, görnüşleri, ýüze çykyş ýollary öwrenilýär. Jemgyýetdäki, durmuşdaky özgerişleriň diliň leksikasyna täsiri Bilşimiz ýaly, dil adamzadyň durmuşynda onuň aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Şoňa görä-de, durmuşdaky, jemgyýetdäki bolup geçýän özgerişler, ösüşler, ilkinji nobatda, diliň sözlük düzümi 13
14 ne leksikasyna öz täsirini ýetirýär. Şol täsiriň netijesinde dilde täze sözler, öňki sözleriň täze manylary döreýär, käbir sözler ulanylyşdan galyp könelişýär. Garaşsyzlygyň gazanylmagy bilen diliň sözlük düzüminde durmuşdaky soň ýüze çykan düşünjeleri aňladýan täze sözler (Bitaraplyk, Garaşsyzlyk, teleýaýlym, kompýuter, kompýuterleşdirmek), sözleriň täze manylary (etrap, welaýat, arçyn, kazy, synag, synp) döredi, öňki işjeň ulanylýan käbir sözler (kommunizm, komsomol, pioner, raýon, oblast) ulanylyşdan galdy. 4-nji ýumuş. Garaşsyzlyk ýyllarynda diliň sözlük düzümindäki özgerişleri görkezip biljek aşakdaky tablisany dolduryň. Täze dörän sözler Täze manylara eýe bolan sözler Könelişen sözler Alynma sözler we olaryň özleşdiriliş ýollary Haýsy halkyň dili bolsa-da, ondaky ulanylýan sözler, ýagny şol diliň sözlük düzümi sap öz sözlerinden ybarat bolman, eýsem onda ep-esli mukdarda başga dillerden geçen alynma sözler hem duş gelýär. Şeýle sözler türkmen edebi diliniň leksik düzüminiň hem belli bir bölegini emele getirýär. Ol sözleriň türkmen diline geçmegi türkmen halkynyň ýaşaýşyndaky, durmuşyndaky ösüşiň, özgerişiň dürli döwürlerindäki bolup geçen taryhy wakalaryň, beýleki halklar bilen bolýan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklar, şol gatnaşyklaryň halkyň diline eden täsiri bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen dilinde başga dillerden geçen we türkmen diliniň edebi normalaryna laýyk özleşdirilen hem-de diliň sözlük düzüminde ýörgünli ulanylyşa eýe bolan leksik birliklere alynma sözler diýilýär. Alynma sözler türkmen diline, esasan, has öňki ýyllarda arap, pars 14
15 dillerinden, soňky döwürlerde bolsa rus dilinden ýa-da rus diliniň üsti bilen beýleki ýewropa dillerinden geçipdirler. Hazirki döwürde iňlis diliniň öwrenilmegine ünsüň artmagy bilen käbir antifriz, bankomat, diwersifikasiýa, interaktiw, multimedia, netbuk, noutbuk, sms ýaly sözler dilimize iňlis dilinden geçdi. Alynma sözleriň özleşdiriliş ýollary Mälim bolşy ýaly, türkmen dili ses ulgamy taýdan hem, grammatik gurluşy boýunça-da özboluşly aýratynlyklara eýedir we özüne mahsus bolan edebi normalary bar. Beýleki dillerden geçen alynma sözler türkmen dilinde şol edebi normalara laýyk getirilip, hemmetaraplaýyn özleşdirilýär. Türkmen dilinde olaryň özleşdirilişiniň, esasan, aşakdaky görnüşleri bolup geçýär. 1. Grafiki özleşdiriliş. Bu özleşdirilişde alynma sözler türkmen diliniň grafiki normalaryna laýyk getirilýär, şoňa uýgunlaşdyrylyp ýazylýar. Mysal üçin, arap, pars dilindäki arap grafikasyndaky sözler türkmen elipbiýinde, şoňa laýyk edilip ýazylýar. Täze türkmen milli elipbiýi kabul edilende-de rus grafikasyndaky (kirillisa) käbir harplaryň aňladýan sesleri türkmen grafikasynda başga harplar bilen berildi. Mysal üçin, rus diliniň «Ц» harpy «S» bilen, «Щ» harpy goşa «ŞŞ» harpy bilen aňladyldy. Ses aňlatmaýan ъ, ь belgileri we goşa ses aňladýan я, е, ё, ю harplary galdyryldy. Rus dilinden geçen sözler türkmen grafikasynda türkmen elipbiýine laýyk edilip ýazylýar. 2. Fonetik özleşdiriliş. Alynma sözleriň sesleri türkmen diliniň orfoepik normasyna laýyk edilip, şoňa uýgunlaşdyrylyp aýdylýar. Mysal üçin, arap, pars dillerinden geçen sözlerdäki «h» sesiniň türkmen dilinde, köplenç, «g» sesi bilen (bäht bagt, rohsät rugsat), «f» sesiniň «p» sesi bilen (zolf zülp, färzänt perzent) we ş.m aýdylmagy, rus dilindäki dilujy diş düýbi s, z sesleriniň türkmen diliniň normasyna laýyk edilip, dilujy dişara s, z sesleri bilen aýdylmagy we ş.m, dymyk çekimsizleriň açyga öwrülmek düzgüniniň (fabrik fabrigi), çekimlileriň sazlaşygynyň saklanylmagy (klub klubyň) fonetik özleşdirilişiň netijesidir. 15
16 3. Morfologik özleşdiriliş. Özleşdirilişiň bu görnüşinde alynma sözler türkmen diline mahsus grammatik manylara eýe bolýar. Olar haýsy söz toparyna degişli bolsalar, şondaky grammatik kategoriýalaryň goşulmalaryny kabul edip üýtgeýärler. Morfologik özleşdirilişde alynma sözleriň grammatik gurluşy hem türkmen diline laýyk edilip ulanylýar. Meselem, hers-e donýa (harsydünýä), erz-e hal (arzy-hal), terk-e donýa (terkidünýä), çerh e feläk (çarhy-pelek) ýaly sözler pars dilinde izafetli söz düzümli grammatik gurluş hasap edilýär. Türkmen dilinde beýle grammatik gurluşyň ýoklugy sebäpli, olar goşma (harsydünýä, terkidünýä) ýa-da tirkeş (arzy-hal, çarhy-pelek) söz hökmünde kabul edilýär. Şonuň ýaly-da çarşak, çapraz, saňsar ýaly alynma sözler pars dilinde goşma söz (çar+şah, çep+rast, saň+sar) hasap edilse-de, türkmen dilinde sada söz hökmünde ulanylýar. 4. Semantik özleşdiriliş. Bu özleşdirilişde alynma sözler türkmen dilinde öz semantik normasyna eýe bolýar we şol kabul edilen manysynda-da ulanylýar. Bu ýagdaýda gelip çykan dilinde öňki köpmanyly söz käbir manylaryny ýitirip, dar manyda ulanylmagy mümkin. Meselem, güzer sözi pars dilinde 1) geçelge; 2) geçme, geçip gitme; 3) ýaşama, gün geçirme; 4) köçe, kwartal ýaly manylara eýe bolsa-da, türkmen dilinde diňe «suw akýan çaýyň, ýabyň ýalpagrak ýeri, geçelge, olum» diýen manyda ulanylýar. Derdeser sözi pars dilinde 1) kellagyry; 2) kynçylyk, azap, päsgel ýaly manylary aňladýar. Türkmen dilinde bu söz diňe alada, ünji, hysyrdy, gaýgy manysyna eýedir. Partiýa sözi rus dilinde bäş mana eýe bolup, syýasy, geologiýa, sazçylyk, küşt we ş.m adalgalarynyň manylarynda ulanylýar. Türkmen dilinde bu sözüň syýasy (demokratik partiýa) we sazçylyk (Zöhräniň partiýasyny ýerine ýetirmek) adalgalary hökmündäki manylary geçipdir we şol manylarda ulanylýar. Käte bir manyly alynma söz türkmen dilinde goşmaça ýene bir mana eýe bolup, köpmanyly söze-de öwrülýär. Meselem, birmanyly «mähnet» sözi arap dilinde diňe «azap, zähmet, kynçylyk» diýen manyny aňladýar. Türkmen dilinde bu söz 16
17 «1) örän uly, ägirt uly, daýaw (mähnet daş) we 2) zähmet azaby, jebir jepa, kynçylyk, azap (Birewge beripdir gaýgy-gam mähnet (Magtymguly))» diyen manylarda ulanylýar we köpmanyly söz hasap edilýär. Gümra sözi pars dilinde (gomrah) diňe «azaşan, ýoldan çykan, ýoluny ýitiren» manysynda ulanylýar we birmanyly hasap edilýär. Türkmen diline geçip, bu söz «1) geplemän sessiz-üýnsüz oturan (Gezen derýa, oturan gümra) we 2) bir zada aşa meşgul, öz işi bilen başagaý (Her kim öz işi bilen gümrady)» diýen manylara eýe bolupdyr we köpmanyly söze öwrülipdir. Türkmen dilinde diňe alynma sözler däl-de, eýsem birnäçe söz ýasaýjy alynma goşulmalar hem duş gelýär. Mysal üçin, arap, pars dillerinden bi-, nä-(na) prefiksleri, bet -, (bed-), şa-, hoş-, kör-, kem-, şor – ýaly prefiksleriň hyzmatynda gelýän sözler, -ana, -ban (-wan), -kär, -gär, -zar, -anda (-ende, -baz, -bent, -dan, -ystan, -(istan), -y, -i, -dar, -keş, -paraz, -şynas, -hor ýaly ençeme söz ýasaýjy goşulmalar, -hana, -nama ýaly goşulmanyň hyzmatynda gelýän sözler türkmen diline geçipdirler. Bu söz ýasaýjy serişdeler, ilki arap, pars dilleriniň sözleri bilen bile geçipdirler, soňra türkmen diliniň sözlerine goşulyp, söz ýasamaga gatnaşypdyrlar. 5-nji ýumuş. Aşakdaky sözlerde nähili özleşdirilişiň bolup geçendigini düşündiriň. Bu sözleriň manylaryna degişli sözlem düzüň. Harsydünýä, täjihoraz, derdeser. 6-njy ýumuş. Aşakdaky alynma sözleriň haýsy dilden geçendigini kesgitläň, olaryň özleşdiriliş ýollaryny düşündiriň, käbirleri bilen sözlem düzüň. Gazet, fabrik, maşyn, metal, gram, stansiýa, sirkul, sement, antifriz, bankomat, diwersifikasiýa, interaktiw, multimedia, netbuk, noutbuk, sms. 7-nji ýumuş. Berlen sözleriň ýasalyş ýollaryny düşündiriň, olaryň aňladýan manylaryny anyklaň. Bigüman, biçak, bidüzgün, närazy, nähoş, nälaýyk, betniýet, bedasyl, betgelşik, körzehin, körsowat, kembaha, kemakyl, hoşwagt, şakäse. 2. sargyt 33 17
18 8-nji ýumuş. Aşakdaky sözleriň nähili ýol bilen ýasalandygyny we olarda bolup geçen özgerişi düşündiriň. Naýynsap, naçar, namart, bidin, bibat, bezzat, kerneý, namut. 9-njy ýumuş. Berlen sözleriň ýasalyş, özleşdiriliş ýollaryny düşündiriň. Olaryň manylaryny aýdyp beriň, käbirleri bilen sözlem düzüň. Merdana, türkana, bagban, saýawan, günäkär, ýadygär, zergär, çemenzar, sazanda, jeňbaz, jigerbent, güldan, myhmanparaz, suratkeş, atşynas, habardar, çölüstan, süýthor. 10-njy ýumuş. Sözlemleri göçüriň. Aşagy çyzylan sözleriň ýasalyş, özleşdiriliş ýollaryny düşündiriň, manylaryny kesgitläň. 1. Köneürgençdäki Törebeg hanymyň aramgähi dünýäniň mede ni gymmatlyklarynyň hatarynda tanalýar. 2. Biziň öz döwletli işimizde geljegimize şamçyrag boljak beýik ideallar gerek (Gurbanguly Berdimuhamedow, «Döwlet guşy»). 3. Guşlaryň şeýda nagmalaryndan dünýä durşuna owaza, mukama öwrülýär. 4. Dehistanyň baýrynda bady-sabany görsem (Magtymguly). 5. Halkyň saglygyny goramak üçin millionlarça pul serişdesi goýberilýär. 11-nji ýumuş. Sözlemleri göçüriň. Aşagy çyzylan sözleriň manylaryny, olaryň öňünden goşulan nä- (na-), ne- böleginiň nähili birlikdigini düşündiriň. 1. Kişini kemsiden özi näkesdir (Magtymguly). 2. Namut etme şepagatdan, rahmetden (Şol ýerde). 3. Nedir, galkyp, howa uçdy, Näsinden zemine düşdi (Şol ýerde). 4. Bir ýagşyga duş edipdir ýamany, Näalaç dünýäden ötüp baradyr (Şol ýerde). 5. Mysalasy nätüýsli, hassa ýaly yranyp gelýär (A.Durdyýew). 18
19 12-nji ýumuş. Sözlemleri göçüriň. Aşagy çyzylan sözleriň manylaryny we alynma sözleriň özleşdiriliş ýollaryny düşündiriň. Bu sözleriň aralygyndaky -y, -i goşulmasynyň nähili goşulmadygyny aýdyp beriň. 1. Aşyk ýara ýetmez dady-perýatsyz (Magtymguly). 2. Ösdi bady hazan maňa («Şasenem-Garyp»). 3. Içigaranyňky özüne, garagoluňky iline (Nakyl). 4. Ahy-zar eýleme, geler Görogly («Görogly»). 5. Dök etekden daşyňy, aby-haýatym, gitmegin (Talyby). 6. Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr (Nakyl). 7. Ýaşadyp gowgaly ahy-nalada, Mekanymyz bolupdy hatap galada (N.Pomma). Soraglar we ýumuşlar 1. Alynma sözleriň kesgitlemesini aýdyp beriň. 2. Alynma sözleriň özleşdiriliş ýollaryny düşündiriň. 3. Türkmen dilinde haýsy söz ýasaýjy morfemalar başga dillerden geçipdir? Rus dilinden geçen alynma sözler Rus dilinden türkmen diline söz alynmagyň başlangyjy, esasan, 1930-njy ýyllara dogry gelýär. Türkmenistanyň öňki SSSR-iň düzüminde respublika hökmünde döredilmegi bilen (1924) türkmen halkynyň durmuşynda syýasy, ykdysady, sosial, medeni özgerişler bolup geçýär we şol özgerişler dilde-de öz şöhlelenmesini tapmaly bolýar. Netijede, senagatda, oba hojalygynda, söwdada, lukmançylykda, ylmyň dürli pudaklarynda, tehnikada ýüze çykan düşünjeleri aňladyp bilýän täze sözleriň döremegine zerurlyk ýüze çykýar. Şeýle sözleriň köpüsi, elbetde, ilkinji nobatda, türkmen diliniň öz içki serişdeleriniň kömegi bilen ýasalan sözlerdir. Meselem: geňeş (sowet), tugra (gerb), uçar (samolýot) we ş.m. Emma hemme zady türkmen dilinde, türkmen sözleri arkaly aňlatmak mümkin däldi. Şu sebäbe görä-de, türkmen diline rus dilinden söz almak kem-kemden ornaşyp başlaýar. Rus dilinden geçen sözler ilkinji ýyllarda, ýagny 1930-njy ýyllara çenli türkmen diliniň fonetik kanunlaryna uýgunlaşdyrylyp aýdylypdyr we ýazylypdyr. Meselem: tylgyrap, pämilýä, pebral, Mesgew we ş.m. 19
20 Alynma sözleriň şeýle ýazylyşy, esasan hem, gepleşik üsti bilen geçen käbir sözlerde, häzir hem saklanyp galypdyr. Meselem: bedre, kemput, köpük, kürüşge, tans, äpişge, penjek, çemedan, paýtun, semawar, çäýnek we ş.m. Emma bu ýagdaý şol bir sözüň dürli hili aýdylmagyna hem-de şonuň esasynda dürli hili ýazylmagyna getirýär we ýazuw düzgüninde kynçylyk döredýär. Şonuň üçin hem rus dilinden geçen sözleriň ýazuw düzgünini kadalaşdyrmak, umuman, türkmen edebi diliniň terminologiýasyny düzgünleşdirmek maksady bilen 1936-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň I lingwistik gurultaýy, 1954-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda II lingwistik gurultaýy geçirilýär we olarda ýörite Rezolýusiýalar kabul edilýär. Şolara laýyklykda, rus dilinden söz almakda we olary dogry ýazmakda, esasan, aşakdaky düzgünlere eýermeli edilýär. 1. Rus dilinden geçen düýp sözler üýtgedilmän, rus diliniň orfografiýasy esasynda ýazylmaly. Meselem: kino, telefon, telewizor, direktor, rektor, traktor, institut, uniwersitet we ş.m. 2. Käbir goşulmalaryň hem ulanylmagyna ýol berilýär. Meselem: materialist, idealist, imperializm, demokratizm, filolog, filologiýa we ş.m. 3. Mümkin bolan ýerde käbir alynma goşulmalar türkmen diliniň goşulmalary bilen çalşyrylmaly. Meselem: futbolçy, agentlik, konsullyk, redaktirleme, analizlemek we ş.m. 4. Машина, фабрика, газета sözlerindäki soňky «a» düşürilip maşyn, fabrik, gazet ýaly ýazylýar. 5. Iki meňzeş çekimsiz bilen gutarýan sözleriň soňundaky meňzeş çekimsiziň biri düşürilip ýazylýar. Meselem: балл bal, грамм gram, киловатт kilowat, компресс kompres, прогресс progres we ş.m 6. Rus dilindäki sypatlar türkmen diline geçirilende, olaryň sypat ýasaýjy goşulmasy (-ный; -ский) galdyrylyp, otnositel sypat ýasalýar. 20
21 Meselem: актуальный вопрос aktual mesele относительное прилагательное otnositel sypat аграрное хозяйство agrar hojalyk we ş.m 7. Rus dilindäki sypat ýasaýjy -ческий; -чный ýaly goşulmalar taşlanylyp, türkmen dilinde «k» goşulyp, otnositel sypat ýasalýar. Meselem : демократический demokratik педагогический pedagogik античный antik геологический geologik Şeýle sözler -ik goşulmaly hünär bilen baglanyşykly at bolup gelseler (akademik, fizik), onda şol atlardan tapawutlandyrmak üçin sypat ýasalanda, soňuna «-i» sesi goşulýar. Meselem: математический matematik (at), matematiki (sypat) химический himik (at), himiki (sypat) технический tehnik (at), tehniki (sypat) 13-nji ýumuş. Rus dilinden geçen we ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň, senagatyň dürli pudaklaryna degişli alynma sözlerden 20 sanysyny ýazyň we olaryň käbirleriniň özleşdiriliş ýollaryny düşündiriň. 14-nji ýumuş. Aşakdaky sözlemleri göçüriň. Tekstdäki başga dillerden geçen alynma sözleriň aşagyny çyzyň. Olaryň manylaryny, özleşdiriliş ýollaryny düşün diriň. Samarkant müzeýiniň müdiri Mihail Ýewgenýewiç Masson. Uly alym. Aşgabatdaky müzeýe hem-de jemgyýetçilik kitaphanasyna bolsa S.I.Bilkewiç müdirlik edýändir. Ummasyz köp bilýändir, onuň beýnisi bilimleriň hakyky ensiklopediýasydyr. Öň ol Kazan uniwersitetinde işleýärdi. Ýene Aşgabatda erkekler gimnaziýasynyň inspektory W.D.Deýneko bolmalydyr. Örän köp zat bilýär, şeýle akylly adam (Gurbanguly Berdimuhamedow, «Älem içre at gezer»). 15-nji ýumuş. Aşakdaky rus diliniň söz düzümlerini türkmençä geçiriň. Käbir söz düzümleri bilen sözlem düzüň. Октябрская революция, автобусная остановка, автоматизация производства, автоматическая телефонная станция, химический 21
22 анализ, физическая химия, философский взгляд, технический прогресс, математическая задача, материалистическая философия, футбольный матч, туркменский народ. 16-njy ýumuş. Aşakdaky sözlemlerden alynma sözleri tapyň. Olaryň özleşdiriliş, ýasalyş, ulanylyş aýratynlyklaryny düşündiriň. Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary geljekki diplomatlary taýýarlamakda okatmagyň innowasion usulyndan we dünýä tejribesinden ýerlikli peýdalanýarlar. Talyplar ýurdumyzdaky, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyklarynda tejribe okuwlaryny geçýärler. («Mugallymlar gazeti»). 2. Türkmenistan häzir gazy eksport edýän ýurt bolmak bilen, ol dünýäniň energetika giňişliginde möhüm orny eýeleýär («Garagum»). 3. Matematika sapagy. Bibisoltan mugallym getirilen kwadrat deňlemäniň formulasyny klas tagtasyna ýazmaga başlanda, gapy açyldy, içerik Altyn mugallym girdi (Gurbanguly Berdimuhamedow, «Döwlet guşy»). 17-nji ýumuş. Soňky döwürde dilimize geçen alynma sözlerden 10 sanysyny tapyp ýazyň. Olaryň özleşdiriliş ýollaryny, manylaryny düşündiriň. Käbirlerini ulanyp, sözlem düzüň.? Soraglar 1. Rus dilinden söz almak haýsy ýyllardan başlandy? 2. Alynma sözler ilkinji ýyllarda nähili ýagdaýda özleşdirildi? 3. Rus dilinden geçen sözleriň özleşdirilişini düzgünleşdirmeklige nirede we haýsy gurultaýda seredildi? 4. Rus dilinden söz almakda haýsy düzgünlere eýerildi? Söz, onuň esasy häsiýetleri we manylary Leksikologiýanyň öwrenýän dil birligi hökmünde söz iki sany häsiýete eýedir: 1. Daşky gurluşy, şekili. Söz sesleriň belli bir tertipde birleşmeginden emele gelýär. Meselem: el, aýak, göz, işlemek, gara we ş.m. 22
23 2. Içki mazmuny. Şol şekile eýe bolan söz haýsydyr bir düşünjäni aňladýar, atlandyrýar, ýagny atlandyrmak (nominatiw) hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şeýlelikde, söz leksik birlik hökmünde daşky gurluşa, şekile we içki mazmuna, mana eýedir. Sözüň belli bir gurluşa, şekile eýe bolmagy, ýasalmagy üýtgemegi onuň grammatik manysyny emele getirýär. Sözüň içki mazmuny, belli bir düşünjäni aňlatmagy, atlandyrmagy onuň leksik manysydyr. Meselem: at sözüniň leksik manysy «bir toýnakly iri öý haýwany». At münmek. Onuň grammatik manysy bolsa at söz toparyna degişli bolmagy, şol söz toparyna mahsus bolan degişlilik, san, düşüm goşulmalaryny kabul edip üýtgemegidir. Akmak sözüniň leksik manysy «Bir tarapa gönükmek, dökülmekdir». Meselem: Suw batly akýar. Bu sözüň grammatik manysy onuň işlik söz toparyna degişli bolup, şol söz toparynyň zaman, dereje, şahs-san we ş.m. grammatik kategoriýalaryna eýe bolmagy we şolaryň şekilini ýasaýan goşulmalary kabul etmegidir. Esasy söz toparlaryna degişli sözler (özbaşdak many aňladýanlar: atlar, sypatlar, sanlar, çalyşmalar, işlikler, hallar) hem leksik, hem grammatik mana eýedirler. Kömekçi söz toparlary (özbaşdak many aňlatmaýanlar): sözsoňular, baglaýjylar, ownuk bölekler, modal sözler, ümlükler, ses we şekil meňzetmeleri) bolsa leksik mana eýe däldirler. Olaryň käbirleri (meselem: sözsoňular, baglaýjylar) diňe grammatik mana eýedirler, ýagny sözlemdäki grammatik baglanyşygy üpjün edýärler. Käbirleri bolsa (modal sözler, ümlükler, ownuk bölekler) modal mana eýe bolup, sözleýjiniň sözlemdäki pikire garaýşyny aňladýarlar, sözlere goşmaça many öwüşginini berýärler. 18-nji ýumuş. Aşakdaky toparlaryň hersine degişli 15 sany söz tapyp ýazyň. 1. Leksik hem-de grammatik mana eýe bolýan sözler: 2. Diňe grammatik ýa-da modal mana eýe bolýan sözler: 23
24 19-njy ýumuş. Sözlemlerdäki aşagy çyzylan sözleriň leksik manysyny düşündiriň we haýsy grammatik mana eýedigini kesgitläň. 1. Atany söýen Watany söýer. 2. Dostsuz başym duzsuz aşym. 3. Edepli ile ýarar. 4. Güýz göksüz bolma, ýaz aksyz. 5. Manysyz gep bolmaz, dänesiz çöp. 6. Miwe agajyndan daşa düşmez («Paýhas çeşmesi»). 20-nji ýumuş. Aşagy çyzylan sözleriň sözlemdäki leksik we grammatik manylaryny düşündiriň. Kemine Hywa barýarka, gum içindäki baýlaryň biriniň öýünde düşläpdir. Baý onuň göwnüni götermek üçin: Ine, ýene bir akyldar bilen tanyş bolduk. Akyl-paýhasymyzyň artmagyna kömek eder diýenmiş. Onda Kemine: Meniň-ä bir topar baý tanşym bar welin, birem baýlygymyň artmagyna kömek edenok diýipdir («Garagum»). 21-nji ýumuş. Şu sözleri ulanyp, sözlem düzüň. Olaryň leksik we grammatik manylaryny kesgitläň. Dost, duşmak, täze, irden, bäş, gitmek, näçe, süýji, haýal, sen. 22-nji ýumuş. Teksti göçüriň. Aşagy çyzylan sözleriň leksik we grammatik manylaryny düşündiriň. Raýon magaryf bölümine Berdimuhamediň özi ýaly ýene dört oglan gelipdir. Enesiniň aýdyşy ýaly, bu ýere enesi bilen baranam, kakasy bilen gelenem bardy. Raýon bilim bölüminiň işgäri Hanow diýen adam respublikada ilat arasyndaky sowatsyzlygy ýok etmek boýunça iş alnyp barylýandygyny, ýöne mugallymlaryň juda ýetmeýändigini habar berdi. Mugallymlary taýýarlamak üçinem şu kurslaryň guralandygyny aýtdy. (Gurbanguly Berdimuhamedow, «Älem içre at gezer»)?! Soraglar we ýumuşlar 1. Leksikologiýa, leksika terminleri näme aňladýar? 2. Sözlük düzümi näme? 3. Leksikologiýa haýsy meseleleri öwrenýär? 4. Jemgyýetdäki, durmuşdaky özgerişleriň diliň leksikasyna edýän täsirini düşündiriň. 5. Sözüň esasy häsiýetlerini we manylaryny aýdyp beriň. 24
25 SÖZLERIŇ SEMANTIK GATNAŞYKLARY WE MYNASYBETLERI TAÝDAN TOPARLARY Semasiologiýa. Söz we onuň leksik manysy Sözüň leksik manysyny, many gatnaşyklaryny öwrenýän bölüme semasiologiýa diýilýär. Semasiologiýa grek sözi bolup, «semasia» many, «logos» ylym, taglymat diýmegi aňladýar. Leksikologiýanyň bu bölüminde leksik mana eýe bolan sözler, ýagny esasy söz toparlaryna degişli sözler öwrenilýär. Kömekçi söz toparlaryna degişli bolan leksik mana eýe bolmadyk sözler bolsa dil biliminiň grammatika bölüminde öwrenilýär. Sözüň leksik manysy onuň durmuşdaky zatlary, alamatlary, hereketleri we ş.m. düşünjeleri aňlatmagy, atlandyrmagy netijesinde ýüze çykýar. Şoňa görä-de, dildäki sözler atlandyrmak (nominatiw) hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Şeýlelikde, sözüň leksik manysy sözleýjiniň durmuşdaky zatlar, alamatlar, hereketler we ş.m. baradaky düşünjesini söz arkaly aňlatmagy, atlandyrmagydyr. Sözüň leksik manysynyň görnüşleri. Asyl we göçme manylar Sözüň leksik manysy özüniň ýüze çykyş aýratynlygyna baglylykda iki görnüşe eýedir. 1. Asyl many. Sözüň asyl manysy ilkinjidir we ol durmuşdaky zat, alamat, hereket bilen gös-göni baglylykda, şonuň esasynda ýüze çykýar. 2. Göçme many. Sözüň göçme manysy bolsa onuň asyl manysynyň esasynda, şoňa baglylykda ýüze çykýar. Şoňa görä-de, ol ikinji many hasap edilýär. Meselem, «Göz» sözüniň «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» (2016) aşakdaky manylary berilýär: Göz. 1. Görüş agzasy, göreç, garak. Göz ýüregiň aýnasy (Nakyl). 2. Agajyň ösmän galan ýa-da kesilen şahasyndan galan ösüntgi yzy. 25
26 3. Iňňä we ş.m. sapak ötürilýän deşik. 4. Tüpeňiň ok salynýan ýeri. 5. Daglyk ýerlerde suwuň çykýan ýeri, çeşmäniň gözbaşy. 6. Penjiräniň, äýnegiň aýna salynýan bölegi. 7. Horjunyň zat salynýan ýeri we ş.m. Bu manylaryň birinjisi asyl many bolup, beýlekileri şoňa baglylykda soň ýüze çykan göçme manylar hasap edilýär. «Aýtmak» işliginiň bu sözlükde üç manysy berlipdir. Aýtmak. 1. Bir zat hakda habar bermek, duýdurmak, diýmek. Dostuň aýybyny ýüzüne aýt (Nakyl). 2. Ýerine ýetirmek. Aýdym aýtmak. 3. Gürrüň bermek, söhbet etmek, gürlemek. Erteki aýtmak. «Aýtmak» sözüniň hem birinji manysy asyl many hasap edilýär. Şol manynyň esasynda soň dörän 2-nji we 3-nji manylary bolsa göçme manylardyr. 23-nji ýumuş. «Aýak», «agyr», «almak» sözleriniň manylaryny düşündiriň, ol manylaryň haýsylarynyň asyl ýa-da göçme manydygyny kesgitläň. Şol manylaryň käbirleri bilen sözlem düzüň. 24-nji ýumuş. Söz düzümlerindäki bellenilen sözleriň asyl ýa-da göçme manydadygyny kesgitläň. Şol sözüň beýleki manysyny hem aýdyp beriň. Gaty geplemek, gök alma, göwnüňe jaý bolmak, jaý aýdylan söz, ilatly ýer, ownuk alada, ok atmak, sagdyn ösmek. 25-nji ýumuş. Nakyllarda getirilen «gün» sözüniň haýsy manylarda ulanylandygyny we olaryň asyl ýa-da göçme manydadygyny düşündiriň. 1. Gün batandan soň, kär haram. 2. Gün göreniň güni artyk. 3. Güni hoş geçene Taňry-da hoş bakar. 4. Güni etek bilen ýapyp bolmaz. 5. Günüň köýse-de, hakyň köýmez. 6. Günüň serweri juma, aýyň serweri remezan, ýylyň serweri goýun, gijäniň serweri gadyr. 26-njy ýumuş. Nakyllardaky aşagy çyzylan sözleriň manylaryny düşündiriň. Olaryň asyl ýa-da göçme manydadygyny aýdyp beriň. 1. Her gülüň bir ysy bar. 2. Göze bela gülden geler, başa bela dilden. 3. Düýbüni iýen bir gün iýer, gülüni iýen müň gün. 4. Düýpdäki bilen bolynçaň, gapydaky bilen bol. 5. Gara görmän, it üýrmez. 26
27 6. Gara keçe ak bolmaz, köne duşman dost. 7. Gara ýeriň garny giň. 8. Garanyň gahary gelýänçä, sarynyň jany çykar. Sözüň leksik manylarynda bolup geçýän özgerişler. Sözüň manylarynyň giňelmegi we daralmagy Adamyň durmuşyndaky bolup geçýän ösüşler, özgerişler onuň diliniň leksikasyna (sözlük düzümine), şol sanda sözleriň manysyna-da täsir edýär. Jemgyýetiň ösmegi, özgermegi bilen täze dörän düşünjeler dilde-de öz şöhlelenmesini tapýar we täze sözleriň döremegine, öňki ulanyşdaky sözleriň täze manylara eýe bolmagyna getirýär. Bu bolsa öz gezeginde diliň leksikasynyň baýamagyna, sözleriň manysynyň giňelmegine sebäp bolýar. Söz manysynyň giňelmegi onuň öňki manysyny saklap, ýene-de başga täze manyda ulanylmagydyr. Meselem, «öý» sözüniň ilkinji asyl manysy «esasy tärimlerden ybarat, ýokarky bölegi uk we tüýnük arkaly birleşýän, üsti keçe bilen örtülen tegelek jaýy», soňra tamy aňlatdy. Soňky döwürlerde bolsa bu sözüň ulanylyş manysy has-da giňeldi we artdy. Bu söz «çagalar öýi», «medeniýet öýi», «saglyk öýi» ýaly söz düzümlerinde adamlara hyzmat edýän dürli edaralary hem aňlatdy. «Synp» sözi öň bir manyly (monosemantik) söz bolup, syýasy adalga hökmünde «Önümçilik serişdelerine, jemgyýetçilik baýlygyna birmeňzeş gatnaşykda bolup, umumy maksatlary bir bolan hem-de jemgyýetçilik zähmetinde aýratyn rola eýe bolan uly jemgyýetçilik topar» diýen manyny aňladýardy. Häzirki döwürde bu sözüň manysy giňeldi we indi «klas» sözüne derek ulanylyp, «umumy orta bilim berýän mekdebiň okuwçylar topary» (2-nji synp okuwçysy) diýen mana hem eýe boldy. Söz manysynyň daralmagy hem, köplenç, daşky ýagdaýlaryň dile täsiri bilen baglanyşykly ýüze çykýan hadysadyr. Durmuşdaky, jemgyýetdäki özgerişleriň netijesinde öňki birnäçe mana eýe bolan köpmanyly sözüň käbir manylary ulanyşdan galýar. Sözüň öňki manysynyň ulanylyşdan galmagyna onuň aňladýan düşünjesiniň durmuşda ulanylyşdan galmagy ýa-da ol manynyň başga bir söz bilen aňladylmagy sebäp bolmagy mümkin. 27
28 Meselem, «Molla» sözi öň iki many aňladýardy. Molla, dini. 1. Musulman mekdebini gutarana berilýän ilkinji ruhanylyk ady. Her molla öz bilenini okar, her guş öz dilinde saýrar (Nakyl). 2. kön. s. Sowat öwrediji, sowatly, mugallym. Çagalykda bäş-alty ýyl molla gatnan hem bolsa, ol (Anna aga) sowadyny, esasan, özbaşdak okap aldy, okamagy, ýazmagy öz zehini bilen öwrendi (Gurbanguly Berdimuhamedow, «Älem içre at gezer»). «Molla» sözüniň ikinji manysy häzirki döwürde ulanylmaýar we ol «mugallym» sözi bilen aňladylýar. «Tanap» sözi «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» (2016) iki manyda berilýär. 1. Ýüň, çöpür, zygyr süýümlerinden işilip taýýarlanylýan ýüp, bag. 2. kön. s. Meýdan ölçegi. Gektaryň bäşden bir bölegine deň bolan ýer bölegi. Ata-babada miras paýlaşygynda ýeten iki tanap ýer, aýlanyp nobata gelýän ýarym sagat suwy Orsgeldiniň bar mülküdi (A. Gowşudow, «Köpetdagyň eteginde»). Häzirki döwürde bu sözüň meýdan ölçegini aňladýan ikinji manysy ulanylyşdan galypdyr we ol semantik arhaizm hasap edilýär. 27-nji ýumuş. Aşakdaky sözleriň manylarynda häzirki döwürde nähili özgerişleriň bolandygyny we häzir haýsy manylarda ulanylýandygyny düşündiriň. Häkim, kön. s. Ýurt eýesi, häkimiýet eýesi, hökümdar. Ulgam. Beýiklikleriň we peslikleriň ulaşan, utgaşyp gidýän ýeri. Etrap. Ýer, ýurt, ülke, tarap, töwerek, çet, gyra, gabaw. Welaýat, kön. s. 1. Ýurduň merkezinden uzakdaky ýaşalýan ýerler, territoriýa. 2. Käbir döwletlerde administratiw bölünişik, ýurduň belli bir bölegi, oblasty. 28-nji ýumuş. Berlen sözleriň sözlüklerden öňki manylaryny tapyň. Olaryň häzir haýsy manylarda ulanylýandygyny düşündiriň. Kazy, uçar, gat, köşk. 29-njy ýumuş. Häzirki döwürde täze dörän ýa-da täze mana eýe bolan sözlerden 5 sanysyny tapyň, olaryň manysynda bolup geçen özgerişi düşündiriň. 28
29 30-njy ýumuş. Aşakdaky sözleriň gadymy we häzirki manylaryna üns beriň, olaryň manylarynda bolup geçen özgerişi düşündiriň. Keýik. 1. Jeren, maral. 2. Ýabany. Keýik söwüt (ýabany tal); keýik kişi (ýabany adam). Ýylky. 1. Gylýal. 2. Gylýal sürüsi Ýal. 1. Atyň we käbir haýwanlaryň boýnunyň üstünde seçelenip duran saç, gyl. 2. Eýeriň iki gaşy. 3. Guşlaryň hüpügi. 4. Horazyň kekeji nji ýumuş. «Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginden» aşakdaky sözleriň manylaryny göçüriň, bu sözleriň häzir haýsy manylarda ulanylýandygyny düşündiriň. Derdeser, dest, dessur, syýa, talyp, peýmana. Soraglar we ýumuşlar 1. Semasiologiýa adalgasy nämäni aňladýar we bu bölüm nähili meseläni öwrenýär? 2. Sözüň leksik we grammatik manylaryny düşündiriň. 3. Sözüň asyl we göçme manylary biri-birinden nähili tapawutlanýar? 4. Sözüň leksik manylarynda bolup geçýän özgerişleri aýdyp beriň. Sözüň köpmanylylygy. Sözüň göçme manylarynyň ýüze çykyş ýollary Sözüň köpmanylylygy Adamzadyň durmuşy, ýaşaýan jemgyýeti hemişe ösüş, özgeriş ýagdaýynda bolýar, ol bolup geçýän üýtgeşmeleriň netijesinde täze sepgitlere eýe bolýar, barha kämilleşýär. Muňa ýurdumyzyň taryhynda, halkymyzyň durmuşynda ýüze çykan syýasy wakalar, ykdysady özgerişler, medeni ösüşler we ş.m. şaýatlyk edýär. Jemgyýetçilik durmuşynyň dürli pudagyndaky özgerişleri, ösüşleri, täze dörän düşünjeleri şöhlelendirmek zerurlygy ýüze çykýar we ol diliň leksikasynyň paýyna düşýär. Durmuşda dörän täze düşünjeleri dilde aňlatmagyň esasy usuly diňe bir täze sözleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem önki sözle 1 S e r e t: Чөӊӊәев Я. хәзирки заман түркмен дили. Лексика. A., 1988, 26 сах; Atanyýazow S. Türkmen diliniň sözköki sözlügi. A.,
30 re täze many bermek bilen hem amala aşyrylýar. Şonda sözüň asyl manysynyň aňladýan düşünjesiniň esasy alamaty göz öňünde tutulýar we şoňa meňzeş alamatly ikinji bir düşünje-de bu söz bilen atlandyrylýar. Şeýlelikde, bir söz birnäçe düşünjäni aňladýar, birnäçe mana eýe bolýar we köpmanylylyk ýüze çykýar. Bir sözüň öňki manysynyň esasynda ýüze çykan we bir-biri bilen baglanyşykly bolan birnäçe mana eýe bolmagyna şol sözüň köpmanylylygy diýilýär. Meselem, köpmanyly «aýak» sözi türkmen dilinde aşakdaky manylara eýedir. 1. Janly-jandarlarda ýöremek üçin hyzmat edýän beden agzasy. Aýagy uly syganyny geýer, aýagy kiçi söýenini (Nakyl). 2. Stoluň, oturgyjyň, taganyň we ş.m. daýanjy. Tagan aýagy üç bolar, biri-birine güýç bolar, biri synsa hiç bolar (Nakyl). 3. Derýanyň, akar suwuň baryp guýýan ýeri. Derýanyň aýagy. 4. Aýyň, ýylyň we ş. m. gutaryp barýan wagty, döwri; ahyr, soň. Ýylky ýylynyň aýagy sowuk, takyk ýylynyň başy sowuk (Nakyl). Bu sözüň birinji manysy onuň esasy, asyl manysy hasap edilýär. Ikinji manynyň ýüze çykmagyna birinji manynyň esasy alamaty, ýagny aýaklaryň adamyň göwresiniň daýanjy bolup durýanlygy sebäp bolupdyr. Bu sözüň üçünji we dördünji manylary hem onuň birinji manysyna baglylykda ýüze çykypdyr. Sebäbi adamyň aýagy hem onuň tutuş göwresiniň soňky bölegini, ýagny gutarýan ýerini aňladýar, şonuň esasynda zatlaryň, hadysalaryň gutarýan ýeri hem «aýak» sözi bilen atlandyrylypdyr, aňladylypdyr. Köpmanyly «ajy» sözüniň hem sözlükde iki manysy berlipdir: 1. Ýiti we ýakymsyz täsir edýän tagam, süýji bolmadyk, süýji däl. Ajy burç. Ajy badamjany gyraw almaz (Nakyl). 2. göçme many. Agyr, erbet, kyn. Ajy günleri süýjä öwürýän sabyrdyr (Nakyl). Bu sözüň hem ikinji göçme manysy birinji asyl manynyň esasynda, şoňa baglylykda ýüze çykmagyna birinji esasy manynyň aňladýan tagamynyň adama edýän ýiti we ýakymsyz täsiri, adamyň şol tagamyň täsirini kabul ediş ýagdaýy sebäp bolupdyr. 30
31 32-nji ýumuş. Aşakdaky sözlemleri göçüriň. Köpmanyly sözleri tapyň we olaryň asyl hem-de göçme manylarynyň arasynda nähili baglanyşygyň bardygyny düşündiriň. 1. Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda (Nakyl). Ala sürlen ýeri çöp basar (Nakyl). Ala gargada hakym bolsa, gyş gelmese, ýaz geler (Nakyl). Ondan soň, ol galyň gabaklaryny galdyryp, ala gözlerini Aýna bakan aýlady (B. Kerbabaýew, «Aýgytly ädim»). 2. Süýji aşyň bolmasa, süýji diliň bolsun (Nakyl). Süýji-süýji iýmegiň, ajy-ajy gägirmesi bardyr (Nakyl). Süýji söz baldan artyk (Nakyl). 33-nji ýumuş. «Baş» sözüniň haýsy manylarda ulanylýandygyny kesgitläň, olar bilen sözlem düzüň. Bu manylaryň arasynda nähili baglanyşygyň bardygyny aýdyp beriň. 34-nji ýumuş. Sözlemleri göçüriň, göçme manyly sözleriň aşagyny çyzyň. Olaryň asyl manysyny kesgitläň we bu manylaryň nähili baglanyşygynyň bardygyny düşündiriň. 1. Açyk gaby it ýalar (Nakyl). 2. Biziň kolhozymyzdan ýigrimi çopana, ýedi sany hem gullukça bron berildi. Hem açyk aýdyldy. Şu adamlar tylda işlemeli (Gurbanguly Berdimuhamedow, «Döwlet guşy»). 3. Oba täze geleniň nähili adamdygyny uludan-kiçä bilmeýän ýokdur (Şol ýerde). 4. Göwnünde kiri baryň, içinde syry bardyr (Nakyl). 5. Garybyň gyşy uzyn, ýazy gysga (Nakyl). Sözüň göçme manylarynyň ýüze çykyş ýollary Köpmanylylyk diliň sözlük düzüminiň baýlaşmagynyň, sözleriň manylarynyň giňelmeginiň, ulanylyş usullarynyň kämilleşmeginiň netijesidir. Sebäbi köpmanyly söz giň gerimde ulanylýar we pikiri anyk, aýdyň hem-de täsirli beýan etmekde örän ähmiýetlidir. Öň bellenip geçilişi ýaly, köpmanyly sözüň öňki asyl manysy onuň soňky göçme manylarynyň ýüze çykmagyna esas bolýar. Şoňa görä-de, olaryň arasynda hemişe berk baglanyşyk bar. Ol baglanyşygyň dürli görnüşde, dürli usulda bolmagy mümkin. Şoňa baglylykda sözde göçme manylaryň ýüze çykmagy, şonuň netijesinde köpmanylylygyň emele gelmegi hem dürli ýollar arkaly amala aşyrylýar. Türkmen dilinde sözüň göçme manylary, esasan, metafora, metonimiýa, sinekdoha ýollary arkaly ýüze çykýar. 31
32 1. Göçme manylaryň metafora ýoly arkaly ýüze çykyşy Bu usulda sözüň asyl manysynyň aňladýan zady, düşünjesi bilen onuň soň ýüze çykan manylarynyň bildirýän düşünjeleriniň arasynda meňzeşlik, çalymdaşlyk bolýar we şol meňzeşlik hem soňky göçme manylaryň ýüze çykmagyna esas bolýar. Bu meňzeşlik dürli ýagdaýlarda bolýar: Asyl we göçme manylaryň aňladýan düşünjeleriniň: a) forma (şekil) taýdan meňzeş bolmagy: Meselem: Ganat. 1. Guşlaryň we käbir mör-möjekleriň uçmaga hyzmat edýän beden agzasy. Guş ganaty bilen uçar, guýrugy bilen gonar (Nakyl). 2. Uçaryň ýokary galyş güýjüni döredýän, iki tarapyndaky uzalyp gidýän bölegi. Uçaryň ätiýaçlyk gapylarynyň biri onuň ganatynyň golaýynda ýerleşýär. b) ýerleşýän ýeriniň, ornunyň meňzeş bolmagy. Meselem: Baş. 1. Adamyň ýa-da haýwanyň, janly-jandaryň kel lesi. Baş sag bolsa, telpek tapylar (Nakyl). Baş bolmasa, göwre läş (Nakyl). 2. Käbir ösümlikleriň däneli sümmüli. Bugdaýyň baş görkezen uçurlarydy (A. Gowşudow, «Köpetdagyň eteginde») 3. Bir zadyň ýokary ujy, süýr depesi. Dag başy dumansyz bolmaz, är başy hyýalsyz (Nakyl). ç) ýerine ýetirýän hyzmatynyň meňzeş bolmagy. Meselem: Öý. 1.Ýaşalýan ýer, jaý, tam. Öý eýesiniň bir öýi bolar, kireýçiniň müň öýi (Nakyl). 2. Käbir haýwanyň, mör-möjegiň hini, süreni, ýaşaýan ýeri. Çagalar arynyň öýüni gorjapdyrlar. d) adama edýän täsiriniň meňzeş bolmagy. Agyr. 1. Agramy köp bolan, agramly. Agyr daş ýerinde ýatar (Nakyl). Agyr ýüküň azabyny gatyr biler (Nakyl). 2. Köp zähmet we güýç talap edýän, kyn. Agyr zähmet talap edýän işlerinde tehnikany ulanmagy ýola goýmaly. 3. Azaply, ejirli, gaýgyly. Agyr günde dost gerek (Nakyl). Adamlar agyr günleriň jyzlanyň ömri deýin gysga boljagyna ynanýardylar (Gurbanguly Berdimuhamedow, «Döwlet guşy»). 32
33 35-nji ýumuş. Aşakdaky sözleriň manylaryna üns beriň, olaryň aňladýan zatlarynyň nämesiniň meňzeşdigini düşündiriň. Bu manylara degişli sözlem düzüň. Gaş. 1. Ýüzügiň, gülýakanyň we ş.m. bezeg şaýlarynyň ýüzüne oturdylýan gymmatbaha daş. 2. Eýeriň öň tarapyndaky somalyp duran tommak tutar. Daglamak. 1. Gyzdyrylan demir bilen dag basmak, tagmalamak. 2. Biriniň nädogry eden işini ýüzüne diýmek, kemçiligini ýüzüne basmak. 3. Ýaralamak. Jigerini daglamak. Döş. 1. Bedeniň, göwräniň boýundan garna çenli bolan aralygy, öň tarapy. 2. Geýilýän geýimiň döşüň üstündäki öň ýakasy. 36-njy ýumuş. Sözlemleri göçüriň. «Ýiti» sözüniň asyl we göçme manylaryny kesgitläň, olaryň ýüze çykyş ýoluny düşündiriň. 1. Ýiti gyzyl tiz solar (Nakyl). 2. Gün özüniň ýiti şöhlesini seçýärdi. 3. Şunuň zehininiň kütekdigini, ýitidigini, akyllydygyny, akmakdygyny bileýin («Görogly»). 4. Ýiti sirke öz gabyny zaýalar (Nakyl). 5. Ol öz pyçagynyň ýitiligine ynanýardy. 6. Seniň gözüň hem meniňkiden ýiti däldir. Metaforanyň görnüşleri. Sada (leksik) we çeper metafora 1. Sada metafora (leksik metafora) Köpmanylylygyň sada metafora ýoly arkaly ýüze çykan täze göçme manylara ilki wagtlarda belli bir derejede obrazlylyk, täsir edijilik mahsus bolýar. Göçme manynyň köp ulanylmagy, hemmä düşnükli bolmagy bilen ilkibaşdaky obrazlylyk, täsirlilik öçügsilenýär, könelişýär we wagtyň geçmegi bilen ýitip gidýär. Sözüň göçme manysy onuň hakyky leksik manysyna öwrülýär. Bu manylar köpmanyly sözüň aýry-aýry manylary hökmünde düşündirişli sözlüklerde-de berilýär. Köpmanyly sözleriň «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» (2016) berlen manylary sada metaforanyň kömegi bilen emele gelen leksik manylardyr. Şoňa görä-de, bu metafora leksik metafora hem diýilýär. 3. sargyt 33 33
34 2. Çeper metaforalar. Metaforanyň bu görnüşi sözleriň adam duýgusyna täsir etmek, zatlary, alamatlary, hereketleri has täsirli, obrazly atlandyrmak, aňlatmak maksady bilen ulanylmagynyň netijesinde emele gelýär. Bu usulda sözüň asyl manysynda aňladýan zadynyň, düşünjesiniň adamlara has ýakyn, tanyş bolan alamaty göz öňünde tutulýar we şonuň esasynda ol şol alamata mahsus bolan täze bir predmetiň ady bilen atlandyrylýar. Şonda predmeti häsiýetlendirip atlandyrýan täze söz onuň öňki göni manyda aňladýan sözünden emosional täsir edijiligi bilen, ýagny stilistik öwüşgini bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin bu metaforalar, köplenç, çeper eserleriň dilinde stilistik serişde hökmünde ulanylýarlar. Meselem: Ýetişipdir ýar goýnunda, Pynhandyr nary dilberiň (Magtymguly). Ömrümde bir gezek ýalan sözledim, Bagyşla, köşegim, bagyşla, meni. (K.Gurbannepesow). Söýdüm seni öz obamyň lälesi (G.Seýitliýew). Bu setirlerde «nar» sözüniň göwüs manysynda, «köşek» sözüniň ogul manysynda, «läle» sözüniň gyz manysynda ulanylmagy çeper metaforadyr. Çeper metaforada emosional täsir edijilik hyzmatynda ulanylan sözüň aňladýan manysy entek hemmä düşnükli däl we düşnüklilik derejesi taýdan hem, ulanylyş gerimi boýunça-da çäkli bolýar. Şoňa görä-de, bu metaforik ulanylyşlar sözüň durnukly leksik manysyna öwrülmek derejesini eýeläp bilmeýärler we sözlüklerde berilmeýär. Çeper metaforany emele geliş usulyna, sözüň manysynyň ulanylyş aýratynlygyna baglylykda iki topara bölýärler: 1) adaty (tradision) metafora; 2) indiwidual (şahsy) stilistik metafora. Adaty (tradision) metafora. Sözüň bu usulda eýe bolan manysy köp wagtyň dowamynda giň ulanylyşda bolmagynyň netijesinde döreýär. Emma şeýle-de bolsa, bu metafora entek emosional täsir ediş hyzmatynda ulanylan göçme manyly sözdür. Bular ýaly sözler adaty çeperçilik serişdeleri hökmünde öňki döwre degişli nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde, dessanlarda has köp duş gelýär. 34
35 Meselem: Bilbile güller mynasyp, gül mynasyp bilbile, Bilbile otlar salyp, husnun gülüstan kyldy gül. (Mollanepes, «Zöhre-Tahyr») Bir peridir, tawus kibi bezenmiş, Gaşy keman, kirpik oky gezenmiş («Şasenem-Garyp»). ýaly goşgy setirlerinde bilbil aşygy, gül magşugy aňladyp, gaş kemana, kirpik oka meňzedilip, ol sözler emosional täsir ediji çeperçilik serişdäniň hyzmatyny ýerine ýetirýärler. Indiwidual (şahsy) stilistik metafora. Bu usulda söz ýazyjydyr şahyrlaryň döredijilik ussatlygy netijesinde çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylýar we göçme mana eýe bolýar. Emma bu many belli bir söz ussadynyň döredijiliginde onuň aýratyn söz ulanylyş usuly görnüşinde, diňe şol sözleriň gurşawynda, şol sözlemiň içinde duş gelýär. Bular ýaly emosional täsir ediş usulynda dörän metaforik göçme many diňe şol awtoryň şahsy söz ulanyşydyr. Meselem: Çekilip gaşyň gylyjy (gaş kakmak) Jigerim kesdi bir ujy (Mollanepes). Kölge peşanasyn (saýa) geren agaçlar Asmana ýetsem diýip uzadyp başlar (A. Kekilow). Maý gününiň gökden inen seçegi (şöhlesi) Gözel gyzlaň ýaňagynda oýnaýar (M. Seýidow). Şu goşgy setirlerindäki «gaşyň gylyjy» (gaş kakmak), «kölge peşanasy» (saýa, kölege) «günüň seçegi» (şöhlesi) adaty bolmadyk meň zetmäniň çeperçilik serişdesi hökmünde ulanylmagy netijesinde dörän metaforik göçme manylardyr. 35
Rus Dili Oyrenmek Ucun Kitab Pdf
Rus Dili Oyrenmek Ucun Kitab Pdf. Bir vəqf tərəfindən dəstəkləndiyi üçün heç bir ödəniş tələb etmir. Dil qaydalarına memrise’a görə daha bağlı olaraq çalışır.
Riyaziyyat 10 Cu Sinif Derslik Pdf
İstər rus, istərsə də azərbaycan dillərində sözlərin böyük bir qrupu əşyanın əlamət və keyfiyyətini bildirir. Rus dilini öyrənmək üçün davamlı bir proqram və iradə lazımdır. Siyahı nə müfəssəl, nə də ki, icbari ola bilməz.
Riyaziyyat 10 Cu Sinif Derslik Pdf
Bu da onu ən çox danışılan dillər sırasında dördüncü yerə çıxarır. Rus dilini öyrənmək üçün davamlı bir proqram və iradə lazımdır. Kitablar книги books 2020 elanlari siyahisi. 2.7 aşağıdakı ifadə l ə rl ə d ə on işlə dilir:
- 2018 pdf kitaplar
- insan haklarının felsefi temelleri pdf
- islami astroloji kitabı pdf
- fono ingilizce pdf indir
- yüz yogası kitabı indir pdf
- kpss matematik konu anlatımı pdf benim hocam
- m sesi okuma metinleri pdf
- platon diyaloglar pdf indir
- senin biyolojin pdf indir
- izmirli ismail hakkı yeni ilmi kelam pdf
Comments are closed, but trackbacks and pingbacks are open.